-
Ol eden ýalňyşyndan sapak edindiOlaryň imanyndan görelde alyň
-
-
18, 19. Deňziň düýbünde Ýunus pygambere näme boldy, ony näme ýuwutdy we bulary kim etdi? (Şeýle-de çykgyda seret).
18 Birden Ýunusa tarap äpet bir gara jandar gelýär we agzyny uludan açyp, ony ýuwudýar!
Ýehowa bir uly balyga Ýunusy ýuwutmagy buýurdy
19 Ýunus pygamber ölendirin öýdýär. Emma ol entegem özüniň diridigini duýýar! Oňa hiç hili zeper ýetmedi, ol hatda demikmeýärdi. Ýunus diri galan bolsa, diýmek, ol gabyrda däldi. Ol Hudaýdan gorkup başlaýar, sebäbi Ýehowa Hudaý «uly bir balyga Ýunusy ýuwutmagy emr etdi»g (Ýunus 2:1).
20. Biz Ýunus pygamberiň uly balygyň içinde eden dogasyndan näme öwrenýäris?
20 Wagt geçdigi saýyn Ýunus pygamber garaňky tümlügiň içinde oýlanyp, Ýehowa Hudaýa doga edip başlaýar. Ol eden dogasyny kitabynyň ikinji babynda ýazýar. Ýunus pygamber Mukaddes Ýazgylary gowy bilýärdi, sebäbi eden dogasynda Zebur kitabyndaky sözleri agzaýar. Ol Hudaýa şükür edip, minnetdarlygyny bildirýär. Ýunus pygamber dogasyny «men welin alkyşly aýdymlar bilen Saňa gurbanlyk bererin. Kasamymy berjaý ederin. Gutulyş Rebdendir» diýen sözler bilen tamamlaýar (Ýunus 2:10).
21. Ýunus pygamber nämä düşündi we biz mundan näme öwrenýäris?
21 Ýunus pygamber «balygyň garnynda» Ýehowanyň gullukçysyny nirede we haçanam bolsa, halas edip bilýändigine düşündi. Ýehowa gullukçysyny balygyň içinde hem halas etdi (Ýunus 2:1). Diňe Ýehowa üç gije-gündiz adamy uly balygyň içinde diri saklap bilýär. Bizem Ýehowanyň «janymyzy Öz elinde saklaýan» Hudaýdygyny unutmaly däl (Dan. 5:23). Hudaý Ýaradyjymyz bolany üçin, oňa gulak asyp, minnetdarlygymyzy görkezmeli.
22, 23. a) Ýunus pygamber Ýehowa minnetdarlygyny nädip bildirdi? b) Biz ýalňyşanymyzda Ýunus pygamberiň mysalyndan näme öwrenip bileris?
22 Ýunus pygamber näme etdi? Ol Ýehowa gulak asyp, minnetdarlygyny bildirdimi? Hawa, bildirdi. Üç günden soň, «balyk Ýunusy gury ýere gusdy» (Ýunus 3:1). Göz öňüne getir, Ýunus pygambere kenara çenli ýüzmegem gerek bolmady! Ol bir kenara düşýär. Ýunus pygamber Ýehowa minnetdarlygyny bildirmek üçin, Ninewä barýan ýoly özi tapmalydy. Ýunus 3:2-de: «Ýunusa Rebbiň sözi ikinji gezek geldi: «Hany bol, Ninewä — şol beýik şähere git-de, Meniň özüňe aýdýanlarymy onuň halkyna ýetir!» diýilýär. Ýunus pygamber Ýehowanyň diýenini edermikä?
-
-
Ol eden ýalňyşyndan sapak edindiOlaryň imanyndan görelde alyň
-
-
g «Balyk» diýen ýewreý sözi grek diline «uly läheň» diýip terjime edildi. Onuň nähili jandardygy anyk aýdylmasa-da, Ortaýer deňzinde adamy bütinleý ýuwudyp bilýän uly akulalar bar. Başga ýerlerde hem uzynlygy 15 metrden gowrak kit görnüşli akulalar bar!
-