Olar Mesihe garaşdylar
«Halk garaşyp durka, hemmesi Ýahýa hakda öz içlerinden: «Bu Mesihmikä?» diýip oýlanýardylar» (LUKA 3:15).
1. Perişde çopanlara nähili tolgundyryjy habary aýtdy?
GIJE çopanlar düzde galyp, goýunlaryny bakýardy. Birdänkä Ýehowanyň perişdesi peýda boldy we daş-töweregi ýagtyltdy! Çopanlar gaty gorkdular, ýöne perişdäniň aýdan şeýle tolgundyryjy habaryny eşitdiler: «Gorkmaň, ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn: Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir. Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gundaga dolangy bir çagany taparsyňyz». Birdenkä perişde bilen birlikde gökdäki goşundan bir uly mähelle göründi. Olar Hudaýy öwüp diýýärdiler: «Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, ýer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun!» (Luka 2:8—14).
2. «Mesih» sözi näme aňladýar? Adamlar Mesihi nädip tanamalydylar?
2 Çopanlar ol, hakykatdanam, Mesihmikä diýip geňirgenendirler. Olar ýewreý dilinde «Mesih» sözüniň «Bellenen» diýmegi aňladýanydygyny bilýärdi (Müs. çyk. 29:5—7). Eýsem çopanlar we başga adamlar bu çagany Ýehowanyň Mesih saýlandygyny nädip bilmelidiler? Ilki bilen, olar Mukaddes Ýazgylardan Mesih barada pygamberlikleri öwrenip, soňra olaryň şu çaganyň durmuşynda berjaý bolşuna syn etmelidiler.
Adamlar näme üçin Mesihe garaşýardy?
3, 4. Daniýel 9:24, 25-nji aýatlardaky pygamberlik nädip berjaý boldy?
3 Birnäçe ýyldan Ýahýa çokundyryjy wagyz edip başlady. Käbir adamlar onuň aýdýan sözlerini eşidip, edýän işlerini görüp, ol Mesih bolaýmasyn diýip pikir edýärdiler (Luka 3:15-i okaň). Emma Mukaddes Ýazgylarda 70 hepde barada pygamberlik bar. Şol pygamberlik adamlara Mesihiň haçan peýda boljagyny bilmäge kömek edýär. Onda şeýle diýilýär: «Halkyň üçin ýetmiş hepde bellenildi... Iýerusalimi gaýtadan dikeltmeli diýen karar çykandan, Hökümdar Mesihe çenli ýedi hepde we altmyş iki hepde geçer» (Dan. 9:24, 25). Mukaddes Ýazgylary öwrenýän alymlaryň pikirine görä, şol hepdeleriň her biri ýedi günden däl-de, ýedi ýyldan ybarat. Şeýlelikde, her hepde ýedi ýyl dowam edýär. Mukaddes Ýazgylaryň bir terjimesinde Daniýel 9:24-de: «Ýetmiş ýyl hepdesi bellendi» diýilýär (Revised Standard Version).
4 Şu günler Hudaýyň halky Daniýel 9:25-de aýdylan 69 hepdäniň 483 ýyldan ybaratdygyny we onuň b. e. öň 455-nji ýylda başlanandygyny bilýär. Şol ýyl pars patyşasy Artahşaşta (Artakserks) Nehemýa Iýerusalimi dikeltmegi tabşyrýar (Neh. 2:1—8). B. e. 29-njy ýylynda 483 ýyl tamamlandy. Şol ýyl hem Isa suwda çokundyryldy. Şonda Ýehowa Isany mukaddes ruh arkaly Mesih edip belledi (Mat. 3:13—17)a.
5. Biz haýsy pygamberliklere serederis?
5 Mukaddes Ýazgylarda Mesih barada başga-da pygamberlikler köp. Biz makalanyň dowamynda şolaryň käbirine serederis. Şol pygamberliklerde Mesihiň dogluşy, çagalygy hem-de suwda çokundyrylyşy we gullugy barada aýdylýar. Biz şol pygamberlikleriň Isanyň durmuşynda ýerine ýetişine serederis. Bu Mukaddes Ýazgylara imanymyzy berkidip, köp adamlaryň garaşan Mesihiniň Isadygyna göz ýetirmäge kömek eder.
Çagalygy baradaky pygamberlikler
6 Gelip çykyş 49:10-daky pygamberlik nädip ýerine ýetdi?
6 Mesih Ysraýylyň Ýahuda taýpasynda dogulmalydy. Ýakup ölüm ýassygynda ýatyrka, ogullaryna ak pata berýär. Şonda ol Ýahuda şeýle diýýär: «Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar» (Gel. çyk. 49:10). Ýewreýleriň mugallymlary Ýakubyň Ýahuda Mesih barada aýdandygyna hemişe ynanýardy. Eýsem, Ýakubyň sözleri näme aňladýar? Biz onuň patyşa barada aýdandygyny bilýäris, sebäbi höküm sürmäge we buýruk bermäge haklydygyny görkezýän şalyk hasasyny diňe patyşa göteripdir. Şu pygamberlige laýyklykda, höküm sürmäge hakly patyşa Ýahuda taýpasyndan dünýä inmelidi. Ýahuda taýpasyndan ilkinji patyşa Dawutdy, soňky patyşa bolsa, Zedekiýady. Emma Ýakup Zedekiýadan soňky boljak patyşa hakynda pygamberlik edipdi. Şol patyşa ebedilik höküm sürmelidi. Oňa Şilo hem diýilýär. Şilo «eýesine degişli» diýmegi aňladýar. Hudaý Zedekiýa onuň patyşa bolmaga kanuny hakynyň bardygyny aýdýar (Ezek. 21:26, 27). Isa dogulmanka, Jebraýyl perişde Merýeme: «Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň öýüne ebedi patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi (Luka 1:32, 33). Isa Ýahuda taýpasyndan Dawudyň maşgalasynda dünýä indi. Ýehowa Dawudyň maşgalasyndan diňe Isanyň patyşa boljagyny wada berdi. Diýmek, Şilo Isa Mesihdi (Mat. 1:1—3, 6; Luka 3:23, 31—34).
7. Mesihiň dogluşy hakyndaky pygamberlik nädip berjaý boldy?
7 Mesih Beýtullahamda dogulmalydy. Mika pygamber şeýle ýazdy: «Eý Ýahuda ülkesindäki Beýtullaham Efrata, sen Ýahudanyň arasynda asla iň kiçisisiň. Halkym Ysraýyla hökümdar boljak senden çykjakdyr. Onuň asly gadymdan, has irki wagtdandyr» (Mika 5:2). Bu pygamberlikde Mesihiň Beýtullahamda doguljakdygy aýdylýar. Ýahudada ýerleşýän bu şähere bir wagtlar Efrata hem diýilýärdi. Emma Isanyň ejesi Merýem we onuň äri Ýusup Nasyra diýen şäherde ýaşaýardy. Isanyň dogulmaly wagty gelende, Rim hökümdary ilat ýazuwyny geçirmek üçin, adamlara dogduk şäherine baryp, adyny ýazdyrmagy buýurýar. Şonuň üçin Merýem bilen Ýusup Beýtullahama barýar. Şol ýerde-de Isa dünýä inýär (Mat. 2:1, 5, 6). Şeýlelikde, Isa pygamberlikde aýdylan şäherde dogulýar!
8, 9. Mesihiň dogluşy barada nähili pygamberlik edildi? Mesih doglandan soň näme bolmalydy?
8 Mesih gyzdan dogulmalydy (Işaýa 7:14-i okaň). Işaýa 7:14-de «bir gyz... ogul dograr» diýilýär. Meselem, Rebeka durmuşa çykmadyk «gyz» diýilýär (Gel. çyk. 24:16, 43). Matta Isanyň dogulşy hakyndaky şol pygamberligiň berjaý bolandygyny mukaddes ruh arkaly ýazdy. Matta bu aýatda «durmuşa çykmadyk» diýen sözi däl-de, «gyz» diýen grek sözüni ulanýar. Matta hem, Luka hem Merýemiň gyzdygyny we mukaddes ruh arkaly göwreli bolandygyny aýdýarlar (Mat. 1:18—25; Luka 1:26—35).
9 Mesih doglansoň, çagalar öldürilmelidi. Mesih dogulmazdan müňlerçe ýyl öň hem şeýle waka bolupdy. Müsür hökümdary ýewreýlerden doglan ogul bäbekleri Nil derýasyna taşlamagy buýrupdy (Müs. çyk. 1:22). Ýeremiýa 31:15, 16-njy aýatlarda «ogullary üçin aglaýan Rahel» barada aýdylýar, çünki olary duşmanlary öldürdi. Adamlar Iýerusalimiň demirgazygynda ýerleşýän Benýaminden, ýagny Ramdan bir ses eşidýärdi. Hirodes patyşa Beýtullahamdaky ähli oglan bäbekleri öldürmegi buýranda, Matta bu pygamberligiň berjaý bolandygyny aýtdy (Matta 2:16—18-nji aýatlary okaň). Adamlaryň nähili hasrat çekendigini göz öňüne getirip görüň!
10. Hoşea 11:1-däki pygamberlik nädip ýerine ýetdi?
10 Mesih Müsürden çagyrylmalydy (Hoş. 11:1). Isany Hirodes patyşanyň elinden halas etmek üçin, perişde Ýusuba we Merýeme Isany alyp, Müsüre gaçmalydygyny aýtdy. Olar Müsürde Hirodes ölýänçä galdylar. Hirodes ölensoň, Ýusup Isany Ysraýyla getirdi. Ýehowanyň Hoşea arkaly: «Men Oglumy Müsürden çagyrdym» diýen sözleri berjaý boldy (Mat. 2:13—15). Elbetde, Isa doglan wagty we çagalygynda pygamberliklileriň ýerine ýetmegine täsir edip bilmeýärdi.
Mesih gulluk edip başlaýar!
11. Mesihiň ýoluny kim taýýarlady?
11 Habarçy Mesihiň ýoluny taýýarlamalydy. Malaki pygamber bir habarçynyň öňünden gelip, Mesihiň ýoluny taýýarlajakdygyny aýtdy. Ol adamlary geljek Mesihi kabul etmäge taýýarlamalydy. Malaki pygamber oňa Ylýas pygamber diýdi (Malaki 4:5, 6-njy aýatlary okaň)b. Isa Ýahýa çokundyryjyny Ylýasa meňzedýär (Mat. 11:12—14). Markusyň aýtmagyna görä, Ýahýa Mesihiň ýoluny taýýarlady. Munuň bilen Işaýanyň pygamberligi berjaý boldy (Iş. 40:3; Mar. 1:1—4). Isa Ýahýadan ýoluny taýýarlamagy haýyş etmedi. Hudaý adamlaryň Mesihiň kimdigini bilmegini isleýärdi. Şeýlelikde, Ylýasyňky ýaly işi etmegi we adamlara Mesihi garşy almaga taýýarlamagy Hudaý Ýahýa çokundyryja tabşyrypdy.
12. Ýehowa Isa Mesihe nähili ýörite ýumuş berdi?
12 Hudaý Mesihe ýörite ýumuş bermelidi. Isa bir sapar önüp-ösen şäheri Nazaretiň sinagogasyna barýar. Ol Işaýa pygamberiň kitabyny açyp, okaýar. Onuň okan ýeri şudy: «Rebbiň Ruhy üstümdedir. Çünki garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin Meni mesh etdi; Meni tussaglara azatlygy, körlere gözleriniň açylmagyny yglan etmäge, zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny yglan etmäge iberdi». Bu pygamberlik Isanyň özi baradady. Ol, hakykatdanam, Mesihdi. Şol sebäpli Isanyň: «Siziň eşiden bu ýazgyňyz şu gün berjaý boldy» diýmäge haky bardy (Luka 4:16—21).
13. Işaýa pygamber Isanyň Jelilede gulluk etjekdigi barada näme diýdi?
13 Pygamberlikde Mesihiň Jelilede gulluk etjekdigi aýdylýar. Işaýa pygamber «Zebulun» «Naftali» we «milletleriň Jelilesi» barada aýdypdy. Ol şeýle diýdi: «Zebulun ýurdy we Naftali ýurdy, Iordanyň aňyrsyndaky ýolda, milletleriň Jelilesinde, garaňkyda oturan halk, bir uly yşyk gördi. Ölüm ýurduna we kölegesinde oturanlara yşyk ýalpyldady» (Iş. 9:1, 2). Isa Jeliläniň Kapernaum şäherinde gullugyna başlady. Şeýle-de ol Zebulun we Naftali ýurtlarynda öwredýärdi. Isa şol ýerde ýaşaýan adamlara yşyk kimin ýalpyldaýan hakykaty öwredip, kömek etdi (Mat. 4:12—16). Isa Jelilede, Dagdaky wagzyny aýtdy, resullaryny saýlady we ilkinji gudratyny görkezdi. Şeýle-de Isa direlenden soň, Jelilede 500-den gowrak şägirtlerine göründi (Mat. 5:1—7:27; 28:16—20; Mar. 3:13, 14; Ýahýa 2:8—11; 1 Kor. 15:6). Isa Zebulun we Naftali ýurdunda wagyz edende, Işaýanyň pygamberligi berjaý boldy. Şeýle-de Isa Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary ysraýylyň başga ýerlerinde-de wagyz etdi.
Mesih baradaky başga pygamberlikler
14. Zebur 78:2 nädip berjaý boldy?
14 Mesih adamlary wakalar we tymsallar arkaly öwretmelidi. Asaf atly bir mezmurçy: «Agzymy tymsal aýdyp açaýyn» diýip, aýdym aýtdy (Zeb. 78:2). Matta bu pygamberligiň berjaý bolandygyny ýazdy. Isa adamlary hemişe tymsal, ýagny mysal arkaly öwrederdi. Mattanyň aýtmagyna görä, Isa adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada öwredende, gorçisa tohumyny we hamyrmaýany mysal getirdi. Ol şeýle diýýär: «Isa bu zatlaryň baryny halaýyga tymsallar bilen aýdardy; tymsalsyz olara hiç zat aýtmazdy. Bu pygamber arkaly aýdylan şu sözüň ýerine ýetmegi üçindi: «Agzymy tymsallar bilen açaryn; dünýä gurlaly gizlin galan zatlary beýan ederin» (Mat. 13:31—35). Isanyň ulanan wakalary we tymsallary köp adamlara Ýehowa baradaky hakykata düşünmäge ýardam etdi.
15. Işaýa 53:4-däki pygamberlik nädip ýerine ýetdi?
15 Mesih adamlary sagaldar. Işaýa şeýle pygamberlik etdi: «Ol biziň hassalygymyzy öz üstüne aldy, biziň dertlerimizi çekdi» (Iş. 53:4). Petrusyň gaýynenesi syrkawlanda, Isa ony sagaltdy. Muny eşidip, köp adamlar Petrusyň öýüne geldiler. Isa olary-da sagaltdy. Matta Işaýa pygamberiň: «Biziň ejizliklerimizi Öz üstüne aldy, syrkawlyklarymyzy Öz gerdeninde çekdi» diýen sözleriniň ýerine ýetendigini aýtdy (Mat. 8:14—17). Emma Isa adamlary diňe bir gezek sagaltmady. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň adamlary sagaldyşy barada ençeme sapar aýdylýar.
16. Ýahýa resul Işaýa 53:1-de Isa barada aýdylýandygyny nädip subut etdi?
16 Isa ýagşy işler etse-de, köp adamlar onuň Mesihdigine ynanmady (Işaýa 53:1-i okaň)c. Ýahýa resul şu pygamberligiň berjaý bolandygyny aýdýar: «Isa olaryň gözleriniň alnynda şunça alamat görkezen hem bolsa, olar Oňa iman etmediler. Çünki Işaýa pygamberiň: «Ýa Reb, biziň beren habarymyza kim ynandy? Rebbiň gudratly goly kime göründi?» diýen sözleri berjaý bolmalydy» (Ýahýa 12:37, 38). Ençeme ýyldan Pawlus hoş habary wagyz edende, adamlaryň köpüsi Isanyň Mesihdigine ynanmadylar (Rim. 10:16, 17).
17. Zebur 69:4-däki pygamberlik nädip berjaý boldy?
17 Adamlar Mesihi sebäpsiz ýigrener (Zebur 69:4). Isa şeýle diýdi: «Men başgasynyň etmedik işlerini olaryň arasynda görüp, hem Meni, hem-de Atamy ýigrendiler. Kanunlarynda: «Meni nähak ýigrendiler» diýip ýazylan söz berjaý bolmalydyr» (Ýahýa 15:24, 25). Şu aýatlarda «kanun» diýlende, şol döwürde bolan ähli Ýazgylar göz öňüne tutulýardy (Ýahýa 10:34; 12:34). Injilde Isa barada okap, adamlaryň köpüsi, esasanam, ýewreý dini ýolbaşçylarynyň Isany ýigrenendigini bilýäris. Şeýle-de Isa: «Sizi dünýä ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, çünki Men onuň erbetdigine güwä geçýärin» diýdi (Ýahýa 7:7).
18. Biz indiki makalada nämä serederis?
18 Birinji asyrda Isanyň şägirtleri onuň Mesihdigine ynanýardy. Olar Mesih barada ähli pygamberlikleriň Isada berjaý bolandygyny bilýärdi (Mat. 16:16). Biz şu makalada Isanyň çagalygy we gullugy hakyndaky pygamberlikleriň berjaý bolandygyny bildik. Emma Mukaddes Ýazgylarda Mesihiň kimdigini subut edýän ýene-de ençeme pygamberlikler bar. Biz olary indiki makalada bileris. Eger biz şol pygamberlikler barada çuňňur oýlansak, Isanyň bellenen Mesihdigine hiç haçan şübhelenmeris.
a «Ýetmiş hepde» barada köpräk bilmek üçin «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 197—199-njy sahypalaryna serediň.
b Malaki 4:5 Ýehowanyň beýik we aýylganç güni gelmänkä, men size Ylýas pygamberi iberýärin. 6 Men gelip ýeri weýran edip, harabaçylyga öwürmez ýaly, ol atalaryň ýüreklerini ogullaryna we ogullaryň ýüreklerini atalaryna öwrer.
c Işaýa 53:1 Biziň habarymyza kim ynandy? Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?
Nähili jogap berersiňiz?
• Isanyň dogluşy hakynda nähili pygamberlikler bar?
• Mesihiň ýoluny kim taýýarlady?
• Işaýa kitabynyň 53-nji babyndaky pygamberlikler nädip berjaý boldy?