«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
NOÝABR 5—11
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝAHÝA 20, 21
«Sen meni bulardan artyk söýýärmiň?»
nwtsty Ýah 21:15, 17-ä degişli maglumatlar
Isa Simun Petrusa ýüzlenýär. Bu gürrüňdeşlik Petrus Isadan üç gezek ýüz öwrenden biraz wagt geçensoň bolýar. Isa özi barada Petrusyň näme pikir edýändigini barlamak üçin üç gezek şol bir soragy berende, Petrus «gynanýar» (Ýah 21:17). Ýahýa resul Ýah 21:15—17-nji aýatlarda bir-birinden tapawutlanýan «a·ga·paʹo» we «phi·leʹo» diýen iki sany grek işligini ulandy. Bu iki işlik türkmen dilinde söýmek diýmegi aňladýar. Isa Petrusdan: «Sen meni söýýärmiň?» diýip, üç gezek soranda, ol her gezegem Isany gowy görýändigini ýürekden aýdýar. Petrus her gezek söýýändigini ynamly aýdanda, Isa bu söýginiň «guzularyny», ýagny şägirtlerini ruhy taýdan iýmitlendirmäge we «bakmaga» Petrusy höweslendirmelidigini aýtdy (Ýah 21:16, 17; 1Pt 5:1—3). Isa Petrusa söýýändigini üç gezek aýtmaga mümkinçilik berdi, soňra guzularynyň aladasyny etmegi ynandy. Şeýlelikde, Petrus Isadan üç gezek ýüz öwürse-de, Isa ony ýürekden bagyşlandygyny görkezdi.
Sen meni bulardan artyk söýýärmiň? «Bulardan artyk» diýen jümlä grammatiki taýdan dürli-dürli düşünse bolýar. Alymlaryň käbiri bu jümläniň manysyna «Sen meni bu şägirtlerden artyk söýýärmiň?» ýa-da «Sen meni bu şägirtleriň meni söýşünden artyk söýýärmiň?» diýip düşünýärler. Aslynda, «Sen meni bulardan artyk söýýärmiň?» diýmeklik, olaryň tutýan balyklaryndan ýa-da balyk tutmak bilen bagly işlerden artyk söýmegi aňladýar. Aýadyň esasy manysy «Sen meni maddy zatlardan we işlerden artyk söýýärmiň? Söýýän bolsaň, onda guzularymy otlat» diýmegi aňladýar. Bu sorag Petrusyň öňki garaýşyna gabat gelýär. Petrus resul Isanyň ilkinji şägirtleriniň biri bolsa-da (Ýah 1:35—42), başda Isanyň yzyna doly eýermän, gaýtam, balyk tutmak işine dolanýar. Birnäçe aýdan soňra Isa Petrusy wajyp hasaplaýan işini taşlap, «adam tutýan balykçy» bolmaga çagyrýar (Mt 4:18—20; Lk 5:1—11). Isanyň ölenine biraz wagt geçensoň, Petrus ýene-de balyk tutmaga gidýär, beýleki resullaram onuň yzyna düşýär (Ýah 21:2, 3). Şol sebäpli Isa Petrusa belli bir karara gelmegiň wajypdygyny düşündirjek bolýar. Petrus öňünde duran birtopar balyklary — balyk tutmak işini ýa-da Isanyň guzularyny, ýagny şägirtlerini ruhy taýdan iýmitlendirmegi birinji orunda goýarmy? (Ýah 21:4—8).
Üçünji gezek. Petrus Halypasyndan üç gezek ýüz öwrüpdi; indi Isa oňa üç gezek söýgüsini bildirmäge mümkinçilik berdi. Soňra Isa Petrusa söýgüsini bildirmek üçin mukaddes gullugy ähli zatdan birinji ýerde goýmalydygyny düşündirdi. Petrus beýleki jogapkärli doganlar bilen bilelikde, Mesihiň sürüsi bolan wepaly şägirtlerini iýmitlendirdi, berkitdi we bakdy. Olar mesh edilipdi, ýöne şonda-da ruhy taýdan iýmitlendirilmäge mätäçdi (Lk 22:32).
Gadymy döwürdäki ýaşaýyş. Balykçylaryň çekýän zähmeti.
«Isa Jelile deňziniň kenaryndan ýöräp barýarka, iki dogany, ýagny Petrus diýilýän Simuny hem-de onuň dogany Andreasy gördi. Olar balykçydy we deňze torlaryny zyňyp durdylar. Isa olara: „Meniň yzyma düşüň. Men sizi adam tutýan balykçy edeýin“ diýdi» (Matta 4:18, 19).
Injilde köplenç balykçylar, tor we balyk barada aýdylýar. Isa Mesih balyk tutmak bilen bagly ençeme mysallary aýtdy. Sebäbi Isa adamlara köplenç Jelile deňziniň ýakasynda öwredýärdi (Matta 4:13; 13:1, 2; Markus 3:7, 8). Bu owadan, süýji suwly kölüň uzynlygy 20 kilometrden gowrak, ini bolsa 12 kilometre golaý bolupdyr. Isanyň şägirtleriniň ýedisi: Petrus, Andreas, Ýakup, Ýahýa, Filipus, Tomas we Natanyýel balykçy bolupdyr (Ýahýa 21:2, 3).
Isanyň günlerinde balykçylar nähili zähmet çekipdirler? Geliň, balykçylar we olaryň meşgullanýan işleri hakda gürrüň edeliň. Şonda biz Isanyň resullarynyň çekýän zähmetine we Mugallymynyň aýdan mysallaryna hem-de edýän işlerine has gowy düşüneris. Geliň, ilki bilen, Jelile deňzinde edilýän işler barada bileliň.
«Deňizde güýçli ýel turdy»
Jelile köli örän çuň bolup, deňiz derejesinden 210 metr aşakda ýerleşýär. Onuň kenaryny owadan gaýalar, demirgazyk tarapyny bolsa Hermon dagy gurşap alýar. Gyşyň aýazly şemaly kölde örän sowuk suwly tolkunlary atdyrýar, tomsuna bolsa kölüň daş-töweregi gyzgyn şemal bilen gurşalýar. Dag tarapdan birdenkä turýan gaýdyr tolkunlar deňizçiler üçin örän howply bolýar. Bir gezek Isa bilen şägirtleri deňizde tupana duçar bolýar (Matta 8:23—27).
Balykçylar uzynlygy 8 metr, ini 2 metre golaý agaçdan ýasalan gaýykda ýüzýärdiler. Adatça, gaýyklarda ýelken berkidilýän agaç sütüni we yzky tarapynda azyk goýulýan ýer bolýardy (Markus 4:35—41). Gaýyk haýal gitse-de, örän berkdi we köp ýüki göterýärdi. Güýçli ýel turanda, ýelken gaýygy öňe itýärdi, balykdan doly tor bolsa ony yza çekýärdi.
Adamlar gaýygyň iki tarapyna berkidilen kürekleriň kömegi bilen ýüzýärdiler. Bir gaýykda alty ýa-da ondan hem köpräk adam bolýardy (Markus 1:20). Şeýle-de gaýykda zygyrdan edilen ýelken (1), ýüp (2), kürekler (3), daşdan labyr (4), galyň we gury eşik (5), iýmit (Markus 8:14) (6), sebetler (7), ýassyk (Markus 4:38) (8) hem tor (9) bolýardy. Ýene-de ätiýaçlyk üçin galtgalar (10), çümdürgiçler (11), enjamlar (12) we fakeller (13) bardy.
«Olar şeýle köp balyk tutdular»
I asyrdaky ýaly şu günlerem, çeşmeleriň we derýalaryň Jelile deňzine guýýan ýerlerinde balyk köp bolýar. Sebäbi ol ýerlerde balyklary özüne çekýän suwasty otlar ösýär. Isanyň günlerinde balykçylar köplenç gijelerine fakelleriň ýagtylygynda zähmet çekipdirler. Bir gezek Isanyň şägirtleri uzak gije balyk tutmaga gidýärler, ýöne hiç zat tutup bilmeýärler. Ertesi güni olar Isanyň aýdyşy ýaly edenlerinde, örän köp balyk tutdylar welin, tas gaýyklary gark bolupdy (Luka 5:6, 7).
Käte balykçylar suwuň çuň ýerlerine gidýärdiler. Adatça, balykçylar iki gaýyk bolup işleýärdi we olaryň arasynda tor goýýardylar. Olaryň hersi bir tarapa kürekläp, bir-birinden daşlaşyp, tory çekýärdiler. Soňra ýaý halka görnüşinde bir-birine ýakynlaşyp, balyklary tora salýardylar. Şeýdip, balykçylar toruň bir gyrasyna daňylan ýüpi çekip, oňa düşen balyklary çykarýardylar. Toruň uzynlygy 30 metre, ini bolsa 2,5 metre ýetýärdi. Şeýle torlaryň kömegi bilen gaty köp balyk tutulýardy. Onuň ýokarsy galtgalar bilen berkidilýärdi. Aşagy bolsa çümdürgiçler bilen çekilýärdi. Balykçylar gaýta-gaýta torlaryny atyp hem çekip, ençeme sagatlap deňizde bolupdyrlar.
Deňziň çuň däl ýerlerinde balyk başgaça tutulypdyr. Toruň bir ujuny gaýyga daňyp, deňze ýüzüpdirler, beýleki tarapyny bolsa kenarda duran adamlar çekipdir. Haçanda gaýyk halka görnüşinde ýüzüp, yzyna dolananda, kenarda duran adamlar tory çekip, ondaky balyklary ýere döküpdirler we olary saýlapdylar. Gowy balyklary sebede salypdyrlar, käbirlerini bolsa şol bada satypdyrlar. Köplenç balyklary kakadypdyrlar ýa-da duza ýatyrypdyrlar; olary toýundan ýasalan gaplara salyp, Iýerusalime we başga ýurtlara satmaga äkidipdirler. Teňňesiz ýa-da ýüzgüçsiz balygy, meselem, ýylanbalygy haram hasaplap zyňýardylar (Lewiler 11:9—12). Isa balyk tutmak baradaky mysaly getirende, «gökdäki Patyşalygy» tor bilen, dürli balyklary bolsa dogry hem-de erbet adamlar bilen deňeşdirýär (Matta 13:47—50).
Eger balykçy ýeke özi balyk tutsa, adatça, onuň ýüpi we ujuna meň dakylan bürünçden ýasalan çeňňegi bolýardy. Şeýle-de balykçynyň kiçiräk tory bolýardy. Ol suwa girip, toruny eline alýardy we ony ýokaryk zyňýardy. Gümmez şekilli tor açylyp, suwa düşýärdi we suwuň düýbüne gidýärdi. Şowuna düşende, ençeme balyk tutup bolýardy. Şonda balykça toruň ortasyna daňylan ýüpi dartyp, tory çekäýmek galýardy.
Torlar gymmat bolandygy üçin, olary aýawly saklamalydy. Balykçylar olary arassalamak, ýuwmak we guratmak üçin köp wagt sarp edýärdiler. Bu balykçylaryň hemişe edäýmeli işidi (Luka 5:2). Isa Ýakuby we onuň dogany Ýahýany şägirdi bolmaga çagyranda, olar gaýykda torlaryny arassalap otyrdylar (Markus 1:19).
I asyrda Jelile deňzinde tutulýan balyklaryň arasynda tilapiýa balygy hem bardy. Jeliläniň ýaşaýjylary köplenç tilapiýany iýmegi halaýardylar. Isa-da bu tagamly balygy iýen bolmaly. Belki-de, ol iki sany kakadylan tilapiýa balygy arkaly müňlerçe adamy gudrat bilen doýrandyr (Matta 14:16, 17; Luka 24:41—43). Bu balyklar öz çagalaryny agzynda saklaýar. Şeýle-de olar agzynda daşjagazlary saklap bilýär we deňziň düýbünden ýalpyldap duran teňňeleri çöpleýär (Matta 17:27).
I asyrdaky balykçylar sabyrly, zähmetsöýer we sylagyny almak üçin kynçylyklara döz gelmäge taýyn bolmalydylar. Isanyň çakylygyna seslenip, onuň şägirdi bolanlar hem şu häsiýetleri ösdürseler, «adam tutýan» ökde balykçy bolup biler (Matta 28:19, 20).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Ýah 20:17-ä degişli maglumat
Maňa ýapyşyp durma. «Haʹpto·mai» diýen grek işligi «ellemek» ýa-da «ýapyşmak; aslyşmak» manyny aňladýar. Käbir terjimelerde Isanyň bu sözleri «Maňa eliňi degirme» diýilýär. Emma Isa magdalaly Merýemiň özüne elini degirmegine hiç hili garşy bolmady. Şeýle-de Isa direlenden soň, ony gören aýallar «aýagyna ýykylanlarynda» garşy çykmady (Mt 28:9). Bu waka magdalaly Merýemiň Isanyň göge gider öýdüp gorkandygyny görkezýär. Merýem Halypasynyň ýanynda bolmak isleýändigi üçin, Isany goýbermejek bolup berk ýapyşýar. Isa Merýeme heniz göge gitmejekdigine ynandyrmak üçin, «ýapyşyp durman» direlendigini şägirtlerine habar bermegi tabşyrýar.
nwtsty Ýah 20:28-e degişli maglumatlar
Halypam, hudaýym! Sözme-söz: «Meniň Halypam, meniň hudaýym (ho the·osʹ)» diýilýär. Alymlaryň käbiri Tomasyň Isa haýran galyp aýdan bu sözleriniň, aslynda, Hudaýa, Atasyna degişlidigini aýdýarlar. Käbirleri bolsa grek diliniň asyl nusgasyndaky bu jümleleri Isa degişli hasaplaýarlar. Şeýle bolaýanda-da, «Halypam, hudaýym!» diýen sözlere Ýazgylaryň beýleki aýatlary arkaly has gowy düşünse bolýar. Mukaddes Ýazgylardan Isanyň şägirtlerine: «Men Atamyň ýanyna barýaryn, ol siziň hem Ataňyzdyr, meniň we siziň Hudaýyňyzdyr» diýen habaryny öň aýdandygyny bilse bolýar. Şonuň üçin Tomasyň Isany Gudratygüýçli Hudaý hasaplamandygyny bilse bolýar (nwtsty Ýah 20:17-ä degişli maglumata serediň). Tomas Isanyň «Atasyna» «ýeke-täk hak Hudaý» diýip doga edendigini eşidipdi (Ýah 17:1—3). Diýmek, Tomas Isa «Hudaýym» diýip ýüzlenende, oňa Gudratygüýçli Hudaý däl-de, «hudaý» hökmünde garaýar (nwtsty Ýah 1:1-e degişli maglumata serediň). Ýa-da Tomas Ýewreý ýazgylaryndaky Hudaýyň gullukçylarynyň Ýehowanyň ýollan perişdesine ýüzlenişi ýaly ýüzlenen bolmaly. Şeýle-de Tomas Ýehowa Hudaýyň ýollan perişdeleri bilen gepleşen, olara Hudaý hökmünde garan adamlaryň we Mukaddes Ýazgylary ýazanlaryň wakalary bilen tanyş bolmaly (Gelç 16:7—11, 13; 18:1—5, 22—33; 32:24—30; Sr 6:11—15; 13:20—22-nji aýatlary deňeşdiriň). Şol sebäpli Tomas Isany hak Hudaýyň ýörite iberen wekili hökmünde hasaplandygy üçin, oňa «Hudaýym» diýip ýüzlenen bolmaly.
Käbir adamlar «Halypam» we «hudaýym» diýen sözleriň öňünden grek artikli goýulsa, şol sözler Gudratygüýçli Hudaýa degişli hasaplaýarlar. Ýöne bu aýatdaky artikl grek grammatikasyna görä ulanylýar. Grek dilinde at bilen artikl bile ulanylanda, adama ýüzlenilip aýdylýar we muňa Lk 12:32 (sözme-söz «kiçi süri») hem-de Kl 3:18—4:1-nji (sözme-söz «aýallar», «ärler», «çagalar», «atalar», «gullar», «hojaýynlar») aýatlarda duş gelse bolýar. Şeýle-de 1Pt 3:7-niň sözme-söz terjimesinde «ärler» diýilýär. Diýmek, şu aýatda ulanylan artikl Tomasyň göz öňünde tutan sözlerini aňladýar.
NOÝABR 12—18
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 1—3
«Mesihçiler ýygnagyna mukaddes ruh inýär»
w86 1/12 sah. 29, abz. 4, 5, 7
Şatlyk getirýän sadakalar
B. e. 33-nji ýylynda täze dörän ýygnakda ýaňy-ýakynda suwa çümdürilen 3 000-e golaý mesihçi «biri-biri bilen zatlaryny paýlaşýardylar, bile iýip-içýärdiler we doga edýärdiler». Sebäbi olar imanyny berkitmek üçin «resullardan bilim almaklaryny dowam edýärdiler» (Res 2:41, 42).
Ýehudylar we ýehudy dinini kabul edenler Pentikost baýramyny bellemek üçin Iýerusalime gelipdiler. Ýöne olar köp zatlary öwrenmek we imanlaryny berkitmek üçin birnäçe gün galmak islediler. Şonuň üçin olara ýaşar ýaly öý we iýmit gerekdi. Baýramçylyga gelenleriň käbirinde ýeterlikli zatlary bolmandyr, käbirinde bolsa agdyklyk edipdir. Şol sebäpli olar mätäçlere kömek etmek üçin pul ýygnapdyrlar we zerurlyklaryna görä paýlapdyrlar (Res 2:43—47).
Gozgalmaýan emlägini satmak we ähli zadyňy paýlamak meýletin edilýärdi. Hiç kimden emlägini satmak ýa-da sadaka bermek talap edilmeýärdi. Şeýle-de garyp ýaşamaklyk mejbur edilmeýärdi. Baý hudaýhon adamlaryň bar emlägini satyp, garyp düşmelidigini hem aňlatmaýardy. Olar imandaşlarynyň düşen ýagdaýyna duýgudaşlyk bildirip, emläklerini satdylar we girdejisini Patyşalyk işini goldamaga sarp etdiler (2Kr 8:12—15).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «ISA MESIH» abz. 63
Isa Mesih
«Ýaşaýyş berýän Baş Ýolbaşçy». Isa Mesih Atasynyň merhemetini görkezmek üçin kämil janyny gurban berdi. Onuň beren gurbany arkaly mesh edilen mesihçiler Isa bilen bilelikde gökde höküm sürerler, başga adamlar bolsa onuň Patyşalygynyň ýerdäki raýatlary bolarlar (Mt 6:10; Gelç 3:16; Ef 1:7; Ýew 2:5; ser. «TÖLEG»). Şeýdip, Isa ähli adamlaryň «ýaşaýyş berýän Baş Ýolbaşçysy» boldy (Res 3:15). Bu ýerde ulanylan grek sözi esasanam «baş ýolbaşçy» diýmegi aňladýar; şoňa manydaş «hökümdarlyk» diýen söz Ysraýylda ýolbaşçylyk eden Musa degişli ulanylypdyr (Res 7:27, 35).
cl sah. 265, abz. 14
Hudaý «geçirimlidir»
14 Resullaryň işleri 3:19-da Ýehowanyň geçirimlidigi barada şeýle diýilýär: «Günäleriňizi bagyşlap, size rahatlyk berer ýaly, toba ediň». «Bagyşlamak» diýip terjime edilen grek işligi «ýuwmak... ýatyrmak ýa-da ýok etmek» diýmegi aňladýar. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, bu metaforanyň, ýagny meňzetmäniň manysy ýazylan zady öçürip bolýandygyny görkezýär. Gadym döwürde adatça gurum, şepbik we suw garylyp syýa ýasalypdyr. Şeýle syýa bilen ýazylan ýazga biraz wagt geçende, ony çygly gubka bilen öçürip bolýan eken. Dogrudanam, Ýehowanyň rehimdarlygyny görkezýän ajaýyp mysal! Ýehowa bagyşlanda gubkany alýar-da, günälerimizi öçürýär.
it «RESUL» abz. 12, 13
Iuda Iskariota derek kim resul saýlanyldy?
Iuda dönüklik edip ölensoň 11 sany resul galýar. Isa 40 günüň dowamynda, direleninden tä göge galýança Iudanyň ýerine hiç kimi saýlamady. Isa göge galandan soň Pentikost gününe çenli — 10 günüň dowamynda Iudanyň ýerine başga resul saýlamak kararyna gelindi. Ýöne Petrusyň Mukaddes Ýazgylara salgylanyp aýdan sözlerine görä, Iudanyň diňe bir ölendigi üçin däl, eýsem dönüklik edendigi üçin başga resul saýlanýar (Res 1:15—22; Zb 69:25; 109:8; Ylh 3:11-i deňeşdiriň). Mukaddes Ýazgylarda wepaly bolan Ýakup resul öldürilenden soňra, oňa derek hiç kimiň resul saýlanandygy hakda aýdylmaýar (Res 12:2).
Petrusyň sözlerine görä, Isa Mesihiň resuly hökmünde diňe ýörite talaplara laýyk gelýän adam saýlanyp bilýärdi: Isa bilen gepleşenler, eden işlerini, gudratlaryny görenler we aýratynam direlişine şaýat bolanlar. Diýmek, bu talaplara laýyk gelýän adam Hudaýyň kömegi bilen saýlanmasa, wagtyň geçmegi bilen hiç kim Isa Mesihiň saýlan resulynyň ornuna geçip bilmeýärdi. Emma Pentikost güni talaba laýyk gelýänler bardy. Iudanyň ýerine iki adam teklip edildi. Elbetde, Süleýmanyň tymsallary 16:33-däki prinsipe laýyklykda bije atyldy we bije Mattiýa düşdi. Şeýdip, ol «11 resulyň hataryna goşuldy» (Res 1:23—26). Mattiýa grekçe gepleýän şägirtleriň arasynda dörän meseläni çözen «on iki resulyň» biridi (Res 6:1, 2). 1Korinfliler 15:4—8-nji aýatlarda Pawlus direlen Isanyň «on ikilere» görnendigi barada aýdanda, Mattiýany hem agzan bolmaly. Şeýdip, Pentikost güni 12 resuldan ybarat bolan ruhy Ysraýylyň düýbi tutuldy.
37 Käwagt başga dilde gepleýän ýygnaklar uzak aralykda ýerleşýän territoriýasynda yzygiderli wagyz edip bilmeýärler. Şonuň üçin şol ýerdäki ýygnagyň wagyzçylaryndan meýdançasynda duş gelen adamlaryň ählisine wagyz etmegi haýyş edip bilerler. Wagyzçylar hoş habary başga dilde gepleýän adamlara-da wagyz etmek üçin elinde baryny edip bilerler. Eger bir adam hakykat bilen gyzyklansa, onuň gepleýän dilinde geçirilýän ýygnak oňa kömek edilmeginiň aladasyny etmeli. Ýagdaýlaryň dürli-dürli bolýandygy üçin, ýygnaklaryň wagyz gözegçileri territoriýanyň ähli ýerinde sazlaşykly wagyz ediler ýaly, biri-biri bilen hyzmatdaşlyk etmeli. Bu bolsa her bir adamyň Patyşalyk baradaky habary eşitmegine ýardam eder. Şeýle-de wagyzçylaryň şol bir öýe birnäçe gezek baryp, öý eýesini gaharlandyrmagynyň we özleriniňem iki işli bolmagynyň öňüni alar (Sül. tym. 15:22).
km 7/12 s. 5, çarçuwa
«Arkalaşyň»
Eger ýygnak ýa topar öz dilinde gürleýän adamlary tapmak üçin kömege mätäç bolsa, onda wagyz gözegçisi başga dilde gepleýän goňşy ýygnaklaryň ýaşululary bilen habarlaşmaly. Siziň habarlaşjak ýygnagyňyz golaýda ýerleşýän bolmaly we olaryň territoriýasynda diliňizde gepleýän adamlar köpräk bolmaly. Şol ýygnaklaryň wagyzçylary başga dilde gepleýän adamy tapsa, adresini ýazyp wagyz gözegçisine habar berip biler. Ol hem öz gezeginde maglumaty kömek soran ýygnaga ýa-da topara berer. Ýygnaklaryň wagyz gözegçileri birek-birek bilen arkalaşyp, dürli dilli territoriýada wagyz etmegi we gyzyklanýan adamlary degişli ýygnaga ýa-da topara ugrukdyrmagy tertipleşdirip biler. Eger wagyzçylar hakykat bilen gyzyklanýan, ýöne başga dilde gepleýän (ýa-da lal) adamy tapsa, olar derrew «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» (S—43) diýen resmikagyzy dolduryp, ýygnagyň kätibine bermeli. Şonda ol adama ruhy taýdan kömek çalt berler (km 5/11 s. 3).
«Şu adamy idemegi haýyş edýäris» (S-43) resmikagyzynyň ulanylyşy
Bu resmikagyz başga ýerden gelen ýa-da daşary ýurt dilinde gepleýän adam hakykat bilen gyzyklananda doldurylýar. Öň bu resmikagyzy daşary ýurt dilinde gepleýän adam hakykat bilen gyzyklansa-gyzyklanmasa-da doldurylýardy. Emma häzir diňe adam gyzyklanan ýagdaýynda doldurylýar. Ýöne lal adama duşanda, hakykat bilen gyzyklanmasa-da, S-43 resmikagyzyny doldurmaly.
Bu resmikagyzy dolduransoň näme etmeli? Ony ýygnagyň kätibine bermeli. Eger ol haýsy ýygnaga bermelidigini bilýän bolsa, onda gyzyklanan adamyň ruhy taýdan aladasyny etmek üçin, şol ýygnagyň ýaşulysyna berip biler. Eger bilmeýän bolsa, onda filiala ibermeli.
Eger daşary ýurt dilinde gepleýän adam siziň ýygnagyňyzyň territoriýasynda ýaşaýan bolsa, şol dili bilýän wagyzçy bilen tanyşdyrýançaňyz, ol adamy özüňiz ideg etmegi dowam ediň.
NOÝABR 19—25
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 4, 5
«Olar Hudaýyň Sözüni batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler»
w08 1/9 sah. 15, çarçuwa
Dilden-dile geçen mukaddes sözler. Hat-ýazuw we I asyrdaky mesihçiler
Resullar sowatsyz bolupdyrmy?
Iýerusalimiň ýolbaşçylary hem ýaşululary «Petrus bilen Ýahýanyň batyrgaýlygyny, bilimsiz we sada adamlardygyny görenlerinde, juda geň galdylar» (Res 4:13). Bu resullaryň sowatsyz bolandygyny görkezýärmi? Bir kitapda şeýle diýilýär: «Bu sözlere göni manyda, ýagny Petrus (we Ýahýa) bilimsiz, ýazyp hem okap bilmeýärler diýip düşünmeli däl. Aslynda, bu sözler resullaryň we olara höküm edýänleriň jemgyýetde dürli orun eýeleýän adamlardygyny aňladýar» (The New Interpreter’s Bible).
Resullaryň işleri kitabyndan peýdaly pikirler
4:13 — Dogrudanam, Petrus bilen Ýahýa sowatsyzmy? Ýok, olar sowatsyz däldi. Olara ýehudylaryň dini mekdeplerinde okamandyklary üçin «bilimsiz we sada» diýlipdir.
it «RESUL» abz. 7
Resul
Mesihçiler ýygnagynyň wagyz işi. Pentikost güni mukaddes ruh inende resullaryň imany hasam berkedi. Resullaryň işleri kitabynyň ilkinji bäş babynda mesihçileriň mertlik hem batyrgaýlyk bilen hoş habary we Isanyň direlişi barada wagyz edendikleri hakda aýdylýar. Halkyň ýolbaşçylary olary tussag etseler-de, ursalar-da, öldürmek üçin haýbat atsalar-da wagyz edipdirler. Pentikost gününden biraz wagt geçensoň, resullar mukaddes ruhuň ýolbaşçylygynda mesihçiler ýygnagynyň pajarlap ösmegine kömek etdiler (Res 2:41; 4:4). Olar ilki Iýerusalimde wagyz edip başladylar, soňra wagyz işi Samariýa we bütin ýer ýüzüne ýaýrady (Res 5:42; 6:7; 8:5—17, 25; 1:8).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «IŇ WAJYP DAŞ» abz. 8
Iň wajyp daş
Zebur 118:22-de ussalaryň taşlan daşynyň «burç daşy» (ýew. roʼsh pin·nahʹ) bolmalydygy aýdylýar. Isa «iň wajyp daş» (grek. ke·pha·leʹ go·niʹas, «burç daşy») baradaky pygamberlige salgylanyp, ony özüne degişli edip aýtdy (Mt 21:42; Mr 12:10, 11; Lk 20:17). Jaýyň iň ýokarky daşynyň görnüşi ýaly, Isa Mesih hem mesh edilen mesihçiler ýygnagynyň, ýagny ruhy ybadathananyň iň wajyp daşydyr. Petrus resul hem Zebur 118:22-ni Mesihe degişli edip, adamlaryň inkär eden «daşynyň», Hudaýyň saýlandygyny we «burç daşy» bolandygyny aýtdy (Res 4:8—12; şeýle-de 1Pt 2:4—7-nji aýatlara serediň).
w13 1/3 sah, 15, abz. 4
Petrus we Hananýa ýalan sözleýär. Biz mundan nähili sapak edinip bileris?
Hananýa bilen aýaly ýaňy ýakynda suwa çümdürilenlere kömek etmek üçin emlägini satýarlar. Hananýa resullara satan zatlarynyň ähli puluny getirendigini aýdýar. Ýöne ol ýalan sözleýär! Ol pulunyň ujundan özüne alyp galýar. Hudaý Petrusa muny aýan edýär. Petrus Hananýa: «Sen adamlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň» diýýär. Hananýa bu sözleri eşiden badyna, ýere ýykylyp, jan berýär. Üç sagat töweregi wagt geçensoň, onuň aýaly gelýär. Ol adamsyna näme bolandygyndan bihabar ýalan sözleýär we ölýär.
NOÝABR 26—DEKABR 2
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 6—8
«Täze dörän mesihçiler ýygnagy synalýar»
bt sah. 41, abz. 17
«Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmalydyrys»
17 Täze dörän ýygnakda howply ýagdaý ýüze çykýar. Nädip? Suwa çümdürilen şägirtleriň köpüsi dürli ýerden Iýerusalime gelýärler we öýlerine dolanmanka köpräk bilim almak isleýärler. Iýerusalimdäki şägirtler imandaşlarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we iýip-içer ýaly zatlarynyň bolmagy üçin ak ýürekden aladasyny edýärler (Res 2:44—46; 4:34—37). Şonda kyn ýagdaý döreýär. «Gündelik iýmit paýlananda» grekçe gepleýän dul aýallar gözden salynýar (Res 6:1). Emma ýewreýçe gepleýän dul aýallar gözden salynmaýar. Şeýle ýagdaý adalatsyzlyk sebäpli döreýär. Bu ýönekeý ýaly bolup görünse-de, ýygnagyň agzybirligini bozýar.
bt sah. 42, abz. 18
«Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmalydyrys»
18 Ruhy taýdan ösýän ýygnagyň ýolbaşçylyk maslahaty hökmünde resullar «iýmit paýlamak üçin Hudaýyň sözüni öwretmegi bes etmegiň» nädogrudygyna düşündiler (Res 6:2). Ýöne bu meseläni çözmek üçin resullar şägirtlerden «şu işe gözegçilik eder ýaly... mukaddes ruh we akyldarlykdan doly» ýedi adamy saýlamagy haýyş edýär (Res 6:3). Bu iş üçin tejribeli doganlar gerekdi. Sebäbi olar diňe bir iýmit paýlaman, eýsem, pullary nämä sowmalydygyna, iýmit satyn almaga gözegçilik etmelidiler we hasabat ýöretmelidiler. Göwnüne deglen dul aýallara aňsat bolar ýaly, grekçe ady bolan adamlar ýörite saýlanan bolmaly. Resullar teklip edilen adamlar hakda doga edip, «şu işe gözegçilik eder ýaly» ýedi adamy belleýärler.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
bt sah. 45, abz. 2
Stefanus «Hudaýyň merhemetinden we güýjünden doldy»
2 Şol wagt Stefanusyň ýüz keşbi birden üýtgeýär. Kazylar «onuň ýüzüniň perişdäniň ýüzi ýalydygyny görüp» haýran galýarlar (Res 6:15). Perişdeler Ýehowa Hudaýyň habaryny aýdýandygy üçin gorkmaýardylar, arkaýyn we rahatdylar. Stefanus hem özüni şeýle alyp barýar; hatda ony ýigrenýän kazylar hem muňa göz ýetirýärler. Stefanusa kalbynda rahatlygy saklamaga näme kömek etdikä?
bt sah. 58, abz. 16
«Isa hakda hoş habary» wagyz edýäris
16 Şu günler mesihçilerem Filipus ýaly hoş habary wagyz etmek işine gatnaşýar. Olar her bir mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýärler. Meselem, bir ýere gezelenje gidende hem wagyz edýärler. Olara köplenç akýürekli adamlaryň duşmagyna tötänlik diýip bolmaz. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda wagyz işine perişdeleriň gözegçilik edýändigi anyk aýdylýar. Şonuň üçin hem hoş habar «her millete, her taýpa, her dile we her halka» wagyz edilýär (Ylh 14:6). Isa perişdeleriň wagyz işine gözegçilik etjekdigi barada öňünden aýdypdy. Ol bugdaý we haşal ot baradaky mysalynda hasyl döwründe, ýagny dünýäniň soňunda «orakçylaryň... perişdelerdigini» düşündirdi. Şeýle-de ol perişdeleriň «Patyşalykda başgalaryň günä etmegine sebäp bolýan ähli zatlary we kanuny bozýan adamlary ýygnajakdygyny» aýtdy (Mt 13:37—41). Şol wagt perişdeler gökdäki Patyşalygyň mirasdüşerlerini, soňra Ýehowanyň guramasyna çekmek isleýän «başga goýunlardan» bolan «uly märekäni» ýygnarlar (Ylh 7:9; Ýah 6:44, 65; 10:16).