-
Ol rehimdar bolmagy öwrendiOlaryň imanyndan görelde alyň
-
-
8 Ol Ýunus pygamberiň habaryny eşidip, toba edýär. Patyşa tagtyndan düşüp, şa lybasyny çykarýar-da, jul geýnip, «kül üstünde oturýar». Şeýle-de wezirleri bilen halka agyz beklemegi buýurýar. Patyşa hemmeleriň, hatda mal-garalaryň hem jul geýinmelidigini aýdýard. Ol halkynyň erbetlik we zalymlyk edendigine toba edýär. Patyşa Hudaýyň rehim etmegine umyt edip: «Belki, Hudaý... gazabyndan saklanar; şeýdip, biz heläk bolmarys» diýýär (Ýunus 3:6—9).
-
-
Ol rehimdar bolmagy öwrendiOlaryň imanyndan görelde alyň
-
-
d Mal-garalara jul geýdirilmegi geň görülse-de, gadymy döwürde bu adaty zatdy. Grek taryhçysy Gerodotyň aýtmagyna görä, gadymy döwürde parslar tanymal serkerdebaşynyň ýasyny tutanda, mal-garalaryna-da jul geýdiripdirler.
-