Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Doga edip, Hudaýa ýakynlaş
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 1. Biz kime we näme hakda doga etmeli?

      Nuh, Ybraýym, Musa, Dawut ýaly pygamberler Ýehowa Hudaýa doga edipdirler. Meselem, Dawut pygamber: «Eý Ýehowa, dogamy eşit» diýip dileg edipdir (Zebur 143:1). Ýehowa doga etsek, dostlugymyz has-da berkär.

      Biz Hudaýa islendik zat hakda doga edip bileris. Ýöne dileýän zadymyz Hudaýyň islegine gabat gelmeli. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hudaýyň... islegine görä näme dilesek, ol hökman eşider» (1 Ýahýa 5:14). Isa pygamber hem Hudaýa nämeler hakda doga edip bilýändigimizi öwredipdi (Matta 6:9—13-nji aýatlary oka). Doga-dileg edenimizde, diňe gaýgy-aladalarymyzy däl-de, Hudaýa ýagşylyklary üçin minnetdarlyk hem aýtmaly. Biz başgalar üçin hem doga etmegi unutmaly däl.

  • Kynçylyklar we erbetlikler näme üçin bolýar?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • Bilýäňizmi?

      Şeýtan Hudaý barada ýalan sözläp, onuň adyny garalady. Ol Ýehowany adalatsyz, doňýürek Hökümdar edip görkezdi. Tizden Ýehowa ähli erbetlikleriň hem-de kynçylyklaryň soňuna çykyp, iň gowy Hökümdardygyny subut eder. Ýehowanyň adynyň aklanmagy älem-jahanda iň wajyp mesele (Matta 6:9, 10).

  • Hudaýyň Patyşalygy näme eder?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 33-nji sapak. Adamlar ýer ýüzünde Jennetde ýaşaýarlar.

      33-NJI SAPAK

      Hudaýyň Patyşalygy näme eder?

      Hudaýyň Patyşalygy eýýäm gökde höküm sürýär. Ol tizden ýer ýüzünde köp zatlary üýtgeder. Geliň, Hudaýyň Patyşalyk arkaly etjek işlerini bileliň.

      1. Ýer ýüzünde parahatlygy we adalaty nädip dikelder?

      Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa Armageddon söweşinde erbet adamlary we hökümetleri ýok eder (Ylham 16:14, 16). Şonda Mukaddes Kitapdaky: «Ýene biraz wagtdan erbet ýok bolar» diýen pygamberlik doly ýerine ýeter (Zebur 37:10). Isa Patyşalyk arkaly ýeriň ähli künjeginde adalaty dikelder, parahatlyk höküm sürer (Işaýa 11:4-i oka).

      2. Ýer ýüzünde nähili ýaşaýyş bolar?

      Hudaýyň Patyşalygy höküm sürende, «dogruçyl adam ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:29). Göz öňüne getir, şonda diňe gowy adamlar, Ýehowany we bir-birini söýýän adamlar ýaşar. Keselçilik hem ölüm bolmaz.

      3. Patyşalyk erbetligi ýok edip, soňra nämeler eder?

      Isa erbetligi ýok edip, soňra 1000 ýyllap patyşa bolar. Ol 144 000 saýlananlar bilen adamlary günäden arassalar, kämil bolmaga kömek eder. Müň ýylyň ahyrynda ýer ýüzi Jennet bolar, ähli adamlar Ýehowa gulak asyp, bagtly ýaşar. Iň soňunda, Isa Patyşalygy Atasy Ýehowa gaýtaryp berer. Şonda Ýehowanyň «ady mukaddes bolar» (Matta 6:9, 10). Hemmeler Ýehowanyň adamlaryň aladasyny edýän iň gowy hökümdardygyna düşüner. Soňra Ýehowa Şeýtany, jynlary we hökümdarlygyna garşy çykýanlary ýok eder (Ylham 20:7—10). Hudaýyň Patyşalygy ebedilik höküm sürer, durmuş gülala-güllük bolar.

      SÖHBETDEŞLIK

      Hudaý Patyşalygy arkaly ähli wadalaryny ýerine ýetirer.

      4. Hudaý ýerdäki hökümetleri ýok eder

      «Bir adamyň beýleki adamyň üstünden hökümdarlyk etmegi hemişe zyýanly ekeni» (Nesihat 8:9). Hudaý Patyşalygy arkaly hökümetleriň ýetiren zyýanyny aýrar.

      Danyýar 2:44 we 2 Selanikliler 1:6—8-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowa bilen Isa ýerdäki hökümetleri we olary goldaýanlary näme eder?

      • Ýehowa bilen Isanyň adalatly hem dogruçyl boljagyna näme üçin ynanyp bilersiň?

      Jennetde Isa gökden ýer ýüzüne hökümdarlyk edýär.

      5. Isa — iň gowy patyşa

      Isa adamlara köp ýagşylyk eder. WIDEONY görüň. Isa ýerde ýaşanda, adamlara kömek etmek isleýändigini we güýjüniň ýetýändigini görkezipdi.

      WIDEO: «Isa Patyşalygyň etjek işlerini görkezdi» (1:13)

      Isa ýer ýüzünde ýaşanda, Patyşalyk arkaly nämeleri etjekdigini görkezipdi. Sen Hudaýyň berjek bereketleriniň haýsysyny görmek isleýärsiň? Aýatlary okap, şol bereketler hakda köpräk biliň.

      ISA ÝERDEKÄ...

      ISA GÖKDEKÄ...

      • tebigata aýdanyny etdirdi (Markus 4:36—41).

      • ýer ýüzüne ýetirilen zyýany doly aýrar (Işaýa 35:1, 2).

      • gudrat bilen müňlerçe adamy doýurdy (Matta 14:17—21).

      • iýere zat köp bolar (Zebur 72:16).

      • dürli keselli adamlary sagaltdy (Luka 18:35—43).

      • adamlar sagdyn bolar (Işaýa 33:24).

      • ölüleri direltdi (Luka 8:49—55).

      • ölümi, ajy hasraty aýrar (Ylham 21:3, 4).

      6. Ajaýyp durmuş bolar

      Hudaý Patyşalygy arkaly başdaky niýetini amala aşyrar. Adamlar Jennetde ebedi ýaşar. WIDEONY görüp, Ýehowanyň Isa arkaly niýetini nädip amala aşyrjakdygyny biliň.

      WIDEO: «Ajaýyp durmuşda ýaşarys» (4:38)

      Zebur 145:16-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowanyň «her bir adamy we haýwany... doýurjakdygy» saňa nähili täsir edýär?

      ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Agzybir bolsak, häzirem ähli kynçylyklary çözüp bileris».

      • Hudaý Patyşalygy arkaly hökümetleriň hiç haçan başarmajak haýsy kynçylyklaryny çözer?

      ESASY PIKIRLER

      Hudaý Patyşalygy arkaly etjek diýen zadyny hökman eder. Ol bütin ýer ýüzüni Jennet eder, gowy adamlar Ýehowa hemişe gulak asar.

      Gaýtalamak

      • Hudaý Patyşalygy arkaly adyny nädip mukaddes eder?

      • Hudaýyň wadalarynyň hökman ýerine ýetjekdigine näme üçin ynanýarsyň?

      • Sen Hudaýyň haýsy wadalarynyň ýerine ýetmegine garaşýarsyň?

      Maksat goýuň

      KÖPRÄK BILIŇ

      Armageddon barada köpräk öwreniň.

      «Armageddon söweşi näme?» (Internet makala)

      Agyr muşakgatda nämeler bolar? (Matta 24:21)

      «Agyr muşakgat näme?» (Internet makala)

      Maşgalaňyz bilen Jenneti göz öňüne getiriň.

      «Jenneti göz öňüne getir» (1:50)

      Hökümete garşy çykan adam köp soraglaryna jogap tapýar.

      «Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 ýanwar, 2012)

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş