Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • «Patyşalygyň gelsin»
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
    • 15, 16. «Şu nesil» diýen jümle kimlere degişli?

      15 Hudaýyň Patyşalygy haçan geler? Isa munuň wagtyny anyk aýtmady (Mat. 24:36). Emma onuň aýdan käbir sözleri Patyşalygyň örän tizden geljekdigine ynandyrýar. Isa pygamberlik alamatynyň ýerine ýetişini «şu nesil» göreninden soň Patyşalygyň geljekdigini aýtdy (Matta 24:32—34-nji aýatlary okaň). «Şu nesil» diýen jümle kimlere degişli? Geliň, Isanyň sözlerine has ünsli seredeliň.

      16 «Şu nesil». Isa «şu nesil» diýende, iman etmeýän adamlary göz öňünde tutdumy? Ýok. Isanyň bu sözleri kimlere ýüzlenip aýdandygyny ýada salalyň. Ol bu pygamberligi käbir resullary onuň ýanyna ýekelikde baranda aýtdy (Mat. 24:3). Tizden resullar mukaddes ruh bilen mesh edilmelidi. Geliň, Isanyň «şu nesil» barada aýtmanka näme diýenine seredeliň. Ol: «Injir agajyndan sapak ediniň: onuň şahalary pyntyklap, ýaprak çykaryp başlanda, tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. Şonuň ýaly-da bu zatlary göreniňizde, Ynsan oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny bilersiňiz» diýdi. Iman etmeýän adamlar däl-de, Isanyň mesh edilen şägirtleri onuň öňünden aýdan zatlaryny görmelidi we olaryň manysyna, ýagny Isanyň «gapynyň agzyndadygyna» düşünmelidi. Diýmek, Isa «şu nesil» diýende, mesh edilen şägirtlerini göz öňünde tutdy.

      NESIL

      (Mat. 24:32—34)

      Isa pygamberlik alamatynyň ýerine ýetişini «şu nesil» göreninden soň Patyşalygyň geljekdigini aýtdy (17, 18-nji abzaslara serediň)

      Isanyň Matta 24:32-34-däki pygamberlikdäki «bu nesliň» wagt birligi

      BIRINJI TOPAR: 1914-nji ýylda alamatyň ýerine ýetip başlandygyny gören mesh edilen mesihçiler

      IKINJI TOPAR: Biraz wagt birinji toparyň döwürdeşi bolan mesh edilen mesihçiler; ikinji toparyň käbir agzalary heniz ölmänkä, agyr muşakgat başlanar

      17. «Nesil» we «bu zatlaryň ählisi» diýen jümleler nämäni aňladýar?

      17 «Şu nesil dünýäden ötmänkä, bu zatlaryň ählisi bolar». Bu sözler nädip ýerine ýeter? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, «nesliň» we «bu zatlaryň ählisiniň» nämäni aňladýandygyna düşünmeli. Mukaddes Ýazgylarda «nesil» diýlende, köplenç belli bir döwürde ýaşan dürli ýaşdaky adamlar göz öňünde tutulýar. Nesliň ýaşaýan döwri gaty uzak bolmaýar we onuň soňy bar (Müs. çyk. 1:6). «Bu zatlaryň ählisi» diýen jümle 1914-nji ýylda Isanyň gelmegi bilen başlanan we «agyr muşakgatda» tamamlanjak wakalaryň ählisini öz içine alýar (Mat. 24:21).

      18, 19. Isanyň «şu nesil» diýen sözlerine nähili düşünmeli we nähili netijä gelse bolýar?

      18 Onda Isanyň «şu nesil» diýen sözlerine nähili düşünmeli? Bu nesil mesh edilenleriň iki toparyndan ybarat bolup, birinji topar 1914-nji ýylda alamatyň ýerine ýetip başlandygyny gören mesh edilen mesihçileri, ikinji topar bolsa, biraz wagt birinji toparyň döwürdeşi bolan mesh edilen mesihçileri aňladýar. Ikinji toparyň käbir agzalary heniz ölmänkä, agyr muşakgat başlanar. Bu iki topara bir nesil diýilýär, sebäbi olar mesh edilen mesihçiler hökmünde belli bir wagtda döwürdeş bolup ýaşadylarc.

      19 Onda biz nähili netijä gelip bileris? Dünýädäki wakalar Isanyň Patyşalyk tagtynda «gelendigini» görkezýän alamatyň ýerine ýetýändigini subut edýär. Ýer ýüzünde ýaşaýan «şu nesle» degişli mesh edilen mesihçileriň ýaşy bir çene barsa-da, olaryň hemmesi ölmänkä, agyr muşakgat başlanar. Bu bolsa Patyşalygyň örän tizden geljekdigini we bütin ýeriň üstünden höküm sürüp başlajakdygyny görkezýär. Isanyň bize «Patyşalygyň gelsin» diýip doga etmegi öwreden sözleriniň ýerine ýetişini görmek nähili tolgundyryjy bolar!

  • «Patyşalygyň gelsin»
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş