Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/9 sah. 17—20
  • Daniýel kitabyndan peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Daniýel kitabyndan peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • DANIÝEL KITABYNYŇ BIRINJI BÖLÜMINDEN NÄME ÖWRENÝÄRIS
  • (Daniýel 1:1—6:28)
  • DANIÝELIŇ GÖRNÜŞLERI NÄME AŇLADÝAR?
  • (Daniýel 7:1—12:13)
  • Ýehowadan gorkýanlara onuň berýän ak patasy
  • Danyýar pygamberiň göreldesine eýeriň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Ýesirlikdäki pygamber görnüş görýär
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/9 sah. 17—20

Ýehowanyň sözi diri

Daniýel kitabyndan peýdaly pikirler

DANIÝEL kitaby barada «Mukaddes Ýazgylaryň suratly sözlüginde» şeýle diýilýär: «Daniýel kitaby Mukaddes Ýazgylardaky iň gyzykly kitaplaryň biri. [...] Ol ebedi hakykatyň hazynasydyr» (Holman Illustrated Bible Dictionary). Bu kitap b. e. öň 618-nji ýylda Babyl patyşasy Nebukadnezar goşuny bilen Iýerusalimi gabap, «Ysraýyl ogullaryndan käbirini» Babyla ýesir edip äkitmegi bilen başlanýar (Daniýel 1:1—3). Olaryň arasynda ýetginjek Daniýel hem bardy. Bu kitap Daniýeliň Babylda galmagy bilen tamamlanýar. Pygamber takmynan ýüz ýaşlaryndaka Hudaý oňa şeýle sözleri wada edýär: «Sen dynç al, ýöne ahyrky güni öz bijäňi almak üçin direlersiň» (Daniýel 12:13).

Daniýel kitabynyň birinji bölümi taryhy tertipde we üçünji adam tarapyndan ýazylan, ikinji bölümini Daniýel öz adyndan ýazýar. Daniýel bu kitapda dünýä şalyklarynyň galyşyny, ýykylyşyny, Mesihiň peýda boljagyny we biziň günlerimize degişli wakalary beýan edýära. Şeýle-de gartaşan pygamber ömrüniň geçen ýyllaryny ýatlaýar we Hudaýyň öňünde aýypsyzlygyny saklap, wepaly adamlar bolmaga höweslendirýän wakalary beýan edýär. Daniýel kitaby diri hem täsirlidir (Ýewreýler 4:12).

DANIÝEL KITABYNYŇ BIRINJI BÖLÜMINDEN NÄME ÖWRENÝÄRIS

(Daniýel 1:1—6:28)

B. e. öň 617-nji ýyldy. Daniýel we onuň üç ýoldaşy Şadrak, Meşak, Abednego Babyl köşgündedi. Olar üç ýyllap Babylyň däp-dessurlaryny we medeniýetini öwrenenlerinde Hudaýyň öňünde aýypsyzlygyny saklaýarlar. Sekiz ýyl geçenden soň, Nebukadnezar patyşa täsin düýş görýär. Daniýel onuň gören düýşüni gürrüň berip, ýorýar. Patyşa Ýehowanyň «Hudaýlaryň Hudaýy we patyşalaryň Hökümdarydygyna» göz ýetirýär (Daniýel 2:47). Wagtyň geçmegi bilen Nebukadnezar bu wakadan alan sapagyny ýatdan çykaran bolmaly. Daniýeliň üç dosty ägirt uly heýkele sežde etmekden boýun gaçyranda, patyşa olary gaty gyzan peje atmagy buýurýar. Emma hak Hudaý olary ölümden gutarýar we Nebukadnezar «şeýdip halas edýän hudaý ýokdur» diýmäge mejbur bolýar (Daniýel 3:29).

Nebukadnezar ýene-de pygamberlik düýşüni görýär. Ol düýşünde uly agajy, onuň çapylyşyny we ösmez ýaly onuň düýbüne gandal geýdirilişini görýär. Daniýel düýşüň näme aňladýandygyny düşündirýär. Bu düýşüň birinji manysy Nebukadnezarda ýerine ýetýär, ol ruhy kesel bilen keselläp, birnäçe ýyldan soň sagalýar. Onlarça ýyl geçenden soň, Belşazar patyşa özüniň emeldarlary üçin meýlis guraýar we Ýehowanyň ybadathanasyndan alnan gaplary tekepbirlik bilen ýerliksiz ulanýar. Şol gije Belşazar patyşa öldürilýär we tagta midiýaly Dariýus geçýär (Daniýel 5:30, 31). Dariýusyň döwründe Daniýel 90 ýaşlaryndan geçendi, emeldarlar gartaşan pygamberi öldürmek üçin nyşana alýarlar. Ýöne Ýehowa ony «arslanlaryň penjesinden halas edýär» (Daniýel 6:27, MKS).

Sowallaryň jogaby:

1:11—15 — Dört ýaş ýewreý ýigitleri gök önüm bilen iýmitlenendigi sebäpli daýaw we syratly göründiler diýip bolarmy? Ýok. Hiç bir iýmit hem on günüň içinde şeýle netije berip bilmez. Ýaş ýewreý ýigitleri daýaw we syratlylygy bilen Ýehowa borçludylar. Olar oňa bil baglany üçin Hudaý olara bereket berýär (Süleýmanyň tymsallary 10:22).

2:1 — Nebukadnezar patyşa ägirt uly heýkel baradaky düýşi haçan görýär? Mukaddes Ýazgylarda «Nebukadnezar patyşanyň hökümdarlygynyň ikinji ýylydy» diýilýär. Ol b. e. öň 624-nji ýylda patyşa bolýar. Hökümdarlygynyň ikinji ýyly b. e. öň 623-nji ýyla düşýär, emma ol Ýahudany entek basyp almandy. Daniýel hem Babylda ýokdy, şol sebäpli onuň düýş ýormagy mümkin däldi. B. e. öň 607-nji ýylda Babyl patyşasy Iýerusalimi derbi-dagyn edip, dünýä şalygy bolýar, «ikinji ýyly» şondan hasaplamaly.

2:32, 39 — Haýsy manyda kümüş patyşalygy altyn kelleden, mis patyşalygy kümüşden pesdi? Midiýa hem-de Pars patyşalygy heýkeliň kümüş bölegini aňladýar, ol altyn kelleden, ýagny Babyldan pesdi, oňa Ýahudany derbi-dagyn etmäge mümkinçilik berilmedi. Onuň yzysüre heýkeliň mis bölegini aňladýan Grek patyşalygy dünýä şalygy bolýar. Grek patyşylygy Midiýa hem-de Pars patyşalygyndan pesdi, sebäbi mis kümüşden pes bolýar. Gresiýa dünýä şalygy bolup, has köp ýerleri basyp alsa-da, oňa Midiýa hem-de Pars patyşalygy ýaly Hudaýyň halkyny sürgünden boşatmak mümkinçiligi berilmeýär.

4:8, 9, TD [4:5,6] — Daniýel jadygöýlik bilen meşgullanýan ruhanymydy? Ýok. «Jadygöýlik bilen meşgullanýan ruhanylaryň başy» diýen jümle Daniýeliň «Babyldaky ähli akyldar adamlaryň üstünden baş» edip bellenendigini görkezýär (Daniýel 2:48).

4:7, 8, 17—19 — Nebukadnezaryň düýşünde gören ägirt uly agajy nämäni aňladýar? Birinji manysy, agaç dünýä şalygyň hökümdary bolan Nebukadnezary aňladýar. Emma hökümdarlygyň «ýeriň ujuna çenli» ýetýändigi üçin onuň has uly manysy bar. Daniýel 4:14-däki sözler bu düýşi adamlaryň üstünden höküm sürýän «Hemmelerden Beýigiň» hökümdarlygy bilen baglydygyny görkezýär. Diýmek, agaç Ýehowanyň hökümdarlygyny, ylaýta-da, ýeriň üstünden höküm sürşüni aňladýar. Şol sebäpli bu düýşüň iki manysy bar, ýagny Nebukadnezaryň patyşalygyny we Ýehowanyň hökümdarlygyny aňladýar.

4:13, 20, 22, 29, 30 — «Ýedi döwür» näçe wagt dowam etdi? Nebukadnezar patyşanyň daş keşbiniň özgermegi «ýedi döwrüň» ýedi günden has köp wagt dowam etmelidigini görkezýär. Patyşa üçin ýedi döwür hersi 360 gün dowam edýän ýedi ýyly, ýagny 2 520 güni aňladýar. Uly möçberde ýerine ýetende, «ýedi döwür» 2 520 ýyly öz içine alýar (Ezekiýel 4:6, 7). Ol b. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalimiň derbi-dagyn edilmegi bilen başlanyp, b. e. 1914-nji ýylynda Isanyň gökde Patyşa hökmünde tagta geçmegi bilen tamamlanýar (Luka 21:24).

6:6—10 — Ýehowa doga edende belli bir ýagdaýda ýa-da belli bir ýerde durmak hökman däl, şol sebäpli Daniýel 30 günläp gizlin doga etse paýhasly bolmazmydy? Daniýeliň bir günüň dowamynda üç gezek doga edýändigini hemmeler bilýärdi. Şonuň üçin dildüwüşijiler diňe patyşa doga etmeli diýen kanun çykarýarlar. Daniýel doga bilen bagly endigini nähili edip özgerdende-de, ol öz prinsiplerine garşy gidýär diýip düşünerdiler we bu onuň Ýehowa doly wepaly däldigini görkezerdi.

Biziň üçin sapak:

1:3—8. Daniýeliň we onuň üç dostunyň Ýehowa wepaly galmak baradaky karary ata-eneleriň berýän terbiýesiniň ähmiýetlidigini görkezýär, olar ýaşlykdan şeýle terbiýe alan bolmaly. Hudaýa gulluk edýän ata-eneler ruhy zatlary durmuşynda birinji orunda goýup, çagalaryny hem şeýle etmäge öwretseler, olar erbet höweslere we mekdepde ýa-da başga ýerlerde bolup biljek synaglara garşy durup bilerler.

1:10—12. Daniýel «emeldarlaryň başlygynyň» patyşadan gorkýandygyna düşünip, ony borjuny ýerine ýetirmezlige itermedi. Emma soňra Daniýel gözegçi edip bellenen biraz eglişik edýän adamyň ýanyna barýar. Biz hem kynçylyklara uçranda şeýle düşgürlik, akyl ýetirijilik we paýhaslylyk bilen hereket etmeli.

2:29, 30. Biz Daniýelden görelde alyp, bilimimiz, häsiýetlerimiz we ukyplarymyz üçin Ýehowany şöhratlandyrmaly, sebäbi bular Mukaddes Ýazgylary öwrenýändigimiziň netijesidir.

3:16—18. Eger üç ýewreý ýigidi iýmit bilen bagly meselede ylalaşyga giden bolsadylar, onda olaryň şeýle ynamly jogap bermegi mümkin däl. Biz hem «her zatda wepaly bolmaga» çalyşmaly (1 Timoteos 3:11).

4:21—24. Hudaýyň Patyşalygy we hökümleri baradaky habary wagyz etmek üçin Daniýeliň imany ýaly iman, edermenligi ýaly edermenlik talap edilýär. Ol Nebukadnezara näme boljagyny we parahatlygynyň dowam etmegini islese näme etmelidigini batyrgaý aýdýar.

5:30, 31. «Babyl patyşa barada aýdylan tymsal» ýerine ýetýär (Işaýa 14:3, 4, 12—15). Babylyň tekepbir hökümdarlarynyň soňy aýylganç we masgaraçylykly gutaryşy ýaly, Şeýtan Iblisiň hem soňy şeýle bolar (Daniýel 4:27; 5:2—4, 23).

DANIÝELIŇ GÖRNÜŞLERI NÄME AŇLADÝAR?

(Daniýel 7:1—12:13)

Daniýel b. e. öň 553-nji ýylda ilkinji görnüşi görende, 70 ýaşyndan geçendi. Daniýel dört sany uly jandary görýär. Olar şol döwürden başlap, tä biziň günlerimize çenli höküm sürýän dünýä şalyklaryny aňladýar. Soňra gökde «ynsan ogluna meňzeş birini» görýär, oňa «hiç haçan geçmejek» hökümdarlyk berilýär (Daniýel 7:13, 14). Iki ýyl geçenden soň, Daniýel Midiýa-Pars, Gresiýa we «wagşy patyşa» barada görnüş görýär (Daniýel 8:23).

B. e. öň 539-njy ýylda Babyl ýykylýar we onuň ýerine midiýaly Dariýus tagta geçip, kildanylaryň üstünden höküm sürýär. Daniýel ysraýyllylaryň watanyna dolanmagy barada Ýehowa doga edýär. Ol doga edip durka, Ýehowa Mesihiň gelmegi barada oňa «akyl ýetirmegi öwreder ýaly» Jebraýyl perişdäni iberýär (Daniýel 9:20—25). B. e. öň 536/535-nji ýylda ysraýyllylaryň galyndysy Iýerusalime dolanýar. Emma ol ýerde ybadathananyň gurluşygy bilen bagly kynçylyklar döreýär. Daniýel muňa örän biynjalyk bolýar. Ol yhlas bilen doga edýär we Ýehowa Daniýeliň ýanyna baş perişdäni iberýär. Daniýeli berkidip, teselli berenden soň, perişde demirgazyk we günorta patyşalarynyň arasyndaky boljak göreş barada pygamberligi habar berýär. Bu iki patyşanyň arasyndaky göreş Isgender Zülkarneýiniň patyşalygynyň dörde bölünişinden, tä beýik şazada Mikaýylyň «galjak» wagtyna çenli dowam eder (Daniýel 12:1).

Sowallaryň jogaby:

8:9 — «Ajaýyp ýurt» nämäni suratlandyrýar? «Ajaýyp ýurt» Iňlis-Amerikan dünýä imperiýasynyň döwründe ýaşaýan ýer ýüzündäki mesh edilen mesihçileri aňladýar.

8:25 — «Şazadalaryň şazadasy» kim? «Sar» diýen ýewreý sözi «şazada» diýip terjime edilýär we esasan «baş» ýa-da «hökümdarlyk edýän» diýmegi aňladýar. «Şazadalaryň şazadasy» diýen at diňe Ýehowa Hudaýa ulanylýar, sebäbi ol perişdelerden ybarat bolan ähli şazadalaryň we şol sanda «ilkinji şazadalaryň biri bolan Mikaýylyň» hem Başydyr (Daniýel 10:13).

9:21 — Näme üçin Daniýeliň ýanyna gelen Jebraýyl perişdä «adam» diýilýär? Jebraýyla «adam» diýilmeginiň sebäbi, Daniýele berlen öňki görnüşde ol adam keşbinde gelýär (Daniýel 8:15—17).

9:27 — Ýetmiş ýylly hepdäniň ahyrynda, ýagny b. e. 36-njy ýylynda nähili äht «güýjüni ýitirmeýär»? B. e. 33-nji ýylynda Isa pürse çüýlenende Kanun ähti ýatyrylýar. Emma Ybraýym bilen baglaşylan äht b. e. 36-njy ýylyna çenli ysraýyllylar üçin güýjüni ýitirmeýär. Ýehudylar Ybraýymyň nesli bolany üçin Ýehowa olara aýratyn hoşamaýlyk bildirmegini dowam edýär. «Hudaýyň Ysraýyly» üçin bolsa Ybraýymyň ähti güýjüni ýitirmeýär (Galatýalylar 3:7—9, 14—18, 29; 6:16).

Biziň üçin sapak:

9:1—23; 10:11. Daniýele kiçigöwünli, wepaly, yhlas we erjellik bilen doga edeni üçin «iň söýülýän adam» diýilýär. Bu häsiýetler oňa ömrüniň ahyrky ýyllaryna çenli Hudaýa wepaly galmaga kömek edýär. Geliň, biz hem Daniýeliň göreldesine eýermegi ýüregimize düweliň.

9:17—19. Hatda Ýehowanyň «dogrulyk höküm sürýän» täze dünýäsiniň gelmegi barada doga edenimizde, ilki bilen, çekýän horlukdyr kynçylyklarymyzyň soňunyň gelmegi barada däl-de, Ýehowanyň adynyň şöhratlanmagyny hem-de onuň hökümdarlygynyň aklanmagyny dilemeli dälmi näme? (2 Petrus 3:13).

10:9—11, 18, 19. Biz Daniýeliň ýanyna gelen perişdeden görelde alyp, biri-birimizi goldap, kömek etmeli, teselli beriji sözler bilen berkitmeli.

12:3. Soňky günlerde «akyldarlar», ýagny mesh edilen mesihçiler «yşyk kimin ýalpyldaýarlar», olar «başga goýunlardan» ybarat bolan «uly märekäni», ýagny «köp adamlary dogrulyga» getirdiler (Filipililer 2:14; Ylham 7:9; Ýahýa 10:16). Mesh edilenler Mesihiň Müňýyllyk Hökümdarlygynda Isa bilen bilelikde onuň töleg gurbanyny gulak asýan adamlaryň haýryna ulanyp, «ýyldyz kimin» doly ýalpyldarlar. «Başga goýunlar» mesh edilen mesihçiler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeli we olary ähli zatda ýürekden goldamaly.

Ýehowadan gorkýanlara onuň berýän ak patasy

Daniýel kitabyndan sežde edýän Hudaýymyz barada nämeleri bilýäris? Kitapdaky ýerine ýeten we indi ýerine ýetjek pygamberlikler Ýehowanyň sözüni Ýerine ýetirijidigini aýdyň görkezýär! (Işaýa 55:11).

Daniýel kitabynyň birinji bölümi biziň Hudaýymyz barada näme gürrüň berýär? Babyl köşgündäki ýaşaýşa endik etmekden boýun gaçyran dört ýaş ýewreý ýigide «bilim, düşünje we akyldarlyk» berilýär (Daniýel 1:17). Hak Hudaý perişdesini iberip, Şadragy, Meşagy we Abednegony gaty gyzan peçden halas edýär. Daniýel arslanlaryň penjesinden halas edilýär. Ýehowa bil baglaýanlaryň ählisiniň «kömekçisi, galkany Oldur», özünden gorkýanlara ak patasyny berýär (Zebur 115:9, 13).

[Çykgyt]

a Daniýel kitabyny aýatma-aýat öwrenmek üçin Ýehowanyň Güwäçileriniň neşir eden «Daniýeliň pygamberligine üns beriň!» diýen kitabyna seredip bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş