Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hoş habar nädip wagyz edilýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 4. Elimizde baryny edip, wagyz edýäris

      Ýehowanyň Şaýatlary dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlara hoş habary eşitdirmek üçin güýjüni hem wagtyny gaýgyrmaýarlar. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «„Bütin ýer ýüzüne“ wagyz ediň» (7:33)

      • Ýehowanyň Şaýatlary wagyz etmek üçin köp tagalla edýän eken. Seni näme haýran galdyrdy?

      Matta 22:39 we Rimliler 10:13—15-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Adamlary söýýändigimiz nämeden görünýär?

      • Ýehowa hoş habary wagyz edýänlere nähili garaýar? (15-nji aýada serediň).

  • Arassa bol
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 4. Erbet endikleri taşla

      Bir adam çilimlerini zyňýar.

      Ýehowa erbet endikleri ýeňmäge kömek eder.

      Eger sen çilim çekýän bolsaň, nas atýan bolsaň ýa-da keýp üçin derman ulanýan bolsaň, onda olary taşlamagyň kyndygyna gowy düşünýänsiň. Erbet endikleri nädip taşlamaly? Geliň, şol zatlaryň nähili zyýan ýetirýändigini bileliň. Matta 22:37—39-njy aýatlary okap, çilimiň, nasyň ýa-da keýp üçin dermanyň... nähili täsir edýändigi barada gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowa bilen dostlugyňa...

      • maşgalaňa we adamlar bilen gatnaşygyňa...

      Erbet endigi taşlamagy maksat ediniňa. WIDEONY görüň.

      WIDEO: «Özüňize erk ediň» (2:47)

      Filipililer 4:13-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Hemişe doga etmek, Mukaddes Kitaby okamak, ýygnaklara barmak erbet endikleri taşlamaga nädip kömek edýär?

      5. Pikiriňi arassa saklamak üçin aýgytly bol

      Koloslylar 3:5-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowa pornografiýany, masturbasiýany, ahlaksyz SMS-leri we suratlary näme üçin haramlyk hasaplaýar?

      • Ýehowanyň bizden arassa bolmagy talap etmäge haky barmy? Näme üçin?

      Erbet pikirlere garşy göreşmegi öwreneliň. WIDEONY görüň.

      WIDEO: «Arassa bolmak üçin jan ediň» (1:51)

      Isa mysal getirip, ahlak taýdan arassa bolmak üçin aýgytly hereket etmelidigini düşündirdi. Matta 5:29, 30-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Isa özüňe şikes ýetirmek barada däl-de, aýgytly hereket etmek barada aýtdy. Diýmek, pikiriňi arassa saklamak üçin näme etmeli?b

      Ýehowa seniň erbet pikirleri taşlamak üçin edýän her bir tagallaňy görýär. Zebur 103:13, 14-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Şu aýat erbet endigiň bilen göreşmäge nädip höweslendirýär?

      Ýykylan göreşden doýmaz

      Käte: «Aý, men hiç haçanam düzelmerin» diýip, ruhdan düşýänsiň. Ylgamak boýunça ýaryşa gatnaşýan türgenler hakda oýlanyp gör. Türgen ylgap barýarka büdräp ýykylsa, ýaryşdan çykyp gitmeýär ýa-da başdan ylgap başlamaýar. Şonuň ýaly, birden erbet endigiňi gaýtalasaň, göreşi dowam et, sebäbi sen entek ýeňilmediň. Şu çaka çenli göreşeniň biderek däl. Käte adam näçe göreşse-de, erbet endigini gaýtalanyny duýman galýar. Şeýle ýagdaý bolanda ruhdan düşme! Ýehowanyň kömegi bilen erbet endigiňi hökman ýeňersiň.

      Ýaryşda ýykylan türgen ýerinden galýar.
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş