Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn»
    Garawul diňi — 2013 | 15 iýul
    • 13. Ylham 18:7-de kemçiniň, ýagny Beýik Babylyň, şol sanda hristian dünýäsiniň şu günki ýagdaýy hakda näme aýdylýar?

      13 Üçünjiden, agy we diş gyjama bolar. Perişdeler haşal oty desseläninden soň näme bolar? Isa haşal ot topary barada: «Ol ýerde agy we diş gyjama bolar» diýdi (Mat. 13:42). Bu sözler şu wagt ýerine ýetýärmi? Ýok. Şu günler kemçiniň bir bölegi bolan hristian dünýäsi özi hakda şeýle diýýär: «Men melike bolup otyryn, men dul däl, asla gam-gussa ýüzüni görmerin!» (Ylh. 18:7). Dogrudan-da, hristian dünýäsi agalyk edýär, hatda özüni melike saýyp, syýasy ýolbaşçylara-da diýenini etdirýär. Şu günler haşal ot topary aglaman, gaýtam, öwünýär. Ýöne ýagdaý tizden üýtgär.

      14. a) Ýalan mesihçiler haçan we näme üçin «dişini gyjar»? b) Matta 13:42-ä täzeçe düşünişimiz Zebur 112:10-daky pikire nädip gabat gelýär? (Sözsoňa serediň).

      14 Uly muşakgatda ýalan dinler ýok edilende, onuň tarapdarlary gizlenmek üçin pena gözlärler, ýöne tapyp bilmezler (Luka 23:30; Ylh. 6:15—17). Olar hiç hili gutulyp bilmejekdigine göz ýetirip, aljyrap aglarlar we gahardan ýaňa «dişini gyjarlar». Isanyň uly muşakgat baradaky pygamberliginde aýdyşy ýaly, olar şol agyr döwürde «perýat ederler»f (Mat. 24:30; Ylh. 1:7).

      15. Haşal ota näme bolar we haçan?

      15 Dördünjiden, küräniň oduna taşlarlar. Haşal ot desselerine näme bolar? Perişdeler olary «küräniň oduna taşlarlar» (Mat. 13:42). Bu olaryň bütinleý ýok ediljekdigini aňladýar. Hawa, ýalan dini guramalaryň agzalary uly muşakgatyň soňky tapgyrynda, ýagny Armageddonda heläk bolarlar (Mal. 4:1).

  • «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn»
    Garawul diňi — 2013 | 15 iýul
    • g 14-nji abzas: Biz indi Matta 13:42-ä täzeçe düşünýäris. Öňki edebiýatlarymyza görä, ýalan mesihçiler onlarça ýyl bäri «aglaýar we dişini gyjaýardy», sebäbi «Patyşalygyň ogullary» olary «iblisiň ogullary» hökmünde paş edýärdi (Mat. 13:38). Ýöne Mukaddes Ýazgylara laýyklykda, biriniň dişini gyjamagy heläk bolmagy aňladyp biler (Zeb. 112:10).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş