Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/2 sah. 26—27
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Meňzeş maglumat
  • Olar Mesihe garaşdylar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Danyýel Mesihiň geljekdigi barada pygamberlik etdi
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
  • Danyýel pygamberiň Mesihiň gelmegi baradaky pygamberligi
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Perişdeler Isanyň doglandygyny aýdýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/2 sah. 26—27

OKYJYLARYŇ SOWALLARY

Ýehudylar Mesihe näme üçin birinji asyrda «garaşypdyrlar»?

Ýahýa çokundyryjynyň günlerinde «halk garaşyp durka, hemmesi Ýahýa hakda öz içlerinden: „Bu Mesihmikä?“ diýip oýlanýardylar» (Luka 3:15). Ýehudylar Mesihe näme üçin şol wagt garaşypdyrlar? Munuň birnäçe sebäbi bar.

Isa doglanda, Ýehowanyň perişdesi Beýtullahamyň golaýynda sürüsini bakyp ýören çopanlara göründi. (1) Perişde: «Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir» diýdi (Luka 2:8—11). Soňra «perişde bilen birlikde gökdäki goşundan bir uly mähelle göründi. Olar Hudaýy öwüp diýýärdiler: «Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, ýer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun!»a (Luka 2:13, 14).

Şeýle habar kiçigöwünli çopanlara güýçli täsir eden bolmaly. Olar şol bada Beýtullahama baryp, Ýusuby, Merýemi hem-de bäbek Isany görenlerinde, «bu çaga hakda özlerine aýdylan sözi olara gürrüň berdiler. Muny eşidenleriň bary çopanlaryň aýdanlaryna haýran galdylar» (Luka 2:17, 18). «Eşidenleriň bary» diýen jümle çopanlaryň gören zatlaryny Ýusup bilen Merýemden başga adamlara-da gürrüň berendigini aňladýar. Olar öýüne gaýdyşyn hem «hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolanlygy üçin, Hudaýy şöhratlandyryp, öwdüler» (Luka 2:20). Hawa, çopanlar Mesih hakda eşiden hoş habaryny içinde saklamandyrlar!

Musanyň kanunyna laýyklykda, Merýem nowbahar ogluny Ýehowa bagyş etmek üçin Iýerusalime eltdi. Şonda Anna atly pygamber aýal hem «Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň gutulmagyna garaşýanlaryň baryna bu çaga hakda gürrüň berdi» (2) (Luka 2:36—38; Müs. çyk. 13:12). Diýmek, Mesihiň peýda bolandygy hakda täzelik gitdigiçe ýaýraýardy.

Biraz wagtdan «Iýerusalime gündogardan müneçjimler gelip: „Ýehudylaryň Patyşasy bolup doglan nirede? Biz gündogarda Onuň ýyldyzyny görüp, Oňa sežde etmäge geldik“ diýdiler» (Mat. 2:1, 2). «Muny eşidip, Hirodes patyşa we onuň bilen birlikde tutuş Iýerusalim galagopluga düşdi. Ol ähli baş ruhanylary, halkyň kanunçylaryny ýygnap, olardan Mesih nirede dogulmaly diýip sorady» (3) (Mat. 2:3, 4). Hawa, örän köp adam wada edilen Mesihiň peýda bolandygyna göz ýetirdi!b

Ýokarda agzalan Luka 3:15-den görnüşi ýaly, käbir ýehudylar Ýahýa çokundyryja Mesihdir öýdüpdirler. Ýöne Ýahýa şeýle jogap berdi: «Menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruh hem-de ot bilen çokundyrar» (Mat. 3:11). Ýahýanyň pesgöwünli sözleri olary Mesihe has-da sabyrsyzlyk bilen garaşmaga höweslendiren bolmaly.

I asyrda ýaşan ýehudylar Mesihiň geljek wagtyny Danyýel 9:24—27-nji aýatlardaky pygamberlik esasynda hasaplap çykardylarmy? Muny anyk aýdyp bolmasa-da, şeýle bolmagy ahmal. Isanyň döwründe «70 hepde» («ýediýyllyk») baradaky pygamberlik hakda köp jedelleşipdirler, ýöne dogry karara gelip bilmändirlerc.

Aýtmaklaryna görä, ýehudylaryň arasynda esseçiler atly terkidünýä ýaşaýan dini topar bolupdyr. Olar 490 ýylyň ahyrynda iki Mesih geler diýip öwredipdirler. Emma esseçiler muny Danyýeliň pygamberligine esaslanandyr diýip, anyk aýdyp bolmaýar. Şeýle bolaýanda-da, ýehudylar şeýle terkidünýä toparyň täsirine düşendir öýtmek mümkin däl.

B. e. II asyrynda ýaşan käbir ýehudylar «70 hepde» b. e. öň 607-nji ýylda birinji ybadathananyň weýran edilmegi we b. e. 70-nji ýylynda ikinji ybadathananyň weýran edilmeginiň arasyndaky döwri öz içine alýar diýip ynanypdyrlar. Başgalary bolsa, Danyýeliň pygamberligi b. e. öň II asyrda makkaweýleriň döwründe ýerine ýetendir öýdüpdirler. Görşümiz ýaly, «70 hepde» barada umumy bir pikire gelip bilmändirler.

Eger-de «70 hepde» hakdaky pygamberligiň ýerine ýetişine I asyrda aýdyň düşünen bolsalar, onda resullar hem-de irki mesihçiler wada edilen Mesihiň anyk öz wagtynda Isa bolup gelendigini subutnama hasaplardylar. Emma irki mesihçileriň muňa düşünendiklerini hiç zat tassyklamaýar.

Emma ýene-de bir zada üns bermek gerek. Hoş habary ýazan mesihçiler köplenç Töwratdaky we Zeburdaky ençeme pygamberlikleriň Isa Mesihde ýerine ýetendigini aýdyp geçýärler (Mat. 1:22, 23; 2:13—15; 4:13—16) Emma olaryň hiç biri Isanyň ýer ýüzünde peýda bolmagy bilen «70 hepde» hakdaky pygamberligiň berjaý bolandygyny aýtmaýar.

Diýmek, Isanyň döwründe ýaşan adamlar «70 hepde» baradaky pygamberlige dogry düşünmändirler. Muňa garamazdan, I asyrda ýaşan ýehudylaryň Mesihe «garaşmagyna» degerli sebäpler bolupdyr.

a Injile görä, perişdeler Isanyň doglan gününe bagyşlap aýdym aýtmadylar.

b Şeýle soragyň ýüze çykmagy mümkin: «Näme üçin müneçjimler gündogarda gören «ýyldyzyny» «Ýehudylaryň Patyşasynyň» dogulmagy bilen baglanyşdyrypdyrlar?» Belki, olar ýyldyzyň yzyna düşüp, Isanyň doglanlygy hakda habary Ysraýyldan geçip barýarkalar eşidendirler?!

c Bu babatda köpräk bilmek üçin «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 197—199-njy sahypalaryna serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş