16-NJY BAP
Agzybir halk
YSRAÝYLLAR takmynan 1 500 ýyllap Ýehowanyň adyny göterýän halk boldy. Soňra Ýehowa «başga milletli adamlary saýlap, adyny göterjek halky döretdi» (Res. 15:14). Hudaýyň adyny göterjek halk dürli milletden, dürli ýurtdan bolsa-da, pikirinde, hereketinde agzybirligi saklamalydy. Şonda olar Hudaý hakda şaýatlyk edip, Isanyň şu tabşyrygyny ýerine ýetirip bilerdi: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdüriň. Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň» (Mat. 28:19, 20).
Siz dürli milletden ybarat agzybir halka goşuldyňyz. Olar milletine, tiresine, baý ýa garypdygyna garamazdan, agzybir ýaşaýarlar
2 Siz ömrüňizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürileniňizden soň, Isa Mesihiň şägirdi bolduňyz. Şeýdip, dürli milletden ybarat agzybir halka goşuldyňyz. Olar milletine, tiresine, baý ýa garypdygyna garamazdan, agzybir ýaşaýarlar (Zeb. 133:1). Şonuň üçin sizem ýygnagyňyzdaky dogan-uýalary söýýärsiňiz, her birine hormat goýýarsyňyz. Belki-de, bilimi, milleti, medeniýeti siziňkiden tapawutlanýan adamlary halaman, olar bilen gatnaşan dälsiňiz. Emma dogan-uýalara bolan söýgiňiz şu dünýädäki adamlaryň, dinleriň we maşgalalaryň arasyndaky söýgüden has güýçli (Mar. 10:29, 30; Kol. 3:14; 1 Pet. 1:22).
GARAÝŞYMYZY ÜÝTGEDELIŇ
3 Belki, käbirlerine adamlaryň milleti, at-abraýy, syýasy garaýyşlary tapawutlanýandygy we öňden galan ters pikirleri sebäpli olary söýmek kyn düşýändir. I asyrdaky ýewreý mesihçiler hem başga milletdäki adamlara bolan garaýşyny düzetmelidi. Bir gezek Ýehowa Petrus resula Rim goşunynyň ýüzbaşysy Korneliýiň öýüne gitmegi tabşyrýar. Petrus şol ýumşy edip biler ýaly, Ýehowa ony öňünden taýýarlaýar (Res. bap 10).
4 Hudaý Petrusa görnüş görkezip, ýehudylaryň haram hasaplaýan käbir haýwanlaryny öldürip iýmegi tabşyrýar. Emma Petrus boýun gaçyranda, gökden şeýle ses gelýär: «Hudaýyň halal hasaplaýan zatlaryna haram diýme» (Res. 10:15). Görnüş Petrusyň garaýşyny üýtgetdi, ol başga milletli adamlara wagyz etmelidigine düşündi. Petrus Ýehowanyň görkezmesine gulak asyp, Korneliýiň öýüne barýar. Ol oturan adamlara ýüzlendi: «Bilýän bolsaňyz, ýehudylara başga milletli adam bilen gatnaşmak bolmaýar. Emma Hudaý maňa hiç bir adamy haram hasaplamaly däldigini aýtdy. Şonuň üçin siziň öýüňize ýaýdanman geldim» (Res. 10:28, 29). Şondan soň Petrus resul Ýehowanyň Korneliýi we onuň öý-içerisindäkileri saýlandygyna göz ýetirdi.
5 Ýokary bilimli fariseý bolan Tarsusly Sawul hem garaýşyny üýtgedip, halamaýan adamlary bilen gatnaşmalydy. Ol hatda özüni kiçeldip, olaryň görkezmelerine hem eýermelidi (Res. 4:13; Gal. 1:13—20; Flp. 3:4—11). Başga-da köp adamlara garaýşyny üýtgetmek aňsat bolan däldir. Meselem, Sergus Pawlos, Diýonis, Damaris, Filimun, Onesim hoş habary kabul edip, Isa Mesihiň şägirdi bolmak üçin ters pikirlerini üýtgetmelidiler (Res. 13:6—12; 17:22, 33, 34; Flm. 8—20).
AGZYBIR ÝAŞAMAGA JAN EDELIŇ
6 Dogan-uýalaryň söýgüsi size Ýehowa we onuň guramasyna has-da ýakynlaşmaga kömek edendir. Siz Isa Mesihiň şägirtleriniň bir-birini hakykatdanam söýýändigini görensiňiz. Isa şägirtlerine: «Size täze tabşyryk berýärin: bir-biriňizi söýüň; meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem bir-biriňizi söýüň. Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýipdi (Ýah. 13:34, 35). Siz diňe ýygnagyňyzdaky däl-de, bütin dünýädäki dogan-uýalaryň bir-birini söýýändigini bileniňizde, Ýehowa we guramasyna hasam minnetdar bolýansyňyz. Soňky günlerde köp adamlaryň Ýehowa parahatlykda we agzybirlikde gulluk etjekdigi baradaky pygamberlik gözümiziň alnynda ýerine ýetýär (Mik. 4:1—5).
7 Şu günler adamlary agzala edýän zatlar köpelýär. Ýöne Hudaýyň «ähli milletden, taýpadan, halkdan we dilden bolan» gullukçylarynyň agzybirligi haýran galdyrýar (Ylh. 7:9). Tehnologiýanyň ösen ýurtlarynda ýaşaýan adamlar bilen gadymy döwrüň garaýşy bilen ýaşaýan tire-taýpalaryň arasynda uly tapawut bar. Şol bir milletli ýa-da tire-taýpaly adamlaryň arasynda din sebäpli dawa-jenjel bolýar. Milletparazlyk sebäpli syýasy çaknyşyklar köpelýär. Ýöne Hudaýyň halky milletine, diline, tire-taýpasyna, baý ýa garypdygyna garamazdan, agzala dünýäde birek-biregi söýýärler. Olary Gudratygüýçli Hudaý agzybir edýär (Zek. 4:6).
8 Siz ömrüňizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürileniňizden soň, Hudaýyň agzybir halkyna goşuldyňyz. Agzybirligi saklamak üçin Pawlus resulyň Galatýalylar 6:10-daky: «Mümkinçilik barka hemme adamlara, esasan-da, imandaşlara ýagşylyk edeliň» diýen maslahatyna eýermeli. Şeýle-de «hiç zady dawa-jenjel ýa-da ulumsylyk bilen etmän, gaýtam pesgöwünli bolmaly, başgalary özümizden ýokary saýmaly. Diňe öz peýdamyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözlemeli» (Flp. 2:3, 4). Biz dogan-uýalara daşyndan baha bermän, olara Ýehowanyň garaýşy ýaly garamagy öwrenmeli. Şonda olar bilen agzybir ýaşap, dostlaşarys (Efes. 4:23, 24).
BIREK-BIREGIŇ ALADASYNY EDELIŇ
9 Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, dogan-uýalar ýygnakda agzalalyk döretmän, gaýtam biri-biriniň ýürekden aladasyny etmeli (1 Kor. 12:14—26). Biz hatda başga ýurtda ýaşaýan imandaşlarymyzyň hem aladasyny edip bilýäris. Meselem, käbir dogan-uýalary yzarlanlarynda, olara gynanyp, ýüregimiz awaýar. Ýeter-ýetmezçilik, betbagtçylyk, uruş, gozgalaňlar sebäpli kösenýän dogan-uýalary goldamak, ruhlandyrmak, pul we el kömegini bermek üçin elimizde baryny edýäris (2 Kor. 1:8—11).
10 Biz her gün dogan-uýalar üçin Hudaýa doga etmeli, sebäbi olaryň käbirleri erbet höweslerini ýeňmek üçin her gün göreşýär. Käbir dogan-uýalaryň kynçylyklaryny bilýändiris, käbiriniňkini bolsa bilýän däldiris. Meselem, olara işdeşleri ýa-da maşgala agzalary azar berýändir (Mat. 10:35, 36; 1 Sel. 2:14). Biz bütin dünýädäki dogan-uýalaryň köp kynçylyklary başdan geçirýändigine gynanýarys (1 Pet. 5:9). Doganlar wagza, ýygnaklara gözegçilik etmek üçin agyr zähmet çekýärler. Käbiri bolsa bütin ýer ýüzünde alnyp barylýan wagyz işine gözegçilik edýärler. Biz käbir dogan-uýalara kömek edip bilmesek-de, olar üçin Ýehowa doga edip bileris. Şeýdip, olary söýýändigimizi, ýürekden aladasyny edýändigimizi görkezeris (Efes. 1:16; 1 Sel. 1:2, 3; 5:25).
11 Soňky günlerde köp kynçylyklar bolýandygy sebäpli, Ýehowanyň halky birek-birege kömek etmäge taýyn bolmaly. Käte ýertitreme we suw joşguny ýaly tebigy betbagtçylykdan kösenýän adamlara iň zerur zatlaryny ýetirmek üçin dogan-uýalaryň kömegi gerek bolýar. I asyrda Antakyýadaky mesihçiler bize gowy görelde görkezdiler. Olar Isa Mesihiň maslahatyna eýerip, Ýahudada açlyk bolanda dogan-uýalara gerek zatlaryny ýetirdiler (Res. iş. 11:27—30; 20:35). Soňra Pawlus resul Korinfdäki mesihçilere kömege mätäçlere berjek zatlaryny öňünden taýyn edip goýmagy maslahat berdi (2 Kor. 9:1—15). Şu günlerem betbagtçylyga uçran dogan-uýalara guramamyzam, her birimizem derrew kömek etmäge jan edýäris.
ÝEHOWANYŇ ISLEGINI ÝERINE ÝETIRELIŇ
12 Bütin dünýäde Ýehowanyň agzybir halky oňa guramaçylykly gulluk edýär. Ýehowa Patyşalyk baradaky hoş habaryň dünýäniň ähli künjeginde hemme milletlere wagyz edilmegini isleýär (Mat. 24:14). Şeýle-de ol biziň kada-kanunlary boýunça ýaşamagymyzy isleýär (1 Pet. 1:14—16). Biz birek-birege ýürekden tabyn bolup, hoş habaryň ýaýramagy üçin elimizde baryny etmeli (Efes. 5:21). Häzir öz islegimizi däl-de, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmaly (Mat. 6:33). Hoş habary agzybirlikde wagyz etsek, häzirden bagtly bolarys, gelejekde-de aljak bereketlerimiziň sany-sajagy bolmaz.
13 Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýa yhlasly gulluk edýän iň arassa halk (Tit. 2:14). Biz Ýehowa sežde edýändigimiz üçin beýleki adamlardan tapawutlanýarys. Biz bütin dünýädäki dogan-uýalar bilen diňe bir eginme-egin işleşmän, eýsem ählimiz bir dilde, ýagny hakykat dilinde gepleşýäris. Şeýle-de biz öwredýän zatlarymyza görä ýaşaýarys. Ýehowa Sepanýa pygamber arkaly: «Men milletleriň dilini üýtgedip, olara arassa dilde geplemegi öwrederin. Şonda olaryň hemmesi Ýehowanyň adyny çagyrarlar, Hudaýa agzybir gulluk ederler» diýdi (Sep. 3:9).
14 Sepanýa pygamberiň aýdan sözleri Ýehowanyň halkyny gowy suratlandyrýar. Ol şeýle diýdi: «Ysraýylyň aman galanlary erbetlik etmez, ýalan sözlemez, agzyndan hileli sözler çykmaz. Olar iýip doýarlar, hiç kimden gorkman rahat ýatarlar» (Sep. 3:13). Biz Hudaýyň Sözüne has gowy düşünip, garaýşymyzy üýtgedip, Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşap, dogan-uýalar bilen agzybir gulluk edýäris. Biz Hudaýyň kömegi bilen adamyň başarmajak zadyny edýäris. Dogrudanam, biz bütin ýer ýüzünde Ýehowanyň adyny şöhratlandyrýan ýeke-täk halk (Mik. 2:12).