-
Halka dogruçyllygy kimler öwreder?Garawul diňi (Ýygnak üçin) — 2022 | Sentýabr
-
-
6. Uly märekä agyr döwürden geçenden soň näme bolar? (Şu žurnalyň 26-njy sahypasyndaky «Okyjylaryň sowallaryny» okap bilersiňiz).
6 Danyýar 12:2-ni okaň. Uly märeke agyr döwürden geçenden soň näme bolar? Biz öň Danyýar 12:2-däki pygamberlige «ruhy taýdan direliş» diýip düşünýärdikc. Emma indi pygamberlikde täze dünýädäki direliş hakda aýdylýandygyna göz ýetirdik. Direliş Armageddon söweşinden soň başlar.
7. a) Direljek adamlar «ebedi ýaşaýşy» almak üçin näme etmeli? b) Näme üçin muňa «has gowy direliş» diýse bolar?
7 Danyýar 12:2-de direljek adamlaryň käbiri «ebedi ýaşaýşa gowuşmaz» diýilýär. Muňa nähili düşünmeli? Direlen adamlar Ýehowa Hudaý we Isa Mesih barada bilim alyp, 1 000 ýylyň dowamynda olary razy etseler ebedi ýaşarlar (Ýah. 17:3). Şeýlelikde, olar «has gowy direlişi alarlar» (Ýew. 11:35). Sebäbi geçmişde direlen bikämil adamlar ýene-de öldüler.
8. Direljek adamlaryň käbiri näme üçin ebedilik höküm ediler?
8 Danyýar pygamber direljek adamlaryň «käbiri käýinje we ebedi höküme sezewar bolar» diýdi. Sebäbi olar erbet işleri ederler we atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmaz. Olar ebedi ýaşamazlar, gaýtam ebedi höküme sezewar bolarlar. Diýmek, direlen adamlaryň hemmesi Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşamak islemez. Görşümiz ýaly, Danyýar 12:2-de ölen adamlar direlenden soň boljak wakalar aýdylýard (Ylh. 20:12). Direlen adamlaryň käbiri ebedi ýaşar, käbiri bolsa ebedilik ýok ediler.
-
-
Halka dogruçyllygy kimler öwreder?Garawul diňi (Ýygnak üçin) — 2022 | Sentýabr
-
-
a Makalada Danyýar 12:2, 3-nji aýatlaryň täzeçe düşündirilişine serederis we direljek adamlara bilim bermäge kimleriň gatnaşjakdygyny bileris. Şeýle-de şol bilimiň Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyryndaky synaga taýýarlaýandygy barada gürrüň ederis.
-
-
Halka dogruçyllygy kimler öwreder?Garawul diňi (Ýygnak üçin) — 2022 | Sentýabr
-
-
c Öňki düşündirilişini bilmek isleseňiz «Danyýaryň pygamberligine üns beriň!» kitabynyň 17-nji babyny we «Garawul diňi» žurnalyny (w87-U 1/12 sah. 17—21) okap bilersiňiz.
d Danyýar 12:2-den tapawutlylykda Resullar 24:15-de we Ýahýa 5:29-da adamlaryň ölmänkä eden işleri göz öňünde tutulýar. «Resullar» kitabyndaky «dogruçyllara» we «erbetlere» «Ýahýa» kitabynda «ýagşy iş edenler» hem «erbet iş edenler» diýilýär.
-