Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 28 sah. 70—sah. 71 abz. 6
  • Isa pygamberiň şägirtleri näme üçin agyz beklemeýär?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa pygamberiň şägirtleri näme üçin agyz beklemeýär?
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 28 sah. 70—sah. 71 abz. 6
Isadan agyz beklemek barada soraýarlar

28-NJI BAP

Isanyň şägirtleri näme üçin agyz beklemeýär?

MATTA 9:14—17; MARKUS 2:18—22; LUKA 5:33—39

  • SUWA ÇÜMDÜRÝÄN ÝAHÝANYŇ ŞÄGIRTLERI ISADAN AGYZ BEKLEMEK BARADA SORAÝAR

Suwa çümdürýän Ýahýanyň tussag edilenine birnäçe aý bolupdy. Isa Mesih b. e. 30-njy ýylynda Pasha baýramyna baryp gelende-de, ol türmededi. Ýahýa öz şägirtleriniň Isa pygamberiň şägirdi bolmaklaryny isleýärdi. Emma olar henizem Isanyň yzyna eýermeýärdiler.

B. e. 31-nji ýylydy we Pasha baýramy golaýlaşýardy. Ýahýanyň käbir şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Bizem, fariseýlerem agyz bekleýäris, emma seniň şägirtleriň näme üçin agyz beklemeýärler?» diýip soraýar (Matta 9:14). Fariseýler dini däbe görä agyz bekleýärdiler. Isa bu babatda özüni dogruçyl saýýan fariseýiň dogasyny mysal getirip: «Eý Hudaý, men başgalar ýaly... däldigime saňa şükür edýärin. Men hepdede iki gezek agzymy bekleýärin» diýýär (Luka 18: 11, 12). Ýahýanyň şägirtleri hem däbe görä agyz bekleýän bolmaly. Belki-de, olar Ýahýanyň türmä basylandygyna gynanyp, agyz bekländirler. Isanyň şägirtleri näme üçin agyz beklemeýärler? Olar Ýahýanyň türmede oturanyna gynanmaýarmyka?

Isa bir mysal getirip: «Öýlenýän ýigit ýanlaryndaka, heý-de, onuň dostlary ýas tutarmy? Emma öýlenýän ýigidiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar agyz beklärler» diýýär (Matta 9:15).

Suwa çümdürýän Ýahýanyň özi-de Isa pygamberi öýlenýän ýigide meňzedipdi (Ýahýa 3:28, 29). Şol sebäpli Isa Mesih şägirtleriniň ýanyndaka, olar agyz beklemeýärdiler. Emma Isa ölenden soň, onuň şägirtleri ýas tutup, agyz beklärler. Ol direlensoň şägirtleri agyz beklärmikä? Elbetde, ýok!

Isa ýene-de iki mysal getirip, olara şeýle diýýär: «Hiç kim köne dona täze matadan ýama salmaýar. Sebäbi täze mata girip, dony ýyrtar we onuň ýyrtygy has-da ulalar. Şeýle-de hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaýar. Eger guýsa, onda meşikler ýyrtylyp, şerap döküler, meşikler hem zaýalanar. Emma adamlar täze şeraby täze meşiklere guýýarlar» (Matta 9:16, 17). Isa näme diýjek bolduka?

Ýahýanyň şägirtleri Isanyň şägirtleriniň ýehudy dininiň agyz beklemek ýaly köne däplerini berjaý etmejekdigine düşünmelidiler. Isa ýer ýüzüne täze matany köne mata ýamamak üçin, ýagny köne we Hudaýyň tizden inkär etjek dinini ýöretmek üçin gelmändi. Aslynda, Isa pygamberiň öňe sürýän seždesiniň ynsan däplerinden ybarat bolan ýehudy dini bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Ol köne mata täze ýama saljak ýa-da täze şeraby köne meşige guýjak bolmady.

AGYZ BEKLEMEK BARADAKY MYSALLAR

Meşik

Isa pygamber adamlara düşnükli bolar ýaly, ýama salmak barada mysal getirdi. Täze bir bölek matany geýlen eşige ýa-da köne mata ýamasaň näme bolar? Mata ýuwlanda girýär we çekilip, köne matany ýyrtýar.

Isa Mesihiň döwründe şeraby käte haýwanlaryň derisinden edilýän meşikde saklapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen, deri gurap zaýalanýardy. Adatça, täze şeraby şeýle meşige guýmaýardylar. Sebäbi täze şerap turşap, köne, guran meşigi ýyrtyp bilýärdi.

  • Isa Mesihiň günlerinde kimler agyz bekleýärdi we näme üçin?

  • Isa Mesih şägirtleriniň ýanyndaka, olar näme üçin agyz beklemeýärdi we soň näme sebäpli agyz beklemeli bolarlar?

  • Isa Mesihiň täze ýama we täze şerap baradaky mysallary nämäni aňladýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş