Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rr sah. 102—103
  • 1919-njy ýylda azat edilýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 1919-njy ýylda azat edilýär
  • Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
  • Meňzeş maglumat
  • 1919. Ýüz ýyl mundan öň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Gökde Patyşalyk berkarar edilýär
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Olar ýalan dinden çykdylar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • «Gury süňkler» bilen «iki şaýat» baradaky pygamberligiň nähili baglanyşygy bar?
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
rr sah. 102—103
Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň 1919-njy ýyldaky kongresinde Jozef Ruterford agaçlaryň aşagynda oturan märekäniň öňünde çykyş edýär.

1919-njy ýyldaky kongres Hudaýyň halkynyň Beýik Wawilondan azat bolandygyny subut edýär

9B ÇARÇUWA

1919-njy ýylda azat edilýär

Hudaýyň halkynyň 1919-njy ýylda Beýik Wawilonyň ýesirliginden azat bolandygyny Mukaddes Kitapdaky pygamberlikler we geçmişdäki wakalar subut edýär.

1914-nji ýylda Isa gökde patyşa boldy we Şeýtanyň dünýäsiniň soňky günleriniň alamatlary ýerine ýetip başlady. Muny Mukaddes Kitapdaky pygamberlik bilen taryhda bolan wakalar subut edýär. Isa patyşa bolan badyna Hudaýyň halkyny Beýik Wawilonyň ýesirliginden azat etdimi? Ol 1914-nji ýylda «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» belläp hasyl ýygymyna başladymy? (Mat. 24:45).

Elbetde, ýok. Ýadyňyza düşýän bolsa, Petrus resul: «Hudaý ilki öz öýündäkileri höküm eder» diýipdi (1 Pet. 4:17). Melek pygamber hem Ýehowanyň «äht habarçysy», ýagny Ogly bilen öýüne geljekdigini aýdypdy (Mel. 3:1—5). Şol döwür Hudaýyň halky synagdan geçip arassalanmalydy. Geçmişdäki wakalar munuň ýerine ýetendigini görkezýärmi?

Hawa. 1914-nji ýyldan 1919-njy ýylyň başyna çenli Mukaddes Kitaby öwrenýänler (häzir Ýehowanyň Şaýatlary diýip tanalýan halk) agyr synaglardan geçip arassalandy. 1914-nji ýylda Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi ruhdan düşdi, sebäbi şol ýyl olaryň garaşyşy ýaly dünýäniň soňy gelmändi. 1916-njy ýylda janyny aýaman Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk eden Çarlz Rassel aradan çykansoň, olar hasam lapykeç boldular. Käbirleri Rassel dogany jany-teni bilen gowy görensoň, gurama ýolbaşçylyk edip başlan Jozef Ruterford dogana garşy çykýardylar. Şeýdip, bölünişik döräp, 1917-nji ýylda gurama tas dargapdy. 1918-nji ýylda Ruterford bilen ýedi dogan ruhanylar sebäpli synaga düşdi, olary ýalan zatlarda aýyplap, türmä basdylar. Şeýlelikde, Bruklindäki baş edara ýapyldy. Hudaýyň halky Beýik Wawilonyň ýesirliginden azat bolmady.

Ýöne 1919-njy ýylda näme boldy? Geň galaýmaly, ýagdaý birden üýtgedi. Şol ýylyň başynda Ruterford bilen ýedi dogan türmeden boşadyldy. Olar ýene-de başlan işini dowam etdiler. Dessine kongres gurnap, «Altyn Asyr» (häzir «Oýanyň!») atly täze žurnaly çap etdiler. Žurnal wagyzda ulanmak üçin niýetlenendi. Şeýle-de her ýygnakda wagyz gullugyny gurnap, wagyzçylary höweslendirer ýaly gözegçiler bellendi. Şol ýyl wagyzçylary yhlasly bolmaga höweslendirýän «Býulleten» (häzir «Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi») çykdy.

Soňra näme boldy? Mesih halkyny Beýik Wawilonyň ýesirliginden azat etdi. Ol «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» belledi. Şunlukda, hasyl ýygymy başlady. 1919-njy ýylda görlüp-eşidilmedik üstünlikler gazanyldy.

9-njy babyň 25, 26-njy abzaslaryna dolanyň

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş