Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bh sah. 199—sah. 201 abz. 4
  • Isa pygamber — wada edilen Mesih

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa pygamber — wada edilen Mesih
  • Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Pygamberlikler Isanyň Mesihdigini subut edýärmi?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Olar Mesihe garaşdylar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Isa Mesih — Hudaý baradaky bilimiň açary
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Olar Mesihi tapdylar!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
bh sah. 199—sah. 201 abz. 4

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Isa pygamber — wada edilen Mesih

MESIH diýilýän Halasgäri tanatmak üçin, Ýehowa Hudaý Mukaddes Ýazgylarda onuň dogluşy, gullugy we ölümi barada jikme-jiklikleri öňünden ýazdyrtdy. Bu pygamberlikleriň hemmesi Isa Mesihde jikme-jik we dogry ýerine ýetdi. Muňa göz ýetirmek üçin, Isa Mesihiň dogluşy we onuň çagalyk durmuşy hakdaky käbir pygamberliklere seredeliň.

Işaýa pygamber Mesihiň Dawudyň neslinden doguljagyny aýtdy (Işaýa 9:7). Bilşimiz ýaly, Isa onuň neslinden hem doguldy (Matta 1:1, 6—17).

Mika pygamber bolsa, geljekki hökümdaryň «Beýtullaham-Efrat» şäherinde doguljagyny aýtdy (Mika 5:2). Isa doglanda, Ysraýylda Beýtullaham atly iki şäher bardy. Olaryň biri ýurduň demirgazygynda, Nasyra şäheriniň golaýynda ýerleşýärdi. Beýlekisi bolsa, Ýahudada Iýerusalimiň golaýynda ýerleşýärdi. Oňa öňler Efrata diýilýärdi. Isa şol şäherde-de doguldy. Şeýdip, Mikanyň pygamberligi ýerine ýetdi (Matta 2:1).

Mukaddes Ýazgylaryň beýleki pygamberliginde, Hudaý Ogluny «Müsürden çagyrdy» diýilýär. Isa çagaka Müsüre äkidildi. Hirodes patyşa ölenden soň, ony Müsürden getirdiler. Şeýdip, pygamberlik ýerine ýetdi (Hoşeýa 11:1; Matta 2:15).

200-nji sahypadaky tablisanyň ikinji hatarynda Mesihe degişli pygamberlikleriň aýatlary bar. Üçünji hatarda olaryň ýerine ýetendigini görkezýän aýatlar ýerleşýär. Gaýrat et-de, şol aýatlary deňeşdirip gör. Bu seniň imanyňy has-da berkider we Hudaýyň Sözüne ynamyň artar.

Ikinji hatardaky aýatlar Isa Mesih dogulmazyndan, ýüzlerçe ýyl öň ýazyldy. Isanyň özi: «Men hakda Musanyň Kanunynda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň bary berjaý bolmalydyr» diýdi (Luka 24:44). Mukaddes Ýazgylary öwrenseň, pygamberlikleriň hemmesiniň jikme-jik ýerine ýetendigine göz ýetirersiň.

MESIHE DEGIŞLI PYGAMBERLIKLER

WAKA

PYGAMBERLIK

ÝERINE ÝETIŞI

Ýahuda taýpasyndan

Gelip çykyş 49:10

Luka 3:23—33

Gyzdan doglar

Işaýa 7:14

Matta 1:18—25

Dawut patyşanyň nesli

Işaýa 9:7

Matta 1:1, 6—17

Ýehowa oňa «Oglum» diýer

Zebur 2:7

Matta 3:17

Adamlar oňa iman etmez

Işaýa 53:1

Ýahýa 12:37, 38

Iýerusalime taýharly geler

Zakarýa 9:9

Matta 21:1—9

Oňa ýakyn dosty haýynlyk eder

Zebur 41:9

Ýahýa 13:18, 21—30

30 kümüş pula satylar

Zakarýa 11:12

Matta 26:14—16

Aýyplanlarynda hiç bir jogap bermez

Işaýa 53:7

Matta 27:11—14

Bije atyşyp egin-eşigini özara paýlaşarlar

Zebur 22:18

Matta 27:35

Pürsdekä üstünden gülüp masgaraladylar

Zebur 22:7, 8

Matta 27:39—43

Onuň hiç bir süňki döwülmez

Zebur 34:20

Ýahýa 19:33, 36

Baý adamyň mazarynda jaýlandy

Işaýa 53:9

Matta 27:57—60

Çüýremän, direler

Zebur 16:10

Resullaryň işleri 2:24, 27

Beýgelip, Hudaýyň sagynda oturar

Zebur 110:1

Resullaryň işleri 7:56

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş