Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/3 sah. 24—28
  • Bir süri, bir çopan

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Bir süri, bir çopan
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Täze halk
  • Ysraýyl halky diňe mesh edilenleri aňladýarmy?
  • Täze äht
  • Nyşanlardan kim datmaly?
  • «Olar meniň halkym bolar»
  • Siz patyşalar we ruhanylar bolarsyňyz
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Gökdäkileriň we ýerdäkileriň ýygymy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/3 sah. 24—28

Bir süri, bir çopan

«Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki taýpasynyň üstünden höküm çykararsyňyz». (MAT. 19:28)

1. Ýehowanyň Ybraýymyň nesilleri bilen nähili gatnaşygy bardy we bu Onuň özge milletleri äsgermezlik edendigini görkezýärmi?

ÝEHOWA Ybraýym pygamberi gowy görýärdi, şonuň üçin onuň nesillerine merhemet etdi. Ol on bäş asyrdan gowrak Ybraýymyň nesli bolan ysraýyllylaryň aladasyny edip, olary özüniň «gymmatly halky» etdi (Kanun taglymaty 7:6-ny okaň). Bu Ýehowanyň başga halklary äsgermezlik edendigini görkezýärmi? Ýok. Ýehowa hemişe Oňa sežde etmek isleýän özge milletlere gymmatly halkyna goşulmaga mümkinçilik berýär. Bu gelmişekler, ýagny ýehudy dinine geçenler Hudaýyň halky hasaplanýar. Ýehudylar olary öz dogany ýaly görmelidiler (Lew. 19:33, 34). Olar hem Ýehowanyň ähli kanunyny berjaý etmelidiler (Lew. 24:22).

2. Isa näme diýdi we bu nähili soraglary döredýär?

2 Emma Isa ýehudylara şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, Onuň miwelerini öndürjek millete berler» (Mat. 21:43). Bu millet, ýagny täze halk kim bolmalydy we bu bize nähili täsir edýär?

Täze halk

3, 4. a) Petrus resul täze halkyň kimdigini nädip düşündirdi? b) Täze halka kimler degişli?

3 Petrus resul imandaşlaryna şeýle ýazdy: «Siz özüňizi tümlükden ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmäge saýlanan nesil, Patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz» (1 Pet. 2:9). Görşümiz ýaly, ol täze halkyň kimdigini aýdyň düşündirýär. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Isany Mesih hökmünde kabul eden ýehudylar şol täze halkyň ilkinji agzalary boldy (Dan. 9:27a; Mat. 10:6). Soňra bu halka özge milletlerden hem ençeme adam goşuldy. Petrus olar barada şeýle diýdi: «Siz bir wagtlar halk däldiňiz, ýöne şindi Hudaýyň halkysyňyz» (1 Pet. 2:10).

4 Petrus mesihçileriň haýsy toparyna ýüzlendi? Ol hatynyň başynda şeýle diýdi: «(Hudaý)... Isa Mesihiň ölülerden direlmegi arkaly diri umyda gowuşmak üçin, size göklerde saklanan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz mirasy almak üçin biziň gaýtadan dogulmagymyzy üpjün etdi» (1 Pet. 1:3, 4). Diýmek, bu täze halka gökde ýaşamaga umyt edýän mesh edilen mesihçiler degişli. Olar «Hudaýyň Ysraýyly» (Gal. 6:16). Ýahýa resul bu ruhy Ysraýylyň 144 müň adamdan ybaratdygyny aýtdy. Olar «Hudaýa we Guza ynsanlar arasyndan satyn alyndy», «olar Mesihiň ruhanylary bolup, Onuň bilen bile müň ýyl höküm sürer» (Ylh. 5:10; 7:4; 14:1, 4; 20:6; Ýakup 1:18).

Ysraýyl halky diňe mesh edilenleri aňladýarmy?

5. a) «Hudaýyň Ysraýyly» kimi aňladýar? b) Näme üçin «Ysraýyl» sözüniň manysy çäkli däl?

5 Galatýalylar 6:16-da aýdylýan «Hudaýyň Ysraýyly» diňe mesh edilen mesihçileri aňladýar. Görşümiz ýaly, Ýehowa ysraýyl halkyny mysal hökmünde ulanypdyr. Ýöne bu halk diňe mesh edilenleri aňladýarmy? Munuň jogabyny Isanyň wepaly resullaryna aýdan şu sözlerinden bilse bolýar: «Siz Meniň Patyşalygymda saçagymyň başynda oturyp, iýip-içer ýaly, tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki taýpasynyň üstünden höküm çykarar ýaly, Atamyň Maňa belleýşi kimin, Men-de size bir patyşalyk belleýärin» (Luka 22:28—30). Bu sözler «täzeleniş», ýagny Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygy döwründe ýerine ýeter (Matta 19:28-i okaň).

6, 7. Matta 19:28 we Luka 22:29-njy aýatlardaky «Ysraýylyň on iki taýpasy» kimi aňladýar?

6 Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygynda 144 müň mesh edilen mesihçiler gökde patyşalar, ruhanylar we kazylar bolup gulluk ederler (Ylh. 20:4). Olar kimiň üstünden höküm çykaryp, patyşalyk eder? Matta 19:28 we Luka 22:29-njy aýatlarda olaryň «Ysraýylyň on iki taýpasynyň üstünden höküm çykarjagy» barada ýazylan. Bu aýatlardaky «Ysraýylyň on iki taýpasy» kimi aňladýar? Olar patyşa we ruhanylar toparyny däl-de, Isanyň töleg gurbanyna iman edip, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlary aňladýar. (Ysraýylyň on iki taýpasyna ruhanylar taýpasy lewiler girmeýär). Bu aýatlarda agzalýan Ysraýylyň on iki taýpasy 144 müň ruhanynyň berýän ruhy kömeginden peýdalanýarlar. Olar hem Hudaýyň halky hasaplanýar. Hudaý olary-da söýýär we kabul edýär. Şoňa görä-de, olaryň Hudaýyň gadymy halky bilen deňeşdirilmegi ýerliklidir.

7 Ýahýa resula 144 müň sany ruhy ysraýyllylaryň hemişelik möhürlenmegi görnüş arkaly aýan bolýar, soňra her milletden «uly märekäniň» agyr muşakgatdan çykyp gelýänini-de görýär (Ylh. 7:9). Olar agyr muşakgatda diri galyp, Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygy astynda ýaşarlar we direljek milliardlarça adamlar hem olara goşular (Ýahýa 5:28, 29; Ylh. 20:13). Göçme manyda, olar «Ysraýylyň on iki taýpasyny» aňladýar, Isa hem-de 144 müň hökümdar olaryň üstünden höküm çykarar, ýagny kazylyk eder (Res. iş. 17:31; 24:15; Ylh. 20:12).

8. Günäden saplanma güni 144 müň bilen başga adamlaryň arasyndaky baglanyşyk nähili görkezilýär?

8 Geçmişde Günäden saplanma güni berilýän gurbanlar häzirki 144 müň mesh edilenler bilen başga adamlaryň arasyndaky baglanyşygy görkezýär (Lew. 16:6—10). Günäden saplanma güni baş ruhany ilki «özüniň we maşgalasynyň» günäsi üçin bir öküzçe gurban berýärdi. Şonuň ýaly-da, Isanyň beren töleg gurbany ilki ruhanylar maşgalasyna, ýagny onuň bilen gökde gulluk etjekler üçin ulanylýar. Şeýle-de ol güni beýleki ysraýyllylaryň günäsi üçin iki erkeç gurban berilýärdi. Eger ruhanylar taýpasy mesh edilen 144 müň mesihçini aňladýan bolsa, onda galan ysraýyllylar ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlary aňladýar. Diýmek, «Ysraýylyň on iki taýpasy» ruhdan doglan ruhanylary däl-de, eýsem, Isanyň töleg gurbanyna iman edýän adamlary aňladýara.

9. Ezekiýeliň ybadathana barada gören görnüşinde ruhanylar we Ysraýylyň beýleki taýpalary kimi aňladýar?

9 Geliň, indi başga bir mysala seredeliň. Ezekiýel pygambere Ýehowanyň ybadathanasy barada görnüş aýan bolýar (Ezek. 40—48-nji baplar). Bu görnüşde ybadathanadaky ruhanylar Ýehowadan öwüt-nesihat alyp, halka maslahat berýärler (Ezek. 44:23—31). Şeýle-de ybadathana ähli taýpalardan adamlar Hudaýa sežde etmäge we gurban getirmäge gelýärler (Ezek. 45:16, 17). Bu aýatlardaky ruhanylar mesh edilen mesihçileri, Ysraýylyň beýleki taýpalary bolsa, ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlary aňladýar. Görnüşde iki toparyň Hudaýa agzybir gulluk edip, ruhanylar toparynyň arassa seždä ýolbaşçylyk edýändigi görkezilýär.

10, 11. a) Isanyň haýsy sözleriniň ýerine ýetişi imanymyzy berkidýär? b) Başga goýunlar barada nähili sorag ýüze çykýar?

10 Isa «başga goýunlar» barada hem aýtdy. Olar mesh edilen şägirtleriň «kiçi sürüsine» degişli däl (Ýahýa 10:16; Luka 12:32). Ol şeýle diýdi: «Men olary hem ýygnamaly; olar hem meniň sesimi eşider; onsoň bir süri, bir çopan bolar». Bu sözleriň ýerine ýetişini görmek imanyňy berkidýär. Bu iki topar, ýagny mesh edilen mesihçileriň kiçi topary bilen başga goýunlaryň uly märekesi birleşip, bir süri boldy (Zakarýa 8:23-i okaň)b. Başga goýunlar ruhy ybadathananyň içki howlusynda gulluk etmeseler-de, onuň daşky howlusynda gulluk edýärler.

11 Eger Ýehowa başga goýunlary gadymy Ysraýylyň beýleki taýpalary bilen deňeşdirýän bolsa, onda olar, ýagny ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlar Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadyp bilermi? Biz häzir bu soragyň jogabyny bileris.

Täze äht

12. Ýehowa täze äht barada nähili pygamberlik etdi?

12 Ýehowa halky bilen baglaşjak täze ähti barada şeýle pygamberlik etdi: «Şol günlerden soň, ynha, men Ysraýyl öýi bilen äht baglaşaryn. Men kanunymy olaryň kalbyna guýaryn we ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy, olaram meniň halkym bolar» (Ýerem. 31:31—33). Ýehowa täze ähti arkaly Ybraýyma beren wadasyny üstünlikli hem gutarnykly ýerine ýetirer (Gelip çykyş 22:18-i okaň).

13, 14. a) Täze ähte kim gatnaşýar? b) Täze ähtden bereket aljaklar kim we olar ähti nädip berk saklaýarlar?

13 Isa ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi, täze äht barada şeýle diýdi: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülen ganym bilen berkidilen täze ähtdir» (Luka 22:20; 1 Kor. 11:25). Täze äht ähli mesihçiler bilen baglaşyldymy? Ýok. Şol agşam şeraply käseden içen resullar ýaly diňe käbir mesihçiler täze ähte gatnaşýarlarc. Isa olar bilen bilelikde höküm sürmek üçin başga bir äht hem baglaşdy (Luka 22:28—30). Olar Patyşalykda Isa bilen bile bolarlar (Luka 22:15, 16).

14 Patyşalygyň ýer ýüzünde ýaşajak raýatlary barada näme diýse bolar? Täze äht olara-da bereket berer (Gal. 3:8, 9). Olar täze ähte gatnaşmasalar-da, onuň şertlerini «berk saklaýarlar». Bu barada Işaýa şeýle pygamberlik edýär: «Ýehowanyň adyny söýýän, Onuň gullukçysy bolup, hyzmat edýän, Ýehowa goşulan, Sabat gününe hormat goýup, ony we Meniň ähtimi berk saklaýan gelmişekleri-de, mukaddes dagyma getirerin; Men olary doga edilýän öýümde begendirerin... Çünki Meniň öýüme ähli halklar üçin doga öýi diýler» (Iş. 56:6, 7).

Nyşanlardan kim datmaly?

15, 16. a) Täze äht babatda Pawlus nämäni düşündirdi? b) Ýer ýüzünde ýaşajak adamlar näme üçin nyşanlardan datmaýarlar?

15 Täze ähte gatnaşýanlaryň «mukaddes ýere girmäge... gaýraty bardyr» (Ýewreýler 10:15—20-nji aýatlary okaň). Olar «yranmaz patyşalyga gowşarlar» (Ýew. 12:28). Şeýlelikde, Isa Mesih bilen diňe gökde patyşa we ruhany boljak mesihçiler täze ähti aňladýan şeraply «käseden» içmeli. Täze ähte gatnaşýanlar Guzynyň gelni bolar (2 Kor. 11:2; Ylh. 21:2, 9). Ýatlama agşamyna gelen başga adamlar bolsa, oňa sarpa goýup, nyşanlardan datmaýarlar.

16 Pawlusyň sözleri hem ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlaryň nyşanlardan datmaýandygyna düşünmäge kömek edýär. Ol mesh edilen mesihçilere şeýle diýdi: «Siz bu çöregi her gezek iýeniňizde, käseden her gezek içeniňizde, tä Özi gelýänçä, Rebbiň ölümini yglan edýänsiňiz» (1 Kor. 11:26). Reb haçan «geler»? Ol mesh edilen toparyň iň soňky agzasyny gökdäki öýüne äkitmäge gelende mälim bolar (Ýahýa 14:2, 3). Hawa, her ýyl bellenilýän Rebbiň Agşam nahary hemişe bellenmez. Emma aýalyň neslinden «galanlaryň» ählisi gökdäki sylagyny alýança, olar nyşanlardan dadarlar (Ylh. 12:17). Eger ýer ýüzünde ebedi ýaşajak adamlara nyşanlardan datmaga rugsat berlen bolsa, onda Ýatlama agşamy ebedi bellenerdi.

«Olar meniň halkym bolar»

17, 18. Ezekiýel 37:26, 27-nji aýatlardaky pygamberlik nädip ýerine ýetýär?

17 Ýehowa halkynyň agzybirligi barada şeýle pygamberlik etdi: «Men olar bilen parahatlyk ähtini baglaşaryn, bu äht ebedi bolar. Men olary ýer ýüzüne ýerleşdirip, köpelderin we ybadathanamy olaryň arasynda ebedilik goýaryn. Mukaddes çadyrymy üstlerine örterin; Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar hem meniň halkym bolar» (Ezek. 37:26, 27).

18 Hudaýyň ajaýyp parahatlyk ähtiniň ýerine ýetmegi, Onuň ähli halkyna peýda berer. Hawa, Ýehowa gulak asýan ähli gullukçylaryna parahatlygy wada berýär. Olaryň arasynda ruhuň miwesi bolar. Pygamberlikde aýdylan ybadathana mesihçileriň Hudaýa edýän arassa seždesini görkezýär. Olar butparazlygyň ähli görnüşlerini ret edip, hakykatdan-da, Hudaýyň halky boldy, çünki olar diňe Ýehowa Hudaýa sežde edýärler.

19, 20. Ýehowa ýene kimlere «Meniň halkym» diýýär we täze äht arkaly näme amala aşar?

19 Şu günler bu iki toparyň agzybirligini görmek örän tolgundyrýar! Ýer ýüzünde ýaşajak uly märekäniň gökde ýaşamaga umydy bolmasa-da, olar gökde ýaşajaklar bilen Hudaýa gulluk edýändigine guwanýarlar. Olar hem Hudaýyň Ysraýylyna goşuldylar. Diýmek, Ýehowa olara-da: «Meniň halkym» diýýär. «Şol gün köp halklar Ýehowa goşulyp, Meniň halkym bolar. Men hem siziň araňyzda bolaryn» diýen pygamberligiň ýerine ýetişini görýäris (Zak. 2:11; 8:21; Işaýa 65:22; Ylham 21:3, 4-nji aýatlary okaň).d

20 Munuň ählisini Ýehowa täze äht arkaly amala aşyrar. Millionlarça gelmişekler Ýehowanyň merhemetini gazanan halkyň agzasy bolar (Mika 4:1—5). Olar ähtiň talaplaryny ýerine ýetirip, ony berk saklamagy ýüregine düwdüler (Iş. 56:6, 7). Şeýlelikde, olar Hudaýyň Ysraýyly bilen birlikde bol parahatlykdan lezzet alýarlar. Goý, bu bereketler size-de hemişe eçilsin!

a Meselem, «ýygnak» sözi, ilki bilen, mesh edilen mesihçileri aňladýar (Ýew. 12:23). Şeýle-de bu söz giň manyda ulanylyp, gökde we ýerde ýaşajak mesihçileri-de öz içine alýar. («Garawul diňi» žurnalynyň 2007-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykan sanynyň 1, 2-nji sahypasyna serediň).

b Zakarýa 8:23 Şol günler dürli dilde gepleýän halklardan on adam ýehudynyň eteginden tutup: «Biz siziň bilen gitjek, çünki Hudaýyň siz bilendigini eşitdik» diýerler.

c Isa şol ähtiň Töwellaçysy bolany üçin, oňa gatnaşmaýar. Şol sebäpli, ol nyşanlardan datmady.

d Işaýa 65:22 Başga biriniň ýaşamagy üçin gurmazlar, başga biriniň iýmegi üçin ekmezler. Meniň halkymyň ömri agajyň ömri kimin uzyn bolar, meniň saýlanlarym öz elleriniň önümini doly ulanar.

Ýadyňyzdamy?

• Üstünden höküm çykaryljak «Ysraýylyň on iki taýpasy» kim?

• Mesh edilenler täze ähtde nähili orun tutýar we ol başga goýunlara nähili täsir edýär?

• Rebbiň Ýatlama agşamynda nyşanlardan ähli mesihçiler dadýarmy?

• Biziň günlerimizdäki agzybirlik barada nähili pygamberlik edildi?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş