Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wt bap 1 sah. 4—13
  • Şu günler agzybir sežde etmek näme aňladýar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şu günler agzybir sežde etmek näme aňladýar?
  • Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Bolýan zatlaryň manysy
  • Agzybir sežde etmäge nämeler kömek edýär?
  • Agzybir bolmak üçin nämeler etmeli?
  • Agzalalykdan ägä boluň!
  • Hakyky din agzybirligi bilen tapawutlanýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Mesihçileriň agzybirligi Hudaýa şöhrat getirýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Zalym dünýäniň soňky günlerinde bile boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
wt bap 1 sah. 4—13

Birinji bap

Şu günler agzybir sežde etmek näme aňladýar?

1, 2. a) Millionlarça adamlar näme etmek isleýärler? b) Ak ýürekli adamlar nämä umyt edýärler?

BÜTIN dünýä boýunça ähli halkdan, taýpadan we dilden millionlarça adamlar Hudaýa bilelikde agzybir sežde etmek isleýär. Olara her ýyl täze adamlar goşulýar. Mukaddes Ýazgylarda olara Ýehowanyň «güwäçileri» we «uly märeke» diýilýär. Olar Hudaýa «gije-gündiz hyzmat edýärler» (Işaýa 43:10—12; Ylham 7:9—15). Näme üçin? Sebäbi olar Ýehowa atly ýalňyz hak Hudaý bilen tanşyp, indi onuň adalatly kadalary boýunça ýaşamak isleýärler. Onsoňam, olar bu zalym dünýäniň «soňky günlerinde» ýaşaýandygyny, Hudaýyň tizden ony ýok edip, adalatly täze dünýäni berkarar etjegini bildiler (2 Timoteos 3:1—5, 13; 2 Petrus 3:10—13).

2 Hudaýyň Sözi şeýle wada berýär: «Ýene az-kem sabyr et, erbet ýok bolar. Emma mylakatlylar ýeri miras alar, bol parahatlykda hezil eder» (Zebur 37:10, 11). «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:29). «Ol [Hudaý] olaryň gözlerinden ähli ýaşlary süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» (Ylham 21:4).

3. Agzybir sežde etmäge näme kömek edýär?

3 Şu günler hak Hudaýa sežde edýän adamlar täze dünýäniň ilkinji ýaşaýjylary bolar. Olar Hudaýyň isleginiň nämedigini bilip, ony ýerine ýetirmek üçin jan edýärler. Munuň wajypdygyny Isanyň sözleri görkezýär: «Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr» (Ýahýa 17:3). Ýahýa resul şeýle diýdi: «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» (1 Ýahýa 2:17).

Bolýan zatlaryň manysy

4. a) Şu günler agzybir sežde edýän adamlaryň gitdigiçe köpelmegi näme aňladýar? b) Mukaddes Ýazgylar muny nähili suratlandyrýar?

4 Şu günler agzybir sežde edýän adamlaryň köpelmegi näme aňladýar? Bu häzirki zalym dünýäniň soňunyň gelendigini subut edýär, şondan soňra Hudaýyň täze dünýäsi bolar. Bu wajyp waka, ýagny adamlaryň ýygnanmagy baradaky pygamberlik gözümiziň alynda ýerine ýetýär. Şol pygamberlikleriň birinde şeýle diýilýär: «Günleriň soňunda Taňry öýüniň dagy [Ýehowa edilýän belent hakyky sežde] daglaryň başynda [başga seždeleriň ählisinden beýikde] berkarar edilip... halklar oňa tarap eňer. Köp milletler gelip diýerler: «Geliň, Taňrynyň dagyna, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; Ol bize öz ýollaryny öwreder, biz-de Onuň ýollaryndan ýöräris» (Mika 4:1, 2, MKS; Zebur 37:34).

5, 6. a) Halklar haýsy manyda Ýehowa tarap eňerler? b) Özümize haýsy soraglary bermeli?

5 Ýehowanyň ruhy ybadathanasynda halklar tutuşlygyna sežde etmeseler-de, şol halklardan millionlarça adamlar sežde edýärler. Ýehowa Hudaýyň häsiýetleri we söýgüden doly niýeti baradaky bilim olary tolgundyrdy. Netijede, olar Hudaýyň islegini kiçigöwünlilik bilen öwrenmäge başladylar. Olar mezmurçy ýaly doga edýärler: «Yradaňy berjaý etmegi maňa öwret, çünki Sen meniň Hudaýymsyň» (Zebur 143:10).

6 Şu günler Ýehowa adamlaryň uly märekesini sežde etmek üçin birikdirýär. Sen özüňi şolaryň arasynda görýäňmi? Hudaýyň Sözünden maslahatlary kabul edişiň, şol maslahatlaryň Ýehowadandygyna düşünýändigiňi görkezýärmi? Sen «Onuň ýollaryndan ýöremegi» ýüregiňe düwdüňmi?

Agzybir sežde etmäge nämeler kömek edýär?

7. a) Ahyrsoňy kimler agzybir sežde eder? b) Ýehowa sežde edýän adamlara näme üçin haýal etmän goşulmaly we bu babatda başgalara nädip kömek edip bileris?

7 Ýehowa ähli paýhasly mahluklaryň agzybir hakyky sežde etmegini isleýär. Biz olaryň ýeke-täk hak Hudaýa sežde etjek gününe, gör, nähili garaşýarys! (Zebur 103:19—22). Ýöne Ýehowa ilki bilen adyl islegini ýerine ýetirmeýänleriň hemmesini ýok eder. Ýer ýüzüniň ähli künjeginde ýaşaýan adamlar durmuşyny düzeder ýaly, ol mähribanlyk bilen niýetini öňünden aýdýar (Işaýa 55:6, 7). Şonuň üçin şu günler «her millete we taýpa, her dile we her halka» gyssagly çagyryş aýdylýar: «Hudaýdan gorkuň! Ony şöhratlandyryň! Çünki Onuň höküm sagady geldi. Gögi, ýeri, deňzi we suw bulaklary Ýaradana sežde ediň!» (Ylham 14:6, 7). Sen şu çakylygy kabul etdiňmi? Kabul eden bolsaň, onda sende ajaýyp mümkinçilik bar. Başga adamlara hem hak Hudaýy tanadyp, oňa sežde etmäge çagyryp bilersiň.

8. Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny öwrenip, soňra näme etmäge jan etmeli?

8 Ýehowa gullukçylarynyň diňe dilinde iman edip, iş ýüzünde bolsa öz bähbitlerini gözlemegini asla islänok. Ýehowa adamlaryň «Hudaýyň isleginiň bilimine» ýetip, bu bilimiň olaryň durmuşyna täsir etmegini isleýär (Koloseliler 1:9, 10). Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlary bilen tanşyp, minnetdar adamlar Isanyň şägirdi hökmünde ruhy taýdan ýetişen bolmak isleýärler. Olar Ýehowany has gowy tanamaga, onuň Sözüne giň hem çuň düşünip, durmuşynda doly ulanmaga yhlas edýärler. Olar gökdäki Atamyzyň häsiýetlerinden görelde alyp, ähli zada Hudaýyň garaýşy ýaly garamaga jan edýärler. Netijede, olar şu günler Ýehowanyň bütin ýer ýüzi boýunça geçirýän halas ediş işine yhlasly gatnaşýarlar. Eýsem, sende şeýle isleg barmy? (Markus 13:10; Ýewreýler 5:12—6:3).

9. Şu günler hakyky agzybirlik nädip gazanylýar?

9 Mukaddes Ýazgylar Ýehowanyň gullukçylarynyň agzybir halk bolmalydygyny görkezýär (Efesliler 4:1—3). Biz agzala dünýäde ýaşasak-da, kämilsizlige garşy göreşsek-de, şu günler şeýle agzybirlik bolaýmaly. Isa şägirtleriniň hemmesiniň bir bolmagy, ýagny hakyky agzybirligi barada ýürekden doga etdi. Isa nämäni göz öňüne tutduka? Birinjiden, Ýehowa we onuň Ogly bilen gowy gatnaşykda bolmaly. Ikinjiden, bir-biriniň arasynda agzybirlik bolmaly (Ýahýa 17:20, 21). Şeýle agzybir sežde etmäge mesihçileriň ýygnagy kömek edýär: Ýehowa hut şol arkaly halkyna öwüt-ündew berýär.

Agzybir bolmak üçin nämeler etmeli?

10. a) Sowallara jogap bermek üçin Mukaddes Ýazgylary ulansak, nähili häsiýetleri ösdürýäris? b) Şu abzasdaky soraglaryň kömegi bilen mesihçilere agzybir bolmaga kömek edýän sebäpleri gözden geçiriň.

10 Şu ýerde agzybir sežde etmäge kömek edýän ýedi sany esasy sebäp agzalýar. Soraglara jogap bereňde, olaryň hersi seniň Ýehowa bilen hem-de imandaşlaryň bilen gatnaşygyňa nähili täsir edýändigi barada oýlan. Şol ýedi sebäbiň we aýatlaryň üstünde oýlansaň, saňa Hudaýa ýaraýan akyldarlygy, düşünjäni we sagdyn paýhasy ösdürmäge kömek eder, elbetde, bu häsiýetler biziň hemmämize gerek (Süleýmanyň tymsallary 5:1, 2; Filipililer 1:9—11). Geliň, bu ýedi sebäbe seredeliň.

1. Ýehowanyň nämäniň ýagşydygyny we nämäniň ýamandygyny çözmäge haklydygyna düşünýäris. «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda Ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular» (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6).

Bir karara gelenimizde näme üçin Ýehowanyň maslahatyna hem-de görkezmesine eýermeli? (Zebur 146:3—5; Işaýa 48:17).

2. Hudaýyň Sözi bize ýol görkezýär. «Çünki siz Hudaýyň sözüni bizden eşidip kabul edeňizde muny adam sözi hökmünde däl-de, hakykatda bolşy ýaly, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiňiz. Siz imanlylarda işleýän söz budur» (1 Selanikliler 2:13).

Bir karara gelenimizde ýüregiň diýenini etmek näme üçin howply? (Süleýmanyň tymsallary 14:12; Ýeremiýa 10:23, 24; 17:9).

Käbir ýagdaýlarda Mukaddes Ýazgylaryň näme etmegi maslahat berýänini bilmesek, näme etmeli? (Süleýmanyň tymsallary 2:3—5; 2 Timoteos 3:16, 17).

3. Biziň hemmämiziň ruhy iýmitimiz birmeňzeş. «Seniň ähli ogullaryň Rebbiň bilimini alar» (Işaýa 54:13). «Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň. Käbirleriň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam ol günüň [Armageddonyň] golaýlaýandygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň» (Ýewreýler 10:24, 25).

Ýehowanyň berýän ruhy iýmitiniň gadyryny bilýän adamlar nähili bereketler alýarlar? (Işaýa 65:13, 14).

4. Biziň Ýolbaşçymyz adam däl-de, Isa Mesih. «Siz özüňize «Rebi, Rebi» diýdirmäň; çünki siziň Mugallymyňyz birdir, siziň baryňyz dogansyňyz. Ýer ýüzünde hiç kime «Ata» diýmäň; çünki siziň Ataňyz birdir, Ol gökdedir. Özüňize «Ýolbaşçy» diýdirmäň; çünki siziň Ýolbaşçyňyz birdir, Ol Mesihdir» (Matta 23:8—10).

Aramyzdan kimdir biri özüni beýlekilerden ýokary tutmalymy? (Rimliler 3:23, 24; 12:3).

5. Biz Hudaýyň Patyşalygynyň adamzat üçin ýeke-täk umytdygyna ynanýarys. «Şonuň üçin şeýle doga ediň: «Eý göklerdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun, Patyşalygyň gelsin; Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn». Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler» (Matta 6:9, 10, 33).

Biz «öňürti Patyşalygy agtarsak», agzybir bolmaga nädip kömek eder? (Mika 4:3; 1 Ýahýa 3:10—12).

6. Mukaddes ruh Ýehowanyň gullukçylarynda mesihi agzybirlik üçin gerekli häsiýetleri döredýär. «Ruhuň miwesi bolsa söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr» (Galatýalylar 5:22, 23).

Bizde Hudaýyň ruhunyň miwesi bolar ýaly, näme etmeli? (Resullaryň işleri 5:32).

Bizde Hudaýyň ruhy bolsa, imandaşlar bilen gatnaşyga nähili täsir edýär? (Ýahýa 13:35; 1 Ýahýa 4:8, 20, 21).

7. Hudaýa hakykatda sežde edýän adamlaryň ählisi Patyşalyk barada wagyz edýärler. «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» (Matta 24:14).

Wagyz etmäge bizi näme höweslendirmeli? (Matta 22:37—39; Rimliler 10:10).

11. Mukaddes Ýazgylardaky hakykat boýunça ýaşasak, näme peýdasy bar?

11 Biz Ýehowa agzybir sežde edip, oňa ýakynlaşýarys hem-de imandaşlar bilen dostlukly gatnaşýarys. Zebur 133:1-de şeýle diýilýär: «Doganlaryň bile [«agzybir», TD] ýaşamagy, gör, nähili gowy, nähili ýakymly!» Bu dünýäniň nebsewürligini, ahlaksyzlygyny we zorlugyny az wagtlaýyn bolsa-da unudyp, Ýehowany ýürekden söýýän we onuň kanunlaryna boýun bolýan doganlar bilen gürrüňdeşlik göwnüňi göterýär!

Agzalalykdan ägä boluň!

12. Garaşsyz bolmakdan näme üçin ägä bolmaly?

12 Bütin dünýädäki doganlaryň arasynda gadyrly agzybirligi saklamak üçin, agzalalykdan seresap bolmaly. Agzalalygyň bir görnüşi — Hudaýdan we onuň kanunlaryndan garaşsyz bolmak. Ýehowa şeýle garaşsyzlygyň başyny başlan Şeýtan Iblisi paş edip, şol garaşsyzlykdan gaça durmaga kömek edýär (2 Korintoslylar 4:4; Ylham 12:9). Adam ata bilen Howa ene Şeýtanyň täsirine düşüp, Hudaýyň görkezmesini äsgermän, onuň islegine garşy gitmegi ýüregine düwdi. Şeýlelik bilen, olar özlerini hem-de bizi uly betbagtçylyga sezewar etdiler (Barlyk 3:1—6, 17—19). Hudaýdan we onuň kanunlaryndan garaşsyz bolmak — bu dünýäde giňden ýaýran. Şol sebäpli biz özümizdäki garaşsyz bolmak islegini ýeňmeli.

13. Hudaýyň adalatly täze dünýäsinde ýaşamaga taýýarlanýandygymyz nämeden görünýär?

13 Geliň, mysal hökmünde Ýehowanyň tolgundyryjy wadasyna seredeliň. Hudaý bu zalym dünýäniň ýerine «dogrulyk höküm sürjek» täze gögi we täze ýeri wada berýär (2 Petrus 3:13). Eýsem, dogrulyk höküm sürjek wagty ýaşamak üçin häzirden taýýarlyk görmeli dälmi näme? Eger häzirden taýýarlyk görmeli bolsak, onda Injildäki maslahata eýereris: «Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň. Biri bu dünýäni söýýän bolsa, onda Atanyň söýgüsi ýokdur» (1 Ýahýa 2:15). Şol sebäpli biz bu dünýä ýaly garaşsyzlyga, nebse, ahlaksyzlyga we zorluga kowalaşmakdan ägä bolmaly. Kämilsizlik Hudaýa ýaramaýan zady etdirjek bolsa-da, biz Ýehowa gulak asyp, boýun bolmagy ýüregimize düwdük. Şol sebäpli biz bütin durmuşymyz bilen bar pikirimiziň we islegimiziň Hudaýyň islegini ýerine ýetirmekdigini görkezýäris (Zebur 40:8).

14. a) Ýehowanyň islegini häzirden öwrenip, şol boýunça ýaşamak näme üçin wajyp? b) Abzasdaky aýatlar saňa nähili täsir edýär?

14 Zalym dünýäni we onuň tarapdarlaryny ýok etmek üçin bellenen wagt gelende, Ýehowa haýallyk etmez. Henizem bu dünýä ýapyşyp, Hudaýyň islegini o diýen höwes bilen öwrenip, şoňa laýyklykda ýaşasy gelmeýän adamlar üçin Ýehowa wagty soňa goýar ýa şolara görä bolar diýip tama etmeli däl. Häzir tüýs dogumly bolmagyň wagty! (Luka 13:23, 24; 17:32; 21:34—36). Ýehowanyň Sözüniň we guramasynyň üsti bilen berýän nesihatlaryny gymmat saýyp, onuň ýoly bilen agzybirlikde ýöreýän uly märekäni görmek, ne ajaýyp! Ýehowa barada näçe köp bilsek, şonça-da ony söýüp, has-da köp gulluk edesimiz geler.

Gaýtalamak üçin soraglar

• Ýehowanyň sežde barada näme niýeti bar?

• Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlary bilen tanşyp, näme etmäge jan etmeli?

• Ýehowanyň beýleki sežde edijileri bilen agzybirligi saklamak üçin her birimiz nämeler etmeli?

[4-nji sahypadaky surat]

«Mylakatlylar ýeri miras alar, bol parahatlykda hezil eder»

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş