Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kr bap 10 sah. 100—107
  • Patyşa öz halkyny ruhy taýdan arassalaýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Patyşa öz halkyny ruhy taýdan arassalaýar
  • Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Sözbaşylar
  • «Lewiniň nesliniň» arassalanmagy
  • Özüňizi «tämizläň»
  • Mesihçiler Roždestwony bellemelimi?
  • Mesihçiler haç ulanmalymy?
  • «Dogrularyň arasyndan erbetleriň saýlanmagy»
Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
kr bap 10 sah. 100—107

10-NJY BAP

Patyşa öz halkyny ruhy taýdan arassalaýar

BABYŇ TEMASY

Isa şägirtlerini ruhy taýdan näme üçin we nädip arassalady?

1—3. Isa ybadathananyň haraplanandygyny görende näme etdi?

ISA Iýerusalimdäki ybadathananyň ençeme ýyllaryň dowamynda ýer ýüzünde arassa seždäniň merkezi bolandygyna düşünip, oňa çuňňur hormat goýýardy. Bu sežde, ýagny mukaddes Ýehowa Hudaýa edilýän sežde tämiz bolmaly. B. e. 33-nji ýylynyň nisan aýynyň 10-yna ybadathana gelende, onuň haraplanandygyny görüp, Isanyň nähili duýgulary başdan geçirendigini göz öňüne getiriň. Şonda ybadathanada nämeler edilýärdi? (Matta 21:12, 13-nji aýatlary okaň).

2 Özge milletlileriň howlusynda açgöz söwdagärler we pul çalyşýanlar Ýehowa sežde etmäge gelýän adamlaryň üsti bilen gazanç edýärdilera. Isa «ybadathana girip, ol ýerdäki ähli satyjylary we alyjylary kowup çykardy. Pul çalyşýanlaryň stollaryny... agdardy» (Nehemýa 13:7—9-njy aýatlary deňeşdiriň). Isa Atasynyň öýüni «garakçylaryň mekanyna» öwrendikleri üçin, şol nebisjeň adamlary ýazgardy. Şeýdip, ol ybadathana we ol ýerde Hudaýa sežde edýän adamlara hormat goýýandygyny görkezdi. Isanyň Atasyna edilýän sežde arassa bolmalydy!

3 Şondan birnäçe asyr geçensoň, Mesihi Patyşa Isa Hudaýa ýaramly sežde etmek isleýän adamlaryň häzirki ybadathanasyny hem arassalady. Ol nähili ybadathana?

«Lewiniň nesliniň» arassalanmagy

4, 5. a) Isanyň mesh edilen şägirtleri 1914-nji ýyldan 1919-njy ýylyň başyna çenli nädip barlandy we arassalandy? b) Hudaýyň halkynyň arassalanmagy munuň bilen tamamlandymy? Düşündiriň.

4 Şu kitabyň 2-nji babyndan bilşimiz ýaly, Isa 1914-nji ýylda tagta çykansoň, Atasy bilen bilelikde ruhy ybadathanany, ýagny arassa seždäniň merkezini barlamaga geldib. Şol barlagyň netijesinde, Patyşa «Lewiniň nesliniň», ýagny mesh edilen mesihçileriň käbir zatlarda arassalanyp, tämizlenmelidigine göz ýetirdi (Mal. 3:1—3). 1914-nji ýyldan 1919-njy ýylyň başyna çenli Ýehowa halkyny arassalamak üçin, olaryň dürli synaglary we kynçylyklary başdan geçirmegine ýol berdi. Şeýlelikde, mesh edilen mesihçiler otly synaglardan geçip, arassalandylar we Mesihi Patyşany goldamaga taýyn boldular.

5 Emma Hudaýyň halkynyň arassalanmagy munuň bilen tamamlandymy? Ýok, Ýehowa şu soňky günlerde halkynyň ruhy ybadathanada gulluk edip bilmegi üçin, olary Mesihi Patyşa arkaly arassalamagyny dowam edýär. Indiki iki bapda Isanyň olary nädip ahlak taýdan arassalandygy we has guramaçylykly hereket etmäge kömek edendigi barada bileris. Geliň, ilki, ruhy taýdan arassaçylyk barada gürrüň edeliň. Isanyň öz şägirtlerine käte aýdyň görünýän, käte göze görünmeýän ýollar bilen nädip ruhy taýdan arassa bolmaga kömek edýändigini bilsek, imanymyzy berkideris.

Özüňizi «tämizläň»

6. Ýehowanyň ýesirlikdäki ýehudylara beren tabşyryklary ruhy taýdan arassa bolmagyň manysyna düşünmäge nädip kömek edýär?

6 Ruhy taýdan arassa bolmak nämäni aňladýar? Geliň, muňa düşünmek üçin, b. e. öň 537-nji ýylda Wawilon ýesirliginden watanyna dolanjak ýehudylar babatda Ýehowanyň aýdan pygamberlik sözlerine seredeliň (Işaýa 52:11-i okaň)c. Şol ýehudylar dogduk mekany bolan Iýerusalime, esasan, ybadathanany dikeltmek we arassa seždäni ýola goýmak üçin dolanýardylar (Ezra 1:2—4). Ýehowa öz halkynyň wawilonlylaryň dini bilen bagly ähli zatdan arassalanmagyny isledi. Hudaýyň olara yzly-yzyna beren berk tabşyryklaryna üns beriň: «Haram zatlara el degirmäň», «ol ýerden çykyň» we «tämizleniň». Ýehowa edilýän arassa sežde ýalan din bilen hapalanmaly däl. Onda nähili netijä gelse bolar? Ruhy taýdan arassa bolmak, esasan, ýalan diniň taglymatlaryndan we däp-dessurlaryndan gaça durmagy aňladýar.

7. Isa şägirtlerine ruhy taýdan arassa bolmaga nädip kömek edýär?

7 Patyşa bolanyna biraz wagt geçensoň, Isa 1919-njy ýylda wepaly we paýhasly hyzmatkäri belledi. Şeýdip, ol wepaly hyzmatkär arkaly şägirtlerine ruhy taýdan arassa galmaga kömek edýändigini aýan etdi (Mat. 24:45). 1919-njy ýyla çenli Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler özlerini köp ýalan dini taglymatlardan eýýäm arassalapdylar. Muňa garamazdan, olar ruhy taýdan ýene-de arassalanmalydy. Isa Mesih şägirtleriniň nähili baýramçylyklardan we däp-dessurlardan gaça durmalydygyny wepaly hyzmatkär arkaly kem-kemden düşündirdi (Sül. tym. 4:18). Geliň, käbir mysallara seredeliň.

Mesihçiler Roždestwony bellemelimi?

8. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Roždestwo babatda nämäni bilýärdi, emma nämä aýdyň düşünmeýärdi?

8 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler köp wagtdan bäri Roždestwonyň ýalan dinden gelip çykandygyny we Isanyň 25-nji dekabrda dogulmandygyny bilýärdiler. Şol sebäpli 1881-nji ýylyň dekabr aýynda çykan «Sion garawul diňi» žurnalynda bu baýramçylygyň butparazlykdan gelip çykandygy düşündirildi. 1883-nji ýylda «Garawul diňi» žurnalynda çap edilen «Isa haçan doguldy?» diýen makalada Isanyň takmynan oktýabr aýynyň başynda doglandygy barada aýdyldyd. Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Roždestwony bellemegi bes etmelidigine heniz aýdyň düşünmeýärdiler. Hatda Bruklindäki Beýtel maşgalasy hem ony belleýärdi. Emma 1926-njy ýylda ýagdaý üýtgedi. Näme üçin?

9. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Roždestwo babatda nämä göz ýetirdiler?

9 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Roždestwo babatda çuňňur gözleg geçirip, bu baýramçylygyň gelip çykyşynyň we onuň bilen bagly däp-dessurlaryň Hudaýyň adyna ysnat getirýändigine göz ýetirdiler. 1927-nji ýylyň 14-nji dekabrynda «Altyn asyr» žurnalynda çap edilen «Roždestwonyň gelip çykyşy» atly makalada şol baýramçylygyň keýpi-sapa üçin bellenilýändigi we butparazlyk bilen baglydygy aýdyldy. Soňra şol makalada Roždestwo baýramçylygyny Isanyň girizmändigi düşündirilip, şeýle sözler bilen jemlendi: «Dünýä, ten höwesleri we Iblis Roždestwony bellemäge höweslendirýär. Bu bolsa özüni Ýehowa gulluk etmäge doly bagyş eden adamlaryň şol baýramçylygy bellemeli däldigine gutarnykly we ynandyryjy delil bolup hyzmat edýär». Beýtel maşgalasynyň şol ýylyň dekabr aýynda hem, şondan soň hem Roždestwony bellemändigi geň galdyrmaýar.

«ROŽDESTWONYŇ GELIP ÇYKYŞY»

1928-NJI ýylyň dekabr aýynda Riçard Barber dogan (çepdäki suratda daşy tegelengi) radioda Roždestwo barada örän tolgundyryjy nutuk bilen çykyş etdi. Şol nutugyň esasy pikirleri 1928-nji ýylyň 12-nji dekabrynda çykan «Altyn asyr» žurnalynda «Roždestwonyň gelip çykyşy» atly makalada çap edildi. Geliň, olaryň käbirine seredeliň.

  • «Şeýtan töleg gurbanynyň ähmiýetini gaçyrmak üçin, Isanyň uly adam hökmünde öldürilenine däl-de, bäbek bolup doglanyna has köp üns bermegi öwretdi».

  • «Roždestwo baýramçylygy bellenende, keýpi-sapa, içhä-içlik, azgynçylyk we şadyhorramlyk ýaly zatlaryň bolýandygyny hiç kim inkär etmese gerek... Bularyň hiç biri Ýehowa Hudaýy we onuň Ogluny şöhratlandyrmaýar».

  • «Iblis ýasama baýramçylyklary, oraza tutulýan günleri buthanalara ökdelik bilen girizmegi başardy... Iblis adamlary mekirlik bilen duzaga düşürip, beýik Ýehowa Hudaýy masgaralamak üçin, bu baýramçylyklara mesihçilik bilen bagly atlary goýdurdy».

1926-njy ýylda Bruklindäki Beýtelde iň soňky gezek Roždestwo bellenilýär, Riçard H. Barber tegelek çyzykly bellenen

1926-njy ýylda Bruklindäki Beýtelde iň soňky gezek Roždestwo bellenilýär

10. a) 1928-nji ýylyň dekabrynda Roždestwo barada näme diýildi? (Şeýle-de «Roždestwonyň gelip çykyşy» diýen çarçuwa serediň). b) Hudaýyň halkynyň gaça durmaly baýramçylyklary we däp-dessurlary babatda nähili duýduryş berildi? («Beýleki baýramçylyklaryň paş edilmegi» atly çarçuwa serediň).

10 Şondan bir ýyl geçensoň, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň Roždestwony bellemeli däldigi has aýdyň boldy. 1928-nji ýylyň 12-nji dekabrynda baş edarada gulluk edýän Riçard Barber dogan radioda nutuk bilen çykyş edip, Roždestwo baýramçylygynyň ýaramaz ýerden gelip çykandygyny düşündirdi. Hudaýyň halky baş edaranyň aýdyň görkezmesine nähili seslendi? Çarlz Brandlin dogan maşgalasynyň Roždestwo baýramçylygyny bellemegini bes edendigi barada ýatlap, şeýle diýýär: «Butparazlyk bilen bagly bu baýramçylygy bellemezlik bize agyr düşdümi? Elbetde, ýok... Biz hamala hapalanan eşigimizi çykaryp zyňan ýaly bolduk». Aýlanýan gözegçi bolup gulluk eden Henri Kantuel dogan hem şeýle garaýyşda bolupdy. Ol: «Biz Ýehowa bolan söýgimizi görkezmek üçin nämedir bir zatdan geçýändigimize begenýärdik» diýýär. Isa Mesihiň wepaly şägirtleri gerekli özgerişleri höwes bilen edip, ýalan dinden gelip çykan baýramçylyga asla goşulmadylare (Ýahýa 15:19; 17:14).

11. Biz Mesihi Patyşany goldaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

11 Şol wepaly Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler bize, gör, nähili ajaýyp görelde galdyrdy! Biz olaryň göreldesi barada oýlanyp, özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Men wepaly hyzmatkäriň berýän görkezmesine nähili garaýaryn? Men ony minnetdarlyk bilen kabul edip, öwrenen zatlaryma eýerýärinmi?» Eger biz görkezmelere höwes bilen gulak assak, wepaly hyzmatkär arkaly wagtly-wagtynda ruhy iýmit berýän Mesihi Patyşany goldaýandygymyzy görkezeris (Res. iş. 16:4, 5).

BEÝLEKI BAÝRAMÇYLYKLARYŇ PAŞ EDILMEGI

ENÇEME ýyldan bäri Isa Mesih şägirtlerine bu dünýäniň işlerine hiç hili goşulmazlyga kömek edýär. Geliň, Hudaýyň halkynyň nähili baýramçylyklardan gaça durmalydygy barada žurnallarymyzyň irki sanlaryndaky duýduryşlaryň käbirine seredeliň.

  • Pasha. «Butparazlaryň meşhur baýramçylygy bolan Pasha özlerini mesihçi hasaplaýan adamlaryň buthanalarynda kök urup, ymykly ornaşdy» (1928-nji ýylyň 12-nji dekabrynda çykan «Altyn asyr» žurnaly, sah. 168).

  • Mukaddes Walentin güni. «Mukaddes Walentin gününiň mukaddeslik bilen hiç hili baglanyşygy ýok» (1929-njy ýylyň 25-nji dekabrynda çykan «Altyn asyr» žurnaly, sah. 208).

  • Doglan gün. «Mukaddes Ýazgylarda iki doglan gün barada aýdylýar. Olaryň birini Ýusubyň döwründäki Müsüriň butparaz patyşasy faraon, beýlekisini bolsa suwa çümdürýän Ýahýany öldüren Hirodes patyşa belläpdi. Mukaddes Ýazgylaryň hiç bir ýerinde Hudaýyň gullukçylarynyň doglan güni belländigi barada aýdylmaýar» (1936-njy ýylyň 6-njy maýynda çykan «Altyn asyr» žurnaly, sah. 499).

  • Täze ýyl. «Içhä-içlik we şadyhorramlyk bilen geçirilýän Täze ýyl baýramy ýylyň haýsy güni bellenilse-de, mesihçilere ýaraşýan baýramçylyk däldir. I asyrdaky mesihçiler hem ony bellemeýärdi» (1946-njy ýylyň 22-nji dekabrynda çykan «Oýanyň!» žurnaly, sah. 24).

Mesihçiler haç ulanmalymy?

Haç we täç şekilli nyşan

Haç we täç şekilli nyşan (12, 13-nji abzaslara serediň)

12. Köp ýyllaryň dowamynda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler haç babatda nähili garaýyşda boldular?

12 Köp ýyllaryň dowamynda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler haçy mesihçileriň nyşany hasaplaýardylar. Elbetde, olar haça sežde etmeýärdiler, sebäbi butparazlygyň günädigine düşünýärdiler (1 Kor. 10:14; 1 Ýahýa 5:21). Eýýäm 1883-nji ýylda «Garawul diňi» žurnalynda «ähli butparazlygyň Hudaýa ýigrenjidigi» barada açyk aýdylypdy. Emma, ilkibaşda, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler haçy dogry ulanmagyň hiç hili erbetligi ýokdur öýdýärdiler. Mysal üçin, olar ýüzünde haçyň we täjiň şekili bolan nyşany buýsanç bilen dakynýardylar. Olaryň pikir etmegine görä, bu nyşan ölýänçä Hudaýa wepaly galsalar, ýaşaýyş täjini aljakdyklaryny görkezýärdi. 1891-nji ýylda «Garawul diňi» žurnalynyň daşky sahypasynda-da haçyň we täjiň şekili peýda boldy.

13. Isanyň şägirtleriniň haç babatda düşünjesi nädip aýdyňlaşdy? (Şeýle-de «Haç babatda düşünjämiz aýdyňlaşýar» diýen çarçuwa serediň).

13 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler haç we täç şekilli nyşany gymmat saýýardylar. Emma 1920-nji ýyllaryň ahyrynda Isanyň şägirtleriniň haç babatda düşünjesi kem-kemden aýdyňlaşyp başlady. Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk eden Grant Sýuter dogan 1928-nji ýylda Detroýtda (ABŞ, Miçigan ştaty) geçirilen kongres barada şeýle ýatlaýar: «Kongresde haç we täç şekilli nyşanyň ýöne bir gerekmejek zatdygy däl-de, ony ulanmagyň ýazgarylýandygy düşündirildi». Soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu düşünje has-da aýdyňlaşdy. Şeýdip, ruhy taýdan arassa we tämiz seždede haçyň asla ulanylmaly däldigi mese-mälim boldy.

HAÇ BABATDA DÜŞÜNJÄMIZ AÝDYŇLAŞÝAR

Haç we täç şekilli nyşany dakynan adam
  • Haç we täç şekilli nyşan ýöne bir gerekmejek zat bolman, eýsem, ony ulanmak ýazgarylýar (1928-nji ýylda Detroýtda geçirilen kongres. ABŞ, Miçigan ştaty).

  • Haç we täç şekilli nyşan — but («Taýýarlyk», 1933-nji ýyl, sah. 239).

  • Haç butparazlykdan gelip çykdy (1934-nji ýylyň 28-nji fewralynda çykan «Altyn asyr» žurnaly, sah. 336).

  • Isa haçda däl-de, pürsde öldi (1936-njy ýylyň 4-nji noýabrynda çykan «Altyn asyr» žurnaly, sah. 72; «Baýlyk», 1936-njy ýyl, sah. 27).

Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinde «stauros» diýen grek sözi «haç» diýip terjime edilipdir. Emma käbir kitaplarda bu sözüň manysy şeýle düşündirilýär:

  • «Stauros» diýen grek sözi, aslynda, pürs diýmegi aňladýar («Cyclopedia of Biblical, Theological, and Ecclesiastical Literature»).

  • «„Pürs“ sözüniň has giň manysy bar. Ol „haç“ sözi bilen manydaş däl» («Crucifixion in Antiquity»).

  • «Berk agaç, daýhanlaryň haýat ýa-da germew dikmek üçin ýere kakýan gazygy ýaly, ulam däl, kiçem däl» («History of the Cross»).

  • «Bu atanak görnüşinde biri-birine sepleşdirilen iki pürsi däl-de, bir pürsi aňladýar» («The Companion Bible»).

  • «Dik pürs ýa-da agaç... Bu atanak görnüşinde birleşdirilen iki agajy aňlatmaýar» («A Critical Lexicon and Concordance»).

14. Hudaýyň halky haç babatda düşünjesiniň aýdyňlaşmagyna nähili garady?

14 Hudaýyň halky haç babatda düşünjesiniň aýdyňlaşmagyna nähili garady? Olar özleriniň gymmat saýýan haç we täç şekilli nyşanyny dakynmagyny dowam etdilermi? Ýehowa ençeme ýyldan bäri gulluk edýän Lila Roberts uýa: «Bu nyşanyň nämäni aňladýandygyna düşünenimizde, ony taşlamak bize kyn bolmady» diýýär. Ursula Serenko atly başga bir wepaly uýa bolsa, köpleriň duýgusyny beýan edip, şeýle diýdi: «Biz Halypamyzyň ölüminiň we mesihçi wepadarlygymyzyň nyşany hasaplan zadymyzyň, aslynda, butparazlygyň nyşanydygyna düşündik. Süleýmanyň tymsallary 4:18-de aýdylyşy ýaly, ýolumyzyň gitdigiçe ýagtylanýandygyna begenýärdik». Hawa, Isanyň wepaly şägirtleri ýalan diniň hapa işlerine hiç hili galtaşmak islemeýärdi!

15, 16. Biz Ýehowanyň ruhy ybadathanasynyň ýerdäki howlularyny arassa saklamaga jan edýändigimizi nädip görkezip bileris?

15 Hudaýyň häzirki gullukçylarynyň hem şeýle garaýşy bar. Biz Isanyň öz şägirtlerini wepaly we paýhasly hyzmatkär arkaly ruhy taýdan arassa saklaýandygyna düşünýäris. Şol sebäpli biz ýalan din bilen zäherlenen däp-dessurlar we baýramçylyklar babatda ruhy iýmit arkaly berilýän duýduryşlary tabynlyk bilen kabul edip, ýerine ýetirýäris. Isanyň gelmeginiň başlangyjynda ýaşan dogan-uýalarymyz ýaly, biz hem Ýehowanyň ruhy ybadathanasynyň ýerdäki howlularyny arassa saklamaga jan edýäris.

16 Soňky günlerde Isa Mesih Ýehowanyň halkynyň ýygnaklaryny ruhy taýdan hapalap biljek adamlardan goramak üçin, biziň gözümize görünmeýän usullary ulanýar. Ol muny nädip edýär? Geliň, bileliň.

«Dogrularyň arasyndan erbetleriň saýlanmagy»

17, 18. Tor mysalyndaky a) toruň taşlanmagy; b) tora «dürli balyklaryň düşmegi»; ç) «gowy balyklaryň bir sebede ýygnalmagy»; d) ýaramaz balyklaryň taşlanmagy nämäni aňladýar?

17 Patyşa Isa Mesih Hudaýyň halkynyň bütin dünýädäki ýygnaklaryny gözden salmaýar. Isa bilen perişdeler bize doly aýdyň bolmadyk usullar arkaly adamlary biri-birinden saýlaýar. Isa bu barada tor mysalynda aýdypdy (Matta 13:47—50-nji aýatlary okaň). Bu mysal nämäni aňladýar?

Balykçylar deňizde balykly tory çekýärler

Tor Patyşalyk baradaky wagyz işini, deňiz bolsa bütin adamzady aňladýar (18-nji abzasa serediň)

18 Tor «deňze taşlanýar». Tor Patyşalyk baradaky wagyz işini, deňiz bolsa bütin adamzady aňladýar. Tora «dürli balyklar düşýär». Hoş habar dürli adamlary, ýagny Hudaýyň gullukçysy bolmak üçin ädim ädýänleri-de, ilki biraz gyzyklanyp, soňra arassa seždäniň tarapyna geçmeýänleri-de özüne çekýärf. «Gowy balyklar bir sebede ýygnalýar». Akýürekli adamlar Ýehowa Hudaýa arassa sežde edip biler ýaly, sebet bilen deňeşdirilýän ýygnaga çagyrylýar. «Ýaramaz» balyklar taşlanýar. Soňky günlerde Isa Mesih bilen perişdeler «dogrularyň arasyndan erbetleri saýlaýarlar»g. Netijede, ýalan dini düşünjelerden we däp-dessurlardan el çekmek islemeýän betnebis adamlar ýygnagy hapalap bilmeýärlerh.

19. Siz Isa Mesihiň Hudaýyň halkyny ruhy taýdan arassa saklaýandygyna nähili garaýarsyňyz?

19 Patyşa Isa Mesihiň özüne ynanylan adamlary goraýandygyny bilmek, gör, nähili teselli berýär! Isa I asyrdaky ybadathanany arassalaýşy ýaly, häzirem arassa seždäni we Hudaýyň hakyky gullukçylaryny ruhy taýdan erjellik bilen goraýar. Eýsem, bu biziň göwnümizi götermeýärmi näme?! Biz Isa Mesihiň Hudaýyň halkyny ruhy taýdan arassa saklaýandygyna örän begenýäris. Şol sebäpli, geliň, ýalan din bilen bagly ähli zatdan gaça durup, Patyşany we onuň Patyşalygyny goldaýandygymyzy görkezeliň!

a Iýerusalime gelýän ýehudylar ybadathana her ýylky salgydy tölemek üçin, pullaryny ýerli pul birligine çalyşmaly bolýardylar. Pul çalyşýanlar bolsa, munuň üçin goşmaça hak alýardy. Şeýle-de ýehudylaryň käbiri gurban bermek üçin mal satyn almaly bolýardy. Pul çalyşýanlar eden hyzmaty üçin adamlardan artykmaç hak alýardy. Ine, şol sebäpli-de Isa olary «garakçy» diýip atlandyran bolmaly.

b Ýehowanyň ýer ýüzündäki halky onuň beýik ruhy ybadathanasynyň ýerdäki howlularynda sežde edýär.

c Işaýa 52:11 Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!

d Şol makalada Isanyň gyşda doglandygy baradaky düşünjäniň «çopanlaryň meýdanda galyp, sürülerini bakýandygy barada aýdylanlara gabat gelmeýändigi» bellenip geçildi (Luka 2:8).

e 1927-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Fredrik Frens dogan şeýle ýazdy: «Biz şu ýyl Roždestwony bellemeris. Beýtel maşgalasy bu baýramçylygy gaýdyp bellemezlik kararyna geldi». Ol 1928-nji ýylyň 6-njy fewralynda ýazan hatynda: «Halypamyz bizi Iblisiň guramasyndaky Wawilonyň erbet işlerinden kem-kemden arassalaýar» diýdi.

f Mysal üçin, 2013-nji ýylda wagyzçylaryň ýokary sany 7 965 954-e ýetdi, Ýatlama agşamyna bolsa 19 241 252 adam gatnaşdy.

g Gowy balyklaryň ýaramazlardan saýlanmagy, goýunlaryň geçilerden saýlanyşy ýaly däl (Mat. 25:31—46). Goýunlaryň geçilerden saýlanmagy, ýagny soňky höküm gelejekde agyr muşakgatda bolar. Şoňa çenli ýaramaz balyk ýaly adamlaryň Ýehowa dolanyp, sebet bilen diňeşdirilýän ýygnaga gelmäge mümkinçiligi bar (Mal. 3:7).

h Iň soňunda, betnebis adamlar göçme manydaky otly peje taşlanar, ýagny ýok ediler.

Siz Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigine berk ynanýarmysyňyz?

  • Ruhy taýdan arassa bolmak nämäni aňladýar we Isa şägirtlerine ruhy taýdan arassa bolmaga nädip kömek edýär?

  • Isa öz şägirtlerine wepaly we paýhasly hyzmatkär arkaly Roždestwony bellemezlige hem-de haç we täç şekilli nyşany ulanmazlyga nädip kömek etdi?

  • Siz Isa Mesihiň Hudaýyň halkyny ruhy taýdan arassa saklaýandygyna nähili garaýarsyňyz?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş