Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/4 sah. 15—19
  • Ýehowanyň akyldarlygy onuň ýaradan zatlaryndan görünýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň akyldarlygy onuň ýaradan zatlaryndan görünýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Isa — «ussa»
  • Zähmetsöýerligi garynjadan öwreniň
  • Ruhy zyýandan gorag
  • Garşylyga garamazdan mert bolmak
  • «Ýagşylyga ýapyşyň»
  • Ýaradylan zatlar bize näme öwredýär
  • Tebigatdan näme öwrenýäris?
    Oýanyň! — 2006
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/4 sah. 15—19

Ýehowanyň akyldarlygy onuň ýaradan zatlaryndan görünýär

«Onuň göze görünmeýän zatlary (häsiýetleri, TD)... ýaradylan zatlar bilen düşünilýär» (RIM. 1:20).

1. Dünýäniň akyldarlygy köp adamlara nähili täsir edýär?

DÜNÝEWI adamlar bilimli adamlary akyldar hasaplaýarlar. Hakykatdan-da, olar akyldarmy? Ýok, sebäbi olar adamlara durmuşyň manysyna düşünmäge kömek edip bilmeýär. Käbir ýurtlarda şeýle adamlaryň maslahatyna eýerýänler «her taglymatyň ýeli bilen kowlup, eýläk-beýläk iteklenýär» (Efes. 4:14).

2, 3. a) Näme üçin Ýehowa «ýalňyz akyldar»? b) Ýehowanyň akyldarlygy bu dünýäniň akyldarlygyndan nädip tapawutlanýar?

2 Ýehowa Hudaýyň akyldarlygyny alýanlar, gör, nähili tapawutlanýar! Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa «ýalňyz akyldar» diýilýär (Rim. 14:26). Ol älem-jahan barada ähli zady, ýagny onuň gurluşyny we emele gelşini bilýär. Ýehowa adamlaryň öwrenýän tebigy kanunlaryny hem döretdi. Adamlaryň döreden zatlary we açyşlary, ynsan filosofiýasynyň belent hasaplanýan taglymatlary Hudaýa täsir etmeýär. Çünki «bu dünýäniň akyldarlygy Hudaýyň ýanynda akmaklykdyr» (1 Kor. 3:19).

3 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa gullukçylaryna «hikmet berýändigi» aýdylýar (Sül. tym. 2:6). Ynsan filosofiýasyndan tapawutlylykda, Hudaýdan inýän akyldarlyk düşnükli bolýar. Ol paýhasly düşünjäniň wajyplygyny nygtaýar we dogry bilime we düşünjä esaslanýar (Ýakup 3:17-ni okaň). Pawlus resul Ýehowanyň akyldarlygyna geň galyp, şeýle diýdi: «Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir!» (Rim. 11:33). Ýehowa akyldar bolany üçin, onuň kanunlary bize durmuşda iň gowy görkezme berýändigine ynanýarys. Ýehowa biziň bagtly bolmagymyz üçin nämäniň gerekdigini her bir adamdan gowy bilýär (Sül. tym. 3:5, 6).

Isa — «ussa»

4. Ýehowanyň akyldarlygy nämede görünýär?

4 Ýehowanyň akyldarlygyny we beýleki ajaýyp häsiýetlerini onuň ýaradan zatlaryndan görse bolýar (Rimliler 1:20-i okaň). Ýehowanyň ýaradan zatlaryndan iň ulydan tä kiçisine çenli, onuň häsiýetlerini mälim edýär. Biz göge ýa-da ýere seretsek, Ýehowanyň akyldarlygynyň we söýgüsiniň ençeme subutnamasyna göz ýetireris. Ýehowanyň ýaradan zatlaryna syn edip, ol barada köp zatlary bileris (Zeb. 19:1; Iş. 40:26.).

5, 6. a) Ýehowa bilen kim ýaradylyş işine gatnaşdy? b) Biz nämä serederis we näme üçin?

5 Ýehowanyň ýeke özi «gögi we ýeri ýaratmady» (Gel. çyk. 1:1). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň göze görünýän zatlary ýaratmazdan birnäçe ýyl öň, ruhy şahsyýeti ýaradandygy aýdylýar. «Bütin zatlar» ol arkaly ýaradyldy. Şol ruhy şahsyýet Hudaýyň ýeke-täk Ogly, «ýaradylyşyň ilkinji doglany», soňra ýere ynsan bolup gelen Isady (Kol. 1:15—17). Isa-da Ýehowa ýaly akyldar. Süleýmanyň tymsallarynyň 8-nji babynda oňa akyldar we Hudaýyň «ussasy» diýilýär (Sül. tym. 8:12, 22—31).

6 Diýmek, göze görünýän ýaradylan zatlar Ýehowanyň hem ussasy Isanyň akyldarlygyny aýan edýär. Biz ýaradylan zatlardan köp zady öwrenip bileris. Geliň, Süleýmanyň tymsallary 30:24—28-nji aýatlarda «gaty akyldar» diýilýän dört sany ýaradylan zada seredeliňa.

Zähmetsöýerligi garynjadan öwreniň

7, 8. Garynjalar baradaky haýsy maglumat seni haýran galdyrýar?

7 Biz dünýäde «maýda zat» diýilýänleriň gurluşyny we hereketini öwrenip, özümize sapak edinip bileris. Meselem, örän akyldar garynjanyň mysalyna seredeliň (Süleýmanyň tymsallary 30:24, 25-nji aýatlary okaň).

8 Käbir barlag geçirijileriň aýtmagyna görä, bir adama azyndan iki ýüz müň garynja düşýär. Olaryň ählisi ýeriň üstünde we aşagynda zähmet çekýär. Garynjalar maşgala bolup ýaşaýar we üç topara bölünýär: ene, erkek we işçi garynja. Olaryň hemmesi özüçe maşgala zerurlyklarynyň aladasyny edýär. Günorta Amerika ýaprak kesýän garynjasyna ussat bagban diýilýär. Bu kiçijik mör-möjek köp hasyl almak üçin, bagyndaky kömelege dökün dökýär, göçürip ekýär we kesýär. Barlag geçirijiler bu ussat «bagbanyň» maşgalasyna näçe iýmit gerek bolsa, şonça-da zähmet çekýändigini aýdýarlarb.

9, 10. Biz nädip garynjanyň zähmetsöýerligine eýerip bileris?

9 Biz garynjalardan bir zady öwrenip bileris. Biz bir maksada ýetmek islesek, garynjalardan tagalla etmegi öwrenmeli. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Eý ýalta, garynja bar; onuň ýollaryna seret-de, akyldar bol. Ol ýolbaşçysy, gözegçisi we baştutany ýok hem bolsa, tomus öz iýmitini üpjün edýär, orakda öz azygyny ýygnaýar» (Sül. tym. 6:6—8). Ýehowa we ussasy Isa zähmetsöýer. Isa: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör, Men hem işleýärin» diýdi (Ýahýa 5:17).

10 Biz-de Hudaýyň we Isanyň göreldesine eýerip zähmeti söýmeli. Biz Hudaýyň guramasynda nähili işi ýerine ýetirsek-de, ählimiz «Rebbiň işine yhlasly ýapyşmaly» (1 Kor. 15:58). Şol sebäpli biz Pawlusyň Rimdäki mesihçilere aýdan sözlerine gulak asmaly. Ol: «Gaýratyňyz gowşamasyn. Ruhda hyjuwly boluň. Rebbe hyzmat ediň» diýdi (Rim. 12:11). Hudaýyň islegini ýerine ýetirmekde edýän tagallamyz boş däldir, çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý siziň işiňizi... Öz adyna görkezen söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir» diýilýär (Ýew. 6:10).

Ruhy zyýandan gorag

11. Gaýa torsugynyň käbir aýratynlygyny gürrüň beriň.

11 Biz ýene-de bir kiçi jandardan wajyp sapak edinip bileris. Ol gaýa torsugy (Süleýmanyň tymsallary 30:26-ny okaň). Gaýa torsugy uly towşana meňzeýär, emma onuň gulagy gysga hem tegelek, aýagy-da gysga. Bu haýwan gaýada ýaşaýar. Gaýanyň jaýryklary we torsugyň ýiti gözleri hem hini ony wagşy haýwanlardan goraýar. Olar agzybir toparda özlerini gowy duýýarlar. Olar bilelikde bir-birine gorag bolýar we gyşyna bir-birini ýylydýarc.

12, 13. Biz gaýa torsugyndan näme öwrenip bileris?

12 Biz gaýa torsugyndan näme öwrenip bileris? Birinjiden, ol howpsuzlykdan gaça durýan we seresaplyk bilen hereket edýän haýwan. Onuň ýiti gözleri wagşy haýwany uzakdan görmäge kömek edýär. Torsuk howp abananda gizlenmek üçin, hininiň we gaýa jaýrygynyň golaýynda ýöreýär. Şonuň ýaly, biz hem Şeýtanyň gol astyndaky dünýäniň howpuny saýgarmak üçin, ruhy taýdan oýa bolmaly. Petrus resul mesihçilere: «Hüşgär boluň, oýanyň; ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir» diýip duýdurdy (1 Pet. 5:8). Isa ýerde ýaşanda oýa bolup, aýypsyzlygyny gowşatjak bolan Şeýtanyň ähli synaglaryna garşy durdy (Mat. 4:1—11). Isa şägirtlerine, gör, nähili ajaýyp görelde görkezdi!

13 Ýehowanyň berýän ruhy goragyny peýdalansak, bize oýa bolmak kyn bolmaz. Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi we ýygnak duşuşyklyryna gatnaşmagy äsgermezlik etmeli däl (Luka 4:4; Ýew. 10:24, 25). Agzybirlikde ýaşaýan torsuklar ýaly, biz-de «bilelikde teselli tapmak» üçin, imandaşlarymyz bilen agyzybir bolmaly (Rim. 1:12). Biz Ýehowanyň berýän goragyndan peýdalansak, mezmurçy Dawudyň aýdan sözleri bilen ylalaşýandygymyzy görkezýäris. Ol şeýle diýdi: «Reb meniň gaýam, galam we halasgärimdir; Hudaýym, sygynýan gaýam, galkanymdyr» (Zeb. 18:2).

Garşylyga garamazdan mert bolmak

14. Bir çekirtge gorkunç bolmasa-da, çekirtge sürüsi barada näme diýse bolar?

14 Biz çekirtgeden-de bir zady öwrenip bileris. Uzynlygy bäş santimetre ýetýän bu mör-möjek gorkunç bolmasa-da, olaryň sürüsi barada şeýle diýip bolmaz (Süleýmanyň tymsallary 30:27-ni okaň). Iýermenligi bilen tanalýan çekirtgeler gysga wagtyň içinde meýdandaky hasyly ýok edip bilýär. Mukaddes Ýazgylarda çekirtge sürüsiniň sesini uruş arabalarynyň şakyrdysyna, lowlap ýanýan oduň şatyrdysyna meňzedilýär (Ýowel 2:3, 5). Adamlar ot ýakyp, çekirtge sürüsini togtatmakçy bolýar, emma munuň peýdasy bolmaýar. Näme üçin? Sebäbi oda ýanan çekirtgeler ody söndürýär we galan çekirtgeler ýoluny päsgelçiliksiz dowam edýär. Çekirtgäniň patyşasy we serkerdesi bolmasa-da, tertipli düzülen goşun ýaly, ähli böwetlerden geçip bilýär (Ýowel 2:25)d.

15, 16. Şu günler Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary näme üçin çekirtge sürüsine meňzedilýär?

15 Ýowel pygamber Ýehowanyň gullukçylaryny çekirtgä meňzedip, şeýle diýdi: «Olar güýçli adamlar ýaly ylgaýar, esgerler ýaly diwara çykýar. Olaryň her biri ýolundan çykman, öz ýolundan ýöreýär. Olar biri-birini itmän, sagdyn adamyň öz ýolundan ýöreýşi ýaly ýöreýärler. Hatda birine peýkam degip, ýykylsa-da, beýlekiler ýoluny dowam etdirýär» (Ýowel 2:7, 8).

16 Bu pygamberlik şu günlerdäki Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylaryny nähili gowy suratlandyrýar! Olaryň wagyz işini «diwar» ýaly böwetler hem togtadyp bilmeýär. Olar Isanyň göreldesine eýerip, köp adamlaryň ýigrenmegine garamazdan, Hudaýyň islegini berjaý edýärler (Iş. 53:3). Dogrusyny aýdanyňda, käbir mesihçiler «peýkam degip ýykyldy», ýagny imany üçin jebir çekip öldi, emma wagyz işi togtadylmady; şeýle-de wagyzçylaryň sany barha köpelýär. Galyberse-de, yzarlamalar hoş habary eşitmedik adamlara wagyz etmäge sebäp bolýar (Res. iş. 8:1, 4). Siz sowuk-salalyga we garşylyga garamazdan, çekirtge ýaly, erjellik bilen wagyz edýärsiňizmi? (Ýew. 10:39).

«Ýagşylyga ýapyşyň»

17. Näme üçin hažžyk tekiz zatlarda agramyny saklap bilýär?

17 Kiçijik hažžyga dartyş kanuny täsir etmeýän ýaly görünýär (Süleýmanyň tymsallary 30:28-i okaň). Alymlar bu kiçijik süýrenijiniň diwarda we potolokda ýöräp bilşine haýran galýar. Ol muny nädip edip bilýär? Onda sorujy organ ýa-da ýelmeşýän suwuklyk ýok. Hažžygyň her bir barmagynda egri gasynlar hatara ýerleşip, olarda müňlerçe tüýjagazlar bar. Onuň her tüýjagazynyň ujy ýüzlerçe süýümlerden ybarat. Süýümleriň ujy bolsa, tabajyga meňzeýär. Hažžyk aýnadan başaşak ýörände, şol süýümleriň molekulýarara güýji onuň agramyny saklaýar. Alymlar hažžygyň bu ukybyna haýran galyp, onuň penjesine meňzeş sintetik zatlar döredip, birleşdiriji madda hökmünde ulanyp bolýandygyny aýdýarlare.

18. Bize hemişe «ýagşylyga ýapyşmaga» näme kömek eder?

18 Biz hažžykdan näme öwrenip bilýäris? Mukaddes Ýazgylarda: «Erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň» diýilýär (Rim. 12:9). Şeýtanyň dünýäsiniň täsiri sebäpli, biz Hudaýyň prinsiplerine görä ýaşamagymyzy bes edip bileris. Meselem, mekdepde ýa-da işde Hudaýyň kanuny boýunça ýaşamaýan adamlar bilen gatnaşmak we Hudaýa ýaramaýan käbir göwün açmalar bize dogry işleri etmäge päsgel berip biler. Siz şeýle zatlara ýol bermäň! Mukaddes Ýazgylar: «Öz gözüňe akyldar görünme» diýip duýdurýar (Sül. tym. 3:7). Biz hem Musanyň gadymy döwürde Hudaýyň halkyna beren şu paýhasly maslahatyna eýereliň: «Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň» (Kanun. 10:20). Biz Ýehowa wepaly bolup, Isanyň göreldesine eýerýäris. Isa: «Sen dogrulygy söýüp, kanunsyzlygy ýigren» diýilýär (Ýew. 1:9).

Ýaradylan zatlar bize näme öwredýär

19. a) Sen ýaradylan zatlardan Ýehowanyň haýsy häsiýetini gördüň? b) Hudaýyň akyldarlygy bize nähili peýda berýär?

19 Görşümiz ýaly, Ýehowanyň ýaradan zatlaryndan onuň häsiýetleri görünýär we köp zatlary öwrense bolýar. Biz Ýehowanyň eden işlerini näçe çuňňur öwrendigimizçe, şonça-da onuň akyldarlygyna haýran galýarys. Biz Hudaýyň akyldarlygyna ünsli bolsak, şu günler bagtly bolarys we gelejekde ol bizi gorar (Wag. 7:12). Şeýle-de biz Süleýmanyň tymsallary 3:13, 18-de: «Hikmet tapan, düşünjä gowuşan nähili bagtly! Ol özüne ýapyşanlar üçin ýaşaýyş agajydyr; ony gaýym tutanlar bagtlydyr» diýen sözleriň hakykatdygyna göz ýetireris.

a Çykgytda getirilen edebiýatlar, aýratynam, ýaşlar üçin gyzykly bolar. Ýygnak duşuşygynda şu makala geçilende, ýaşlar şol edebiýatdaky maglumatlary gürrüň berip bilerler.

b Ýaprak kesýän garynja barada köpräk bilmek üçin, 1997-nji ýylyň 22-nji martynda we 2002-nji ýylyň 22-nji maýynda çykan «Oýanyň!» žurnalynyň (rusça) 31-nji sahypasyna serediň.

c Gaýa torsugy barada köpräk bilmek üçin, «Oýanyň!» žurnalynyň (iňlisçe) 1990-njy ýylyň 8-nji sentýabrdaky sanynyň 15, 16-njy sahypalaryna serediň.

d Çekirtge barada köpräk bilmek üçin, 1996-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 23-nji sahypasyna we 1976-njy ýylyň 22-nji oktýabrda çykan «Oýanyň!» žurnalynyň (iňlisçe) 11-nji sahypasyna serediň.

e Hažžyk barada köpräk bilmek üçin, 2008-nji ýylyň aprelinde çykan «Oýanyň!» žurnalyň (rusça) 26-njy sahypasyna serediň.

Ýadyňyzdamy?

• Garynjadan...

• Gaýa torsugyndan...

• Çekirtgeden...

• Hažžykdan...

näme öwrendiňiz?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş