-
Ol rehimdar bolmagy öwrendiOlaryň imanyndan görelde alyň
-
-
20 Hudaý Ýunus pygambere ekmedik, ösdürmedik we bir gijäniň içinde gögerip, guran ösümlik üçin gynanandygyny aýdýar. Soňra Ýehowa: «Sagyny-soluny saýgaryp bilmeýän ýüz ýigrimi müňden agdyk adama we köp mal-garasy bolan şeýle uly şäher Ninewä Meniň neneň haýpym gelmesin» diýip, sözüni jemleýär (Ýunus 4:10, 11)g.
21. a) Ýehowa Ýunus pygambere nähili sapak berdi? b) Ýunus pygamberiň mysaly özümizi barlap görmäge nädip kömek edýär?
21 Sen Ýehowanyň Ýunus pygambere beren sapagyna düşünýärmiň? Ol ösümligiň gögermegi üçin hiç zat etmedi. Ýehowa bolsa, ýer ýüzündäki ähli zatlary ýaradyşy ýaly, ninewelilere-de ýaşaýyş berip, gerekli zatlar bilen üpjün edýärdi. Ýunus pygamber bir ösümligi nädip 120 müň adamyň we mal-garalaryň janyndan gymmat saýyp bildikä? Ýa-da ol diňe özi barada alada etdimi? Aslynda, ol ösümlige däl-de, onuň saýa bermeýändigine gynanýardy. Ol nineweliler üçin däl-de, abraýyny saklap, aýdan sözleriniň dogrudygyny subut etjek bolup gaharlandymy? Ýunusyň mysaly özümizi çynlakaý barlamaga kömek edýär. Ähli adamlarda diňe özüni bilmeklik häsiýeti bar. Biz Ýehowanyň özi ýaly has rehimdar, has merhemetli we has-da janaýamaz bolmagy sabyrlylyk bilen öwredýändigine minnetdar bolmaly!
-
-
Ol rehimdar bolmagy öwrendiOlaryň imanyndan görelde alyň
-
-
g Ýehowa ninewelileriň sagyny-soluny saýgaryp bilmeýär diýmegi bilen, olaryň çaga ýaly Hudaýyň kanunyny bilmeýändigini aýdýar.
-