-
Hudaýyň Patyşalygy näme?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
Mukaddes Kitapda Hudaýyň Patyşalygy barada köp gürrüň berilýär. Hudaý şol Patyşalygy arkaly ýerde-de niýetini amala aşyrar. Ýöne Hudaýyň Patyşalygy näme? Ol häzir höküm sürýärmi? Häzire çenli nämeler etdi? Nämeler eder? Şu we indiki sapaklarda şol soraglaryň jogabyny bileris.
1. Hudaýyň Patyşalygy näme? Patyşasy kim?
Hudaýyň Patyşalygy Ýehowa Hudaýyň gökde guran hökümeti. Patyşalygyň patyşasy Isa Mesih (Matta 4:17; Ýahýa 18:36). Mukaddes Kitapda Isanyň az wagtlyk däl-de, «ebedi patyşa boljakdygy» aýdylýar (Luka 1:32, 33). Ol bütin ýer ýüzüni dolandyrar.
2. Isa Mesihiň ýeke özi höküm sürermi?
Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, gökde Isa bilen 144 000 adam höküm sürer. Olar «her taýpadan, her dilden, her halkdan we her milletden» (Ylham 5:9, 10; Ylham 14:1—4-nji aýatlary oka). Olar Isanyň ýerdäki şägirtleriniň arasyndan saýlanyp alynýar. Galan şägirtleri bolsa Patyşalygyň ýerdäki raýatlary bolup ýaşar (Zebur 37:29).
3. Hudaýyň Patyşalygy näme üçin ynsan hökümetlerinden has gowy?
Käbir ynsan hökümdarlar halkyny gowy ýaşatmak islese-de, köplenç güýji ýetmeýär. Iru-giç olara derek, başga biri hökümdar bolýar. Täze gelen hökümdar bolsa halkyň aladasyny etmeýär, diňe özüni bilip ýaşaýar. Ýöne Hudaýyň bellän Patyşasy Isa hiç wagt tagtdan düşmez, sebäbi Hudaýyň döreden Patyşalygy «hiç haçan ýok edilmez» (Danyýar 2:44). Isa bütin ýer ýüzüniň üstünden hökümdarlyk eder. Ol hemmeleri deň tutar, sebäbi ol aladaçyl, mähirli, adalatly patyşa. Ol raýatlaryna hem adalatly, mähirli bolmagy, bir-biriniň aladasyny etmegi öwreder (Işaýa 11:9-y oka).
SÖHBETDEŞLIK
Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzündäki hökümetlerden müň esse gowy.
4. Bütin ýer ýüzünde Hudaýyň Patyşalygy höküm sürer
Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa islendik hökümdardan has güýçli. Matta 28:18-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Isa näme üçin iň güýçli patyşa?
Ynsan hökümetleri häli-şindi çalşyp durýar. Olaryň hökümdarlygy belli bir ýurduň çäginden çykmaýar. Hudaýyň Patyşalygy bolsa olardan tapawutlanýar. Danyýar 7:14-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Hudaýyň Patyşalygy näçe wagtlap höküm sürer?
Onuň hökümdarlygynyň çägi barmy?
5. Indi adamlar höküm sürmez
Ýer ýüzünde näme üçin Hudaýyň Patyşalygy höküm sürmeli? WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Adam höküm sürse nähili bolýar?
Nesihat 8:9-y okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ynsan hökümetlerine derek, Hudaýyň Patyşalygy höküm sürse gowy bolarmy? Näme üçin?
6. Isa bilen höküm sürjekler adamlaryň aladasyny eder
Patyşamyz Isa ýerde ýaşap görensoň, biziň ýagdaýymyza gowy düşünýär (Ýewreýler 4:15). Isa bilen gökde höküm sürjek 144 000 hudaýhon erkekler we aýallar ýerden saýlanyp alyndy. Ýehowa olary «her taýpadan, her dilden, her halkdan we her milletden» saýlady (Ylham 5:9).
Isanyň ýer ýüzünde ýaşanlygy we 144 000 adamyň ýer ýüzünden saýlanmagy näme üçin gowy bolar?
Ýehowa Isa bilen höküm sürjekleri her dürli milletden saýlady.
7. Patyşalygyň kanunlary adamlaryňkydan has gowy
Her bir hökümet raýatlarynyň bähbidi üçin kanun çykarýar. Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary üçin hem kanunlar berilýär. 1 Korinfliler 6:9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Her bir adam Hudaýyň kanunlary boýunça ýaşasa, dünýä nähili bolar?a
Ýehowa raýatlaryndan kanunlaryna gulak asmagy talap edip bilýärmi? Näme üçin?
Adamlar Hudaýyň kanunlary boýunça ýaşap bilermi? (11-nji aýada serediň).
Her bir hökümet raýatlarynyň bähbidi üçin kanun çykarýar. Hudaý hem Patyşalygy arkaly raýatlary üçin iň gowy kanunlary berýär.
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Hudaýyň Patyşalygy näme?»
Sen nähili düşündirerdiň?
ESASY PIKIRLER
Hudaýyň Patyşalygy — gökdäki hökümet. Ol bütin ýer ýüzüniň üstünden höküm sürer.
Gaýtalamak
Hudaýyň Patyşalygynda kimler höküm sürer?
Hudaýyň Patyşalygy näme üçin iň gowy hökümet?
Ýehowa raýatlaryndan näme talap edýär?
KÖPRÄK BILIŇ
Isa pygamber Hudaýyň Patyşalygynyň nirededigini aýtdy.
Ýehowanyň Şaýatlary ynsan hökümdarlaryna däl-de, Hudaýyň Patyşalygyna wepaly bolýar.
Mukaddes Kitapda Isa bilen 144 000 adamyň höküm sürjekdigi aýdylýar.
Türmede oturan aýal ýer ýüzünde adalaty diňe Hudaýyň dikeltjekdigine düşünýär.
«Adalatyň dikeldiljekdigini bildim» («Oýanyň!» noýabr, 2011)
a Hudaýyň kada-kanunlary hakda 3-nji bölümde aýdylýar.
-
-
Hudaýyň Patyşalygy näme eder?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
Hudaýyň Patyşalygy eýýäm gökde höküm sürýär. Ol tizden ýer ýüzünde köp zatlary üýtgeder. Geliň, Hudaýyň Patyşalyk arkaly etjek işlerini bileliň.
1. Ýer ýüzünde parahatlygy we adalaty nädip dikelder?
Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa Armageddon söweşinde erbet adamlary we hökümetleri ýok eder (Ylham 16:14, 16). Şonda Mukaddes Kitapdaky: «Ýene biraz wagtdan erbet ýok bolar» diýen pygamberlik doly ýerine ýeter (Zebur 37:10). Isa Patyşalyk arkaly ýeriň ähli künjeginde adalaty dikelder, parahatlyk höküm sürer (Işaýa 11:4-i oka).
2. Ýer ýüzünde nähili ýaşaýyş bolar?
Hudaýyň Patyşalygy höküm sürende, «dogruçyl adam ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:29). Göz öňüne getir, şonda diňe gowy adamlar, Ýehowany we bir-birini söýýän adamlar ýaşar. Keselçilik hem ölüm bolmaz.
3. Patyşalyk erbetligi ýok edip, soňra nämeler eder?
Isa erbetligi ýok edip, soňra 1000 ýyllap patyşa bolar. Ol 144 000 saýlananlar bilen adamlary günäden arassalar, kämil bolmaga kömek eder. Müň ýylyň ahyrynda ýer ýüzi Jennet bolar, ähli adamlar Ýehowa gulak asyp, bagtly ýaşar. Iň soňunda, Isa Patyşalygy Atasy Ýehowa gaýtaryp berer. Şonda Ýehowanyň «ady mukaddes bolar» (Matta 6:9, 10). Hemmeler Ýehowanyň adamlaryň aladasyny edýän iň gowy hökümdardygyna düşüner. Soňra Ýehowa Şeýtany, jynlary we hökümdarlygyna garşy çykýanlary ýok eder (Ylham 20:7—10). Hudaýyň Patyşalygy ebedilik höküm sürer, durmuş gülala-güllük bolar.
SÖHBETDEŞLIK
Hudaý Patyşalygy arkaly ähli wadalaryny ýerine ýetirer.
4. Hudaý ýerdäki hökümetleri ýok eder
«Bir adamyň beýleki adamyň üstünden hökümdarlyk etmegi hemişe zyýanly ekeni» (Nesihat 8:9). Hudaý Patyşalygy arkaly hökümetleriň ýetiren zyýanyny aýrar.
Danyýar 2:44 we 2 Selanikliler 1:6—8-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowa bilen Isa ýerdäki hökümetleri we olary goldaýanlary näme eder?
Ýehowa bilen Isanyň adalatly hem dogruçyl boljagyna näme üçin ynanyp bilersiň?
5. Isa — iň gowy patyşa
Isa adamlara köp ýagşylyk eder. WIDEONY görüň. Isa ýerde ýaşanda, adamlara kömek etmek isleýändigini we güýjüniň ýetýändigini görkezipdi.
Isa ýer ýüzünde ýaşanda, Patyşalyk arkaly nämeleri etjekdigini görkezipdi. Sen Hudaýyň berjek bereketleriniň haýsysyny görmek isleýärsiň? Aýatlary okap, şol bereketler hakda köpräk biliň.
ISA ÝERDEKÄ...
ISA GÖKDEKÄ...
tebigata aýdanyny etdirdi (Markus 4:36—41).
ýer ýüzüne ýetirilen zyýany doly aýrar (Işaýa 35:1, 2).
gudrat bilen müňlerçe adamy doýurdy (Matta 14:17—21).
iýere zat köp bolar (Zebur 72:16).
dürli keselli adamlary sagaltdy (Luka 18:35—43).
adamlar sagdyn bolar (Işaýa 33:24).
ölüleri direltdi (Luka 8:49—55).
ölümi, ajy hasraty aýrar (Ylham 21:3, 4).
6. Ajaýyp durmuş bolar
Hudaý Patyşalygy arkaly başdaky niýetini amala aşyrar. Adamlar Jennetde ebedi ýaşar. WIDEONY görüp, Ýehowanyň Isa arkaly niýetini nädip amala aşyrjakdygyny biliň.
Zebur 145:16-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowanyň «her bir adamy we haýwany... doýurjakdygy» saňa nähili täsir edýär?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Agzybir bolsak, häzirem ähli kynçylyklary çözüp bileris».
Hudaý Patyşalygy arkaly hökümetleriň hiç haçan başarmajak haýsy kynçylyklaryny çözer?
ESASY PIKIRLER
Hudaý Patyşalygy arkaly etjek diýen zadyny hökman eder. Ol bütin ýer ýüzüni Jennet eder, gowy adamlar Ýehowa hemişe gulak asar.
Gaýtalamak
Hudaý Patyşalygy arkaly adyny nädip mukaddes eder?
Hudaýyň wadalarynyň hökman ýerine ýetjekdigine näme üçin ynanýarsyň?
Sen Hudaýyň haýsy wadalarynyň ýerine ýetmegine garaşýarsyň?
KÖPRÄK BILIŇ
Armageddon barada köpräk öwreniň.
Agyr muşakgatda nämeler bolar? (Matta 24:21)
Maşgalaňyz bilen Jenneti göz öňüne getiriň.
Hökümete garşy çykan adam köp soraglaryna jogap tapýar.
«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 ýanwar, 2012)
-