Siz mukaddes ruha garşy günä etdiňizmi?
«Ölüme eltýän bir günä bardyr» (1 ÝAHÝA 5:16).
1, 2. Mukaddes ruha garşy günä edip bolýandygyny nireden bilýäris?
HUDAÝYŇ gullukçysy Germaniýaly bir aýal: «Men mukaddes ruha garşy günä edendirin öýdüp, biynjalyk bolýaryn» diýip ýazýar. Dogrudan hem, mesihçi mukaddes ruha, ýagny Hudaýyň hereket edýän güýjüne garşy günä edip bilermi?
2 Hawa, Ýehowanyň mukaddes ruhuna garşy günä edip bolýar. Isa şeýle diýdi: «Ynsanlaryň her bir günäsi, her bir zada dil ýetirmesi bagyşlanar, ýöne Mukaddes Ruha dil ýetirmeklik bagyşlanmaz» (Matta 12:31). Hudaýyň Sözünde bize şeýle duýduryş berilýär: «Çünki hakykaty bilenimizden soň, bilgeşleýin günä etsek, günäler üçin indi gurban galman, diňe garaşylan hökümiň howpy... galar» (Ýewreýler 10:26, 27). Şeýle-de Ýahýa resul: «Ölüme eltýän bir günä bardyr» diýip ýazdy (1 Ýahýa 5:16). Emma agyr günä eden adamyň özi «ölüme eltýän günä etdim» diýen karara gelip bilermi?
Bagyşlanmak üçin toba etmeli
3. Eden günämize çuňňur gynansak, näme etdigimiz bolýar?
3 Günäli adamlara iň soňy Ýehowa hökümi çykarýar. Her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer. Ol hemişe adalatly höküm edýändir (Barlyk 18:25; Rimliler 14:12). Biziň günämizi bagyşlamalymy ýa-da bagyşlamaly dälmi, muny Ýehowanyň özi çözýär. Mukaddes ruhy diňe ol bizden alyp biler (Zebur 51:11). Emma biz eden günämize çuňňur gynanýan bolsak, diýmek, ýürekden toba edýäris. Ýürekden toba etmek näme?
4. a) Toba etmek näme? b) Zebur 103:10—14-nji aýatlardaky sözler bize näme üçin teselli berýär?
4 Toba etmek — eden günämize we etjek bolan günämize garaýşymyzy üýtgetmekligi aňladýar. Şeýle-de bu ökünip, gynanmagy we günäli ýoldan dolanmagy aňladýar. Eger biz agyr günä edip, ýürekden toba edýändigimizi görkezýän ädimleri äden bolsak, mezmurçynyň şu sözlerinden teselli tapyp bileris: «Ol bize günälermize laýyk iş etmedi, ýazyklarymyza laýyk jeza bermedi. Çünki gökler ýeriň ýokarsynda nähili belent bolsa, şonça-da Onuň merhemeti Ondan gorkýanlaryň depesinde uludyr. Gündogar günbatardan nähili uzak bolsa, şonça-da Ol jenaýatlarymyzy bizden uzaklaşdyrdy. Atanyň ogullaryna nähili haýpy gelýän bolsa, şonça-da Rebbiň Ondan gorkýanlara haýpy gelýändir. Çünki Ol biziň nähili ýaradylandygymyzy bilýär, toprakdandygymyz Onuň ýadynda» (Zebur 103:10—14).
5, 6. 1 Ýahýa 3:19—22-nji aýatlardaky sözleriň manysy näme we resulyň sözlerini nähili düşündirip bolar?
5 Şeýle-de bize Ýahýa resulyň sözleri teselli berýär. Ol şeýle ýazdy: «Hakykatdandygymyzy şeýle bilip, Onuň garşysynda ýüregimize ynjalyk bereliň. Çünki ýüregimiz bizi ýazgarýan bolsa-da, Hudaý ýüregimizden uludyr, hemme zady bilýändir. Eý söýgüli doganlar, eger ýüregimiz bizi [ýazgarmaýan, TD] bolsa, onda Hudaýyň huzurynda gaýratymyz bolar. Näme dilesek, Ondan alarys; çünki Onuň buýruklaryny berjaý edip, Onuň halanyny edýändiris» (1 Ýahýa 3:19—22).
6 Biz «hakykatdandygymyzy... bilýäris», sebäbi doganlyk söýgüsini görkezýäris we günä etmekden gaça durýarys (Zebur 119:11). Eger biz bir sebäbe görä özümizi ýazgarýan bolsak, onda «Hudaý ýüregimizden uludygyny, hemme zady bilýändigini» unutmaly däl. Ýehowa bize merhemetini bildirýär, sebäbi ol «hilesiz dogan söýgimizi», günä garşy göreşýändigimizi we onuň islegini ýerine ýetirmek üçin edýän tagallalarymyzy bilýär (1 Petrus 1:22). Eger biz Ýehowa bil baglasak, doganlyk söýgüsini görkezip, bilgeşleýin günä etmesek, ýüregimiz «bizi ýazgarmaz». Doga edenimizde «Hudaýyň huzurynda gaýratymyz bolar» we ol bize jogap berer, çünki onuň tabşyryklaryny berjaý edýäris.
Olar Mukaddes Ruha garşy günä etdiler
7. Günäniň bagyşlanmagy ýa-da bagyşlanmazlygy nämä bagly?
7 Haýsy günäler bagyşlanmaýar? Muny bilmek üçin Mukaddes Ýazgylardaky käbir mysallara seredeliň. Eger agyr günä edip, toba eden bolsak hem, gynanyp ejir çekýän bolsak, bu mysallar bize teselli berer. Şeýle-de bu mysallar bize haýsy günäniň bagyşlanyp, haýsysynyň bagyşlanmaýandygyny düşünmäge kömek eder. Has dogrusy, bu adamyň nähili günä edendigine däl-de, eýsem, onuň niýetine, ýürekdäki pikirine we günäniň bilgeşleýin edilendigine bagly bolýandygyna göz ýetireris.
8. I asyrdaky käbir ýehudy dini ýolbaşçylar mukaddes ruha garşy nädip günä etdiler?
8 I asyrda Isa Mesihe bilgeşleýin garşy çykan ýehudy dini ýolbaşçylar mukaddes ruha garşy günä etdiler. Olar Isanyň görkezen gudratlary Ýehowany şöhratlandyryp, mukaddes ruh arkaly edendigini gördüler. Emma duşmanlar Isa gudraty Şeýtan Iblisiň güýji bilen edýär diýdiler. Isanyň aýtmagyna görä, Hudaýyň mukaddes ruhuna dil ýetirenleriň günäsi «ne bu döwürde, ne-de geljekki döwürde bagyşlanar» (Matta 12:22—32).
9. Dil ýetirmeklik näme we Isa bu barada näme diýdi?
9 Dil ýetirmeklik — masgaralaýan, biabraý edýän we göwne degýän sözleri aýtmagy aňladýar. Hudaý mukaddes ruhuň Gözbaşy bolany üçin, oňa garşy bir zat aýtmaklyk, Ýehowa dil ýetirmekdir. Şeýle sözleri aýdyp, toba etmesek bagyşlanmaz. Ýokardaky wakanyň görkezişi ýaly, Isanyň aýtmagyna görä, şeýle günäni Hudaýyň mukaddes ruhuna bilgeşleýin garşy çykanlar edýär. Isanyň Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly gudrat edýändigini görseler-de, fariseýler ony Iblisiň güýji bilen edýär diýip, mukaddes ruha dil ýetirdiler. Şonuň üçin Isa: «Mukaddes Ruha dil ýetirene asla bagyşlanma ýokdur. Ol ebedi höküme sezewar bolar» diýdi (Markus 3:20—29).
10. Isa näme üçin Iuda «heläkçilik ogly» diýdi?
10 Iuda Iskariot bilen bolan waka-da seredeliň. Oňa ynanylan pul torbasyndan, ol ynsapsyzlyk bilen pul ogurlaýardy (Ýahýa 12:5, 6). Soňra Iuda ýehudy dini ýolbaşçylarynyň ýanyna baryp, Isany otuz kümüş pula satmagy wadalaşýar. Isany satandan soň, Iuda wyždany ezýet berse-de, ol bilgeşleýin eden günäsine toba etmeýär. Şol sebäpli Iuda direlişe mynasyp däl we Isa oňa «heläkçilik ogly» diýdi (Ýahýa 17:12; Matta 26:14—16).
Olar mukaddes ruha garşy günä etmediler
11—13. Dawut patyşa Batşeba bilen nähili günä edýär we Hudaýyň olara näme edendigini bilmek näme üçin teselli berýär?
11 Agyr günä eden we ýygnak ýaşulularyndan ruhy taýdan kömek alan mesihçiler, Hudaýyň kanuny bozandygyna häzirem käwagt gynanyp bilerler (Ýakup 5:14). Eger kimdir biri şeýle gynanýan bolsa, Mukaddes Ýazgylarda günä edip, bagyşlanan adamlar barada näme diýilýändigini bilmeklik kömek eder.
12 Dawut patyşa Uriýanyň aýaly Batşeba bilen agyr günä edýär. Dawut üçekden owadan aýalyň suwa düşüp duranyny görüp, köşgüne getirdýär we onuň bilen jynsy gatnaşykda bolýar. Soňra onuň göwreli bolandygyny bilende, Dawut eden zynasyny gizlemek üçin Batşebanyň äri Uriýany aýaly bilen bile bolmaga yrjak bolýar. Haçan-da niýeti başa barmansoň, Uriýanyň söweşde öldürilmegine çäre görýär. Şondan soň, Batşeba Dawudyň aýaly bolýar we oňa bir çaga dogurýar; ol çaga-da ölýär (2 Patyşalar 11:1—27).
13 Ýehowa Dawut bilen Batşeba nähili garaýar? Dawudyň toba edendigini we onuň bilen baglaşan Patyşalyk ähtini göz öňünde tutup, Hudaý ony bagyşlaýar (2 Patyşalar 7:11—16; 12:7—14). Batşeba hem toba eden bolmaly, sebäbi ol Süleýman patyşanyň ejesi we Isa Mesihiň nesil enesi bolmak hormatyna mynasyp bolýar (Matta 1:1, 6, 16). Eger biz hem günä eden bolsak, Ýehowa ýürekden eden tobamyzy göz öňünde tutýandygyny unutmaly däl.
14. Manasse patyşa bilen bolan waka Ýehowanyň nähili derejede geçirimlidigini nähili görkezýär?
14 Ýehudylaryň patyşasy Manasseniň mysalyndan Ýehowanyň nähili derejede geçirimlidigini görse bolýar. Ol Ýehowanyň huzurynda köp erbet işleri edýär. Manasse Baal taňrysyna gurbanlyk edilýän ýerleri gurýar we «gökdäki ähli goşunlara» sežde edýär, hatda Hudaýyň ybadathanasynyň iki howlusynda-da ýalan taňrylara gurbanlyk edilýän ýer gurýar. Ol ogullaryny otdan geçirip, gurban berýär, jadygöýligi goldaýar we ýehudylary hem Iýerusilimiň ýaşaýjylaryny «Ýehowanyň Ysraýyl ogullarynyň öňünde ýok eden halklardan beter bolmagyna» sebäpkär bolýar. Olar Hudaýyň pygamberleriniň duýdurşyna-da gulak asmaýarlar. Netijede, Aşur patyşasy Manasseni ýesirlige alýar. Ýesirlikde Manasse toba edip, pesgöwünlik bilen Hudaýa doga edýär. Ýehowa ony bagyşlap, Iýerusalimdäki patyşalygy gaýtaryp berýär. Manasse ol ýerde hakyky seždäni dikeldýär (2 Taryhlar 33:2—17).
15. Petrusyň durmuşynda bolan waka Ýehowanyň «merhemete baýdygyny» nädip görkezýär?
15 Mundan birnäçe asyr geçenden soň, Petrus Isany inkär edip, agyr günä edýär (Markus 14:30, 66—72). Emma «merhemete baý» Ýehowa Petrusy bagyşlaýar (Işaýa 55:7). Näme üçin? Sebäbi Petrus ýürekden toba edýär (Luka 22:62). Ýehowanyň ony bagyşlandygy elli günden soň aýan bolýar. Çünki Petrus Pentikost güni Isa barada mertlik bilen güwälik etmek hormatyna mynasyp bolýar (Resullaryň işleri 2:14—36). Şu günler ýürekden toba edýän mesihçileri Hudaý bagyşlamaýar diýmäge esas barmy näme? Mezmurçy şeýle diýdi: «Günäleri hasaba alsaň, ýa Reb Hudaý, onda kim durup biler?... Sende geçirimlilik bardyr» (Zebur 130:3, 4).
Günä edendirin diýen biynjalygy ýeňmek
16. Hudaý bizi bagyşlar ýaly näme etmeli?
16 Ýokardaky mysallar, mukaddes ruha garşy günä edendirin diýen biynjalygy ýeňmäge kömek eder. Bu mysallar Ýehowanyň toba edýän günäkärleri bagyşlaýandygyny görkezýär. Iň esasy zat, Ýehowa doga etmeli. Eger günä eden bolsak, Isanyň döken gany esasynda, Ýehowanyň bagyşlamagyny diläp bileris. Dogada bikämildigimizi boýun alyp hem-de wepaly gulluk edýändigimiz barada aýdyp, onuň rehim etmegini ýalbarmaly. Ýehowanyň merhemetlidigini bilip, onuň bagyşlajakdygyna ynanyp bileris (Efesliler 1:7).
17. Biz günä edip, ruhy taýdan kömege mätäç bolsak näme etmeli?
17 Eger biz günä edip, Hudaýa doga etmäge özümizi mynasyp görmesek näme? Bu barada Ýakup şägirt şeýle diýdi: «Ol [günä eden adam] ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag çalyp, onuň üçin doga etsin. Iman dogasy syrkawa şypa berer, Reb ony dikelder; eger ol günä eden bolsa, bagyşlanar» (Ýakup 5:14, 15).
18. Günä eden adam ýygnak gatnaşygyndan kesilse-de, näme üçin oňa bagyşlanmaýan günä etdi diýip bolmaz?
18 Günä eden mesihçi toba etmändigi üçin ýygnak gatnaşygyndan kesilse-de, oňa bagyşlanmaýan günä etdi diýip bolmaz. Pawlus resul Korintosdaky ýygnak gatnaşygyndan kesilen mesh edilen mesihçi barada: «Şeýle adama köplügiň beren şol jezasy ýeterlikdir. Beýle adam çendenaşa gaýga batmaz ýaly, ony bagyşlamalysyňyz, ruhlandyrmalysyňyz» diýdi (2 Korintoslylar 2:6—8; 1 Korintoslylar 5:1—5). Günä eden adam Ýehowa bilen gatnaşygyny dikelder ýaly, ýygnak ýaşulularynyň kömegini we Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahatyny kabul etmeli. Şeýle-de ol ýürekden toba etmeli. Günä eden adam «toba mynasyp miweleri öndürmeli» (Luka 3:8).
19. «Imanda... sagdyn» galmaga bize näme kömek eder?
19 Nähili sebäplere görä, mukaddes ruha garşy günä edendirin diýen duýgy döreýär? Muňa çendenaşa özüňden talap etmek ýa-da näsaglyk sebäp bolup biler. Şeýle ýagdaýda Ýehowa doga etsek we dynç alsak kömek eder. Ýehowa gulluk etmegimizi bes etdirmäge Şeýtana ýol bermeli däl. Hudaý günäkärleriň ölüminden lezzet almaýan bolsa, gullukçylarynyň ölmegini asla-da islemez. Eger biz mukaddes ruha garşy günä edendirin diýip gorksak, Hudaýyň Sözünden, meselem, Zebur kitabyndan ruhy taýdan güýç hem teselli beriji sözleri okamaly. Ýygnak duşuşyklaryna barmaly we Hudaýyň Patyşalyk baradaky wagyz işine gatnaşmaly. Bu bize «imanda... sagdyn» bolup, bagyşlanmaýan günä edendirin diýen pikirlerden dynmaga kömek eder (Titus 2:2).
20. Adam nähili soraglar barada oýlansa, mukaddes ruha garşy günä etmändigine düşünmäge kömek eder?
20 Mukaddes ruha garşy günä edendirin öýdüp gorkýan adam, özüne şeýle soraglary berip biler: «Men mukaddes ruha dil ýetirdimmi? Ýürekden toba etdimmi? Hudaýyň geçirimlidigine ynanýarynmy? Men ruhy nury ret edip, imandan dändimmi?» Adam özüne şeýle soraglary berip, Hudaýyň mukaddes ruhuna dil ýetirmändigine we imandan dänmändigine düşüner. Ol toba edýär we Hudaýyň geçirimlidigine ynanýar. Bu onuň Ýehowanyň mukaddes ruhuna garşy günä etmändigini görkezýär.
21. Indiki makalada nähili soraglara serederis?
21 Mukaddes ruha garşy günä etmändigiňe ynamly bolmak, bize nähili teselli berýär! Mukaddes ruh bilen bagly başga soraglara indiki makalada serederis. Meselem, biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Hudaýyň mukaddes ruhundan görkezme alýarynmy? Onuň miwesini durmuşymda görkezýärinmi?»
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Mukaddes ruha garşy günä edip bolýandygyny nireden bilýäris?
• Toba etmek näme?
• Isa ýer ýüzünde ýaşan mahaly, mukaddes ruha garşy kimler günä etdi?
• Bagyşlanmaýan günä edendirin diýen biynjalygy nädip ýeňip bolýar?