Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Üzümçilikde işlän adamlar hakdaky mysal
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • «Gökdäki Patyşalygy ir bilen işgärleri hakyna tutmaga çykan üzümçiligiň eýesine meňzetse bolar. Ol işgärler bilen gününe bir dinar tölemäge gepleşip, olary üzümçiligine iberýär. Ol sagat üçlerde çykanda, bazarda başga-da işsiz galan adamlary görýär. Ol: „Sizem üzümçiligime gidip işläň, men iş hakyňyzy tölärin“ diýýär. Olar hem işlemäge gidýärler. Sagat alty we dokuz töweregi hem şeýle bolýar. Ol sagat on bir töweregi çykanda, ýene-de işsiz duran adamlary görüp, olardan: „Siz näme üçin uzakly gün işsiz dursuňyz?“ diýip soraýar. Olar: „Bizi hiç kim işe çagyrmady“ diýip jogap berýärler. Şonda ol: „Siz-de gidip, meniň üzümçiligimde işläň“ diýýär» (Matta 20:1—7).

    • Ruhanylaryň we beýleki dini ýolbaşçylaryň pikirine görä, sada adamlar Hudaýa az gulluk edýärler. Olar üzümçilikde uzak gün işlemedik işçilere meňzedilýär. Isanyň gürrüň bermegine görä, olar «sagat üçlerde (9:00 töweregi)», «sagat alty we dokuzda (12:00 we 15:00 töweregi)», iň soňunda bolsa «sagat on birde (17:00 töweregi)» gelen işçilerdir.

      Isanyň yzyna eýerýän erkekdir aýallary «näletlenen adamlar» hasaplaýardylar (Ýahýa 7:49). Olaryň köpüsi balykçylyk we başga-da şoňa meňzeş işler bilen meşgullanýan adamlardy. B. e. 29-njy ýylynyň güýz aýynda «üzümçiligiň eýesi» Isany iberýär. Ol Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa gulluk etmek isleýän şol sada adamlary çagyrmalydy. Olar Isanyň aýdyşy ýaly, «soňkulardy», ýagny sagat 11 töweregi işlemäge gelen işçilerdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş