Ýehowa bilen ýöre-de, ýagşylyk or
«Olar ýel ekýändikleri üçin tüweleý orar» (HOŞEA 8:7).
1. Ýehowa bilen ýöremek üçin näme etmeli?
ÝOL GÖRKEZÝÄN adam tejribeli bolsa, howply ýerden ýöremäge gorkmarsyň. Elbetde, bu özüňe özüň ýol görkezeniňden gowy. Bu mysal biziň häzirki ýagdaýymyzy suratlandyrýar. Ýehowa bize bu zalym dünýäde ýol görkezmek isleýär. Öz bilşiň ýaly ýöräniňden, Hudaý bilen ýöremek paýhaslydyr. Onda, nädip Hudaý bilen ýöremeli? Munuň üçin onuň Sözündäki maslahatlara eýermeli.
2. Bu makalada nämä serederis?
2 Geçen makalada biz Hoşea kitabynyň 1—5-nji baplarynda ýazylan göçme manyly drama seretdik. Görşümiz ýaly, bu drama Hudaý bilen ýöremegi öwredýär. Indi bolsa, gel, 6—9-njy baplardaky käbir aýratynlyklara seredeli. Ilki bilen, şu dört babyň mazmunyna gysgaça seretsek gowy bolar.
Gysgaça mazmuny
3. Hoşea kitabynyň 6—9-njy baplaryny gysgaça gürrüň ber.
3 Ýehowa Hoşeany on taýpaly demirgazyk Ysraýyl patyşalygyna pygamberlik etmäge iberdi. Ysraýylda Efraýym taýpasy agalyk edýärdi. Efraýym ady bilen tanalýan bu halk Hudaýdan ýüz öwürdi. Hoşea kitabynyň 6—9-njy baplarynda Ysraýyl halkynyň Ýehowanyň ähtini äsgermän erbet işleri bilen ikilik edendigi görkezilýär (Hoşea 6:7). Olar Ýehowa dolanmagyň deregine, syýasy birleşiklere bil bagladylar. Şeýlelikde, olar erbetlik ekendikleri üçin erbetlik hem ordular. Umuman aýdanyňda, olaryň höküm sagady ýakynlaşýardy. Ýöne Hoşeanyň pygamberliginde hoş habar hem bar. Ysraýyl halky ýürekden toba etse, onda Ýehowa dolanyp biljekdigi hem-de oňa rehim ediljekdigi aýdylýar.
4. Hoşeanyň pygamberligindäki nähili dört sapaga serederis?
4 Hoşeanyň pygamberliginiň bu dört baby hem Ýehowa bilen ýöremegi öwredýär. Geliň, onuň berýän dört sapagyna seredeliň: 1) ýürekden toba edendigiňi diňe sözüň bilen däl-de, iş ýüzünde-de görkezmeli; 2) Hudaýy razy etmek üçin diňe gurban bermek ýeterlik däl; 3) sežde edijileri imandan dänse, Ýehowa gynanýar; 4) ýagşylyk ormak üçin ýagşylyk ekmeli.
Ýürekden toba etmek üçin näme etmeli?
5. Hoşea 6:1—3-nji aýatlardaky esasy pikirleri gürrüň ber.
5 Hoşeanyň pygamberligi, esasan, toba etmegi hem-de rehimdar bolmagy öwredýär. Hoşea 6:1—3-nji aýatlarda şeýle sözleri okaýarys: «Ýörüň, Ýehowa dolanalyň, çünki ol özi parçalady, özi-de sagaldar. Özi ýaralady, özi-de ýaramyzy sarar. Iki günden bizi direlder. Üçünji gün bolsa, galdyrar we biz onuň öňünde ýaşarys. Biz Ýehowany tanarys, ol barada bilmäge çalşarys. Ol säher kimin geler, hökman geler. Ol çabga kimin, topragy hasylly edýän ýaz ýagşy kimin geler».
6—8. Ysraýyllylaryň toba etmek babatda nähili ýetmezçiligi bardy?
6 Bu sözleri kim aýtdyka? Käbir adamlar bu sözleri gulak asmaýan, ýürekden toba etmeýän we Hudaýyň rehimdarlygyny öz peýdasyna ulanjak bolýan wepasyz ysraýyllylar aýdandyr öýdýär. Başgalar bolsa, Hoşea pygamber Ysraýyl halkyny Ýehowa dolanmaga çagyrýandyr öýdýär. Bu sözleri kim aýdan bolsa-da, bir wajyp sorag ýüze çykýar: halk ýürekden toba edip, Ýehowa dolandymyka? Ýok, dolanmady. Ýehowa Hoşea arkaly şeýle diýýär: «Efraýym, men seni näme etsemkäm? Ýahuda, seni näme etsemkäm? Çünki seniň merhemetiň säher buludy we irden aýrylýan çyg ýalydyr» (Hoşea 6:4). Dogrudan-da, Hudaýyň halky ruhy taýdan gözgyny ýagdaýdady! Olaryň merhemeti ýa-da wepaly söýgüsi gün doganda gözden ýitýän säher ümri ýalydy. Adamlar göz üçin toba etseler-de, Ýehowa olara rehim etmäge hiç hili esas tapmady. Näme üçin?
7 Ysraýyllylar ýürekden toba etmediler. Ýehowa halkyndan närazylygyny bildirip, Hoşea 7:14-de şeýle diýýär: «Olar düşeklerinde hykgyldap ýatsalar-da, ýüreklerinde meni kömege çagyrmadylar». 16-njy aýatda sözüni dowam edip: «Olar dolandylar, ýöne ýokardaka dolanmadylar» diýýär. Başga söz bilen aýdanyňda, olar belent seždäni dikeltmediler. Halk Ýehowa bilen gatnaşygyny sazlamak üçin özgermedi we belent seždä dolanmady. Aslynda, olar Ýehowa bilen ýöremek islemedi.
8 Ysraýyllylaryň toba etmek babatda başga-da ýetmezçiligi bardy. Olar indi kezzaplyk, adam öldürmek, butparazlyk hem-de milletler bilen syýasy birleşige girmek ýaly has agyr günäleri edip başladylar. Hoşea 7:4-de adamlar «tamdyra», ýagny çörekçiniň tamdyryna meňzedilýär, sebäbi olaryň erbet höwesleri içinde ýanyp durdy. Ruhy taýdan şeýle erbet ýagdaýdaky halka rehim edip bolarmy? Elbetde, ýok! Hoşea pitneçi halkyň «Ol [Ýehowa] olaryň jenaýatlaryny ýada salyp, günälerine üns berer» diýýär (Hoşea 9:9). Olara rehim edilmez!
9. Hoşeanyň sözlerinden toba etmek hem-de rehimdarlyk barada näme öwrenýäris?
9 Hoşeanyň sözlerinden toba etmek hem-de rehimdarlyk barada näme öwrenýäris? Wepasyz ysraýyllylaryň mysaly Ýehowanyň rehimdarlygyny gazanmak üçin ýürekden toba etmelidigimizi öwredýär. Nädip ýürekden toba etmeli? Ýehowany göz ýaşlar we süýji sözler bilen aldap bolmaz. Ýürekden toba edendigiň iş ýüzünde görkezilýär. Bize rehim ediler ýaly, günäli işlerimizi doly taşlamaly we Ýehowa sežde edip, onuň belent kadalary boýunça ýaşamaly.
Diňe gurban berip, Ýehowany razy edip bolmaýar
10, 11. Diňe gurban berip, Ýehowany razy edip bolmaýandygy ysraýyllylaryň mysalynda nähili görünýär?
10 Häzir bolsa, gel, Ýehowa bilen ýöremek üçin ikinji etmeli işimize seredeli. Diňe gurban berip, Hudaýy razy edip bolmaýar. Hoşea 6:6-da: «Maňa gurbanlar däl-de, merhemet, ýakylýan sowgat däl-de, Hudaý barada bilim ýaraýar» diýilýär. Üns beren bolsaň, Ýehowa ýürekden çykýan merhemeti we wepaly söýgini halaýar hem-de Hudaý barada bilim almagymyzy isleýär. Emma biz geň galyp, şeýle diýmegimiz mümkin: «Näme üçin bu aýatda Ýehowa «gurbanlary» we «ýakylýan sowgatlary» halamok diýýär? Eýsem, Musanyň Kanuny muny talap etmeýärmidi?»
11 Kanun boýunça gurban bermelidi, ýöne Hoşeanyň döwürdeşleriniň düýpli kemçiligi bardy. Ysraýyllylar hudaýhonlygyny görkezjek bolup, göz üçin gurban berýärdiler. Üstesine günä-de edýärdiler. Olaryň edýän günäleri ýüreklerinde wepaly söýginiň ýokdugyny görkezýärdi. Şeýle-de olar Hudaý baradaky bilime görä ýaşaman, ony inkär etdiler. Eger adamyň ýüregi päk bolmasa, dogry ýaşamak hem islemese, gurban bermek nämä gerek? Şeýle gurbanlar Ýehowa Hudaýy gynandyrýardy.
12. Hoşea 6:6-da şu günki adamlar üçin nähili duýduryş aýdylýar?
12 Hoşeanyň sözleri häzir dine uýýan adamlara-da duýduryş berýär. Olar Hudaýy razy etmek üçin dini dessurlaryny yhlas bilen berjaý edýärler. Ýöne olaryň seždesi gündelik durmuşyna hiç hili täsir etmeýär. Hudaý barada dogry bilim almak islemeýän we günäli işlerini taşlamaýan adamlar, Hudaýy razy edýär diýip bolarmy? Geliň, dini dessurlar bilen Hudaýy razy edip bolýandyr öýtmäliň. Bütin ýüregi bilen Hudaýyň Sözi boýunça ýaşamagyň deregine, ýüzleý sežde edip, Hudaýy razy etjek bolýan adamlary Ýehowa halamaýar (2 Timoteos 3:5).
13. Biz nähili gurbanlar hödürleýäris we olar haçan Ýehowa üçin gymmatly?
13 Biz, mesihçiler, diňe gurban berip, Hudaýy razy edip bolmaýandygyny unutmaýarys. Elbetde, biz mal gurban etmeýäris. Muňa garamazdan, biz «Hudaýa elmydam öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürleýäris» (Ýewreýler 13:15). Bizem Hoşeanyň döwründäki günäli ysraýyllylar ýaly, Hudaýa ruhy gurbanlar berip, günämizi ýuwýandyrys öýtmeli däl. Gizlinlikde jyns ahlaksyzlygyny eden bir ýaş uýanyň mysalyna seredeli. Ol: «Men günämi ýuwjak bolup, köp wagyz etmäge başladym» diýýär. Bu özdiýenli ysraýyllylaryň edişine meňzeýär. Emma biziň öwgi gurbanlarymyz diňe päk niýet bilen edilse we Hudaýyň görkezmesine gabat gelse kabul bolar.
Sežde edijileri imandan dänse, Ýehowa gynanýar
14. Hoşeanyň pygamberliginden Hudaýyň duýgusy barada näme bilýäris?
14 Hoşea kitabynyň 6—9-njy baplaryndan Ýehowanyň sežde edijileri ondan dänende, onuň özüni nähili duýýandygy barada hem bilýäris. Bu biziň üçünji öwrenmeli zadymyz. Ýehowanyň duýgusy ýiti hem näzik. Günäkär toba gelse, Hudaý begenip, oňa rehim edýär. Eger-de halky toba etmese, onda Hudaý berk çäre görmäge girişýär. Sebäbi Hudaý biziň aladamyzy edýär we onuň bilen bile ýöresek begenýär. Zeburda 149:4-de: «Reb Öz halkyndan hoşallanýar» diýilýär. Eýsem, Hudaýyň gullukçylary ondan dänse, ol özüni nähili duýýarka?
15. Hoşea 6:7-ä laýyklykda, ysraýyllylaryň käbiri näme etdi?
15 Ýehowa wepasyz ysraýyllylar barada şeýle diýýär: «Olar toprakdan ýasalan adam ýaly ähti bozdular. Ol ýerde maňa ikilik etdiler» (Hoşea 6:7). «Ikilik etmek» diýen ýewreý sözi «aldamak» hem-de «wepasyzlyk etmek» diýmegi aňladýar. Şuňa meňzeş ýewreý sözi Malaki 2:10—16-njy aýatlarda ýanýoldaşyna ikilik eden ysraýyllylaryň wepasyzlygyny görkezmek üçin ulanylýar. Hoşea 6:7-däki bu sözüň ulanylyşy barada bir ylmy işde şeýle diýilýär: «Nika bilen deňeşdirilmegi şahsy gatnaşygy görkezýär... Diýmek, gürrüň şahsy gatnaşyk we wepasyz söýgi barada gidýär».
16, 17. a) Ysraýyllylar Hudaý bilen baglaşan ähtine nähili garaýardy? b) Biziň edýän işlerimiz Ýehowa nähili täsir edýär?
16 Ýehowa Ysraýyl halky bilen äht baglaşandygy üçin, oňa göçme manyda aýaly hökmünde garaýardy. Olaryň ähtiň şertlerini bozmagy, zyna bilen deňeşdirilýärdi. Hudaý wepaly ýanýoldaş ýalydy, halk bolsa ony taşlady!
17 Biz barada näme aýtsa bolar? Hudaý bilen ýöresek-de, ýöremesek-de — Ýehowa bize biparh garamaýar. Biz «Hudaýyň söýgüdigini» we ähli edýän işlerimiziň oňa täsir edýändigini ýatdan çykarmaly däl (1 Ýahýa 4:16). Eger-de biz erbet ýoldan ýöresek, Ýehowany gynandyrarys we bu oňa agyr deger. Biz şuny hemişe ýatda saklasak, aldawa düşmez ýaly güýçli gorag bolar.
Ýagşylyk ormak üçin näme etmeli?
18, 19. Hoşea 8:7-de nähili prinsip bar we bu prinsip ysraýyllylarda nädip ýerine ýetdi?
18 Gel, indi Hoşeanyň pygamberligindäki dördünji sapaga, ýagny ýagşylyk ormak üçin näme etmelidigimize seredeli. Ysraýyllylaryň akylsyzlygy we şöhratparazlygy barada Hoşea şeýle ýazdy: «Olar ýel ekýändikleri üçin tüweleý orar» (Hoşea 8:7). Bu ýerde şeýle prinsip bar: gelejekdäki boljak zatlar häzirki edýän işlerimize bagly. Biz muny unutmaly däl. Bu prinsipiň dogrudygy wepasyz ysraýyllylaryň ýagdaýyndan nähili görünýär?
19 Ysraýyllylar günä edip, erbetlik ekdiler. Indi olar erbetlik ormazmy? Elbetde, olar jezadan gutulyp bilmez. Hoşea 8:13-de: «Ol [Ýehowa] olaryň jenaýatlaryny ýada salar we günäleri üçin jogapkärçilige çeker» diýilýär. Hoşea 9:17-de bolsa: «Meniň Hudaýym olary inkär eder, sebäbi oňa gulak asmadylar we olar halklaryň arasynda sergezdan bolar» diýilýär. Ýehowa ysraýyllylary eden günäleri üçin jogapkärçilige çekmekçidi. Çünki olar erbetlik ekenleri sebäpli erbetlik hem ormalydy. Hudaýyň jezasy b. e. öň 740-njy ýylda geldi. Aşur patyşalygy demirgazyk on taýpaly Ysraýyly basyp aldy we onuň ýaşaýjylaryny ýesir etdi.
20. Ysraýyllylar bilen bolan waka näme öwredýär?
20 Ysraýyllylar bilen bolan waka: näme eksek, şony-da orarys diýen sözleriň hakykatdygyny öwredýär. Hudaýyň Sözi: «Aldanmaň, Hudaý özüni ýaňsyladýan däldir! Adam näme ekse şony orar» diýýär (Galatýalylar 6:7). Eger-de erbetlik eksek, erbetlik hem orarys. Meselem, ahlaksyzlyk erbet netije getirýär. Toba etmeýän adam betbagtçylyga uçrar.
21. Biz nädip ýagşylyk orup bileris?
21 Biz nädip ýagşylyk orup bileris? Muny ýönekeý mysal düşündirip bolar. Eger daýhan bugdaý orjak bolsa, arpa ekermi? Elbetde, ekmez. Ol orjak zadyny eker. Şonuň ýaly bizem ýagşylyk ormak üçin ýagşylyk ekmeli. Hudaýyň täze dünýäsinde ebedi ýaşamak üçin, sen häzirden mynasyp ýaşap, ýagşylyk orasyň gelýärmi? Ýagşylyk orasyň gelýän bolsa, onda Hudaý bilen ýöräp ýagşylyk ek we onuň dogry kadalary boýunça ýaşa.
22. Hoşea kitabynyň 6—9-njy baplaryndan nämeleri öwrendik?
22 Hoşea kitabynyň 6—9-njy baplaryndan Hudaý bilen ýöremek üçin dört sapak öwrendik: 1) ýürekden toba gelendigiňi iş ýüzünde görkezmeli; 2) diňe gurban berip, Hudaýy razy edip bolmaýar; 3) gullukçylary imandan dänse, Ýehowa gynanýar; 4) ýagşylyk ormak üçin ýagşylyk ekmeli. Mukaddes Ýazgylaryň Hoşea kitabynyň galan bäş baby Hudaý bilen ýöremäge nädip kömek edip biler?
Sen nähili jogap berersiň?
• Ýürekden toba etmek üçin biz näme etmeli?
• Diňe gurban berip, Hudaýy razy edip bolýarmy?
• Ýehowanyň gullukçylary imandan dänse, ol özüni nähili duýýar?
• Ýagşylyk ormak üçin nädip ýagşylyk ekmeli?