-
Ýehowa bil baglap ýaşaňGarawul diňi — 2018 | Noýabr
-
-
15, 16. a) Habakuk kitabynda nähili ajaýyp wadalar bar? b) Bu wadalar bizi nämä ynandyrýar?
15 Ýehowa Özüne bil baglaýan dogruçyl adamlara şeýle wada berýär: «Dogruçyl iman bilen ýaşar... bütin ýer ýüzi-de, Rebbiň şöhraty hakyndaky bilimden dolar» (Hab. 2:4, 14). Hawa, Hudaýa sabyrlylyk bilen bil baglaýan adamlar ebedi ýaşaýyş sylagyna eýe bolar.
-
-
Ýehowa bil baglap ýaşaňGarawul diňi — 2018 | Noýabr
-
-
17. Habakuk kitaby bizi nämä ynandyrýar?
17 Habakuk kitabyndan biziň ählimiz köp zatlary öwrenýäris. Ýehowa Özüne iman edýän we bil baglaýan her bir dogruçyl adamyň ebedi ýaşaýşa gowuşjakdygyny wada berýär. Şonuň üçin, geliň, nähili kynçylyk ýa-da alada bizi gurşap alsa-da, Hudaýa bolan imanymyzy berkitmegi we Oňa bil baglamagymyzy dowam edeliň. Ýehowa Habakuk pygamber arkaly bizi goldajakdygyna we gorajakdygyna ynandyrýar. Ol bizi mähir bilen özüne bil baglamaga we Patyşalygy astynda bütin ýer ýüzüniň pesgöwünli we bagtly gullukçylaryndan doljak wagtyna sabyrly garaşmaga çagyrýar (Mat. 5:5; Ýew. 10:36—39).
-