Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hoş habar nädip wagyz edilýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 21-nji sapak. Edebiýatly stendiň ýanynda duran iki uýa bir adama wagyz edýär.

      21-NJI SAPAK

      Hoş habar nädip wagyz edilýär?

      Ýehowa Hudaý her bir adamyň hoş habary eşitmegini isleýär. Ol tizden Patyşalygy arkaly ýer ýüzündäki ähli kynçylyklary aýrar. Isa pygamber hem şägirtlerine şol habary wagyz etmegi tabşyrdy (Matta 28:19, 20). Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň şu tabşyrygyny nädip ýerine ýetirýärler?

      1. Matta 24:14-däki sözler nädip ýerine ýetýär?

      Isa pygamber «Patyşalyk baradaky hoş habaryň bütin ýer ýüzünde» wagyz ediljekdigini öňünden aýdypdy (Matta 24:14). Ýehowanyň Şaýatlary adamlara hoş habary höwes bilen wagyz edýärler. Biz hoş habary bütin dünýäde 1 000-den gowrak dilde gürrüň berýäris. Köp ýurtlarda we dillerde wagyz etmek aňsat däl, ýöne hoş habar Ýehowanyň kömegi bilen wagyz edilýär.

      2. Hoş habary hemme adamlar eşider ýaly näme edilýär?

      Biz nirede bolsagam, her bir adama wagyz edýäris. Isanyň I asyrdaky şägirtleri ýaly, bizem «öýden-öýe aýlanyp» wagyz edýäris (Resullar 5:42). Şeýle usul bilen her ýyl millionlarça adamlar hoş habary eşidýär. Köplenç adamlar öýlerinde bolmansoň, biz bazarlarda, duralgalarda, köçelerde wagyz edýäris. Biz her bir ýagdaýdan peýdalanyp, Ýehowa we onuň niýetleri barada gürrüň berýäris.

      3. Hoş habary kimler wagyz etmeli?

      Isanyň hakyky şägirtleri hoş habary wagyz etmek üçin güýjüni we wagtyny gaýgyrmaýar. Biz mümkin boldugyndan köpräk wagyz edýäris, sebäbi hoş habar adamlaryň janyny halas edýär (1 Timoteos 4:16-ny oka). Munuň üçin bize pul tölenmeýär. Injilde: «Mugt aldyňyz, mugt hem beriň» diýilýär (Matta 10:7, 8). Adamlar diňlemese-de, biz Ýehowa gulak asyp, hoş habary wagyz edýäris. Ýehowa-da hoş habary wagyz edişimizi görüp begenýär.

      SÖHBETDEŞLIK

      Ýehowanyň kömegi bilen, Şaýatlaryň bütin dünýäde wagyz edişi hakda gürrüň edeliň.

      A. Är-aýal Kosta-Rikanyň otluk ýerinde bir adama wagyz edýär. B. Ýehowanyň Şaýatlary ABŞ-daky balykçylara wagyz edýärler. Ç. Ýehowanyň Şaýatlary Beniniň bir obasynda wagyz edýärler. D. Uýa Taýlandyň bazarynda gaýykda wagyz edýär. E. Uýalar Ýap adasynda uly daşyň ýanynda bir aýala wagyz edýärler. Ä. Ýehowanyň Şaýatlary Şwesiýada kanalyň boýunda bir aýala wagyz edýärler.

      Bütin dünýäde wagyz edilýär: A. Kosta-Rika, B. ABŞ, Ç. Benin, D. Taýland, E. Ýap adasy, Ä. Şwesiýa

      4. Elimizde baryny edip, wagyz edýäris

      Ýehowanyň Şaýatlary dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlara hoş habary eşitdirmek üçin güýjüni hem wagtyny gaýgyrmaýarlar. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «„Bütin ýer ýüzüne“ wagyz ediň» (7:33)

      • Ýehowanyň Şaýatlary wagyz etmek üçin köp tagalla edýän eken. Seni näme haýran galdyrdy?

      Matta 22:39 we Rimliler 10:13—15-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Adamlary söýýändigimiz nämeden görünýär?

      • Ýehowa hoş habary wagyz edýänlere nähili garaýar? (15-nji aýada serediň).

      5. Biz Hudaýyň işdeşleri

      Köp adamlar hoş habaryň wagyz edilmegine Ýehowanyň kömek edýändigine göz ýetirdiler. Meselem, Täze Zelandiýada ýaşaýan Pawl dogan wagyz etmek üçin bir aýalyň öýüne barýar. Ýaňky aýal şol gün irden Ýehowanyň adyny tutup: «Sen hakda gürrüň berjek adamy ýanyma iberäý» diýip doga edipdir. Üç sagatdan Pawl dogan şol aýalyň gapysyny kakýar.

      1 Korinfliler 3:6, 9-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Täze Zelandiýada bolan wakadan hoş habaryň wagyz edilmegine Ýehowanyň kömek edýändigi nädip görünýär?

      Resullar 1:8-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Wagyzda näme üçin Ýehowanyň kömegi gerek?

      Bilýäňizmi?

      Her hepde ýygnakda wagyz etmek öwredilýär. Siz ýygnaga barsaňyz, has ökde wagyz etmegi öwrenip bilersiňiz.

      Uýalar ýygnakda hoş habary nädip wagyz etmelidigini sahnalaşdyrýar.

      6. Hudaýyň tabşyrygy bilen wagyz edýäris

      I asyrda Isanyň şägirtlerine garşy çyksalar-da, olar wagyz etmegini goýmadylar. Irki mesihçiler kanundan peýdalanyp, hoş habary wagyz etmek hukugyny goradylar (Filipililer 1:7). Şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlary olaryň göreldesine eýerýära.

      WIDEONY görüň.

      WIDEO: «Wagyz etmek hukugyny gazanýarys» (2:28)

      Resullar 5:27—42-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Biz wagyz etmegi näme üçin bes etmeýäris? (29, 38, 39-njy aýatlara serediň).

      ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Kitabyňy okasaň okaber, ýöne öýden-öýe aýlanyp, wagyz etmek nämä gerek?!»

      • Sen näme diýerdiň?

      ESASY PIKIRLER

      Isa pygamber şägirtlerine hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy. Olar Ýehowanyň kömegi bilen ähli adamlara wagyz edýärler.

      Gaýtalamak

      • Hoş habar bütin dünýäde nädip wagyz edilýär?

      • Adamlary söýýändigimiz nämeden görünýär?

      • Biz näme üçin höwes bilen wagyz edýäris?

      Maksat goýuň

      KÖPRÄK BILIŇ

      Ýehowanyň Şaýatlary uly şäherlerde wagyz edýär.

      «Parižiň köpçülik ýerlerinde wagyz işi gurnalýar» (5:11)

      Ýehowanyň Şaýatlary gaçgaklara wagyz edýär.

      «Gaçybatalgadakylaryň ruhy teşneligini gandyrmak» (5:59)

      Bir uýa bütin ömri wagyz edip, özüni bagtly duýýan eken.

      «Saýlan ýoluma ökünmeýärin» (6:29)

      Kazyýetde gazanylan ýeňişler hoş habary wagyz etmäge mümkinçilik berýär.

      «Patyşalygyň wagyzçylary kazyýete ýüz tutýar» («Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!» bap 13)

      a Bize hoş habary wagyz etmegi Hudaý tabşyrdy, şonuň üçin ynsan hökümetleri rugsat bermese-de, hoş habary wagyz edýäris.

  • Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 5. 1914-nji ýyldan bäri dünýäniň ýagdaýy erbetleşýär

      WIDEONY görüň.

      WIDEO: «1914-nji ýyldan bäri dünýäniň ýüzi bulaşdy» (1:10)

      Isa patyşa bolansoň, ýer ýüzünde ýagdaýyň erbetleşjekdigini aýtdy. Luka 21:9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýer ýüzünde nähili betbagtçylyklar bolýar?

      Pawlus resul soňky günlerde adamlaryň erbetleşjekdigini aýtdy. 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Adamlarda şu aýatlarda agzalan haýsy häsiýetleri görýärsiň?

      Suratlar: Soňky günlerde dünýäde bolýan ýagdaýlar we adamlaryň edýän işleri. 1) Harby goşunyň serkerdesi haýbatly çykyş edýär. 2) Ýertitremede ençeme binalar ýumrulýar. 3) Harby uçarlar. 4) Ýüz örtükli adamlar köçede ýöräp barýar. 5) Jenaýatçylar Nýu-Ýorkda goşa binany otlaýarlar. 6) Bir oglan özüne neşe urýar. 7) Bir adam ýumrugyny çeýnäp, aýalynyň üstüne gygyrýar. 8) Her dürli neşe we spirtli içgiler. 9) Iki gyz ýarym-ýalaňaç geýnip, şaý-sepleri dakynyp, surata düşýär. 10) Gijeki oturyşykda saz çalyp, tans oýnaýarlar. 11) Garagol oglan içinde partlaýjy madda bolan çüýşäni zyňýar.

      6. Patyşalygyň höküm sürmegi ruhlandyrýar

      Matta 24:3, 14-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigi nämeden görünýär?

      • Sen köpräk wagyz etmek üçin näme edip bilersiň?

      Hudaýyň Patyşalygy gökde höküm sürýär. Tizden ol bütin ýer ýüzünde-de höküm sürer. Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • «Şol günüň golaýlaşýandygyny görüp», biz näme etmeli?

      Suratlar: 1) Sapak geçýän gyz ýygnaga gatnaşýar. 2) Şol gyz tanşyna wagyz edýär.

      Aýdaly, sen bir gowy habar eşitdiň. Şol habaryň adamlara kömek etjekdigini bilseň, näme ederdiň?

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş