Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Demirgazykdan hüjüm ederler!
    Garawul diňi — 2020 | Aprel
    • 14. Ýowel 2:28, 29-njy aýatlardaky sözler haçan ýerine ýetdi?

      14 Ýowel pygamber ýurduň gülzarlyga öwrüljekdigini we bol hasyl berjekdigini aýtdy (Ýow. 2:23—26). Birnäçe wagtdan soň ruhy iýmit köp adamlara elýeterli bolmalydy. Sebäbi Ýehowa şeýle diýipdi: «Her biriniň üstüne ruhumy indererin. Ogul-gyzlaryňyz pygamberlik ederler... Men gullarymyň, gyrnaklarymyň üstüne... ruhumy indererin» (Ýow. 2:28, 29). Ýehowa ysraýyllar Wawilondan dolanan badyna däl-de, birnäçe asyr geçenden soň, ýagny b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni mukaddes ruhuny inderdi. Biz muny nireden bilýäris?

      15. Resullar 2:16, 17-nji aýatlardan görnüşi ýaly, Petrus Ýowel 2:28-däki pygamberligi nähili sözler bilen aýtdy we şol sözler nämäni aňladýar?

      15 Pentikost güni bolan ajaýyp wakadan soň, Petrus resul Hudaýyň ylhamy bilen Ýowel 2:28, 29-njy aýatlardaky sözleriň ýerine ýetendigini aýtdy. Şol gün irden sagat dokuzlar töweregi şägirtleriň üstüne gudrat bilen mukaddes ruh inýär we olar dürli dillerde «Allanyň gudratly işleri hakda» gürrüň berýärler (Res. 2:11). Petrus Ýoweliň pygamberligine salgylananda, Hudaýyň ylhamy bilen käbir sözlerini üýtgetdi. Petrusyň haýsy sözleri üýtgedendigine üns berdiňizmi?! (Resullar 2:16, 17-nji aýatlary okaň). Ol «şondan soňra» diýen jümlä derek, «soňky günler» diýen sözleri aýdýar. Petrus soňky günler diýende Iýerusalim we ybadathana derbi-dagyn edilmeziniň öň ýanyndaky döwri göz öňüne tutupdy. Şonda Hudaý «her bir adamyň üstüne ruhuny dökdi». Mundan görnüşi ýaly, Ýoweliň çekirtgeler hakdaky pygamberligi ýerine ýetenden soň birnäçe wagt geçipdi.

      16. I asyrda we şu günler Hudaý mukaddes ruhy arkaly wagyz işini nädip goldaýar?

      16 I asyrda Hudaýyň ruhy gudrat bilen şägirtleriň üstüne inenden soň köp ýerlere wagyz edilip başlandy. Takmyndan b. e. 61-nji ýylynda Pawlus resul koloslylara hat ýazanda: «Hoş habar gök astyndaky ähli adamlara wagyz edildi» diýdi (Kol. 1:23). Pawlus resul «ähli adamlar» diýende, oba-oba we şäher-şäher aýlanyp wagyz eden adamlaryny göz öňüne tutan bolmaly. Hawa, Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen şu günler hem «bütin ýer ýüzünde» wagyz edilýär (Res. 13:47; «Gullarymyň „üstüne ruhumy indererin“» atly çarçuwa serediň).

      Gullarymyň «üstüne ruhumy indererin»

      B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni takmynan 3 000-e golaý adam suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi boldy. Olar derrew Isa baradaky hakykaty adamlara gürrüň berip başladylar. Ýehowa yhlasly wagyzçylara pata berdimi? Elbetde! «Müňlerçe» adamlar Isanyň şägirdi boldular (Res. 2:41; 21:20).

      Olaryň sany näçedi? Mukaddes Kitapda anyk aýdylmaýar, ýöne I asyryň ahyrynda saýlanan mesihçileriň sany 144 000-den örän azdy. Hawa, şol döwür Ýehowa erkek we aýallary gökdäki Patyşalygyň mirasdüşerleri edip saýlapdy, ýöne olaryň köpüsi şu günler saýlanýar. I asyrda köp adamlaryň Isanyň şägirdi bolmagy Ýehowanyň ruhuny inderendigini subut edýär (Res. 2:16—18).

      Ýehowa şu günlerem gullukçylarynyň üstüne ruhuny inderýärmi? Elbetde! Oýlanyp görüň! Maglumatlara görä, 1919-njy ýylda bütin dünýäde bary-ýogy 6 000-e golaý wagyzçy bardy. Ýöne Ýehowanyň wagyz işine pata bermegi bilen, 1983-nji ýyldan bäri her ýyl 144 000-den gowrak adam suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady bolýar. Hakykatdan-da, Ýehowa gullaryna «ruhumy indererin» diýen wadasyny ýerine ýetirýär (Ýow. 2:28, 29).

  • Demirgazykdan hüjüm ederler!
    Garawul diňi — 2020 | Aprel
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş