-
Ýehowa bilen Isa ýaly, bizem agzybir bolalyň!Garawul diňi — 2018 | Iýun
-
-
SÖÝGI WE KIÇIGÖWÜNLILIK ALA TUTMAKLYGY ÝEŇÝÄR
8. Mesihçileriň agzybirliginiň esasy sebäbi näme? Düşündiriň.
8 Isa şägirtlerine agzybirligimiziň esasy sebäbini düşündirip: «Siziň baryňyz... dogansyňyz» diýdi (Matta 23:8, 9-njy aýatlary okaň). Elbetde, Adam atanyň nesli bolandygymyz üçin hemmämiz «dogandyrys» (Res. iş. 17:26). Ýöne munuň has giň manysy bar. Isa şägirtleriniň Ýehowany gökdäki Atasy hasaplaýandyklary üçin, biri-birine dogan-uýa hökmünde garaýandyklaryny düşündirdi (Mat. 12:50). Dogrudan-da, olar söýgüsi we imany arkaly biri-biri bilen agzybirligi saklaýan uly ruhy maşgalanyň agzalary bolýarlar. Resullar hem hatlarynda imandaşlaryna köplenç «doganlar» diýip ýüzlenýärdiler (Rim. 1:13; 1 Pet. 2:17; 1 Ýah. 3:13)a.
-
-
Ýehowa bilen Isa ýaly, bizem agzybir bolalyň!Garawul diňi — 2018 | Iýun
-
-
a «Doganlar» diýen söz ýygnakdaky gelin-gyzlara hem degişli. Pawlus resul hatyny Rimdäki «doganlara» ýüzlenip ýazsa-da, ol uýalary hem göz öňünde tutupdy. Sebäbi ol hatynda käbir uýalaryň atlaryny agzaýar (Rim. 16:3, 6, 12). «Garawul diňiniň» öňki sanlarynda hem imandaşlar diýlende, dogan-uýalaryň göz öňünde tutulýandygy aýdylypdy.
-