Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Dünýäniň soňunda «demirgazyk patyşasy» bolan döwletler
    Garawul diňi — 2020 | Maý
    • 8. Soňky günlerde kim «günorta patyşasy» boldy?

      8 I Jahan urşy döwründe ABŞ bilen Beýik Britaniýa harby güýçlerini birleşdirdi we Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy peýda boldy. Danyýaryň pygamberlik edişi ýaly, günorta patyşasy «uly we güýçli goşun toplady» (Dan. 11:25). Şeýlelikde, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy «günorta patyşasy»c boldy we ol soňky günleriň ahyryna çenli höküm sürer. Onda «demirgazyk patyşasy» kim?

      Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy hakdaky pygamberlik

      Mukaddes Kitapda «günorta patyşasy», ýagny Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy her dürli görnüşde suratlandyrylýar.

      • Demir bilen toýun garyşyk aýak.

        Demir bilen toýun garyşyk aýak (Dan. 2:41—43).

      • On şahly gorkunç haýwan. Şahlaryň arasyndan kiçi şah çykdy, onuň gözi we agzy bardy.

        Gorkunç wagşy haýwanyň kellesinden çykan şah (Dan. 7:7, 8).

      • On şahly, ýedi kelleli wagşy haýwan.

        Wagşy haýwanyň ýedinji kellesi (Ylh. 13:1).

      • Iki şahly wagşy haýwan.

        Iki şahly wagşy haýwan (Ylh. 13:11—15).

      • Döwlet edarasynyň binasy Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny suratlandyrýar.

        «Ýalan pygamber» (Ylh. 19:20).

      DEMIRGAZYK PATYŞASY KIM?

      9. Demirgazyk patyşasy haçan peýda bolýar we Danyýar 11:25-däki pygamberlik nädip ýerine ýetýär?

      9 Rassell bilen egindeşleri Mukaddes Kitaby öwrenýän topary döredenden bir ýyl geçensoň, ýagny 1871-nji ýylda demirgazyk patyşasy ýene-de peýda bolýar. Şol ýyly Otto fon Bismark birnäçe ýerleri birleşdirip, German imperiýasyny döredýär. Wilgelm I Germaniýanyň ilkinji imperatory bolýar, Bismarky bolsa birinji baştutan edip belleýärd. Onlarça ýyl geçensoň Germaniýa köp ýerleri basyp alyp, Afrikada we Ýuwaş okeanda ýerleşýän käbir ýurtlary golastyna alýar, hatda Britaniýadan hem güýçli bolmak isleýär (Danyýar 11:25-i okaň). Şol döwür Germaniýa güýçli goşun toplady we deňiz harby güýji boýunça dünýäde ikinji ýerde durýardy. Germaniýa I Jahan urşy döwründe harby güýji arkaly duşmanlary bilen söweşýär.

      10. Danyýar 11:25b, 26-njy aýatlardaky pygamberlik nädip ýerine ýetdi?

      10 Danyýaryň pygamberliginde German imperiýasyna we onuň harby güýjüne näme boljakdygy hem aýdylýar. Pygamberlikde demirgazyk patyşasy «durup bilmez» diýilýär. Näme üçin? Sebäbi «çöregini iýen adamlar» «oňa garşy dildüwşük gurnar» (Dan. 11:25b, 26a). Danyýaryň günlerinde «patyşanyň huzurynda hyzmat edýän» adamlar onuň saçagyndan iýip içýärdi (Dan. 1:5). Pygamberlikdäki bu adamlar kimi aňladýar? Olar German imperiýasynyň ýokary wezipeli adamlaryny, serkerdelerini we harby işgärlerini aňladýar. Olar patyşany güýçden gaçyryp, Germaniýada hökümeti dolandyrmagyň täze usulyny girizdilere. Pygamberlikde demirgazyk patyşasynyň diňe bir ýykyljakdygy däl-de, günorta patyşa bilen onuň arasynda boljak söweşiň netijesi hakda hem aýdylýar. Danyýar kitabynda demirgazyk patyşasy hakda şeýle diýilýär: «Onuň goşuny bolsa derbi-dagyn ediler we köp adamlar gyrlar» (Dan. 11:26b). I Jahan urşunda Germaniýanyň goşuny «derbi-dagyn edildi» we «köp adamlar gyryldy». I Jahan urşy adamzat taryhynda iň gandöküşikli döwürleriň biri boldy.

  • Dünýäniň soňunda «demirgazyk patyşasy» bolan döwletler
    Garawul diňi — 2020 | Maý
    • e Olar imperiýany gowşatmak üçin köp zatlary etdiler. Meselem, patyşany goldamakdan boýun gaçyrdylar, ýeňlen söweşleri hakdaky gizlin maglumatlary ýaýratdylar we patyşany tagtyndan düşmäge mejbur etdiler.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş