-
«Özüň bilen gitmäge» rugsat etGarawul diňi — 2016 | Ýanwar
-
-
1, 2. a) Ýehowa biziň günlerimiz barada nämäni pygamberlik etdi? b) Biz şu makalada haýsy soraglara serederis? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
ÝEHOWA biziň günlerimiz barada şeýle pygamberlik etdi: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudalynyň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler“» (Zak. 8:23). Şu aýatlardaky on adam ýerde ýaşamaga umyt edýänleri aňladýar. Olar «ýahudalynyň eteginden tutup», yzyna eýerýärler. Ýerde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler «Hudaýyň Ysraýyly», ýagny mesh edilen mesihçiler bilen hyzmatdaşlyk etmegi hormat saýýarlar, sebäbi Ýehowanyň olary patalaýandygyny bilýärler (Gal. 6:16).
-
-
«Özüň bilen gitmäge» rugsat etGarawul diňi — 2016 | Ýanwar
-
-
4. Mesh edilenleriň adyny bilmesek-de, nädip olar «bilen gidip» bileris?
4 Şu günler ruhy Ysraýylyň, ýagny mesh edilenleriň hemmesiniň adyny bilip bolmaýan bolsa, onda başga goýunlar nädip olar «bilen gidip» bilerler? Zakarýa pygamberiň «on adam» barada aýdan sözlerine üns beriň. Olar «ýahudalynyň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler». Bu aýatda diňe ýekeje ýehudy agzalýan bolsa-da, köp adam göz öňünde tutulýar. Bu ýehudy bir adamy däl-de, mesh edilenleriň toparyny aňladýan bolmaly. Diýmek, ýehudynyň yzyna düşmek üçin, mesh edilenleriň hemmesini tanamak hökman däl. Gaýtam, onuň haýsy topardygyny anyklap, olary goldamaly. Mukaddes Ýazgylarda adamyň yzyna eýermeli däldigi aýdylýar. Sebäbi biziň Ýolbaşçymyz Isa (Mat. 23:10).
-