-
Hoş habar nädip wagyz edilýär?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
21-NJI SAPAK
Hoş habar nädip wagyz edilýär?
Ýehowa Hudaý her bir adamyň hoş habary eşitmegini isleýär. Ol tizden Patyşalygy arkaly ýer ýüzündäki ähli kynçylyklary aýrar. Isa pygamber hem şägirtlerine şol habary wagyz etmegi tabşyrdy (Matta 28:19, 20). Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň şu tabşyrygyny nädip ýerine ýetirýärler?
1. Matta 24:14-däki sözler nädip ýerine ýetýär?
Isa pygamber «Patyşalyk baradaky hoş habaryň bütin ýer ýüzünde» wagyz ediljekdigini öňünden aýdypdy (Matta 24:14). Ýehowanyň Şaýatlary adamlara hoş habary höwes bilen wagyz edýärler. Biz hoş habary bütin dünýäde 1 000-den gowrak dilde gürrüň berýäris. Köp ýurtlarda we dillerde wagyz etmek aňsat däl, ýöne hoş habar Ýehowanyň kömegi bilen wagyz edilýär.
2. Hoş habary hemme adamlar eşider ýaly näme edilýär?
Biz nirede bolsagam, her bir adama wagyz edýäris. Isanyň I asyrdaky şägirtleri ýaly, bizem «öýden-öýe aýlanyp» wagyz edýäris (Resullar 5:42). Şeýle usul bilen her ýyl millionlarça adamlar hoş habary eşidýär. Köplenç adamlar öýlerinde bolmansoň, biz bazarlarda, duralgalarda, köçelerde wagyz edýäris. Biz her bir ýagdaýdan peýdalanyp, Ýehowa we onuň niýetleri barada gürrüň berýäris.
3. Hoş habary kimler wagyz etmeli?
Isanyň hakyky şägirtleri hoş habary wagyz etmek üçin güýjüni we wagtyny gaýgyrmaýar. Biz mümkin boldugyndan köpräk wagyz edýäris, sebäbi hoş habar adamlaryň janyny halas edýär (1 Timoteos 4:16-ny oka). Munuň üçin bize pul tölenmeýär. Injilde: «Mugt aldyňyz, mugt hem beriň» diýilýär (Matta 10:7, 8). Adamlar diňlemese-de, biz Ýehowa gulak asyp, hoş habary wagyz edýäris. Ýehowa-da hoş habary wagyz edişimizi görüp begenýär.
SÖHBETDEŞLIK
Ýehowanyň kömegi bilen, Şaýatlaryň bütin dünýäde wagyz edişi hakda gürrüň edeliň.
Bütin dünýäde wagyz edilýär: A. Kosta-Rika, B. ABŞ, Ç. Benin, D. Taýland, E. Ýap adasy, Ä. Şwesiýa
4. Elimizde baryny edip, wagyz edýäris
Ýehowanyň Şaýatlary dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlara hoş habary eşitdirmek üçin güýjüni hem wagtyny gaýgyrmaýarlar. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowanyň Şaýatlary wagyz etmek üçin köp tagalla edýän eken. Seni näme haýran galdyrdy?
Matta 22:39 we Rimliler 10:13—15-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Adamlary söýýändigimiz nämeden görünýär?
Ýehowa hoş habary wagyz edýänlere nähili garaýar? (15-nji aýada serediň).
5. Biz Hudaýyň işdeşleri
Köp adamlar hoş habaryň wagyz edilmegine Ýehowanyň kömek edýändigine göz ýetirdiler. Meselem, Täze Zelandiýada ýaşaýan Pawl dogan wagyz etmek üçin bir aýalyň öýüne barýar. Ýaňky aýal şol gün irden Ýehowanyň adyny tutup: «Sen hakda gürrüň berjek adamy ýanyma iberäý» diýip doga edipdir. Üç sagatdan Pawl dogan şol aýalyň gapysyny kakýar.
1 Korinfliler 3:6, 9-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Täze Zelandiýada bolan wakadan hoş habaryň wagyz edilmegine Ýehowanyň kömek edýändigi nädip görünýär?
Resullar 1:8-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Wagyzda näme üçin Ýehowanyň kömegi gerek?
Bilýäňizmi?
Her hepde ýygnakda wagyz etmek öwredilýär. Siz ýygnaga barsaňyz, has ökde wagyz etmegi öwrenip bilersiňiz.
6. Hudaýyň tabşyrygy bilen wagyz edýäris
I asyrda Isanyň şägirtlerine garşy çyksalar-da, olar wagyz etmegini goýmadylar. Irki mesihçiler kanundan peýdalanyp, hoş habary wagyz etmek hukugyny goradylar (Filipililer 1:7). Şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlary olaryň göreldesine eýerýära.
Resullar 5:27—42-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Biz wagyz etmegi näme üçin bes etmeýäris? (29, 38, 39-njy aýatlara serediň).
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Kitabyňy okasaň okaber, ýöne öýden-öýe aýlanyp, wagyz etmek nämä gerek?!»
Sen näme diýerdiň?
ESASY PIKIRLER
Isa pygamber şägirtlerine hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy. Olar Ýehowanyň kömegi bilen ähli adamlara wagyz edýärler.
Gaýtalamak
Hoş habar bütin dünýäde nädip wagyz edilýär?
Adamlary söýýändigimiz nämeden görünýär?
Biz näme üçin höwes bilen wagyz edýäris?
KÖPRÄK BILIŇ
Ýehowanyň Şaýatlary uly şäherlerde wagyz edýär.
Ýehowanyň Şaýatlary gaçgaklara wagyz edýär.
Bir uýa bütin ömri wagyz edip, özüni bagtly duýýan eken.
Kazyýetde gazanylan ýeňişler hoş habary wagyz etmäge mümkinçilik berýär.
«Patyşalygyň wagyzçylary kazyýete ýüz tutýar» («Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!» bap 13)
a Bize hoş habary wagyz etmegi Hudaý tabşyrdy, şonuň üçin ynsan hökümetleri rugsat bermese-de, hoş habary wagyz edýäris.
-
-
Suwa çümdürilmegi maksat goýuň!Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
23-NJI SAPAK
Suwa çümdürilmegi maksat goýuň!
Isa pygamber şägirtlerine suwa çümdürilmegi tabşyrdy (Matta 28:19, 20-nji aýatlary oka). Suwa çümdürilmek näme? Suwa çümdürilmek üçin näme etmeli?
1. Suwa nädip çümdürilmeli?
Ýahýa Isany Iordan derýasynda «suwa çümdürdi» (Markus 1:9, 10). «Suwa çümdürilmek» diýen grek sözi suwa doly çümüp çykmagy aňladýar. Isanyň hakyky şägirtleri hem suwa doly çümüp çykýarlar.
2. Suwa näme üçin çümdürilmeli?
Suwa çümdürilmek isleýän adam ilki Ýehowa özbaşdak doga edip, Hudaýa ebedilik gulluk etmek isleýändigini aýdýar. Ol diňe Ýehowa sežde etmegi, durmuşynda Hudaýyň islegini birinji orunda goýmagy wada berýär. Ol «özünden geçip», indi Isanyň yzyna eýermek isleýär (Matta 16:24). Ol özüni Ýehowa Hudaýa bagyş edendigini görkezmek üçin suwa çümdürilmeli. Indi ol Ýehowa we dogan-uýalar bilen hem ýakyndan dostlaşyp biler, sebäbi özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürildi.
3. Suwa çümdürilmäge nädip taýýarlanyp bilersiň?
Eger suwa çümdürilesiň gelýän bolsa, Ýehowa barada öwrenip, imanyňy berkit (Ýewreýler 11:6-ny oka). Imanyň näçe berkese, Ýehowa söýgiň şonça-da artar. Ýehowa söýgiň artsa, adamlara ol barada gürrüň berip, kada-kanunlary boýunça ýaşasyň geler (2 Timoteos 4:2; 1 Ýahýa 5:3). Eger sen «Ýehowanyň adyna mynasyp ýaşaýan» bolsaň, onda özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilip bilersiň (Koloslylar 1:9, 10)a.
SÖHBETDEŞLIK
Isanyň suwa çümdürilişi hakda gürrüň edeliň. Suwa çümdürilmäge taýýarlanmagy öwreneliň.
4. Isanyň suwa çümdürilişinden näme öwrenýäris?
Matta 3:13—17-nji aýatlary okap, Isanyň suwa çümdürilişi hakda jikme-jik öwreniň. Soňra aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Isa bäbek wagty suwa çümdürildimi?
Ol nädip suwa çümdürildi? Üstüne suw sepdilermi?
Isa suwa çümdürilip, Hudaýyň tabşyran işini edip başlady. Luka 3:21—23 we Ýahýa 6:38-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Isa suwa çümdürilip, durmuşynda nämäni birinji ýerde goýdy?
5. Sen hem suwa çümdürilip bilersiň!
Özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek, ilkibaşda, kyn görünmegi mümkin. Emma Ýehowa barada öwrenip, gowy tanasaň, suwa çümdürilmäge gorkmarsyň. Käbir adamlara suwa çümdürilmäge nämäniň kömek edendigini bilmek üçin WIDEONY görüň.
Ýahýa 17:3 we Ýakup 1:5-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Suwa çümdürilmäge näme kömek eder?
A. Özüňi Hudaýa bagyş etmek üçin Ýehowa doga edip, ebedi gulluk etmek isleýändigiňi aýtmaly.
B. Suwa çümdürilip, hemmelere özüňi Hudaýa bagyş edendigiňi görkezýärsiň.
6. Ýehowanyň maşgalasyna goşulýarsyň
Biz suwa çümdürilip, bütin dünýädäki agzybir maşgala goşulýarys. Biz dürli milletden bolsak-da, dürli ýurtda ýaşasak-da, ählimiz Mukaddes Kitaba ynanýarys we Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýarys. Zebur 25:14 we 1 Petrus 2:17-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Suwa çümdürilseň, Ýehowa we dogan-uýalar bilen araň nähili bolar?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Men-ä entek suwa çümdürilmäge taýýar däl».
Eger senem şeýle pikir edýän bolsaň, suwa çümdürilmäge nädip taýýarlanyp bilersiň?
ESASY PIKIRLER
Isa şägirtlerine suwa çümdürilmegi tabşyrdy. Munuň üçin olar Ýehowa imanyny berkitmeli, kada-kanunlary boýunça ýaşamaly, özüni Hudaýa bagyş etmeli.
Gaýtalamak
Nädip we näme üçin suwa çümdürilmeli?
Özüni Hudaýa bagyş eden näme üçin suwa çümdürilmeli?
Özüňi Hudaýa bagyş etmäge we suwa çümdürilmäge nädip taýýarlanyp bilersiň?
KÖPRÄK BILIŇ
Suwa çümdürilmek hakda köpräk biliň.
Suwa çümdürilmek üçin näme etmeli?
«Ýehowa bolan söýgi suwa çümdürilmäge höweslendirýär» («Garawul diňi» mart, 2020)
Bir adamy suwa çümdürilmäge näme höweslendirdi?
«Şu diniň hakykatdygyna göz ýetirmegimi islediler» («Garawul diňi» 1 fewral, 2013)
Suwa çümdürilmegi maksat goýmak we taýýarlanmak üçin näme etmeli?
«Men hökman suwa çümdürilmelimi?» («Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom» bap 37)
a Eger sapak geçýän adam öňki dininde suwa çokundyrylan bolsa, ol täzeden suwa çümdürilmeli, sebäbi öňki dininde Mukaddes Kitapda ýazylan hakykatlar öwredilmeýärdi (Resullar 19:1—5-nji aýatlara we 13-nji sapaga seret).
-