Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 15/9 sah. 14—17
  • Hoşea kitabyndan peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hoşea kitabyndan peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «ÖZÜŇE ZYNAGÄR AÝALY AL»
  • (Hoşea 1:1—3:5)
  • «ÝEHOWANYŇ DAWASY BAR»
  • (Hoşea 4:1—14:1)
  • «ÝEHOWANYŇ ÝOLLARY GÖNÜDIR»
  • (Hoşea 14:1—9])
  • Hoşeanyň pygamberligi Hudaý bilen ýöremäge kömek edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • Ýehowa bilen ýöre-de, ýagşylyk or
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • Hoşea pygamberden görelde alyň
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • «Ýehowanyň ýollary gönüdir»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 15/9 sah. 14—17

Ýehowanyň sözi diri

Hoşea kitabyndan peýdaly pikirler

YSRAÝYLYŇ on taýpaly demirgazyk patyşalygynda hakyky sežde bütinleý diýen ýaly ýitdi. Ýeroboamyň II döwründe Ysraýylyň maddy hal-ýagdaýy össe-de, ol ölenden soň, pese düşýär. Şondan soň bulaýgaýlyklar we syýasy durnuksyzlyk döwri başlanýar. Alty patyşanyň dördüsi öldürilýär (4 Patyşalar 14:29; 15:8—30; 17:1—6). Hoşea şol bulagaýlyklarda, ýagny b. e. öň 804-nji ýylda 59 ýyl dowam eden pygamberlik gullugyna başlaýar.

Boýun egmeýän Ysraýyl halkyna bolan Ýehowanyň duýgusy Hoşeanyň maşgala durmuşy arkaly aýdyň suratlandyrylýar. Hoşea Ysraýylyň günäsini ýazgaryp, oňa we Ýahuda patyşalygyna çykarylan hökümleri yglan edýär. Ýumşak, duýgudaş we şol bir sanda güýçli hem-de göçme manyly sözleri ulanyp, Hoşea öz adyny göterýän kitaby ýazýar. Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan bu kitabyň habary diri hem täsirlidir (Ýewreýler 4:12).

«ÖZÜŇE ZYNAGÄR AÝALY AL»

(Hoşea 1:1—3:5)

Ýehowa Hoşea şeýle diýýär: «Bar-da, özüňe zynagär aýaly... al» (Hoşea 1:2). Hoşea gulak asýar we Gomerden onuň ogly bolýar. Onuň aýaly soňky iki ogluny zynadan dogurýar. Loruham we Loammi diýen atlar, Ýehowanyň ysraýyllylara merhemet etmän, wepasyz halk hökmünde inkär etjekdigini görkezýär.

Aslynda, Ýehowa pitneçi halkyna nähili garaýar? Ol Hoşea şeýle diýýär: «Ýene-de git-de, äri söýýän, ýöne zynagär aýaly söý, ony Hudaýyň Ysraýyl ogullaryny söýşi ýaly söý, olar bolsa başga taňrylara ýüzlenýärler» (Hoşea 3:1).

Sowallaryň jogaby:

1:1 — Hoşea näme üçin pygamberlik eden döwründäki Ýahudanyň dört patyşasyny agzap, Ysraýylyň diňe bir patyşasyny agzaýar? Sebäbi diňe Dawudyň neslinden bellenen patyşalar Hudaýyň saýlan halkynyň kanuny hökümdary hasaplanylýardy. Ýahudanyň patyşalaryndan tapawutlykda, demirgazyk patyşalygyň hökümdarlary Dawudyň neslinden däldi.

1:2—9 — Hoşea dogrudanam zynagär aýaly alýarmy? Hawa, Hoşeanyň aýaly soň zynagär bolýar. Pygamberlikde Hoşeanyň durmuşy bilen bagly meselede ol düýş ýa-da görnüş gördi diýilmeýär.

1:7 — Ýahuda öýüne haçan merhemet bildirildi we halas edildi? Bu sözler b. e. öň 732-nji ýylda Hizkiýa patyşanyň döwründe ýerine ýetýär. Şonda Ýehowa perişdesini iberip, Iýerusalime howp salýan Aşuryň 185 000 esgerini bir gijäniň içinde ýok etdirýär (4 Patyşalar 19:34, 35). Şeýdip, Ýehowa Ýahudany «ýaý, gylyç, uruş, atlar we esgerler bilen däl-de», perişdesi bilen halas edýär.

1:10, 11 — Eger Ysraýylyň demirgazyk patyşalygy b. e. öň 740-njy ýylda ýykylan bolsa, onda Ysraýyl ogullary nädip «Ýahuda ogullary bilen ýygnanar»? B. e. öň 607-nji ýylda Ýahudanyň ýaşaýjylary Babyla sürgün edilmänkä, Demirgazyk patyşalygyndan köpleri Ýahuda ýurduna göçýärler (2 Taryhlar 11:13—17; 30:6—12, 18—20, 25). Ýehudylar b. e. öň 537-nji ýylda ýurduna dolananda, Ysraýylyň demirgazyk patyşalygynyň nesilleri-de olaryň arasynda bardy (Ezra 2:70).

2:21—23 — Ýehowanyň: «Men ony [Izreýeli] ýere özüm üçin ekerin we oňa merhemetlik bildirerin» diýen pygamberlik sözleri näme aňladýar? Hoşeanyň Gomerden bolan birinji oglunyň ady Izreýeldi (Hoşea 1:2—4). Bu at «Hudaý tohum eker» diýmegi aňladýar we Ýehowa wepaly galyndysyny b. e. öň 537-nji ýylda ýygnap, Ýahudada tohum kimin ekjekdigini pygamberlik edip görkezýär. 70 ýyllap ilatsyz ýatan ýurt galla, süýji şerap we ýag bilen üpjün eder. Pygamberlikde bu zatlaryň ýerden hasyl talap edýändigini, ýeriň bolsa gökden ýagyş soraýandygyny şahyrana sözler bilen beýan edilýär. Gökler hem öz gezeginde Hudaýdan ýagyş buludyny dileg edýär. Bu zatlaryň ählisi ýurduna dolanan galyndy barada jomartlyk bilen alada ediljekdigini görkezýär. Pawlus we Petrus resul Hoşea 2:23-däki sözleri ruhy Ysraýylyň galyndysyna degişlilikde ulanýarlar (Hoşea 2:23; Rimliler 9:25, 26; 1 Petrus 2:10).

Biziň üçin sapak:

1:2—9; 3:1, 2. Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin nikasyny bozman özüni pida etmäge razy bolan Hoşea barada oýlanyp görüň! Hudaýyň islegini berjaý etmeli bolanda, biz hem özümizden geçmäge taýýarmy?

1:6—9. Ýehowa biwepalygy ýigrenişi ýaly ruhy zynany hem ýigrenýär.

1:7, 10, 11; 2:14—23. Ýehowanyň Ysraýyl we Ýahuda barada aýdan pygamberlikleri berjaý boldy. Ýehowanyň sözi hemişe ýerine ýetýär.

2:16, 19, 21—23; 3:1—4. Ýehowa ýürekden toba edýänleri bagyşlamaga taýýar (Nehemýa 9:17). Biz hem Ýehowa ýaly doganlara duýgudaşlyk bildirip, rehimli bolmaly.

«ÝEHOWANYŇ DAWASY BAR»

(Hoşea 4:1—14:1)

«Ýehowanyň ýurduň ýaşaýjylary bilen dawasy bar». Näme üçin? Sebäbi «bu ýurtda hakykat, ýagşylyk we Hudaýy tanama ýok» (Hoşea 4:1, MKS). Imandan dänen Ysraýyl halky ýalan sözleýär, gan dökýär, biwepalyk we ruhy zyna edýär. Kömek üçin Hudaýa ýüz tutmagyň deregine, olar «Müsüri çagyryp, Aşura barýarlar» (Hoşea 7:11).

Ýehowa hökümini yglan edýär: «Ysraýyl ýuwdular» (Hoşea 8:8). Ýahuda patyşalygy hem günäkär. Hoşea 12:2-de şeýle diýilýär: «Ýehowanyň Ýahuda bilen hem dawasy bar. Ol Ýakubyň ýollaryna görä hasabat sorar; onuň işlerine görä baha berer». Emma dikeldiş barada Hudaý şeýle sözleri wada edýär: «Men mazaryň elinden olary satyn alaryn, ölümden halas ederin» (Hoşea 13:14).

Sowallaryň jogaby:

6:1—3 — «Ýörüň, Ýehowa dolanalyň» diýen sözleri kim aýdýar? Biwepa ysraýyllylar bir-birlerini Ýehowa dolanmaga çagyrýan bolmaly. Eger şeýle bolsa, onda olar göz üçin toba edýärler. Olaryň merhemeti «säher buludy we irden aýrylýan çyg ýaly» az wagtlydy (Hoşea 6:4). Mümkin, Hoşea halky Ýehowa dolanmaga çagyrýandyr. Näme-de bolsa, on taýpaly Ysraýyl patyşalygyň boýnuýogyn ýaşaýjylary ýürekden toba edip, hakykatdan Ýehowa dolanmalydylar.

7:4 — Haýsy manyda zynagär ysraýyllylar «otly peje» meňzedilýär? Bu olaryň ýüregindäki erbetlige bolan isleginiň örän güýçlüdigini görkezýär.

Biziň üçin sapak:

4:1, 6. Eger biz Ýehowanyň razylygyny gazanmak islesek, mundan beýläk hem ol barada bilim almagy we olary durmuşymyzda ulanmagy dowam etmeli.

4:9—13. Ýehowa ahlaksyzlyk edýänlere we hapa seždä gatnaşýanlara etmişine görä jeza berer (Hoşea 1:4).

5:1. Hudaýyň halkyna gözegçilik edýän jogapkär doganlar imandan dänmekligiň ähli görnüşlerini inkär etmeli. Ýogsam, olar käbirini ýalan seždä iterip, duzak hem-de tor bolup biler.

6:1—4; 7:14, 16. Diňe sözde toba etmegiň peýdasy ýok, ol göz üçin edilýär. Hudaýyň merhemetini almak üçin günäkärler ýürekden toba edip, «ýokardaka» dolanýandygyny aýdyň görkezmeli, ýagny hakyky seždä dolanmaly. Onuň edýän işleri Hudaýyň ýokary kadalaryna gabat gelmeli (Hoşea 7:16).

6:6. Günä etmeklik Hudaýa söýgiň we wepalylygyň ýetmeýändigini görkezýär. Olary ruhy gurbanlar bilen ýuwup bolmaýar.

8:7, 13; 10:13. «Adam näme ekse şony orar» diýen prinsip butparaz ysraýyllylarda ýerine ýetdi (Galatýalylar 6:7).

8:8; 9:17; 13:16. Aşurlylar Samariýany basyp alanda, demirgazyk patyşalygyň paýtagty baradaky pygamberlik ýerine ýetdi (4 Patyşalar 17:3—6). Hudaýyň aýdan sözlerini ýerine ýetirjekdigine biz doly ynanyp bileris (Sanlar 23:19).

8:14. B. e. öň 607-nji ýylda Ýehowa babyllylar arkaly «Ýahudany oda berdi» we Iýerusalim bilen Ýahuda ýurdunyň haraba boljakdygy baradaky pygamberligini berjaý etdi (2 Taryhlar 36:19). Hudaýyň sözi hemişe ýerine ýetýär (Ýeşuw 23:14).

9:10. Ysraýyllylar hak Hudaýa bagyş edilen bolsa-da, «Baal-Peora baryp, edepsiz işlere berildiler». Eger biz olaryň erbet göreldesi baradaky duýduryşa gulak asyp, Ýehowa bilen gatnaşygymyzy gorasak paýhasly bolarys (1 Korintoslylar 10:11).

10:1, 2, 12. Biz Hudaýa ýüzleý däl-de, ýürekden sežde etmeli. Eger biz dogrulyk tohumyny eksek, Hudaýyň merhemetini orarys.

10:5. Bef-Awen («heläkçilik öýi» diýmegi aňladýar) Beýteliň («Hudaýyň öýi» diýmekdir) kemsidiji ady. Bef-Awendäki öküzi, ýagny sežde edilýän buty alyp gidenlerinde Samariýanyň ýaşaýjylary gözýaş etdiler. Hatda özüni halas edip bilmeýän jansyz heýkellere bil baglamak nähili akylsyzlyk! (Zebur 135:15—18; Ýeremiýa 10:3—5).

11:1—4. Ýehowa halkyna hemişe söýgi bilen garaýar. Hudaýa boýun bolmak agram salmaýar.

11:8—11; 13:14. Halk hakyky seždäni dikelder diýip Ýehowanyň aýdan sözleri «boş gaýdyp gelmedi» (Işaýa 55:11). B. e. öň 537-nji ýylda Hudaýyň halky Babyl sürgüninden azat boldy we galyndy Iýerusalime dolandy (Ezra 2:1; 3:1—3). Ýehowanyň pygamberler arkaly aýdan hemme sözleri hökman ýerine ýeter.

12:6. Biz merhemetli, adalatly bolup, hemişe Ýehowa bil baglamaly.

13:6. Ysraýyllylar «doýanlarynda, ýüregi tekepbirlendi. Sebäbi olar [Ýehowany] ýatdan çykardylar». Biz diňe özüňi bilmekligiň islendik görnüşinden ägä bolmaly.

«ÝEHOWANYŇ ÝOLLARY GÖNÜDIR»

(Hoşea 14:1—9])

Hoşea şeýle diýýär: «Eý Ysraýyl, Hudaýyň Ýehowa dolan, çünki sen ýazyklaryň üçin büdrediň». Ol halky Ýehowa şeýle sözler bilen ýüzlenmäge çagyrýar: «Biziň ýazyklarymyzy geç we ýagşy zatlarymyzy kabul et, biz dodaklarymyzyň miwelerini getireli» (Hoşea 14:1, 2).

Toba eden günäkär Ýehowa gelip, onuň ýollaryny kabul etmeli we öwgi gurbanlaryny getirmeli. Näme üçin? Sebäbi «Ýehowanyň ýollary gönüdir we dogry adamlar ondan ýörär» (Hoşea 14:9). Köpleriň «soňky günlerde Ýehowanyň we onuň ýagşylygynyň öňünde yzzat etjekdigi» bizi nähili begendirýär! (Hoşea 3:5).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş