Ýehowa adalaty söýýändir
«Men, Ýehowa, adalaty söýýärin» (IŞAÝA 61:8).
1, 2. a) «Adalatlylyk» we «adalatsyzlyk» diýen sözleriň manysy näme? b) Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa we onuň adalatlylyk häsiýeti barada näme diýilýär?
ADALATLYLYK — adalatly bolmaklygy, hakykata dogry gelijiligi, tarapgöýsizligi, parasatlygy we paýhaslylygy aňladýar. Adalatsyzlyk bolsa, kimdir birine ynsapsyz, ýüzgörüji, nähak ýere zyýan ýetirmegi aňladýar.
2 Musa pygamber takmynan 3 500 ýyl mundan öň, Älemiň eýesi Ýehowa barada şeýle diýdi: «Onuň ähli ýollary adyldyr. Hudaý wepalydyr, onda nähaklyk ýokdur» (Kanunyň gaýtalanyşy 32:4). VII asyr geçenden soň, Işaýa pygamber Hudaýyň ylhamy bilen şeýle sözleri ýazdy: «Men, Ýehowa, adalaty söýýärin» (Işaýa 61:8). B. e. I asyrynda Pawlus resul: «Hudaýyň ýanynda adalatsyzlyk barmy? Ýokdur!» diýip, ynam bilen aýtdy (Rimliler 9:14). Şol döwürde ýaşan Petrus resul hem şeýle ýazýar: «Men, dogrudan, Hudaýyň hiç kimi ala tutman, eýsem her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýändigine göz ýetirdim» (Resullaryň işleri 10:34, 35). Görşümiz ýaly, «Reb haky söýýändir» (Zebur 37:28; Malaki 3:6).
Adalatsyzlyk höküm sürýär
3. Ýer ýüzünde adalatsyzlyk nädip peýda boldy?
3 Şu günler adalatlylyga örän seýrek duş gelýäris. Emma adalatsyzlyga bolsa ähli ýerde, işde, mekdepde, hökümet ýolbaşçylary bilen iş salşanda, hatda maşgalada-da duş gelýäris. Elbetde, şeýle adalatsyzlyk täzelik däl. Adam ata bilen How ene Hudaýa garşy çykyp, onuň kanunyny bozanlarynda, adalatsyzlyk peýda bolýar. Muňa olary pitneçi perişde Şeýtan Iblis iterýär. Adam ata, How ene we Şeýtan Ýehowanyň beren ajaýyp sowgady bolan erkinligi nädogry ulanyp, adalatsyzlyk etdiler. Olaryň eden nädogry hereketi aýylganç horluga we bütin ynsan maşgalasyny ölüme eltdi (Barlyk 3:1—6; Rimliler 5:12; Ýewreýler 2:14).
4. Adamzat taryhynda adalatsyzlyk haçandan bäri höküm sürýär?
4 Erem bagynda pitne turandan bäri alty müň ýyl geçdi, şondan bäri adalatsyzlyk adamzat jemgyýetiniň üstünden höküm sürýär. Muňa geň galmaly däl, sebäbi Şeýtan Iblis bu dünýäniň taňrysydyr (2 Korintoslylar 4:4). Ol ýalançy, ýalanyň atasy, töhmetçi we Ýehowanyň duşmany (Ýahýa 8:44). Şeýtan hemişe elhenç adalatsyzlyk edýärdi. Meselem, Nuhuň tupanyndan öň, Şeýtanyň ýetiren käbir erbet täsirini Hudaý «adamyň erbetliginiň ýer ýüzünde köpdügini we ýüreginiň pikir-hyýalynyň günuzyn diňe erbetlikdigini gördi» (Barlyk 6:5). Şeýle ýagdaý Isanyň günlerinde-de bardy. Ol adalatsyzlyk zerarly döreýän horluklary göz öňünde tutup: «Her günüň derdi özüne ýeterlikdir» diýdi (Matta 6:34). Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylarda: «Bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli birlikde ah çekip, birlikde burgusynyň tutup ýatanyny bilýäris» diýip, ýöne ýere aýdylmaýar (Rimliler 8:22).
5. Näme üçin şu günler adalatsyzlyk öňküden has köpeldi?
5 Adalatsyzlyk sebäpli erbetlik adamzat taryhynda ýyllar boýy dowam edýär. Häzirki ýagdaý öňküdenem erbetleşdi. Näme üçin? Birnäçe onýyllykdan bäri biz «soňky günleriň kyn pursatlarynda» ýaşaýarys, çünki bu dünýäniň soňy ýetip gelýär. Mukaddes Ýazgylarda şu döwrüň ýaşaýjylary barada: «Adamlar özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, küpür gürleýji... gadyr bilmez, mukaddeslikden mahrum, doňýürek, barlyşyksyz, myjabatçy, nebsine buýurmazak, zalym we ýagşylyga duşman bolar. Dönük, ätiýaçsyz, gopbamsy... bolar» diýip, öňünden aýdyldy (2 Timoteos 3:1—5). Şeýle erbet häsiýetler zerarly adalatsyzlygyň ähli görnüşleri edilýär.
6, 7. Şu günki adamzat maşgalasy nähili adalatsyzlykdan ejir çekýär?
6 Adalatsyzlyk geçen asyrlara garanyňda, soňky asyrlarda has-da güýçli höküm sürýär. Onuň bir sebäbi, soňky asyrlarda örän köp uruşlar boldy. Meselem, Ikinji Jahan urşunda elli-altmyş milliona golaý adam wepat boldy. Olaryň köpüsi bigünä raýatlar — erkek adamlar, aýallar we çagalardy. Häzir şeýle uruşlar bolmasa-da, her hili dawalar sebäpli on milliondan gowrak adamlar ölýär, olaryň köpüsi-de parahat ýaşaýan ilat. Şeýtan Ýehowanyň ony tizden ýok etjekdigini bilip, gahar-gazaba münüp, şeýle adalatsyzlygy has-da güýçlendirýär. Mukaddes Ýazgylarda bu barada şeýle diýilýär: «Iblis wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, siziň üstüňize geldi» (Ylham 12:12).
7 Her ýylda uruş üçin üç trillion dollardan gowrak pul harç edilýär. Ýüzlerçe million adamlarda bolsa ýaşaýyş üçin iň gereklije zatlary hem ýok. Eger şol pullar asuda ýaşaýyş üçin harçlanan bolsa, onuň nähili peýda getirjekdigi barada oýlanyp görüň. Birnäçe adamlar bolçulykda ýaşaýarlar, emma bir milliarda golaý adamlara iýmit ýetmezçilik edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň hasabat bermegine görä, her ýyl bäş milliona golaý çaga açlykdan ýaňa biwagt aradan çykýar. Nähili adalatsyzlyk! Şeýle-de ençeme bigünä bäbekler abort sebäpli ölýär. Bütin dünýäde her ýyl kyrk milliondan altmyş milliona golaý abort edilýär! Gör, nähili elhenç adalatsyzlyk!
8. Hakyky adalatlylygy adamzada kim berip biler?
8 Adamlaryň şu günki agyr kynçylyklaryny adamzat hökümdarlygy çözüp bilmeýär. Ynsan tagallalary geljekde-de üstünlik gazanmaz. Hudaýyň Sözünde biziň günlerimiz barada şeýle welilik edilýär: «Emma erbet, kezzap adamlar aldap hem aldanyp, erbetlikde ýene ilerlär» (2 Timoteos 3:13). Adalatsyzlyk adamlaryň üstünden hemişe höküm sürýärdi, adam muny düzedip bilmez. Ony diňe adalatly Hudaý düzedip biler. Sebäbi Şeýtany, onuň jynlaryny we zalym adamlary diňe Ýehowa ýok edip biler (Ýeremiýa 10:23, 24).
Adalatsyzlyga dogry garaýyş
9, 10. Asaf näme üçin ruhdan düşýär?
9 Hudaýyň köp wagtlap ynsan işine goşulmandygyna we adalaty dikeltmändigine, hatda Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlaryň käbiri-de geň galýarlar. Mukaddes Ýazgylaryň ýazylan döwründe ýaşan bir adamyň mysalyna seredeliň. 73-nji mezmury Asaf ýazdy diýilýär. Diýmek, bu mezmury Dawut patyşanyň döwründe ýaşan lewili sazanda Asaf ýa-da onuň sazanda nesilleri ýazan bolmaly, Asaf olaryň ýolbaşçysydy. Asaf we onuň nesilleri Hudaýa ybadat edende aýdylýan ençeme saz eserlerini ýazdylar. Ýöne bir sapar, Asaf mezmurçy ruhdan düşýär. Ol erbet adamlaryň baý ýaşaýşyny görüp, hamana olar durmuşyndan razy, eden etmişleri üçin jogap bermeýän ýaly bolup görünýär.
10 Biz Zebur 73:2—8-nji aýatlarda şeýle sözleri okaýarys: «Erbetleriň parahatlykdadygyny görüp, tekepbirlere bahyllyk etdim. Olara ölýänçäler ezýet çekme ýok, bedenleri semiz. Ynsan çekýän aladasy olarda ýok, beýleki ynsanlar bilen bile olara mergi degmeýär». Emma soňra Asaf şeýle garaýşyň nädogrudygyna düşünýär (Zebur 73:15, 16). Ol näme üçin erbetleriň etmişine jeza berilmeýändigine we köplenç dogry adamlaryň horluk çekýändigine doly düşünmese-de, garaýşyny düzetmäge jan edýär.
11. Wagtyň geçmegi bilen Asaf nämä düşünýär?
11 Wagtyň geçmegi bilen wepaly Asaf Ýehowanyň ahyrsoňy erbet adamlary jezalandyryp, adalaty üstün çykarjakdygyna düşünýär (Zebur 73:17—19). Mezmurçy Dawut şeýle ýazýar: «Rebbe umyt bagla, Onuň ýoluny sakla. Ýeri miras almagyň üçin Ol seni beýgelder; sen erbetler kesilip taşlananda görersiň» (Zebur 37:9, 11, 34).
12. a) Ýehowanyň erbetlik we adalatsyzlyk babatda nähili islegi bar? b) Size adalatsyzlyk sebäpli döreýän kynçylyklaryň çözülmegi nähili täsir edýär?
12 Ýer ýüzündäki erbetlikleri we adalatsyzlygy Ýehowanyň öz wagtynda ýok etjekdigi şübhesiz. Bu barada hatda wepaly mesihçiler-de hemişe özüne ýatladyp durmaly. Ýehowa özüne garşy gidýänleri ýok eder, islegine görä ýaşaýanlary bolsa sylaglar. Zebur 11:4—7-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Onuň gözleri garaýar, gabaklary ynsan ogullaryny barlaýar. Reb dogry adamy synaýandyr, ýöne erbet adamy, zorlugy söýýäni ýigrenýändir. Ol erbetleriň üstüne közler ýagdyrar... ot, kükürt we ýandyryjy ýel bolar. Çünki Reb dogrudyr; Ol dogry işleri söýýändir».
Adalatly täze dünýä
13, 14. Näme üçin täze dünýäde dogrulyk we adalatlyk höküm sürer?
13 Ýehowa Şeýtanyň höküm sürýän adalatsyz dünýäsini ýok edenden soň, ajaýyp täze dünýäni dikelder. Bu Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň hökümdarlygy astynda bolar. Isa şägirtlerine şol Patyşalyk barada doga etmegi öwredipdi. Erbetligiň we adalatsyzlygyň deregine, dogrulyk hem adalatlyk höküm sürer. Şonda biz: «Patyşalygyň gelsin; gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» diýen dogamyza doly jogap alarys (Matta 6:10).
14 Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, biz şu günler ähli ýumşak adamlaryň isleýän hökümdarlygyna garaşýarys. Şeýle hökümdarlyk gelende Zebur 145:16-daky: «Eliňi açyp, ähli dirileri islegleri boýunça doýurýarsyň» diýen sözler doly ýerine ýeter. Şeýle-de Işaýa 32:1-de: «Ine, patyşa [gökdäki Isa Mesih] dogry hökümdarlyk eder we hormatlanylýan şazadalary [Isanyň ýerdäki wekilleri] adalatly höküm sürer» diýilýär. Işaýa 9:7-de Patyşamyz Isa Mesih barada şeýle pygamberlik edilýär: «Dawudyň tagtynda we Hudaýyň Patyşalygynda onuň hökümdarlygynyň hem parahatlygynyň çägi bolmaz, ony häzirden tä ebede çenli adalatlyk hem-de dogrulyk bilen berkidip, güýçlendirer. Muny goşunlar Hudaýy Ýehowanyň yhlasy eder». Siz özüňizi Mesihiň adalatly hökümdarlygynyň astynda ýaşajaklaryň arasynda görýärmisiňiz?
15. Ýehowa täze dünýäde adamlar üçin näme eder?
15 Hudaýyň täze dünýäsinde Wagyzçy 4:1-däki sözleri aýtmagyň hiç hili geregi bolmaz. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Men öwrülip, güneş astynda edilýän ähli zulumlyklary gördüm; ine, jebir çekýänleriň gözýaşlary! Ýöne olara teselli berýän ýok. Olaryň güýji zulum edýänleriň elinde, olara teselli berýän ýok». Bikämildigimiz sebäpli, bize adalatly ajaýyp täze dünýäni göz öňüne getirmek kyn. Ol ýerde erbetlik bolmaz, oňa derek her gün gowy zatlardan doly bolar. Hawa, Ýehowa ähli betbagtçylygy ýok eder, şeýtmek bilen, biziň edýän ähli arzuwymyzdan-da artyk bolar. Ýehowa Hudaý tarapyndan ylhamlanyp, Petrus resulyň: «Biz Onuň wadasyna görä täze göklere, täze ýere garaşýarys; olarda bolsa dogrulyk höküm sürer» diýen sözleri nähili ýerlikli (2 Petrus 3:13).
16. Haýsy manyda «täze gökler» berkarar edildi we şu günler «täze ýeriň» binasy nädip gurulýar?
16 «Täze gökler», ýagny Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astyndaky Hudaýyň gökdäki hökümeti, eýýäm berkarar boldy. Şu soňky günlerde dogry adamlardan «täze ýer», ýagny ýerdäki täze jemgyýetiň düýbi tutulýar. Bu dogry adamlaryň sany ýedi milliona golaý we olar ýüz müň ýygnakdan ybarat bolup, takmynan 235 döwletde güwälik edýärler. Olar Ýehowanyň dogry we adalatly ýollaryny öwrendiler, şol sebäpli olar mesihçi söýgä esaslanan halkara doganlyga begenýärler. Olaryň agzybirliginiň deňi-taýy ýok, çünki dünýä taryhy şeýle agzybirligi hiç haçan gören däldir, bu Şeýtana gulluk edýänleriň hiç birine mahsus däl. Bu söýgi we agzybirlik Hudaýyň täze dünýäsiniň täsin wagty barada, dogry hem adalatly hökümdarlygyň boljakdygyny habar berýär (Işaýa 2:2—4; Ýahýa 13:34, 35; Koloseliler 3:14).
Şeýtanyň hüjümi üstünlikli bolmaz
17. Ýehowanyň halkyna garşy Şeýtanyň soňky hüjümi näme üçin şowsuz bolar?
17 Tizden Şeýtan we onuň ýaranlary Ýehowanyň gullukçylaryna garşy hüjüm edip, olary ýok etjek bolar (Ezekiýel 38:14—23). Bu «uly muşakgatda» bolar. Isa ol döwür barada şeýle diýdi: «Beýle muşakgat dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli ne bolandyr, ne-de bolar» (Matta 24:21). Şeýtanyň hüjümi üstünlikli bolarmy? Ýok. Hudaýyň Sözi bizi şeýle ynandyrýar: «Reb haky söýýändir we Öz takwalaryny terk edýän däldir. Olar ebedi saklanar, ýöne erbetleriň zürýady kesilip taşlanar. Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:28, 29).
18. a) Şeýtan Ýehowanyň halkyna hüjüm edende, Ol näme eder? b) Bize Mukaddes Ýazgylardaky adalatlygyň üstün çykjakdygyna seretmek näme üçin peýdaly boldy?
18 Bu Şeýtanyň we onuň ýaranlarynyň Ýehowanyň gullukçylaryna garşy iň soňky hüjümi bolar. Ýehowa barada Zakarýa şeýle welilik etdi: «Çünki size degen onuň gözüniň görejine degen ýalydyr» (Zakarýa 2:8). Bu kimdir biriniň Ýehowanyň gözüniň görejine barmagyny dürten ýaly bolýandygyny aňladýar. Ýehowa tiz seslener we duşmanlaryny ýok eder. Ýehowanyň gullukçylary söýgüsi, agzybirligi bilen tapawutlanýarlar, olar ýer ýüzünde iň parahat, kanuna gulak asýan adamlar hasaplanylýar. Şol sebäpli, Şeýtanyň olara garşy hüjümi nädogry we adalatsyzdyr. Ýehowa «haky söýýändir» we muňa çydamaz. Ol gullukçylarynyň bähbidi üçin halkynyň duşmanlaryny hemişelik ýok eder, adalatlylygy dikelder. Ýeke-täk hak Hudaýa gulluk edýänler halas ediler we adalatlyk üstün çykar. Bize nähili ajaýyp we tolgundyryjy wakalar garaşýar! (Süleýmanyň tymsallary 2:21, 22).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Näme üçin adalatsyzlyk höküm sürýär?
• Ýehowa ýer ýüzündäki adalatsyzlygy nädip ýok eder?
• Sizde adalatlygyň üstün çykjakdygy nähili täsir galdyrýar?