Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/6 sah. 7—11
  • Biz nämeden gaça durmaly

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz nämeden gaça durmaly
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Geljekki gazap güni
  • «Babyldan gaçyň»
  • Butparazlykdan gaçyň
  • «Ahlaksyzlykdan gaçyň»
  • «Pul söýgüsinden» gaçyň
  • «Ýaşlyk höweslerinden gaç»
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/6 sah. 7—11

Biz nämeden gaça durmaly

«Eý alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçmagy size kim salgy berdi?» (MAT. 3:7).

1. Siz «gaçmak» sözüni eşideniňizde, Mukaddes Ýazgylardaky haýsy wakalar ýadyňyza düşýär?

SEN «gaçmak» sözüni eşideniňde näme ýadyňa düşýär? Käbiri owadan ýaş ýigit Ýusubyň ahlaksyzlyk etmejek bolup, Potifaryň aýalyndan gaçan wagtyny ýadyna salýar (Bar. 39:7—12). Käbiri bolsa b. e. 66-njy ýylynda mesihçileriň Isanyň duýduryşyna gulak asyp, Iýerusalimden gaçan wagtyny ýadyna salýar: «Iýerusalimi goşunlaryň gurşanyny göreniňizde,.. Ýahudadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesin» (Luka 21:20, 21).

2, 3. a) Näme üçin Ýahýa Çokundyryjy dini ýolbaşçylary ýazgardy? b) Isa nädip Ýahýanyň sözleriniň üstüni ýetirdi?

2 Ýokarda agzalan mysallarda gaçmak sözi göni manyda ulanylýar. Şu günler ýer ýüzüniň ähli ýerinde ýaşaýan mesihçiler göçme manyda-da gaça durmaly. Ýahýa Çokundyryjy «gaçmak» sözüni göçme manyda ulandy. Onuň ýanyna gelenleriň arasynda özüne göwni ýetip, toba etmek islemeýän ýehudy dini ýolbaşçylar bardy. Olar toba edip, suwda çokundyrylan sada adamlara ýigrenç bilen garaýardylar. Ýahýa ikiýüzli dini ýolbaşçylary mertlik bilen şeýle paş edýär: «Eý alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçmagy size kim salgy berdi? Indi toba mynasyp hasyl beriň» (Mat. 3:7, 8).

3 Ýahýa göni manyda gaçmak barada aýtmady. Ol gazaply höküm gününiň geljegi barada we dini ýolbaşçylar şol günden halas bolmak üçin toba mynasyp hasyl getirmelidigini duýdurdy. Biraz wagtdan soň, Isa dini ýolbaşçylary mertlik bilen ýazgardy, ýagny ganhorlygy üçin olaryň hakyky atasynyň Iblisdigini görkezdi (Ýahýa 8:44). Isa Ýahýanyň öňki beren duýduryşyny gaýtalap, onuň sözüniň üstüni ýetirdi. Ol bu ikiýüzlileri «alahöwrenler nesli» diýip atlandyrdy we: «Dowzah höküminden nähili gaçjak?» diýdi (Mat. 23:33). Isanyň «dowzah» diýen sözi näme aňladýar?

4. Isanyň Dowzah baradaky duýduryşy näme aňladýar?

4 Dowzah Iýerusalimiň diwarlaryndan daşda ýerleşýän jülge bolup, ol ýerde hapa we haýwanlaryň jesedi ýakylýardy. Isa Dowzah diýen sözi ebedi ölüm hökmünde ulandy. Onuň Dowzahdan gaçmak barada beren soragy şol dini ýolbaşçylaryň hemişelik ýok ediljekdigini görkezýärdi (Mat. 5:22, 29).

5. Ýahýanyň we Isanyň duýduryşy nädip ýerine ýetdi?

5 Ýehudy dini ýolbaşçylary Isany we onuň şägirtlerini yzarlap öz günälerini has agyrlaşdyrdylar. Ýahýa bilen Isanyň duýduryşy ýaly Hudaýyň gazaply güni geldi. Şol döwürde «gazap» belli bir ýere, ýagny Iýerusalim we Ýahuda indi, şol sebäpli göni manyda gaçyp bolýardy. B. e. 70-nji ýylynda rim goşuny Iýerusalimi we onuň ybadathanasyny ýok etdi. Beýle uly «muşakgat» Iýerusalimde hiç haçan bolmandy. Ençeme adamlar öldürildi we ýesir alyndy. Şeýle uly muşakgat hristian dünýäsine we beýleki dinlere garaşýar (Mat. 24:21).

Geljekki gazap güni

6. Resullar aradan çykansoň, mesihçiler ýygnagynda näme döräp başlady?

6 I asyrda käbir mesihçiler imandan dändiler we başgalary-da yzyna eýertdiler (Res. iş. 20:29, 30). Isanyň resullary dirikä, şeýle imandan dänenleri «bökdeýärdiler», ýöne olar aradan çykansoň, ençeme ýalan mesihçi sektalary peýda boldy. Şu günler özüni mesihçi hasaplaýan we taglymatlary Mukaddes Ýazgylara deň gelmeýän ýüzlerçe dinler bar. Mukaddes Ýazgylarda Hristian dünýäsiniň peýda boljakdygy barada şeýle pygamberlik edildi: «Bikanun adam, heläkçilik ogluny... Reb Isa... öldürer, gelmeginiň haýbaty bilen ýok eder» (2 Sel. 2:3, 6—8).

7. Näme üçin Hristian dünýäsiniň ýolbaşçylaryna «bikanun adam» diýse bolýar?

7 Hristian dünýäsiniň dini ýolbaşçylary millionlarça adamlary taglymatlary, Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän baýramçylyklary we Hudaýa ýaramaýan edim-gylymlary etmäge höweslendirip aldaýarlar. Isanyň ýazgaran dini ýobaşçylary ýaly häzirki «heläkçilik ogluna» gulluk edýänler direlişe umytsyz doly ýok ediler (2 Sel. 1:6—9). Eýsem, Hristian dünýäsiniň ýolbaşçylary we başga ýalan dinleriň ruhanylary tarapyndan aldanan adamlara näme bolar? Bu soraga jogap bermek üçin geliň, b. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalimiň öňki weýran edilmegi bilen bagly bolan waka seredeliň.

«Babyldan gaçyň»

8, 9. a) Ýeremiýa Babyldaky sürgün edilen ýehudylar üçin näme pygamberlik etdi? b) Midiýalylar we parslar Babyly basyp alandan soň, nähili gaçyşlyk mümkin boldy?

8 Ýeremiýa pygamber b. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalimiň weýran ediljekdigi barada pygamberlik etdi. Ol Hudaýyň halkynyň sürgün edilip, ýöne «ýetmiş ýyldan» soň watanyna dolanjykdygy barada aýtdy (Ýerem. 29:4, 10). Babyla sürgün edilen ýehudylar üçin Ýeremiýanyň wajyp habary bardy: olar Babylyň ýalan dinleriniň erbet täsirine düşmeli däldiler. Şol sebäpli olar Iýerusalime dolanmaga we Ýehowanyň bellän wagtynda arassa seždäni dikeltmäge taýyndylar. Bu tizden b. e. öň 539-njy ýylda midiýalylar we parslar Babyly basyp alanda boldy. Pars patyşasy Kir II ýehudylaryň Iýerusalime dolanyp, Ýehowanyň ybadathanasyny gurmalydygy barada kanun çykarýar (Ezra 1:1—4).

9 Müňlerçe ýehudylar bu mümkinçilikden peýdalanyp, Iýerusalime dolandylar (Ezra 2:64—67). Şeýdip, olar Ýeremiýa pygamberiň başga ýere göçmek bilen halas bolarsyňyz diýen tabşyrygyny ýerine ýetirdiler (Ýeremiýa 51:6, 45, 50-nji aýatlary okaň). Ähli ýehudylaryň Iýerusalime we Ýahuda gitmek üçin uzak syýahat etmäge ýagdaýy ýokdy. Gartaşan Daniýel pygamber ýaly olaryň käbirleri Babylda galdylar. Olar Babylyň ýalan seždesine goşulman, ak ýürekden Iýerusalimdäki arassa seždäni goldasalar, Hudaýyň patasyny alyp bilýärdiler.

10. «Beýik Babyl» nähili «ýigrenji» zatlara jogapkär?

10 Şu günler milliardlarça adamlaryň sežde edýän dürli ýalan dinleri gadymy Babyldan gelip çykdy (Bar. 11:6—9). Şeýle dinleriň ählisine «Beýik Babyl, dünýä kemçinleriniň we ýigrenjileriniň enesi» diýilýär (Ylh. 17:5). Ýalan din taryhda uzak wagtlap dünýäniň syýasy hökümdarlaryny goldady. «Ýigrenji» zatlar hökmünde ýalan din ençeme uruşlara jogapkär bolup, netijede «ýer ýüzünde öldürilenleriň ählisini», ýagny ýüz millionlarça adamlary öldürtdi (Ylh. 18:24). «Ýigrenji» zatlara ruhany we buthananyň käbir ýolbaşçylary tarapyndan ýol berlen pedofiliýa, ýagny çagalara bolan jynsy höwes we başga-da jynsy ahlaksyzlyklar girýär. Bu zatlaryň ählisine buthana göz ýumýar. Şol sebäpli Ýehowanyň tizden ýer ýüzüni ýalan dinden azat etjekdigine geň galmalymy? (Ylh. 18:8).

11. Beýik Babyl ýok edilýänçe, mesihçiler nämä jogapkär?

11 Muny bilýän mesihçiler Beýik Babylyň agzalaryny duýdurmaga jogapkär. Olar Isanyň «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermek» üçin bellän «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» taýýarlaýan Mukaddes Ýazgylaryny we oňa esaslan edebiýatlary paýlaýarlar (Mat. 24:45). Hoş habara gyzyklanýan adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýärler. Şonda olar entek wagt barka «Babyldan gaçmalydygyna» düşünerler (Ylh. 18:4).

Butparazlykdan gaçyň

12. Hudaý şekillere we butlara sežde etmeklige nähili garaýar?

12 Beýik Babylyň giňden ýaýran ýigrenji däpleriniň ýene biri şekillere we butlara sežde etmek. Hudaý olara «ýigrenji» zatlar we «nejis butlar» diýdi (Kanun. 29:17). Hudaýa ýaranmak isleýän adamlaryň ählisi butparazlykdan gaçmaly. Sebäbi Ýehowa şeýle diýýär: «Men Ýehowa. Bu meniň adym, men öz şöhratymy hiç kime we tarypymy ýasalan butlara bermerin» (Iş. 42:8).

13. Biz butparazlygyň nähili gizlin görnüşlerinden gaçmaly?

13 Şeýle-de Hudaýyň Sözünde butparazlygyň gizlin görnüşleri barada aýdylýar. Meselem, açgözlük hem «butparazlykdyr» (Kol. 3:5). Başga biriniň emlägine göz dikip, gadagan edilýän zatlary islemek açgözlügi aňladýar (Çyk. 20:17). Şeýtan Iblis bolan perişde Hemmelerden Beýik boljak bolup hem-de özüne sežde etdirmek üçin açgözlügi ösdürdi (Luka 4:5—7). Netijede, ol Ýehowa garşy pitne turuzdy we Howa enede Hudaýa degişli zady almaga güýçli isleg döretdi. Adam ata-da aýaly bilen bile galmak üçin özüniň egoistik höweslerine gulak asyp, gökdäki söýýän Atasynyň tabşyrygyny bozup butparazlyk etdi. Hudaýyň gazaply gününde diri galmak isleýän adamlaryň ählisi diňe Ýehowa wepaly bolup, açgözlükden gaça durmaly.

«Ahlaksyzlykdan gaçyň»

14—16. a) Näme üçin Ýusup ahlak taýdan gowy görelde? b) Hapa jynsy höwesler dörese, biz näme etmeli? ç) Biz nädip ahlaksyzlykdan gaça durup bileris?

14 1 Korintoslylar 6:18-i okaň. Potifaryň aýaly Ýusubyň başyny aýlajak bolanda, ol ondan gaçdy. Durmuş guran we gurmadyk mesihçiler üçin nähili gowy görelde! Hawa, Ýusubyň wyždany Hudaýyň ahlaksyzlyga nähili garaýandygy baradaky öňki wakalara görä terbiýelenipdi. Eger biz «ahlaksyzlykdan gaçyň» diýen görkezmä gulak asmak islesek, onda ýanýoldaşymyzdan başga birine jynsy höwesi oýarýan zatlardan gaça durarys. Bize şeýle maslahat berilýär: «Bedeniňiziň agzalaryny: zyna, hapalyk, şehwet, höwesler we butparazlyk bolan açgözlügi öldüriň. Hudaýyň gahar-gazaby Onuň sözüne gulak asmaýanlaryň üstüne şu zatlar üçin inýär» (Kol. 3:5, 6).

15 «Hudaýyň gahar-gazaby... inýär» diýen sözleri ýatda saklamaly. Dünýäde köp adamlar ýerliksiz jynsy höweslerini ösdürip, şoňa görä-de ýaşaýarlar. Şonuň üçin bizi, mesihçileri hapa jynsy höwesler eýelemez ýaly, Hudaýyň kömegini we mukaddes ruhuny diläp doga etmeli. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylary öwrenip, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşsak we adamlara hoş habary wagyz etsek, «ruhda gezmäge» kömek eder. Şonda biz «ten höweslerini «ýerine ýetirmeris» (Gal. 5:16).

16 Eger biz pornografiýa seretsek «ruhda gezmeris». Şonuň üçin her bir mesihçi jynsy höwesleri oýarýan kitap-žurnallardan, filmlerden, audioýazgylardan gaça durmaly. Şeýle zatlar barada degişmek ýa-da gürrüňdeş bolmak Hudaýyň «mukaddeslerine» ýaraşmaýar (Efes. 5:3, 4). Şeýdip, biz gökdäki söýýän Atamyzyň gazabyndan gaçyp, onuň dogrulyk höküm sürýän täze dünýäsinde ýaşamak isleýändigimizi görkezeris.

«Pul söýgüsinden» gaçyň

17, 18. Näme üçin biz «pul söýgüsinden» gaçmaly?

17 Pawlus Timoteosa ýazan birinji hatynda mesihçi hožaýynlaryndan maddy taýdan peýdalanmaz ýaly, käbir mesihçi gullaryň ulanmaly prinsiplerini belläp geçdi. Käbirleri bolsa mukaddes zatlary öz bähbidi üçin ulanýardylar. Pawlus «pikirleri zaýalanyp, Hudaýyň ýoluny gazanç ýoly hasaplaýanlara» duýduryş berdi (1 Tim. 6:1, 2, 5, 9, 10). Baýlara-da, garyplara-da erbet täsir edýän ähli kynçylyklaryň köki «pul söýgüsidir» (1 Tim. 6:1, 2, 5, 9, 10).

18 Sen Mukaddes Ýazgylardan «pul söýgüsi» ýa-da pula satyn alyp bolýan biderek zatlar sebäpli Hudaý bilen gatnaşygyny bozan adamlaryň mysalyny ýadyňa salyp bilermiň? (Ýeş. 7:11, 21; 4 Pat. 5:20, 25—27). Pawlus Timoteosa şeýle ündew berdi: «Sen, eý Hudaý adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulygyň, Hudaýyň ýolunyň, imanyň, söýginiň, sabyr hem ýumşaklygyň yzynda ylga» (1 Tim. 6:11). Gazaply günde diri galmak isleýänleriň ählisi bu maslahata eýermeli.

«Ýaşlyk höweslerinden gaç»

19. Ýaşlar nämä mätäç?

19 Süleýmanyň tymsallary 22:15-i okaň. Ýaşlaryň ýüreginde kök uran akylsyzlyk olary aňsatlyk bilen ýolundan azaşdyryp biler. Emma Mukaddes Ýazgylara esaslanan terbiýe olara kömek edip biler. Ata-enesi mesihçi bolmadyk ýaş mesihçileriň özleri Mukaddes Ýazgylardan prinsipleri agtaryp, durmuşynda ulanmaga çalyşýarlar. Şeýle-de olara ýygnagyň ruhy taýdan ösen dogan-uýalaryň paýhasly maslahatlary kömek edýär. Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahaty kim berse-de, olara gulak assak, onda häzir hem, geljekde-de şatlanarys (Ýew. 12:8—11).

20. Erbet höweslerden gaça durmaga ýaşlara näme kömek eder?

20 2 Timoteos 2:20—22-nji aýatlary okaň. Peýdaly terbiýäni inkär edýän ýaşlaryň köpüsi bäsdeşlik ruhy, açgözlük, ahlaksyzlyk, pul söýgüsi we aýşy-eşrete kowalaşmak ýaly erbet zatlaryň pidasy bolýarlar. Olar Mukaddes Ýazgylaryň gaçmaly diýip ündeýän «ýaşlyk höweslerine» erkini berýärler. Mesihçi ýaşlar şeýle höweslerden gaça dursalar, nirede bolsalar-da özlerini erbet täsirden gorarlar. Bu babatda Hudaýyň «sap ýürek bilen Rebbi çagyrýanlaryň ählisi bilen birlikde» bolmaly diýen maslahaty gowy häsiýetlere eýermäge kömek eder.

21. Isa Mesih goýun kimin şägirtlerine nähili ajaýyp wada berdi?

21 Ýaş ýa-da gartaşandygymyza garamazdan, bizi aldajak bolýan adamlary diňlemekden boýun gaçyrsak, «ýadyň sesinden... gaçyp», Isanyň goýunlarynyň arasynda bolmak isleýändigimizi görkezeris (Ýahýa 10:5). Emma Hudaýyň gazap gününde diri galmak üçin diňe erbet zatdan gaça durmak ýeterlik däl. Şeýle-de biz gowy häsiýetleri ösdürmeli. Indiki makalada biz olaryň ýedisine serederis. Bu temany çuňňur öwrenmäge bizde gowy sebäp bar, çünki Isa şeýle ajaýyp wada berdi: «Men olara [guzularyma] ebedi ýaşaýyş bererin; olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden gapyp almaz» (Ýahýa 10:28).

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Isa dini ýolbaşçylara nähili duýduryş berdi?

• Şu günler millionlarça adamlar nähili howply ýagdaýda?

• Biz butparazlygyň nähili gizlin görnüşlerinden gaça durmaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş