-
Siz Isa pygambere iman edýärsiňizmi?Garawul diňi — 2021 | Maý
-
-
3) ISA ÝEHUDYLARYŇ DÄP-DESSURYNY BERJAÝ ETMEÝÄR
Adamlar Isanyň dini däp-dessurlary berjaý etmändigi üçin iman etmediler. Şu günler adamlar Isa pygambere näme üçin iman etmeýärler? (13-nji abzasa serediň).d
13. Adamlar näme üçin Isany ýazgardylar?
13 Suwa çümdürýän Ýahýanyň şägirtleri Isanyň resullarynyň agyz beklemeýändikleri üçin ör-gökden geldiler. Isa olara özi dirikä şägirtleriniň agyz beklemejegini aýtdy (Mat. 9:14—17). Isa pygamber ýehudylaryň dini däp-dessurlaryny berjaý etmeýärdi, şol sebäpli fariseýler ony ýazgarýardy. Isa Sabat güni syrkaw adamlary sagaldanda, olar gahar-gazaba münýärdi (Mar. 3:1—6; Ýah. 9:16). Olar agzyny dolduryp: «Biz Sabat gününi mukaddes hasaplaýarys» diýýärdiler, emma ybadathanada söwda-satyk edýärdiler. Isa satyjylary we alyjylary ybadathanadan kowanda, olar gahardan ýaňa ýarylaýjak boldular (Mat. 21:12, 13, 15). Bir gün Isa Nazaret şäherindekä sinagogada wagyz edýär. Ol adamlaryň nebsine çapýandygyny we imanynyň gowşakdygyny görkezmek üçin, Mukaddes Kitapdaky wakalary gürrüň berýär. Şonda adamlar gahar-gazaba münýärler (Luka 4:16, 25—30). Isa adamlaryň tamasyny ödemändigi üçin, oňa iman etmediler (Mat. 11:16—19).
14. Isa näme üçin däp-dessurlary berjaý edýän adamlary ýazgardy?
14 Mukaddes Kitapda näme aýdylýar? Ýehowa Işaýa pygamber arkaly şeýle diýdi: «Halk agzy bilen maňa alkyş aýdýar, diňe dilinde maňa hormat goýýar, emma ýüregi menden uzakdadyr. Olar Hudaýdan gorkýarys diýseler-de, ynsan tabşyryklaryny berjaý edýärler» (Işa. 29:13). Isa däp-dessurlary berjaý edýän adamlary ýazgardy, sebäbi olar Mukaddes Kitaba esaslanmaýardy. Fariseýler bolsa däp-dessurlary Mukaddes Kitapdan hem wajyp hasaplaýardylar. Şeýlelikde, olar Ýehowadan we onuň iberen pygamberinden ýüz öwürdiler.
-
-
Siz Isa pygambere iman edýärsiňizmi?Garawul diňi — 2021 | Maý
-
-
4) ISA SYÝASATA GOŞULMAÝAR
Adamlar Isanyň syýasy işlere goşulmandygy üçin iman etmediler. Şu günler adamlar Isa pygambere näme üçin iman etmeýärler? (17-nji abzasa serediň).e
17. Ýehudylar Isanyň pygamberdigine näme üçin şübhelendiler?
17 I asyrda adamlar Isa pygamberi patyşa etjek bolýarlar. Olar gelmeli pygamberiň rimlileriň zulumyndan azat etmegine garaşýardylar. Emma Isa patyşa bolmaga razylaşmaýar (Ýah. 6:14, 15). Rimliler ruhanylara baştutanlyk etmäge erk-ygtyýar beripdi. Şonuň üçin olar Isanyň patyşa bolup, rimlileriň gaharyny getirmegini islemeýärdiler. Şeýlelikde, ýehudylaryň köpüsi Isanyň gelmeli pygamberdigine şübhelendiler.
18. Adamlar Mukaddes Kitapdaky pygamberliklere näme üçin üns bermändirler?
18 Mukaddes Kitapda näme aýdylýar? Mukaddes Kitapda gelmeli pygamberiň edermen serkerde boljakdygy hakda köp pygamberlikler ýazylan. Emma ol ilki bilen ähli adamlar üçin janyny gurban bermelidi (Işa. 53:9, 12). Ýehudylar gelmeli pygamberiň rimlileriň zulumyndan azat etmegine näme üçin garaşypdyrlar? Sebäbi olar gulagyna hoş ýakmaýan pygamberliklere üns bermändirler (Ýah. 6:26, 27).
-