-
Zakarýanyň gören görnüşi size nähili täsir edýär?Garawul diňi — 2017 | Oktýabr
-
-
16. a) Zakarýa görnüşiň ikinji böleginde näme görýär? (Makalanyň başyndaky üçünji surata serediň). b) Görnüşdäki ganatly aýallar küýzäni nirä alyp gidýärler?
16 Görnüşiň ikinji böleginde ganatlary leglegiň ganaty ýaly bolan iki aýal barada aýdylýar (Zakarýa 5:9—11-nji aýatlary okaň)e. Bu aýallar küýzäniň içindäki aýaldan düýbünden tapawutlanýardy. Olar şemala ganatlaryny ýaýyp, aşak inýärler-de, içi «şerli» küýzäni alyp gidýärler. Olar ony nirä alyp gitdilerkä? Küýzäni «Şingar ýurduna» ýa-da Wawilona alyp gidýärler. Näme üçin?
17, 18. a) Näme üçin Şingar ýurduna «şeriň», ýagny erbetligiň «öz ýeri» diýse bolýar? b) Biz erbetlige nähili garamaly?
17 Zakarýanyň günlerinde Şingar ýurdy ysraýyllylara erbetlikden goranmaga mümkinçilik berýärdi. Zakarýa hem-de onuň döwürdeşleri Wawilonyň öz döwründe zalymlygyň mekany bolandygyny tassyklap bilerdiler. Sebäbi olar her gün bütinleý butparazlyga ýugrulan şäheriň ýaşaýjylarynyň erbet täsirine garşy göreşmeli bolýardylar. Ýehowanyň arassa seždäni dikeltjekdigine güwä geçýän görnüşi görkezmegi olara, gör, nähili teselli berendir!
18 Emma bu görnüş ýehudylara arassa seždäni dikeltmäge borçludyklaryny hem ýatladýardy. Ýehowanyň halkynyň arasynda «şere», ýagny erbetlige orun berilmeli däldi. Biz hem Ýehowanyň goraýan we söýgi bilen aladamyzy edýän arassa guramasynyň agzasy bolanymyz üçin ony arassa saklamaga jogapkär. Eýsem, biz Hudaýyň «öýüni» arassa saklamaga jan edýärismi? Erbetligiň islendik görnüşine ruhy jennetimizde orun ýokdur.
-