Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/1 sah. 4—8
  • Mesihçiler Hudaýyň Sözüne hormat goýýarlar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mesihçiler Hudaýyň Sözüne hormat goýýarlar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • KYN MESELE ÇÖZÜLDI
  • HAS-DA TAPAWUTLANDYLAR
  • «BUGDAÝ» WE «HAŞAL OT» BILE ÖSÝÄR
  • «HUDAÝYŇ SÖZI BAGLANAN DÄLDIR»
  • Garaňkylykdan ýagtylyga çagyrylan halk
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • «Olar... ylalaşman, çekeleşdiler»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/1 sah. 4—8

Mesihçiler Hudaýyň Sözüne hormat goýýarlar

«Seniň sözüň hakykatdyr» (ÝAHÝA 17:17).

ŞU SORAGLARA JOGAP TAPYŇ:

  • B. e. 49-njy ýylynda Iýerusalimde geçirilen ýygnagyň we şondan soň geçirilen buthana mejlisiniň näme tapawudy bardy?

  • Resullaryň döwründen soň, kimler Hudaýyň Sözüne hormat goýdy?

  • XIX asyrda akýürekli adamlar Mukaddes Ýazgylary nädip öwrenýärdi we bu näme üçin netijeli boldy?

1. Sen Ýehowanyň Güwäçisi bilen ilkinji gezek gürleşende, başga dindäki adamlardan näme tapawudynyň bardygyny bildiň?

SEN Ýehowanyň Güwäçisi bilen ilkinji gezek gürleşeniňi ýadyňa sal. Şol duşuşykdan seniň näme ýadyňda galdy? Biziň köpümiz: «Meniň ähli soraglaryma Güwäçi Mukaddes Ýazgylar arkaly jogap berdi» diýýändiris. Biz Hudaýyň ýer ýüzi babatda niýeti, ölen adamlaryň nähili ýagdaýdadygy we aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzyň näme umydynyň bardygyny bilende, nähili begenendiris!

2. Sen näme üçin Hudaýyň Sözüne hormat goýýarsyň?

2 Emma biz Mukaddes Ýazgylary öwrenip, diňe bir ýaşaýyş, ölüm we gelejek barada däl, eýsem, başga-da köp zatlary bildik. Biz Mukaddes Ýazgylaryň dünýäde iň peýdaly kitapdygyna düşündik. Onuň maslahatlary hemişe kömek edýär. Şol maslahatlara eýerýän adamlar agzybir we bagtly ýaşarlar (Zebur 1:1—3-nji aýatlary okaň). Mesihçiler Mukaddes Ýazgylary hemişe «adam sözi hökmünde däl-de, hakykatda bolşy ýaly, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiler» (1 Sel. 2:13). Taryha göz aýlasak, Hudaýyň Sözüne, hakykatdanam, hormat goýýanlaryň we goýmaýanlaryň tapawutlanýandygyna göz ýetireris.

KYN MESELE ÇÖZÜLDI

3. I asyrasyrda ýygnakda nähili mesele ýüze çykdy we ony çözmek näme üçin kyn boldy?

3 Özge milletli sünnetlenmedik Korneliusyň mesh edilenine on üç ýyl geçipdi. Özge milletlerden köp adamlar mesihçi bolupdylar. Şol wagt ýygnagyň agzybirligini bozup biljek kynçylyk ýüze çykdy. Özge milletli adam suwda çokundyrylmazdan öň, ýehudy däp-dessuryna görä, sünnetlenmelimi? Ýewreýlere bu soraga jogap bermek aňsat däldi. Musanyň kanunyna gulak asýan ýewreýler özge milletli adam bilen dostlaşmaýardy, hatda onuň öýüne-de barmaýardy. Ýewreý mesihçiler dinini taşlandygy üçin kän yzarlanýardy. Olar sünnetlenmedik özge milletli adamlary doganlary hökmünde kabul etseler, has-da yzarlanardylar we ýehudy dinine uýýan adamlardan has daşlaşardylar (Gal. 2:11—14).

4. Meseläni çözmek üçin kimler ýygnandy we nähili soraglar ýüze çykmagy mümkindi?

4 B. e 49-njy ýylynda Iýerusalimde resullar we ýaşulular «bu mesele barada maslahatlaşmak üçin ýygnandylar» (Res. iş. 15:6). Olaryň özleri hem sünnetlenen ýehudydy. Olaryň duşuşygynda biderek zatlar barada ýürekgysgynç jedeller edilmän, gaýtam Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary hakynda joşgunly pikir alyşýardylar. Her kim öz pikirini aýtdy. Olar meseläni nädip çözer? Olaryň geljek kararyna öz garaýşy we ters pikirler täsir edermi? Karara gelmek üçin jogapkär ýaşulular Ysraýylda mesihçiler üçin gowy şertler dörejekdigine garaşarmy? Ýa-da olar gutarnykly karara gelmek üçin, ynanmaýan zatlary bilen ylalaşarlarmy?

5. B. e. 49-njy ýylynda Iýerusalimde geçirilen ýygnagyň, buthana mejlisinden näme aýratyn tapawudy bardy?

5 Hristian dünýäsindäki buthana mejlisinde gutarnykly karara gelmek üçin, razy bolmadyk zatlary bilen ylalaşýarlar. Käbir dini ýolbaşçylar köplenç öz teklibine ses bermäge yrýarlar. Iýerusalimdäki duşuşyk beýle geçirilmedi. Şonda-da olar her kimi razy edýän karara geldiler. Nädip? Olaryň dürli garaýyşlary bolsa-da, ählisi Hudaýyň Sözüne hormat goýýardylar. Şol sebäpli-de, olar meseläni Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen çözdüler (Zebur 119:97—101-nji aýatlary okaň).

6, 7. Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen sünnetlenmek baradaky mesele nädip çözüldi?

6 Bu meseläni çözmäge Amos 9:11, 12-nji aýatlardaky sözler kömek edýär. Resullaryň işleri 15:16, 17-nji aýatlarda hem bu sözler gaýtalanýar: «Onsoň yzyma dolanyp, Dawudyň ýykylan çadyryny gaýtadan bina ederin, onuň harabalaryny gaýtadan bina ederin. Galan adamlar, Meniň adym dakylan bütin milletler Rebbi agtarar ýaly, ony gaýtadan dikelderin. Bularyň baryny eden Reb şeýle diýýär».

7 Emma kimdir biri: «Bu aýatlarda özge milletlerden mesihçi bolanlar sünnetlenmeli däl diýilmeýär» diýmegi mümkin. Bu, dogrudanam, şeýle. Ýewreý mesihçiler muňa düşünýärdi. Olar sünnetlenen ýewreý dälleri  başga milletli hasaplaman, doganlary ýaly görýärdi (Müs. çyk. 12:48, 49). Meselem, bir terjimede Ester 8:17-de şeýle diýilýär: «Başga milletlerden köp adamlar sünnetlendiler we ýehudy boldular». Ysraýyl öýünden galan adamlar (ýewreýler we sünnetlenip, ýehudy dinine geçen adamlar) «bütin milletler» (sünnetlenmedik ýewreý däller) bilen bile Hudaýyň adyny göterýän bir halk boldular. Şeýdip, Amosyň aýdan pygamberligi şol meseläni çözýär. Mesihçi bolmak isleýän özge milletli adamlara sünnetlenmek hökman däldi.

8. Sünnetlenmek baradaky meseläni çözer ýaly näme üçin batyrgaý bolmalydy?

8 Hudaýyň Sözi we ruhy akýürekli mesihçilere meseläni «bir agyzdan makullamaga» kömek etdi (Res. iş. 15:25). Olaryň gelen karary ýewreý mesihçileriň has-da köp yzarlanmagyna sebäp bolsa-da, Hudaýa wepaly doganlar Mukaddes Ýazgylara esaslanan karary biragyzdan goldadylar (Res. iş. 16:4, 5).

HAS-DA TAPAWUTLANDYLAR

9. Näme üçin hakyky sežde ýalan taglymat bilen ýoýuldy? Esasanam, haýsy taglymat ýoýuldy?

9 Resullar ölensoň, mesihçileriň dini ýalan taglymatlar bilen ýoýuljakdygyny Pawlus resul öňünden aýtdy (2 Selanikliler 2:3, 7-nji aýatlary okaň). Ýygnakdaky käbir jogapkär doganlar hem «sagdyn taglymaty» inkär etdiler (2 Tim. 4:3). Pawlus resul öz döwrüniň ýaşulularyny: «Araňyzdan şägirtleri yzlaryna eýertjek bolup, hakykaty ýoýjak adamlar çykar» diýip duýdurdy (Res. iş 20:30). Bir kitapda nädogry ýalan taglymatlaryň näme sebäpden ýaýrap başlandygy şeýle düşündirilýär: «Grek filosofiýasyny bilýän mesihçiler, akyldardygyny görkezmek üçin we ýokary bilimli özge milletdäki adamlara imanyny filosofiýa düşünjesi arkaly düşündürmegi makul bildiler» (New Encyclopædia Britannica). Isa Mesih barada esasy taglymatlaryň biri butparazlyk bilen ýoýuldy. Mukaddes Ýazgylarda Isa Hudaýyň ogly diýilýär, grek filosofiýasyna ynanýan adamlar bolsa, oňa Hudaý diýýärdi.

10. Isa Mesihiň kimdigini nädip bilip bolardy?

10 Bu taglymata birnäçe buthana mejlisinde hem seredildi. Mejlise gatnaşan adamlar Hudaýyň Sözüne hormat goýan bolsalar Isa Mesihiň kimdigini bilmek aňsat bolardy, ýöne olaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylary wajyp saýmaýardy. Mejlise gelenleriň köpüsinde maslahat başlamazdan öň, öz garaýşy bardy, ondan soň hem olar garaýşyny üýtgetmediler. Şol mejlisde gelnen kararlar Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýardy.

11. Buthana ýolbaşçylary karara gelende näme esaslanýarlar we näme üçin?

11 Buthana ýolbaşçylary karara gelende, näme üçin Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýar. Taryhçy Çarlz Firmanyň aýtmagyna görä, olaryň Isany Hudaý hasaplamagy Mukaddes Ýazgylara gabat gelmeýärdi. Isanyň özi-de Hudaýyň ondan beýikdigini aýdypdy. Buthana ýolbaşçylary Isanyň sözlerini inkär edip bilmese-de, olar üçin buthananyň däp-dessurlary we abraýly adamlaryň garaýşy Injilde aýdylanlardan wajypdy. Hatda şu günlerem, buthana ýolbaşçylaryň köpüsi Hudaýyň Sözüni däl-de, buthana Atalarynyň diýýän sözlerini gymmat saýýarlar! Siz Troisa (üç ýüzli hudaý) taglymaty barada hristian dini ugrundan okan adamlar bilen gürleşende, muňa göz ýetirensiňiz.

12. Imperator nähili erbet täsir etdi?

12 Rim imperatory mejlise güýçli täsir etdi. Meselem, professor Riçard Rubinşteýn Nikeýsk mejlisinde näme bolandygy barada ýazýar. Onuň aýtmagyna görä, täze imperator Konstantin ruhanylary baý etdi. Bir ýyla ýetmän, imperator olara buthanalaryny, işlerini we wezipelerini gaýtaryp berdi. Ol özge milletleriň ruhanylaryna berlen aýratyn hormat-sylagy hristian ruhanylaryna hem berdi. Netijede, Konstantin Nikeýsk mejlisiniň çykaran kararlaryna güýçli täsir edip, hatda üýtgedip hem bilýärdi. Şeýle-de Çarlz Firmanyň aýtmagyna görä, imperator mejlisden soň buthanalara has güýçli täsir edip başlady. Ol buthanalara ygtyýar bermek bilen taglymatlaryna hem täsir etdi (Ýakup 4:4-i okaň).

13. Seniň pikiriňçe, näme üçin buthananyň ýolbaşçylary Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty kabul etmedi?

13 Buthananyň ruhanylaryna Isa Mesihi Hudaýyň ogly hökmünde kabul etmek kyn bolsa-da, sada halk onuň kimdigine düşünýärdi. Sebäbi sada halk Mukaddes Ýazgylarda okan zadyna düşünýärdi we ynanýardy. Emma ruhanylar bolsa, imperatoryň berýän puluna we ygtyýaryna gyzyp, Mukaddes Ýazgylary äsgermezlik edýärdi. Şol döwrüň ruhanysy Grigoriý Niss sada halky, ýagny eşik satýan adamlary, pul çalyşýanlary, söwdegärleri we gullukçylary din barada gürrüň edýändigi üçin ýazgarýardy. Grigoriý sada adamlaryň köpüsiniň Ogluň Atadan tapawutlanýandygyny, Atanyň Oguldan beýikdigini we Ogluň hiç zat ýaradylmanka ýaradylandygyny düşündirişini halamaýardy. Sada adamlar şeýle hakykaty Mukaddes Ýazgylar arkaly düşündirip bilýärdi. Grigoriý we onuň tarapdarlary şol adamlary diňlemelidiler!

«BUGDAÝ» WE «HAŞAL OT» BILE ÖSÝÄR

14. I asyrasyrdan bäri, käbir mesh edilen mesihçileriň ýaşandygyny nireden bilýäris?

14 Isa bir tymsalynda, I asyrasyrdan başlap, ýer ýüzünde käbir mesh edilen mesihçileriň ýaşajakdygyny aýtdy. Isa olary «haşal otlaryň» arasynda ösýän «bugdaý» bilen deňeşdirdi (Mat. 13:30). Elbetde, biz nähili adamlaryň ýa-da toparyň mesh edilenlere degişlidigini anyk aýdyp bilmeýäris, ýöne biz Hudaýyň Sözüni batyrgaýlyk bilen goran we buthanalaryň Mukaddes Ýazgylara esaslanmadyk taglymatlaryny paş eden adamlaryň hemişe bolandygyna ynanyp bileris. Geliň, käbir mysallara seredeliň.

15, 16. Hudaýyň Sözüne kimler hormat goýupdy?

15 Ruhany Agobard Lion (779—840) butlara sežde etmäge, buthanany keramatly adamlara bagyş etmäge we Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän buthananyň başga-da däp-dessurlaryna garşy bolupdy. Onuň döwürdeşi ruhany Klawdiý hem buthananyň däp-dessurlaryny ret etdi, keramatly adamlara we ölen adamlar üçin doga etmeklige garşy boldy. XI asyrasyrda Fransiýada ruhany Berengar katolik buthanasynyň ýalan taglymatyna garşy bolany üçin buthanadan çykaryldy. Ol buthananyň däp-dessurlaryndan Mukaddes Ýazgylary gymmat saýýardy.

16 XII asyrasyrda ýaşan Petrus de Brýu we Genrih Lozann Hudaýyň Sözüni söýýärdi. Petrus de Brýu täze doglan çagalary suwda çokundyrmak, ölen adamlar üçin doga etmek, haça sežde etmek ýaly katolik taglymatlarynyň Mukaddes Ýazgylara gabat gelmeýändigi üçin ruhany bolmakdan ýüz öwürdi. 1140-njy ýylda Petrus de Brýuny ynanýan zatlary üçin diriligine otda ýakdylar. Ruhany Genrih Mukaddes Ýazgylara gabat gelmeýän buthananyň däp-dessurlaryna garşy boldy. Ol 1148-nji ýylda tussag edilip, ömrüniň ahyryna çenli türmede oturdy.

17. Waldo we onuň şägirtleri nähili wajyp ädimler ätdiler?

17 Petrus de Brýuny diriligine ýakylandan biraz soň, Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň ýaýramagyna güýçli täsir eden adam dünýä indi. Onuň familiýasy Waldes ýa-da Waldoa. Ol Petrus de Brýu we Genrih Lozann ýaly buthananyň gullukçysy bolmasa-da, Hudaýyň Sözüni şeýle gymmat saýýardy welin, Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplaryny Fransiýanyň günorta-gündogarda ýaşaýan adamlaryň gepleýän diline terjime etdirmek üçin bar puluny sarp etdi. Käbir adamlar ene dilinde hoş habary eşidip, şeýle begendiler welin, olar hem zatlaryny paýlap, bütin ömrüni adamlara hakykaty wagyz etmek üçin bagyş etdiler. 1184-nji ýylda waldensler diýip atlandyrylan bu yhlasly aýallardyr erkekleri buthanadan çykardylar we öýlerinden kowdular. Emma bu Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň başga ýerlerde-de ýaýramagyna ýardam etdi. Wagtyň geçmegi bilen, Waldo, Petrus de Brýu we Genrih Lozannyň şägirtlerini hem-de buthanadan çykarylan başga-da adamlary Ýewropanyň köp ýerlerinde görse bolýardy. Jon Uiklif (tak. 1330—1384), Uilýam Tindal (tak. 1494—1536), Genri Gru (1781—1862) we Jorj Storrz (1796—1879) ýaly adamlar hem Mukaddes Ýazgylara hormat goýýardy.

«HUDAÝYŇ SÖZI BAGLANAN DÄLDIR»

18. XIX asyrda akýürekli adamlar Mukaddes Ýazgylary nädip öwrenýärdi we bu näme üçin netijeli boldy?

18 Duşmanlar Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň ýaýramagyna näçe päsgel berseler-de, ony togtadyp bilmediler. 2 Timoteos 2:9-da: «Hudaýyň Sözi baglanan däldir» diýilýär. 1870-nji ýylda Mukaddes Ýazgylary akýürekden öwrenýän adamlar hakykaty gözläp başladylar. Olar nädip öwrendiler? Kimdir biri sorag berýärdi we oňa seredilýärdi. Soňra şol tema barada ähli aýatlar okalýardy we olar şol aýatlaryň bir-biri bilen baglanyşyklydygyna göz ýetirende, bir karara gelip, ony ýazýardylar. Bu Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiň gowy usulydy, çünki I asyrasyrdaky resullar we ýaşulular hem şeýle edýärdi. Ýehowanyň Güwäçileriniň taryhynyň başlangyjynda Hudaýa wepaly adamlaryň imanyny Mukaddes Ýazgylara esaslandyrandygy seni ruhlandyrýarmy?

19. 2012-nji ýyl üçin haýsy aýat saýlandy we bu näme üçin ýerlikli?

19 Şu günler hem ynanýan zatlarymyz Mukaddes Ýazgylara esaslanýar. Şol sebäpli, Ýolbaşçylyk maslahaty 2012-nji ýylyň aýady hökmünde Isanyň: «Seniň sözüň hakykatdyr» diýen sözlerini saýlady (Ýahýa 17:17). Şonuň üçin Hudaýy razy etmek isleýän her bir adam hakykata görä ýaşamaly we Hudaýyň Sözi mundan beýläk-de, ählimize görkezme bersin.

a Käte oňa Pýer Waldes ýa-da Petrus Waldo diýseler-de, onuň adynyň dogry tutulyşyny hiç kim bilmeýär.

[8-nji sahypadaky sitata]

2012-nji ýylyň aýady: «Seniň sözüň hakykatdyr» (Ýahýa 17:17).

[7-nji sahypadaky surat]

Waldo

[7-nji sahypadaky surat]

Uiklif

[7-nji sahypadaky surat]

Tindal

[7-nji sahypadaky surat]

Gru

[7-nji sahypadaky surat]

Storrz

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş