4-nji bap
Isa Mesih — Hudaý baradaky bilimiň açary
1, 2. Dünýä dinleri Hudaý baradaky bilimiň açaryny nädip zaýaladylar?
AÝDALY, sen öýüňe girmek üçin açar alyp, gapyny açmaga synanyşýarsyň. Daşary sowuk we garaňky, seniň çaltrak içeri giresiň gelýär, emma gapy açylmaýar. Gerekli açary tapan ýalysyň welin, arman gulp eýgertmeýär. Biçak ýaramaz ýagdaý! Sen ýene-de açarlaryňa seredişdirýärsiň. Gereklisini ulandyňmykaň? Belki, kimdir biri ony zaýalandyr?
2 Bu mysal, dünýä dinleriniň Hudaý baradaky bilimiň ugrunda bulam-bujarlyga düşüp ýörüşlerini oňat suratlandyrýar. Aslynda, olaryň köpüsi, Isa Mesihiň ornuny üýtgedip, bu bilimiň açaryny zaýaladylar. Käbir dini toparlar Isany düýpgöter äsgermän, bu açary asla ulanmadylar. Başgalar oňa, Her Zady Başarýan Hudaý hökmünde sežde edip, onuň ornuny üýtgetdiler. Her näme bolanda-da, eger biz Isa Mesihiň nähili möhüm orun tutýandygyna düşünmesek, onda Hudaý baradaky bilim biziň üçin ýapylgy galar.
3. Näme üçin Isa — Hudaý baradaky bilimiň açary diýse bolýar?
3 Isanyň aýdan sözleri belki ýadyňdadyr: «Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr» (Ýahýa 17:3). Isa bu sözleri öwünip aýtmandy. Mukaddes Ýazgylar Mesih hakda dogry bilimleriň gerekdigini telim gezek belläp geçýär (2 Petrus 1:8; 2:20; Efesliler 4:11; Koloseliler 2:2). Isa Mesih barada «ähli pygamberler güwä geçýär» diýip, resul Petrus belledi (Resullaryň Işleri 10:43). Resul Pawlus bolsa: «Akyldarlygyň hem bilimiň bütin hazynalary [Isada] gizlenen» diýip ýazdy (Koloseliler 2:2). Şeýle hem, Pawlusyň aýtmagyna görä, Ýehowa öz ähli wadalaryny Isa arkaly amala aşyrar (2 Korintoslylar 1:20). Şeýlelikde, Isa Mesih — Hudaý baradaky bilimiň açarydyr. Munuň üçin Isa hakda, onuň şahsyýeti we Hudaýyň niýetlerindäki orny barada alan bilimlerimiz, hatda azajygam ýoýulgy bolmaly däldir. Ýöne näme üçin, Isanyň şägirtleri Hudaýyň niýetlerinde oňa iň esasy orun berýärlerkä?
WADA EDILEN MESIH
4, 5. Mesihe nähili umytlar baglanylýardy we şägirtleri Isany kim hasaplaýardylar?
4 Habylyň ýaşan döwründen bäri, Hudaýyň wepaly gullukçylary Ýehowa Hudaýyň wada eden Nesline sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar (Barlyk 3:15; 4:1—8; Ýewreýler 11:4). Bu Nesil Hudaýyň maksatlaryna Mesih, ýagny «Bellenen» hökmünde hyzmat etmelidi. Ol ’günäni bes eder’, şeýle hem Zeburda aýdylyşy ýaly, onuň Patyşalygy şöhratly bolar (Daniýel 9:24—26, TD; Zebur 72:1—20). Eýsem, Mesih kimkä?
5 Nasyraly Isanyň sözlerini diňläp durka, Andreas atly ýaş ýewreýiň kalbyny gör nähili duýgular doldurandyr. Andreas dogany Simon Petrusyň ýanyna ylgap geldi-de, oňa: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi (Ýahýa 1:41). Isanyň şägirtleri onuň wada edilen Mesihdigine berk ynanýardylar (Matta 16:16). Isanyň şol öňden aýdylan Mesih, ýa-da Hristosdygyna ynanýandygy üçin hakyky mesihçiler hatda janyny bermäge-de taýýardylar. Beýle ynamly bolmaga olarda näme esas bardy? Gel, Isanyň Mesihdigini görkezýän esasy üç subutnamany ara alyp göreli.
ISANYŇ MESIHDIGINI GÖRKEZÝÄN SUBUTNAMALAR
6. a) Wada edilen Nesil kimiň neslinden gelmelidi we Isanyň hut şol nesilden gelendigini biz nireden bilýäris? b) B. e. 70-nji ýylyndan bäri hiç kim özüniň Mesihdigini näme üçin subut edip bilmeýär?
6 Isanyň nesil şejeresi — bu onuň Mesihdigini görkezýän birinji subutnama. Ýehowa öz gullukçysy Ybraýyma wada edilen Nesliň onuň maşgalasyndan önjegini aýtdy. Muňa meňzeş wadalar Ybraýymyň ogly Yshaga, Yshagyň ogly Ýakuba, şeýle hem Ýakubyň ogly Ýahuda berildi (Barlyk 22:18; 26:2—5; 28:12—15; 49:10). Asyrlar geçensoň, Mesihiň şejeresinde Dawut Patyşa peýda bolýar we oňa, köpden bäri garaşylýan Nesliň onuň neslinden gelip çykjagy barada aýdylýar (Zebur 132:11; Işaýa 11:1, 10). Isanyň hut şol şejereden gelip çykandygyny Mattanyň we Lukanyň Hoş Habary tassyklaýar (Matta 1:1—16; Luka 3:23—38). Isanyň duşmany köpdi, ýöne olaryň hiç birisi, bu giňden tanalýan nesil şejere ýazgysy hakda dawa etmändi (Matta 21:9, 15). Diýmek, onuň nesil şejeresi babatda hiç hili şek-şübhe ýokdy. Emma, b. e. 70 ýylynda rimliler Iýerusalimi basyp alanlarynda, ýewreýleriň nesil şejere ýazgylary bütinleý ýok edildi. Şondan bäri, özüne Mesih diýýänleriň hiç birisi öz arzlaryny tassyklap bilmeýär.
7. a) Isanyň Mesihdigini görkezýän ikinji subutnama näme? b) Mika 5:2-däki pygamberlik nädip Isada ýerine ýetdi?
7 Ýerine ýeten pygamberlikler — ikinji subutnama. Töwrat we Zeburdaky köp sanly pygamberlikler Mesihiň ömrüniň dürli taraplaryny ýagtylandyrdy. B. e. öň VIII asyrda Mika pygamber, bu beýik hökümdaryň Beýtullaham atly kiçijik şäherde doguljagyny öňünden aýtdy. Ysraýylda iki sany Beýtullaham bardy, şonuň üçin pygamberlikde anyklanyp olaryň biri, ýagny Dawut patyşanyň doglan Beýtullaham — Efratasy görkezilýär (Mika 5:2). Isanyň ata-enesi, Ýusup bilen Merýem Beýtullahamdan demirgazykda, takmynan 150 kilometr uzaklykdaky Nasyra şäherinde ýaşaýardylar. Merýem göwrelikä, rim imperatory Kaýsar Awgust hemmelere öz doglan şäherlerinde ilat ýazuwyndan geçmegi buýurdya. Şonuň üçin Ýusup göwreli aýaly bilen Beýtullahama gitmeli boldy, şol ýerde hem Isa doguldy (Luka 2:1—7).
8. a) 69 «hepde» haçan we haýsy waka bilen başlandy? b) 69 «hepde» näçe wagtlap dowam etdi we gutaransoň näme boldy?
8 B. e. öň VI asyrda Daniýeliň aýdan pygamberligine görä, Iýerusalimi gaýtadan dikeltmek barada karar çykansoň, 69 «hepdeden» «Mesih Hökümdar» peýda bolmalydy (Daniýel 9:24, 25). Bu «hepdeleriň» her biriniň uzynlygy ýedi ýyldyb. Mukaddes Ýazgylara hem-de bütindünýä taryhyna görä, Iýerusalimi gaýtadan dikeltmek baradaky karar, b. e. öň 455-nji ýylda çykdy (Nehemýa 2:1—8). Şeýlelikde, Mesih b. e. öň 455-nji ýyldan bäri 483 ýyl (69×7) geçensoň peýda bolmalydy. Bu bolsa, b.e. 29-njy ýylyna, ýagny Ýehowanyň Isany mukaddes ruh bilen bellän ýylyna getirýär. Şeýdip, Isa Hristos («Bellenen» diýmek), ýa-da «Mesih» boldy (Luka 3:15, 16, 21, 22).
9. a) Zebur 2:2 nädip ýerine ýetdi? b) Ýene-de haýsy pygamberlikler Isada amala aşdy? (Tablisa seret.)
9 Ýöne elbetde, Töwrat we Zeburda öňünden aýdylyşy ýaly, Isany wada edilen Mesih hökmünde hemmeler kabul etmedi. Hudaýdan ylhamlanan Dawut patyşa Zebur 2:2-de şeýle pygamberlik aýtdy: «Dünýäniň patyşalary galyşýar, hökümdarlar Rebbe garşy we Onuň Mesihine garşy biri-birleri bilen dil düwüşýärler». Bu pygamberlige görä, birnäçe döwletiň hökümdarlary Ýehowanyň Bellänine, Mesihe topulmak üçin birleşmelidiler. Edil şeýle hem boldy. Ýehudylaryň dini serdarlary, Hirodes patyşa we rim häkimi Pontius Pilatus Isanyň öldürilmegine azda-kände baş goşdular. Hatda, bir-birine ganym duşman bolan Hirodes bilen Pilatus şol gün birden ýakyn dost boldular (Matta 27:1, 2; Luka 23:10—12; Resullaryň Işleri 4:25—28). Isanyň Mesihdigini görkezýän başga-da subutnamalary bilmek üçin «Mesihe degişli käbir ähmiýetli pygamberlikler» atly tablisa seret.
10. Ýehowa, wada eden Belläniniň Isadygyna nädip güwä geçdi?
10 Ýehowa Hudaýyň güwäligi — Isanyň Mesihdigini tassyklaýan üçünji subutnama. Ýehowa, Isanyň wada edilen Mesihdigini adamlara habar etmek üçin perişdeleri iberdi (Luka 2:10—14). Şeýle hem, Isa ýerde ýaşaýarka, Ýehowanyň özi gökden gürläp, ondan köp razydygyny aýtdy (Matta 3:16, 17; 17:1—5). Ýehowa Hudaý, Isa gudrat etmäge güýç berdi. Bu gudratlaryň her haýsysy Isanyň Mesihdigini tassyklaýan Hudaýyň subutnamasydyr, çünki Hudaý hiç haçan gudrat etmek güýjüni aldawçylara bermändi. Ýehowa Injili ýazdyrmak üçinem mukaddes ruhuny ulandy, şunlukda, Isanyň Mesihdigini görkezýän subutnamalar, taryhda iň köp dile terjime edilen we giňden ýaýran kitabyň bir bölegi boldy (Ýahýa 4:25, 26).
11. Isanyň Mesihdigi näderejede subut edildi?
11 Isanyň wada edilen Mesihdigini tassyklaýan şu esasy subutnamalaryň içine ýüzlerçe deliller girýär. Isany şol ’ähli pygamberleriň güwä geçýäni’ diýip hasap etmäge hakyky mesihçileriň ähli esaslary bar, hawa, mesihçiler ony, Hudaý baradaky bilimiň açary diýip hasaplaýarlar (Resularyň Işleri 10:43). Ýöne, Isa hakda, onuň Mesihdigini tassyklaýan delillerden başga-da köp zat bilmelidiris. Meselem, ol nireden gelip çykdy? Aslynda ol kim?
ISANYŇ YNSAN BOLMAZYNDAN ÖŇKI ÝAŞAÝŞY
12, 13. a) Isanyň ýere gelmezinden öň gökde ýaşandygyny biz nireden bilýäris? b) «Söz» diýip kim barada aýdylýar we ynsan bolmazyndan öň ol nämeler edipdi?
12 Isanyň ömrüni üç döwre bölse bolýar. Birinji döwri onuň ýer ýüzünde dogulmazyndan has öň başlandy. Mika 5:2-de aýdylşy ýaly, Mesihiň gelip çykyşy «gadymdan, has irki wagtdandyr». Isa, «ýokardandyryn» diýip, gökden gelendigini açyk aýtdy (Ýahýa 8:23; 16:28). Ýere gelmezinden öň, ol näçe wagtlap gökde ýaşadyka?
13 Isa Hudaýyň «ýekeje Ogly» diýip atlandyryldy, sebäbi ony Ýehowanyň özi ýaratdy (Ýahýa 3:16). Onsoň, Ýehowa beýleki ähli zatlary ýaratmak üçin «bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany», Isany ulandy (Koloseliler 1:15; Ylham 3:14). Ýahýa 1:1-de aýdylşyna görä, «Söz» (ýagny Isa, ynsan bolmazyndan öň) «ozal-başda» Hudaýdady. Diýmek, ’gök we ýer’ ýaradylan mahaly Söz Ýehowa bilendi. Hudaý: «Suratymyzda we meňzeýişimize görä ynsan ýasaly» diýende, Söze ýüzlenipdi (Barlyk 1:1, 26). Hatda, Süleýmanyň Tymsallary 8:22—31-de akyldarlyga meňzedilen, ähli zatlary ýaratmakda Ýehowanyň baştutanlygynda işlän «ussa» hem Sözüň özi bolsa gerek. Ýaradylandan soň we ýer ýüzünde ynsan bolmazyndan öň, Söz uzak wagtlap Hudaý bilen gökde ýaşady.
14. Näme üçin Isa «Görünmez Hudaýyň keşbi» diýip atlandyryldy?
14 Koloseliler 1:15-de Isanyň «Görünmez Hudaýyň keşbi» diýip atlandyrylmagy geň zat däl! Gulak asýan Ogul asyrlar boýy Atasy Ýehowa bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, oňa diýseň meňzäpdir. Bu bolsa, Isanyň Hudaý baradaky ýaşaýyş beriji bilimiň açary bolmagynyň başga bir sebäbidir. Isanyň ýerde eden her bir işini, Ýehowanyň özi hem edil şonuň ýaly ederdi. Şonuň üçin, Isany gowy tanadygymyzça, Ýehowa hakdaky bilimlerimiz has-da artar (Ýahýa 8:28; 14:8—10). Şeýlelikde, görüşimiz ýaly, Isa Mesih barada has köp bilim almak örän zerur.
ISANYŇ ÝERDÄKI ÖMRI
15. Nädip Isa kämil ynsan bolup doguldy?
15 Isanyň ömrüniň ikinji döwri ýer ýüzünde geçdi. Hudaý onuň ýaşaýşyny gökden, Merýem atly sadyk ýehudy gyzyň göwresine geçirende, Isa muňa meýletin tabyn boldy. Ýehowanyň gudratly mukaddes ruhy, ýagny hereketdäki güýji Merýemiň ’üstüne kölege saldy’ hem-de onuň göwreli bolup, kämil çaga dogurmagyna sebäp boldy (Luka 1:34, 35). Isa ýaşaýşy kämil Gözbaşdan alandygy sebäpli, kämilsizlik mirasy oňa geçmedi. Ol agaç ussasy Ýusubyň sada maşgalasynda önüp-ösdi. Isa onuň öweý ogly bolup, birnäçe çagalaryň arasynda ilkinjisidi (Işaýa 7:14; Matta 1:22, 23; Markus 6:3).
16, 17. a) Gudrat etmäge güýji Isa nireden aldy we ol nähili gudratlar etdi? b) Isanyň nähili häsiýetleri bardy?
16 Isanyň Ýehowa Hudaýa çuňňur wepadarlygy eýýäm 12 ýaşyndaka aýan boldy (Luka 2:41—49). Isa ulalyp 30 ýaşlarynda gullugyna başlanda, adamlara çuňňur söýgi bildirýärdi. Hudaýyň mukaddes ruhy oňa gudrat etmäge güýç berende, ol duýgudaşlyk edip syrkawlary, agsaklary, lallary, kerleri, körleri we heýwere kesellileri sagaldýardy (Matta 8:2—4; 15:30). Isa müňlerçe açlary doýurdy (Matta 15:35—38). Bir gezek, dostlaryny halas etmek üçin tupany hem ýatyrdy (Markus 4:37—39). Ol hatda ölüleri-de direldýärdi (Ýahýa 11:43, 44). Bu gudratlar eýýäm tassyklanan taryhy wakalardyr. Hatda Isanyň duşmanlary hem onuň ’köp alamat görkezýändigini’ boýun aldylar (Ýahýa 11:47, 48).
17 Isa bütin ýurdy aýlanyp adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada ders bererdi (Matta 4:17). Şeýle hem, Ol sabyr-takadyň we ýumşaklygyň ajaýyp nusgasyny galdyrdy. Hatda, şägirtleri oňa goldaw bermegiň ýerine ejizlik edende hem, olara duýgudaşlyk edip: «Ruh islegli, ýöne beden ejizdir» diýdi (Markus 14:37, 38). Emma Isa hakykaty kemsidýänlere we ejize ganymlara ýan bermeýärdi, olara garşy mert durýardy (Matta 23:27—33). Has-da, Atasynyň söýgi göreldesine birkemsiz eýerýärdi. Bikämil adamlaryň gelejege umydy bolar ýaly, Isa hatda ölmäge-de taýyndy. Görşümiz ýaly, Isany Hudaý baradaky bilimiň açary diýip hasap etmäge bizde hemme esaslar bar! Hawa, ol diri açardyr! Ýöne biz näme üçin diri açar diýýäris? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, onuň ömrüniň üçünji döwrüne seredeliň.
ISA ŞU GÜN
18. Şu gün Isa Mesihi nähili göz öňüne getirmeli?
18 Mukaddes Ýazgylarda Isanyň ölümi hakynda aýdylsa-da, ol diri! B. e. I asyrynda ýaşan ýüzlerçe adamlar onuň direlendigine şaýat boldular (1 Korintoslylar 15:3—8). Onsoň, öňünden aýdylyşy ýaly, gökde patyşalyk ygtyýaryny alýança, Isa, Atasynyň sagynda oturdy (Zebur 110:1; Ýewreýler 10:12, 13). Şeýlelikde, Isany şu gün nähili göz öňüne getirmeli? Malýatakdaky ahyrda ýatan bir ejizje çaga ýalymy? Ýa-da ölümi ýakynlap, janhowluna düşen adam ýalymy? Ýok. Ol höküm sürýän gudratly Patyşadyr! Ol örän tiz wagtdan bagtygara ýerimiziň üstünden hökümdarlygyny berkarar eder.
19. Ýakyn gelejekde Isa nämeler eder?
19 Ylham 19:11—15-de Isa Mesihiň ägirt güýçli Patyşa hökmünde erbet adamlary ýok etmäge gelişi täsin beýan edilýär. Millionlarça adamlaryň ahy-nalasynyň soňuna çykmak üçin bu söýgüden doly gökdäki Hökümdar, gör, nähili jan edýär! Ol, özüniň ýerde galdyran kämil göreldesine eýermäge çalyşýan adamlara hem kömek etmek isleýär (1 Petrus 2:21). Isa bu adamlary örän çalt ýakynlaşýan Armageddonda, ýagny “ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde boljak söweşde“ gorap saklamakçydyr, sebäbi ol bu adamlaryň Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň ýerdäki raýatlary bolup baky ýaşamagyny isleýär (Ylham 7:9, 14; 16:14, 16).
20. Isa özüniň müň ýyllyk hökümdarlygynda adamzat üçin nämeler eder?
20 Öňünden aýdylyşy ýaly, Isa, bol parahatly müň ýyllyk hökümdarlygynda bütin adamzadyň bähbidine gudratlar eder (Işaýa 9:6, 7; 11:1—10; Ylham 20:6). Isa ähli syrkawlary bejerer we ölümi aradan aýrar. Ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga mümkinçiligi bolsun diýip, milliardlarça ölenleri hem direlder (Ýahýa 5:28, 29). Mesihi Patyşalyk barada indiki baplardan aljak bilimiň saňa örän täsir etse gerek. Patyşalygyň hökümdarlygynda durmuşymyzyň nähili ajaýyp boljagyny, biz, hatda göz öňüne-de getirip bilmeýäris. Şonuň üçin Isa Mesihi has gowy tanamak örän möhüm! Hawa, Isanyň Hudaý baradaky, ebedi ýaşaýşa alyp barýan bilimiň diri açarydygyny hiç haçan unutmaly däldiris.
[Çykgytlar]
a Bu ilat ýazuwy Rim imperiýasyna salgyt ýygnamaga mümkinçilik döredýärdi. Şeýdip, Awgustyň özi-de bilmän, «patyşalygy aýlanyp çykmaga salgyt ýygnaýjyny iberjek» hökümdar baradaky pygamberligiň amala aşmagyna ýardam etdi. Şeýle hem, bu pygamberlikde şol hökümdaryň mirasdüşeriniň günlerinde «äht serdarynyň», ýagny Mesihiň «döwüljegi» barada öňünden aýdyldy. Isa, Awgustyň ýerine geçen Tiberiusyň döwründe öldürildi (Daniýel 11:20—22).
b Gadymky ýewreýleriň arasynda ýyl hepdeleri baradaky düşünje giňden ýaýrandy. Meselem, her ýedinji gün sabat güni diýip hasaplanyşy ýaly, her ýedinji ýyl hem sabat ýyly diýip hasaplanýardy (Çykyş 20:8—11; 23:10, 11).
BILIMIŇI BARLAP GÖR
Isanyň nesil şejeresi onuň Mesihdigini nädip tassyklaýar?
Mesihe degişli haýsy pygamberlikler Isada amala aşdy?
Hudaý, öz Belläniniň Isadygyny nädip göni görkezdi?
Isa näme üçin Hudaý baradaky bilimiň diri açary?
[37-nji sahypadaky jedwel]
MESIHE DEGIŞLI KÄBIR ÄHMIÝETLI PYGAMBERLIKLER
PYGAMBERLIK WAKA ÝERINE ÝETIŞI
IRKI ÝYLLARY
Işaýa 7:14 Bir gyzdan doguldy Matta 1:18—23
Ýeremiýa 31:15 Ol doglandan soň Matta 2:16—18
çagalar öldürildi
GULLUGY
Işaýa 61:1, 2 Hudaý oňa wezipeler Luka 4:18—21
belledi
Işaýa 9:1, 2 Onuň gullugy arkaly Matta 4:13—16
adamlar uly yşyk
gördüler
Zebur 69:9 Ýehowanyň öýüne Ýahýa 2:13—17
bolan yhlasy
Işaýa 53:1 Oňa ynanmadylar Ýahýa 12:37, 38
Zakarýa 9:9; Iýerusalime bir Matta 21:1—9
taýhara münüp girdi;
Zebur 118:26 Ýehowanyň adyndan gelýän
patyşa hökmünde
şöhratlandyryldy
OŇA GARŞY DÖNÜKLIK EDILMEGI WE ÖLÜMI
Zebur 41:9; 109:8 Resullaryň biri Resullaryň işleri 1:15—20
wepasyz bolup çykdy;
ol Isa dönüklik etdi
we şonuň üçin onuň
ýerini başga biri aldy
Zakarýa 11:12 30 kümüş pula satyldy Matta 26:14, 15
Zebur 27:12 Oňa garşy ýalan Matta 26:59—61
güwäleri ulandylar
Zebur 22:18 Onuň eginbaşy üçin Ýahýa 19:23, 24
bije atyşdylar
Işaýa 53:12 Jenaýatkärlerden saýyldy Matta 27:38
Zebur 22:7, 8 Ölüminden öň sögüldi Markus 15:29—32
Zebur 69:21 Oňa sirke berdiler Markus 15:23, 36
Işaýa 53:5; Böwrüni dildiler Ýahýa 19:34, 37
Işaýa 53:9 Baýyňkyda jaýlandy Matta 27:57—60
Zebur 16:8—11 Çüýreme görmän direldi Resullaryň işleri 2:25—32; 13:34—37
[35-nji sahypadaky surat]
Isanyň adamlary sagaltma güýji Hudaý tarapyndy.