Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 127 sah. 290—sah. 291 abz. 7
  • Isany Sinedrionyň, soňra Pilatusyň öňüne getirýärler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isany Sinedrionyň, soňra Pilatusyň öňüne getirýärler
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isany ölüme höküm edýärler
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Pilatus hem, Hirodes hem Isadan ýazyk tapmaýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • «Pilatus: „Ine ol adam!“ diýýär»
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa Galgotada ölýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 127 sah. 290—sah. 291 abz. 7
Isany höküm etmek üçin Pilatusyň öňüne eltýärler

127-NJI BAP

Isa Sinedrionyň, soňra Pilatusyň öňüne getirilýär

MATTA 27:1—11; MARKUS 15:1; LUKA 22:66—23:3; ÝAHÝA 18:28—35

  • ISANY IR BILEN SINEDRIONYŇ ÖŇÜNE GETIRÝÄRLER

  • IUDA ISKARIOT ÖZÜNI ASJAK BOLÝAR

  • ISANY HÖKÜM ETMEK ÜÇIN PILATUSYŇ ÖŇÜNE ELTÝÄRLER

Petrus Isadan üçünji gezek dänende, daň atyp barýardy. Sinedrionyň agzalary Isany ýaňsylap, üstünden gülüp bolansoň dargaşýarlar. Olar gije bikanun eden işleriniň üstüni ýapyp, ony kanunlaşdyrmak üçin, anna güni irden ýene-de ýygnanyşýarlar. Isa ýene-de olaryň öňüne getirilýär.

Kazyýet ondan: «Eger sen Mesih bolsaň, bize aýt» diýip, gaýtadan soraýar. Isa olara: «Men size aýtsam-da, siz asla ynanmarsyňyz. Eger sizden sorasam-da, jogap bermersiňiz» diýýär. Emma soňra ol Danyýel 7:13-däki pygamberligi getirip, özüniň kimdigini aç-açan aýdýar: «Mundan beýläk Ynsan ogly Gudratygüýçli Hudaýyň sag tarapynda oturar» (Luka 22:67—69; Matta 26:63).

Olar Isadan: «Diýmek, sen Hudaýyň Ogly-da?» diýip, şol özüniňkini tutduryp durlar. Isa: «Muny siziň özüňiz aýdýarsyňyz» diýip jogap berýär. Bu sözlerden soň olar Isany Hudaýa dil ýetirýän adam hökmünde öldürilmäge mynasyp hasaplaýarlar. Olar: «Bize başga delil nämä gerek?» diýýärler (Luka 22:70, 71; Markus 14:64). Şeýdip, Isanyň ellerini daňýarlar-da, Rim hökümdary Pontius Pilatusyň ýanyna äkidýärler.

Iuda Iskariot Isany Pilatusyň ýanyna alyp barýanlaryny gören bolmaly. Ol Isanyň höküm edilişini görüp, edenine ökünýär we özüni çykgynsyz ýagdaýa düşen ýaly duýýar. Emma Hudaýyň öňünde ýürekden toba etmäge derek, gidýär-de, 30 kümüş teňňäni yzyna berýär. Ol uly ruhanylara: «Men günä etdim. Bigünä adamy satyp, ganyna galdym» diýýär. Olar biperwaýlyk bilen: «Bize näme? Bu seniň öz işiň!» diýip, jogap berýärler (Matta 27:4).

Iuda 30 kümüş teňňäni ybadathana taşlaýar-da, gidip, janyna kast edýär. Ol özüni asjak bolanda, agajyň şahasy döwlen bolmaly. Ol aşak gaçanda, garny ýarylyp, içegeleri daşyna çykýar (Resullaryň işleri 1:17, 18).

Isa Pontius Pilatusyň öňüne getirilende, heniz günortanam bolmandy. Ýehudylar içerik girmeýärler. Olar özge milletli adamlar bilen galtaşyp, özlerini hapalamak islemeýärdiler. Ýogsam, olar 15-nji nisan güni taýýarlanjak nahardan iýip bilmezdiler. Sebäbi ol Pasha baýramyna degişli bolup, Hamyrmaýasyz çörek baýramynyň birinji güni hasaplanýardy.

Pilatus çykyp, olardan: «Bu adamy nämede aýyplaýarsyňyz?» diýip soraýar. Olar: «Eger ol jenaýatçy bolmadyk bolsa, ony seniň eliňe bermezdik» diýip jogap berýärler. Pilatus olar aýdanyny etdirjek bolýandyrlar öýdüp düşünýär. Şonuň üçin ol: «Ony alyň-da, kanunyňyza görä, özüňiz höküm çykaryň» diýýär. Olar: «Bize adamy jezalandyrmaga rugsat berilmeýär» diýip, Isanyň öldürilmegini isleýändigini görkezýärler (Ýahýa 18:29—31).

Aslynda, olar Isany Pasha güni öldürseler, halkyň gozgalaň turuzjakdygyny bilýärdiler. Emma syýasy bahana bilen rimlilere höküm etdirseler, onda halk olary jogapkärçilige çekip bilmezdi.

Dini ýolbaşçylar Pilatusa Isanyň Hudaýa dil ýetirýän adam hökmünde ýazgarylýandygyny aýtmaýarlar. Olar başga hilä ýüz urýarlar; Isany üç zatda aýyplap, şeýle diýýärler: «Bu adam (1) halkymyzy azdyryp, (2) patyşa salgyt tölemegi gadagan edýär, (3) özüne bolsa Mesih patyşa diýýär» (Luka 23:2).

Pilatus Rimiň wekili hökmünde Isanyň özüni patyşa diýip yglan edýändigini eşidende, biynjalyk bolup başlaýar. Ol täzeden köşge girip, Isany ýanyna çagyrdýar-da, ondan: «Sen ýehudylaryň Patyşasymy?» diýip soraýar. Başgaça aýdanyňda, «Sen özüňi patyşa diýip yglan etmek bilen, Rim hökümetiniň kanunyny bozup, patyşa garşy çykýarmyň?» diýýär. Belki-de, Isa eýýäm Pilatusyň şonça zatlary eşidip ýetişendigini göz öňünde tutup: «Sen muny özüň soraýarmyň ýa-da başgalaryň diýeni üçin?» diýýär (Ýahýa 18:33, 34).

Ol Isa hakda hiç zat bilmeýändigini aýtsa-da, onuň bilen gyzyklanýandygyny görkezip: «Men näme, ýehudymy? Öz halkyň we uly ruhanylar seni meniň elime tabşyrdylar. Sen näme iş etdiň?» diýip soraýar (Ýahýa 18:35).

Isa patyşalyk baradaky esasy meseleden gaçjak bolmaýar. Pilatus hökümdar hem muňa diýseň geň galýar.

GANLY MEÝDAN

Isany höküm etmek üçin Pilatusyň öňüne eltýärler

Uly ruhanylar Iudanyň ybadathana zyňyp giden kümüş teňňelerini näme etjeklerini bilmeýärler. Olar: «Muny ybadathananyň hazynasyna atmak nädogry bolar, sebäbi ol dökülen ganyň bahasydyr» diýýärler. Şeýdip, olar bu pula gelmişekleri jaýlamak üçin küýzegäriň ýerini satyn alýarlar. Şonuň üçin oňa «Ganly meýdan» diýip at berilýär (Matta 27:6—8).

  • Sinedrionyň agzalary näme üçin irden ýene-de ýygnanyşýar?

  • Iuda nädip ölýär we 30 kümüş puly näme edýärler?

  • Pilatus Isany ölüme höküm eder ýaly, ýehudylar ony nämede aýyplaýarlar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş