-
Biz adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmaly?Garawul diňi — 2008 | 15 maý
-
-
12. a) Isa ruhy yşyk barada näme diýdi? b) Yşygymyz parlar ýaly biz näme edip bileris?
12 Adamlara iň uly ýagşylyk etmeklik — olara Hudaý baradaky hakykat yşygyny almaga kömek etmek (Zeb. 43:3). Isa şägirtlerine «dünýäniň yşygysyňyz» diýdi we adamlar olaryň «gowy işlerini» ýa-da edýän ýagşylygyny görer ýaly yşygyny parlatmaga çagyrdy. Ruhy yşyk «adamlaryň öňünde» parlap, ähli adamzada peýda getirmeli (Matta 5:14—16-njy aýatlary okaň). Şu günler biz hem ýakynymyza ýagşylyk edip, yşygymyzy parladýarys we «dünýäniň niresinde» bolsa-da, hoş habary «bütin milletlere» wagyz etmäge gatnaşýarys (Mat. 26:13; Mar. 13:10). Bu wajyp işe gatnaşmak uly hormat!
-
-
Biz adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmaly?Garawul diňi — 2008 | 15 maý
-
-
14. a) I asyrda çyralar nähili bolýardy? b) Hakykaty «gabyň aşagynda» ýaşyrmazlyk näme aňladýar?
14 Isanyň aýtmagyna görä, çyra ýakylanda, öýdäkileriň hemmesine yşyk berer ýaly, ony gabyň aşagynda goýman, çyradanyň üstünde goýýarlar. I asyrda, adatça, çyradan pelteli bolup, palçykdan ýasalýardy, ýakmak üçin onuň içine ýag (köplenç zeýtun ýagy) salynýardy. «Öýdäkileriň ählisine yşyk berer» ýaly, ony köplenç agaçdan ýa-da demirdan ýasalan beýik enjamyň üstünde goýýardylar. Hiç kimem çyrany ýakyp, ony gabyň, ýagny dokuz litrlik uly göwrümli gabyň aşagynda goýmaz. Şunlukda, Isa şägirtleriniň yşygyny göçme manydaky gabyň aşagynda ýaşyrmaly däldigini görkezdi. Biz hem hiç haçan garşylyklara ýa-da yzarlamalara ýol berip, Ýazgylardaky hakykaty ýaşyrmaly däl ýa-da özümizde saklamaly däl.
-