Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýehowa «ýakynda bolmaly zatlary» aýan edýär
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýun
    • 9 Ýehowanyň gullukçylary heýkeliň dabanynyň manysyna köpden bäri düşünmäge çalyşýarlar. Daniýel 2:41-den görnüşi ýaly, toýun gatyşykly demir daban köp patyşalyklary däl-de, bir «patyşalygy» aňladýar. Toýun Iňlis-Amerikan dünýä şalygynyň tabynlygynda ýaşaýan adamlary aňladýar. Olar bu dünýä şalygyny Rim şalygyny aňladýan «arassa demirden» gowşak edýär. Şonuň üçin toýna «ynsan nesli», ýagny sada halk diýilýär (Dan. 2:43). Iňlis-Amerikan dünýä şalygynda ýaşaýan adamlar raýatlaryň we işgärleriň hukugyny goraýan guramalary, bileleşikleri hem-de garaşsyzlyk ugrunda hereketleri döredip, hak-hukuklary üçin göreşýärler. Sada halk ony özüni demir ýaly berk alyp barmakdan saklaýar. Hatda meşhur syýasatçylar hem saýlawlarda ýeterlik ses alyp bilmän, garşydaşlarynyň pikirini göz öňünde tutmaly bolýar, şol sebäpli-de olarda öz syýasatyny ýöretmäge ýeterlik ygtyýary ýok. Daniýel: «Patyşalyk käte güýçli, käte gowşak bolar» diýip, öňünden aýdypdy (Dan. 2:42; 2 Tim. 3:1—3).

  • Ýehowa «ýakynda bolmaly zatlary» aýan edýär
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýun
    • 11 Heýkeliň aýagyndaky barmaklaryň sany hem bir zady aňladýarmyka? Daniýel beýleki görnüşlerinde sanlara üns berýär. Mysal üçin, wagşy haýwanyň kellesindäki şahlaryň sany agzalýar. Ýöne Daniýel heýkeliň näçe barmagynyň bardygyny aýtmaýar. Diýmek, heýkeliň barmak sany hiç hili many aňlatmaýar. Şeýle-de heýkeliň näçe eli ýa aýagy bardygy hem aýdylmaýar. Daniýel diňe heýkeliň barmaklarynyň demirden hem toýundandygyny aýdyp geçýär. Şeýlelikde, dünýäde Iňlis-Amerikan şalygy höküm sürýärkä, Hudaýyň Patyşalygyny aňladýan «daş» heýkeliň dabanyna urar (Dan. 2:45).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş