-
Biz adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmaly?Garawul diňi — 2008 | 15 maý
-
-
12. a) Isa ruhy yşyk barada näme diýdi? b) Yşygymyz parlar ýaly biz näme edip bileris?
12 Adamlara iň uly ýagşylyk etmeklik — olara Hudaý baradaky hakykat yşygyny almaga kömek etmek (Zeb. 43:3). Isa şägirtlerine «dünýäniň yşygysyňyz» diýdi we adamlar olaryň «gowy işlerini» ýa-da edýän ýagşylygyny görer ýaly yşygyny parlatmaga çagyrdy. Ruhy yşyk «adamlaryň öňünde» parlap, ähli adamzada peýda getirmeli (Matta 5:14—16-njy aýatlary okaň). Şu günler biz hem ýakynymyza ýagşylyk edip, yşygymyzy parladýarys we «dünýäniň niresinde» bolsa-da, hoş habary «bütin milletlere» wagyz etmäge gatnaşýarys (Mat. 26:13; Mar. 13:10). Bu wajyp işe gatnaşmak uly hormat!
-
-
Biz adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmaly?Garawul diňi — 2008 | 15 maý
-
-
15. Biziň «gowy işlerimiz» käbir adamlara nähili täsir edýär?
15 Çyranyň yşygy barada agzandan soň, Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar». Biziň «gowy işlerimiziň» netijesinde käbirleri Hudaýy «şöhratlandyryp», onuň gullukçylary bolýarlar. Geliň, mundan beýläk hem «dünýädäki yşyk kimin ýalpyldalyň»! (Flp. 2:14, 15).
16. «Dünýäniň yşygy» bolmak üçin näme etmeli?
16 «Dünýäniň yşygy» bolmak üçin Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edip, şägirt taýýarlamaly. Emma bu ýeterlikli däl. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Yşyga degişli ynsanlar bolup geziň. Çünki Ruhuň miwesi her hili ýagşylykdan, dogrulykdan we hakykatdan ybaratdyr» (Efes. 5:8, 9). Biz gowy edim-gylymymyz bilen parlap, göreldeli bolmaly. Munuň üçin Petrus resulyň maslahatyna eýermeli: «Bet iş edýänler hökmünde sizi ýamanlan zatlarynda oňat işleriňizi görüp, Rebbiň bize gelen güni Hudaýy şöhratlandyrmalary üçin milletler arasynda oňat edim-gylymly boluň» (1 Pet. 2:12). Emma imandaşlarymyz bilen gatnaşygymyz bozulsa näme etmeli?
-