Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bt bap 14 sah. 108—115
  • «Biragyzdan makul bildik»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Biragyzdan makul bildik»
  • Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Pygamberler kitabynda hem» aýdylýar (Resullar 15:13—21)
  • «Iki adamy... iberdiler» (Resullar 15:22—29)
  • «Ruhlandylar we ýürekden begendiler» (Resullar 15:30—35)
  • Ýolbaşçylyk maslahaty nähili işleri ýerine ýetirýär?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
  • Şu günler Hudaýyň halkyna kim ýolbaşçylyk edýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • «Olar... ylalaşman, çekeleşdiler»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • «Wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň» edýän işleri
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
bt bap 14 sah. 108—115

14-NJI BAP

«Biragyzdan makul bildik»

Ýolbaşçylyk maslahatynyň gelen karary ýygnaklary agzybir edýär

Resullar 15:13—35

1, 2. a) Iýerusalimdäki Ýolbaşçylyk maslahaty haýsy soraglaryň jogabyny bilmelidi? b) Olara dogry karara gelmäge näme kömek etdi?

RESULLAR we ýaşulular Iýerusalimdäki otaga ýygnanyşypdylar. Otagyň içi dym-dyrslykdy, hiç kimden ses-üýn çykmaýardy. Olar wajyp meseläni çözmelidi. Orta atylan mesele ýöne-möne mesele däldi. Sünnetlenmek meselesi başga-da wajyp meseleler bilen baglanyşyklydy. Ýolbaşçylyk maslahaty belli bir karara gelmek üçin şu soraglaryň jogabyny bilmelidi: mesihçiler Musanyň kanuny boýunça ýaşamalymy? Ýehowa ýehudylary başga milletli mesihçilerden ýokary tutýarmy?

2 Jogapkär doganlar sünnetlenmek meselesi bilen bagly aýatlary, bolup geçen wakalary ýatladylar. Olar Hudaýyň Sözündäki pygamberliklere we Ýehowanyň başga milletli adamlary kabul edýändigi hakdaky subutnamalara seretdiler. Doganlaryň hemmesi öz bilýän zatlaryny, pikirlerini açyk aýtdylar. Belli bir karara geler ýaly maglumat köpdi. Ýehowa-da mukaddes ruhy arkaly islegine düşünmäge kömek edýärdi. Indi doganlar Ýehowanyň görekezmesine gulak asarmy?

3. Resullar 15-nji bapdan nämeleri öwreneris?

3 Mukaddes ruhuň görkezmesine eýermek üçin doganlar güýçli iman etmelidi we batyrgaý bolmalydy. Gelen karary sebäpli doganlar ýehudy dini ýolbaşçylarynyň gözüne has-da ýigreniji görünerdi. Onsoňam, ýygnakdaky dogan-uýalaryň hem käbiriniň Ýolbaşçylyk maslahatynyň gelen kararyna gulak asasy gelmezdi, sebäbi Musanyň kanuny olaryň aňyna, ganyna siňendi. Olar Hudaýyň halky şol kanun boýunça ýaşamaly diýip pikir edýärdiler. Ýolbaşçylyk maslahaty nähili karara geler? Muny şu bapdan bileris. Şeýle-de biz häzirki Ýolbaşçylyk maslahatynyň I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahatyndan nähili görelde alýandygy barada gürrüň ederis. Biz hem belli bir karara gelmeli bolanda, kynçylyklar ýüze çykanda olardan köp zatlary öwrenip bileris.

«Pygamberler kitabynda hem» aýdylýar (Resullar 15:13—21)

4, 5. Ýakup haýsy sözlere salgylandy?

4 Belki-de, şol duşuşygy Isanyň inisi Ýakup alyp barandyra. Ol söze başlap, pikirini aýdýar. Onuň pikiri bilen beýleki doganlar hem ylalaşandyr. Ýakup duşuşyga ýygnanan doganlara şeýle diýýär: «Simonyň birin-birin gürrüň berişi ýaly, Hudaý başga milletli adamlary saýlap, adyny göterjek halky döredýär. Pygamberler kitabynda hem: (şeýle) ... diýilýär» (Res. 15:14, 15, 18).

5 Ýakup Simony, ýagny Simun Petrusy we Barnabas bilen Pawlusy diňledi. Belki-de, Ýakubyň Ýehowanyň görkezmesine düşünmäge kömek etjek aýatlar ýadyna düşendir (Ýah. 14:26). Ýakup Amos 9:11, 12-nji aýatlardaky sözleri aýtdy. Amos kitaby ýewreý ýazgylarynyň soňky böleginde ýerleşýär. Ýewreý ýazgylarynyň şol bölegine «Pygamberler kitaby» hem diýilýär (Mat. 22:40; Res. 15:16—18). Belki-de, siz Ýakubyň şol sözleriniň häzirki Amos kitabyndaky sözlere gabat gelmeýändigine üns berensiňiz. Ýakup şonda «Septuagintany», ýagny ýewreý ýazgylarynyň grek terjimesini ulanan bolmaly.

6. Doganlara Hudaýyň islegine düşünmäge mukaddes kitaplar nädip kömek etdi?

6 Ýehowa Amos pygamber arkaly «Dawudyň çadyryny» dikeltjekdigini pygamberlik etdi. Pygamberlige görä, Dawudyň nesline patyşalyk berilýär we Mesihi Patyşalyk döredilýär (Hyz. 21:26, 27). Hudaýyň Patyşalygy diňe ysraýyl halky üçin dikeldilermi? Pygamberlikde «ähli milletli» adamlaryň ýygnanyp, Hudaýyň «adyny göterýän» halk boljakdygy aýdylýar. Petrus resul hem «iman edendikleri üçin, Hudaý olaryň (başga milletleriň) ýüregini arassalap, biziň (ýehudy mesihçiler) bilen deň tutandygyny» düşündirdi (Res. 15:9). Diýmek, Hudaý diňe ýehudylara däl-de, başga milletli adamlara-da Patyşalygy miras bermek isleýärdi (Rim. 8:17; Efes. 2:17—19). Hiç bir pygamberlikde başga milletli adamlaryň sünnetlenmelidigi ýa-da Patyşalygy miras aljak bolsalar, hökman ýehudy dinine geçmelidigi aýdylmaýar.

7, 8. a) Ýakup näme diýdi? b) Ýakubyň «meniň pikirimçe» diýen sözleri nämäni aňladýar?

7 Pygamberlikleri, Petrusyň, Barnabasyň, Pawlusyň sözlerini göz öňünde tutup, Ýakup şeýle diýdi: «Meniň pikirimçe, Hudaýa iman eden başga halklaryň üstüne agyr ýük atmaly däl. Ýöne olara butlara berlen sadakalardan, ahlaksyzlykdan, haram ölen haýwanlaryň etinden we gandan gaça durmalydygyny aýdalyň. Sebäbi gadymy döwürden bäri ähli şäherlerde Musanyň sözleri wagyz edilýär, ýazan kitaplary her Sabat güni sinagogalarda okalýar» (Res. 15:19—21).

8 Ýakubyň «meniň pikirimçe» diýen sözleri soňky karara men gelýärin diýmegi aňladýarmy? Ol doganlara nähili karara gelmelidigini aýtmaga hakym bar diýjek boldumy? Ýok! Ýakup doganlara derek karara geljek bolmady. Gaýtam ol meseläni eşiden zatlaryna, Mukaddes Kitapdaky aýatlara görä çözmegi teklip etdi.

9. Ýakubyň teklibi näme üçin gowudy?

9 Ýakubyň teklibini hemmeler haladymy? Hawa, resullar hem, ýaşulular hem onuň teklibini iki elläp goldadylar. Ýakubyň teklibi näme üçin gowudy? Birinjiden, Ýakubyň teklibi başga milletli mesihçilere «agyr ýük» bolmaýardy, sebäbi olara Musanyň kanuny boýunça ýaşamak gerek däldi (Res. 15:19). Ikinjiden, şol teklip ýyllarboýy «her Sabat güni» Musanyň kanunyny okap gelen ýehudy mesihçileriň hem ynsabyna hormat goýýardyb (Res. 15:21). Ýakubyň teklibi ýehudylar bilen başga milletli mesihçileri agzybir edýärdi. Esasanam, ol Hudaýyň niýetine laýyk gelip, ony begendirýärdi. Ahyry doganlar ýygnagyň agzybirligine, parahatlygyna zyýan ýetirýän meseläni çözdüler. Şeýdip, şol doganlar häzirki ýygnaklara-da gowy görelde galdyrdylar.

1998-nji ýylda geçirilen halkara kongresde Albert Şrýoder çykyş edýär

10. Häzirki Ýolbaşçylyk maslahaty I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahatynyň göreldesine nädip eýerýär?

10 Geçen bapda aýdylyşy ýaly, şu günler hem Ýolbaşçylyk maslahaty I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahatynyň göreldesine eýerýär. Olar ähli meselede älemiň Hökümdary Ýehowanyň we ýygnagyň başy Isanyň görkezmesine eýerýärc (1 Kor. 11:3). Albert Şrýoder 1974-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bellenilýär. Ol 2006-njy ýylyň mart aýynda ýerdäki ömrüni tamamlaýar. Ol şeýle diýipdi: «Ýolbaşçylyk maslahaty her hepdäniň çarşenbe güni ýygnanyşýar. Doganlar duşuşygyň başynda doga edip, Ýehowadan mukaddes ruhy arkaly görkezme bermegini dileýärler. Olar her bir meseläni çözende we karara gelende Mukaddes Kitabyň prinsiplerini göz öňünde tutýarlar». Milton Henşel dogan hem 2003-nji ýylyň mart aýynda ýerdäki ömrüni tamamlaýança, Ýolbaşçylyk maslahatynda gulluk etdi. Ol Gilead mekdebiniň 101-nji klasyny gutarýan talyplara şeýle sorag berýär: «Ýer ýüzünde Mukaddes Kitaba görä karara gelýän şundan başga gurama we Ýolbaşçylyk maslahaty barmy?» Elbetde, jogaby köre mälim. Beýle gurama başga hiç ýerde ýok.

«Iki adamy... iberdiler» (Resullar 15:22—29)

11. Doganlar gelnen karary ýygnaklara nädip ýetirdiler?

11 Iýerusalimdäki Ýolbaşçylyk maslahaty biragyzdan karara-ha geldi. Indi ol gelen kararyny ýygnaklara ýetirmelidi. Ýöne ýygnakda agzybirlik bozulmaz ýaly, habary düşnikli hem ýumşaklyk bilen aýtmalydy. Doganlar muny nädip etdiler? Resullar kitabynda şeýle diýilýär: «Resullar, ýaşulular we ýygnagyň agzalary özara maslahatlaşyp, Antakyýa iki adamy ibermegi makul bildiler. Olar Barsabat diýilýän Ýahudany we Silasy saýlap, Pawlus hem Barnabas bilen iberdiler. Olar doganlaryň arasynda jogapkärli borçlary ýerine ýetirýärdi». Şeýle-de olar doganlara hat berip, ony Antakyýadaky, Siriýadaky, Kilikiýadaky ýygnaklara okap bermegi haýyş etdiler (Res. 15:22—26).

12, 13. a) Ýolbaşçylyk maslahaty ýygnaklara näme üçin Ýahuda bilen Silasy iberdi? b) Ýolbaşçylyk maslahaty näme üçin ýygnaklara hat ýazyp iberdi?

12 Ýahuda bilen Silas «doganlaryň arasynda jogapkärli borçlary ýerine ýetirýärdi». Şonuň üçin hem olar Ýolbaşçylyk maslahatynyň wekili bolup bilýärdi. Ýolbaşçylyk maslahaty ýöne ýere dört dogany ibermedi. Olar diňe bir sünnetlenmek meselesiniň çözülendigini aýtman, Ýolbaşçylyk maslahatynyň täze görkezmesini ýetirmelidi. «Saýlanan doganlar» baransoň, dürli ýerlerde ýaşaýan başga milletli mesihçiler Iýerusalimdäki mesihçiler bilen hasam agzybir boldular. Ýolbaşçylyk maslahatynyň doganlary ibereni gowy boldy. Hudaýyň halkynyň agzybirligi, söýgüsi öňküden hem berkedi.

ÝOLBAŞÇYLYK MASLAHATY NÄMELERI EDÝÄR?

I asyrdaky mesihçiler ýaly, şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlary saýlanan mesihçilerden ybarat Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesine gulak asýarlar. Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary her hepde ýygnanyşyp maslahat edýärler. Şol doganlar alty sany komitetde gulluk edýärler. Olaryň hersiniň öz edýän işi bar.

  • Gulluk komiteti wagyz işi, ýygnak ýaşululary, etrap gözegçileri we doly wagtly gullukçylar bilen bagly meselelere seredýär. Şeýle-de ol ýygnaklary, filiallary berkitmegi öwrener ýaly, dogan-uýalary Gilead mekdebinde okamaga çagyrýar.

  • Işgärler komiteti bütin dünýädäki Beýtellerde gulluk edýän dogan-uýalaryň ruhy ýagdaýynyň we saglygynyň aladasyny edýär. Şu komitetiň rugsady bilen filiallara täze beýtelçiler saýlanylýar we gulluk etmek üçin çagyrylýar.

  • Koordinatorlar komiteti Ýehowanyň Şaýatlarynyň kazyýet bilen bagly işlerine seredýär. Şeýle-de ol ynanýan zatlarymyzy köpçülige dogry düşündirmeli bolanda habar beriş serişdeleriniň ulanylmagyna gözegçilik edýär. Mundan başga-da ol bütin dünýäde tebigy betbagtçylykdan, yzarlamalardan we başga-da kyn ýagdaýlardan ejir çeken dogan-uýalara gerekli kömegi berýär.

  • Neşirýat komiteti Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlaryň çap edilmegine we ýaýradylmagyna gözegçilik edýär. Ol Ýehowanyň Şaýatlarynyň çaphanalaryna we beýleki emläklerine eýeçilik edýär. Bütin dünýädäki gurluşyk işlerine, şol sanda Ýygnak jaýlarynyň, Kongresler köşgüniň gurulmagyna gözegçilik edýär. Şeýle-de ol berilýän sadakalaryň ýerlikli ulanylmagyna jogap berýär.

  • Okuw komiteti kongreslerde, ýygnak duşuşyklarynda öwreniljek zatlara we audio-wideo ýazgylarynyň taýýarlanmagyna jogap berýär. Ol Gilead, pionerler we beýleki mekdeplerde öwreniljek temalary taýýarlaýar. Şeýle-de beýtelçiler üçin ruhy çäreleri gurnaýar.

  • Ýazyjylar komiteti mesihçiler we köpçülik üçin niýetlenen edebiýatlary taýýarlaýar. Şeýle-de ol Mukaddes Kitaba degişli soraglara jogap berýär. Edebiýatlaryň dürli dile terjime edilmegine gözegçilik edýär. Wideolaryň sözlerine we nutuklaryň meýilnamasyna seredýär.

Ýolbaşçylyk maslahaty Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly berýän görkezmesine eýerýär. Ol Ýehowanyň halkyna ýolbaşçylyk edýändigi üçin özüni ýokary tutmaýar, gaýtam beýleki saýlanan mesihçiler ýaly, «Guzy nirä gitse, yzyna düşýär» (Ylh. 14:4).

13 Şol hatda başga milletli mesihçiler üçin anyk görkezme berlipdi. Onda diňe bir sünnetlenmek meselesi hakda däl-de, Ýehowany razy edip berekedini almak üçin näme etmelidigi ýazylan. Hatyň esasy böleginde şeýle diýilýär: «Biz mukaddes ruhuň kömegi bilen şu wajyp zatlardan başga hiç zady sizden talap etmezligi makul gördük: butlara berlen sadakalardan, gandan, haram ölen haýwanlaryň etinden we ahlaksyzlykdan gaça duruň. Şu zatlary etmeseňiz, işiňiz ugruna bolar. Sag-salamat boluň!» (Res. 15:28, 29).

14. Hudaýyň halky nädip agzybir ýaşaýar?

14 Şu günler hem Ýehowanyň Şaýatlary agzybirligi bilen tanalýar. Bütin dünýädäki 100 000-den gowrak ýygnaklarda 8 000 000-dan gowrak Ýehowanyň Şaýady bar. Olar dünýäniň dürli künjeginde ýaşasalar-da, şol bir bilimi alýarlar we şol bir işi ýerine ýetirýärler. Şeýle agzala, biri-birini ýigrenýän adamlaryň arasynda nädip agzybir ýaşap bolýar? Munuň esasy sebäbi ýygnagyň başy Isa Mesih bize anyk hem düşnükli görkezme berýär. Ol muny «wepaly hem paýhasly hyzmatkär», ýagny Ýolbaşçylyk maslahaty arkaly edýär (Mat. 24:45—47). Bütin dünýädäki dogan-uýalar Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesine höwes bilen gulak asyp, agzybirligiň bolmagyna goşant goşýar.

«Ruhlandylar we ýürekden begendiler» (Resullar 15:30—35)

15, 16. Ýygnaklar Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesini nähili kabul etdiler we näme üçin?

15 Resullar kitabynda doganlaryň Iýerusalimden Antakyýa gelendigi we «ähli doganlary çagyryp, haty berendigi» aýdylýar. Antakyýadaky doganlar Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesini nähili kabul etdiler? «Olar haty okap, örän ruhlandylar we ýürekden begendiler» (Res. 15:30, 31). Ýahuda bilen Silas «ençeme nutuklar bilen çykyş edip, doganlary ruhlandyrdylar we imanyny berkitdiler». Barnabas, Pawlus we käbir doganlar ýaly, Hudaýyň islegini öwredendigi üçin şol doganlara-da «pygamber» diýilýär (Res. 13:1; 15:32; 2 Mus. 7:1, 2).

16 Ýolbaşçylyk maslahatynyň karary Ýehowa-da ýarady, ýygnaklary hem ruhlandyrdy. Näme üçin? Sebäbi Ýolbaşçylyk maslahaty mukaddes ruhuň görkezmesine eýerdi. Ol Hudaýyň Sözüne esaslanyp, tüýs wagtynda anyk görkezme berdi. Şeýle-de Ýolbaşçylyk maslahaty ýygnaklara kararyny aýdar ýaly, ýumşak we mähirli doganlary iberdi.

17. Etrap gözegçileri kimlerden görelde alýarlar?

17 Şu günlerem Ýolbaşçylyk maslahaty I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahatynyň göreldesine eýerýär. Ol bütin dünýädäki ýygnaklara öz wagtynda, anyk görkezmeleri berýär. Käte Ýolbaşçylyk maslahaty kararyny etrap gözegçisiniň üsti bilen ýygnaklara ýetirýär. Şol janaýamaz doganlar ýygnaklara baryp, görkezme berýärler we dogan-uýalary ruhlandyrýarlar. Olaram Pawlus bilen Barnabas ýaly, Hudaýa gulluk etmek üçin wagtyny gaýgyrmaýarlar. «Doganlar bilen hoş habary wagyz edýärler we Ýehowanyň sözüni öwredýärler» (Res. 15:35). Ýahuda bilen Silas ýaly ençeme nutuklar bilen çykyş edip, dogan-uýalaryň imanyny berkidýärler.

18. Ýehowa halkyny näme edende ýalkaýar?

18 Häzirki agzala dünýäde bütin dünýädäki ýygnaklar nädip agzybirligi we parahatlygy saklap bilýär? Ýakup şägirt hatynda şeýle diýdi: «Gökden inýän akyldarlyk bolsa, ilki bilen päk, soňra parahat, paýhasly we gulak asmaga taýyndyr... parahatlygy döredýän adamlar üçin dogruçyllygyň miwesi parahat şertlerde ekilýändir» (Ýak. 3:17, 18). Belki-de, Ýakup şu sözleri ýazanda Iýerusalimde geçirilen duşuşygy ýadyna salandyr. Muny anyk bilmesek-de, Resullar 15-nji bapdan bir wajyp zady öwrenýäris: eger agzybir bolsak, doganlaryň berýän görkezmelerine gulak assak, Ýehowa hökman ýalkar.

19, 20. a) Görkezme berlensoň Antakyýadaky ýygnagyň agzybir bolandygy nämeden görünýär? b) Pawlus bilen Barnabas Antakyýada galyp näme etdi?

19 Ýolbaşçylyk maslahatynyň kararyny eşidensoň, Antakyýadaky ýygnakda-da agzybirlik we parahatlyk boldy. Olar Iýerusalimdäki doganlaryň gelen kararyny goldap, Ýahuda bilen Silasyň gelenine minnetdar boldular. Resullar 15:33-de: «Olar Antakyýada birnäçe wagt bolandan soň, ýerli doganlar olary ýagşy arzuwlar bilen ugratdylar» diýilýärd. Ýahuda bilen Silas gören-eşiden zatlaryny gürrüň berende Iýerusalimdäki doganlaram begenendirler. Ýehowanyň kömegi bilen şol doganlar özlerine tabşyrylan ýumşy gowy ýerine ýetirdiler.

20 Sünnetlenmek meselesi çözlensoň, Pawlus bilen Barnabasam Antakyýada galdy. Olar bar güýjüni we ünsüni wagyz işine berdiler. Şu günler etrap gözegçileri hem ýygnaklary idänlerinde şeýle edýärler (Res. 13:2, 3). Etrap gözegçileri Ýehowadan uly bereket! Indiki bapda Ýehowanyň Pawlus bilen Barnabasa nähili ýumuşlary tabşyrandygyny, olary nädip goldandygyny bileris.

Bir aýal gyzy bilen kongresde «Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom» kitabyny görýär.

Ýehowa Ýolbaşçylyk maslahaty we onuň wekilleri arkaly halkynyň ruhy taýdan aladasyny edýär

ÝAKUP — «HALYPAMYZYŇ DOGANY»

Ýakup Ýusup bilen Merýemiň ogludy. Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň jigileri barada aýdylanda, ilkinji bolup Ýakubyň ady agzalýar (Mat. 13:54, 55). Diýmek, ol Isadan soň doglan bolmaly. Ýakup Isa bilen bile önüp-ösüpdi, şonuň üçin onuň wagyz edişi we görkezen gudratlary hakda bilýärdi. Ýöne onuň şol gudratlary gözi bilen gören-görmändigini anyk bilmeýäris. Gynansak-da, Isa ýerdekä Ýakup bilen «doganlary oňa iman etmeýärdi» (Ýah. 7:5). Dogan-garyndaşlary Isa akylyndan azaşandyr öýdýärdiler. Ýakup hem şeýle pikir eden bolmaly (Mar. 3:21).

Ýakup golýazmadan okaýar.

Isa ölüp, soňra direlensoň bar zat üýtgeýär. 1 Korinfliler 15:7-de Isanyň Ýakuba görnendigi aýdylýar. Injilde dört sany Ýakup barada aýdylsa-da, Isa öz süýtdeş dogany Ýakuba görnen bolmaly. Şol waka Isa direlensoň 40 günüň içinde bolup geçdi. Şonda Ýakup agasynyň kimdigine doly düşünen bolmaly. Isanyň göge galanyna on gün geçip-geçmänkä, şägirtler doga etmäge ýokarky otaga ýygnanyşýarlar. Olaryň arasynda Ýakup, doganlary, ejesi Merýem hem bardy (Res. 1:13, 14).

Wagtyň geçmegi bilen, Ýakup Iýerusalimdäki ýygnakda jogapkär doganlaryň biri bolýar. Ýygnakdakylar ony resul, ýagny «iberilen» hasaplaýardylar (Gal. 1:18, 19). Petrus resul hem gudrat bilen türmeden boşansoň: «Bolan wakany Ýakuba we beýleki doganlara aýdyň» diýýär (Res. 12:12, 17). Diýmek, Ýakup ýygnakda jogapkär dogan bolupdyr. Sünnetlenmek meselesini çözmek üçin resullar we ýaşulular Iýerusalimde ýygnanyşanda oňa Ýakup ýolbaşçylyk eden bolmaly (Res. 15:6—21). Şeýle-de Pawlus resul Ýakubyň, Kifanyň (Petrusyň) we Ýahýanyň Iýerusalimdäki «ýygnagyň diregi» bolandygyny aýdýar (Gal. 2:9). Hatda birnäçe ýyl geçensoň, Pawlus üçünji wagyz syýahatyny tamamlap, Ýakubyň ýanyna gelýär. Şonda Iýerusalimdäki «ähli ýaşulular üýşýär» (Res. 21:17—19).

Pawlus hatynda Ýakuba «Halypamyzyň dogany» diýdi. Mukaddes Kitabyň Ýakup kitabyny onuň özi ýazan bolmaly (Gal. 1:19). Ol hatynda özüniň resuldygyny ýa-da Isanyň doganydygyny aýtmady. Gaýtam pesgöwünli bolup: «Hudaýyň we Halypamyz Isa Mesihiň guly» diýdi (Ýak. 1:1). Ýakup hem dogany Isa ýaly tebigaty synlapdyr, adamlar bilen ýürekden gyzyklanypdyr. Ol Hudaý baradaky hakykaty öwretmek üçin tebigatdan mysal getirýärdi. Meselem, ol eýläk-beýläk çaýkanýan deňiz tolkuny, ýakyp ýandyrýan Gün, asmanyň nury, näzik güller, tokaýy ýakyp kül edýän oduň uçguny, eldekileşdirilen haýwanlar barada aýdýar (Ýak. 1:6, 11, 17; 3:5, 7). Ýakup Hudaýyň kömegi bilen adamlaryň pikirine, özüni alyp barşyna gowy düşünýärdi. Şonuň üçin hem adamlar bilen agzybir bolar ýaly gowy maslahatlary berdi (Ýak. 1:19, 20; 3:2, 8—18).

Pawlusyň 1 Korinfliler 9:5-däki sözlerinden Ýakubyň maşgalaly bolandygyny bilse bolýar. Mukaddes Kitapda Ýakup şägirdiň haçan we nädip ölendigi aýdylmaýar. Ýöne ýehudy taryhçysy Iosifiň aýtmagyna görä, «baş ruhany Ananýas kazylaryň ählisini ýygnaýar. Soňra Mesih diýilýän Isanyň dogany Ýakuby we başga-da doganlary Mejlisiň öňüne çykaryp, kanuny bozmakda aýyplaýar. Olary daşlap öldürmeli diýen karar çykarylýar. Şu waka b. e. takmynan 62-nji ýylynda Rim häkimi Porkiwus Festiň ölenine biraz wagt geçensoň bolýar. Şol wagt Albin onuň ýerine geçmändi».

a «Ýakup — „Halypamyzyň dogany“» diýen çarçuwa serediň.

b Ýakup Musa pygamberiň ýazan kitaplaryna salgylanýar. Musanyň kitaplarynda diňe Kanun däl-de, Hudaýyň adamlardan nämä garaşýandygy we olara islegini nädip düşündirendigi hakda ýazylan. Meselem, 1 Musa kitabyndan Hudaýyň gana, biwepalyga we butparazlyga garaýşyny bilip bolýar (1 Mus. 9:3, 4; 20:2—9; 35:2, 4). Diýmek, Ýehowanyň prinsipleri ähli adamlara, hatda ýehudylara-da, başga milletli adamlara-da degişlidi.

c «Ýolbaşçylyk maslahaty nämeleri edýär?» diýen çarçuwa serediň.

d Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinde 34-nji aýatda Silasyň Antakyýada galandygyny görkezýän sözler ýazylan («Korol Ýakowyň terjimesi»). Ýöne şol sözler Resullar kitaby ýazylandan soň goşulan bolmaly.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş