Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb18 Mart sah. 7
  • «Oýa boluň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Oýa boluň»
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • Meňzeş maglumat
  • Biz näme üçin «oýa bolmaly»?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Isa on gyz mysaly arkaly oýa bolmagy öwredýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Siz duýduryşa gulak asýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Bikanun adam peýda boldy
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
mwb18 Mart sah. 7
Isanyň mysalyndaky on gyz

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 25

«Oýa boluň»

25:1—12

Isanyň on gyz baradaky mysaly mesh edilen mesihçilere degişli bolsa-da, ondan ähli mesihçiler hem peýda alyp bilýär (w15 15/3 sah. 12—16). Injilde: «Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi siz onuň haýsy gün ýa-da haýsy sagat boljakdygyny bilmeýärsiňiz» diýilýär (Mt 25:13). Siz Isanyň mysalynyň manysyny düşündirip bilersiňizmi?

  • Öýlenýän ýigit (1-nji aýat)—Isa

  • Paýhasly hem taýýarlyk gören gyzlar (2-nji aýat)—mesh edilen mesihçiler. Olar özüne berlen tabşyrygy wepaly ýerine ýetirýärler we dünýäniň soňuna çenli yşyk kimin nur saçýarlar (Fp 2:15).

  • «Öýlenýän ýigit gelýär!» (6-njy aýat)—Isanyň gelmeginiň alamaty

  • Akylsyz gyzlar (8-nji aýat)—mesh edilen mesihçiler. Olar öýlenýän ýigidi garşylamaga çyksalar-da, oýa bolmadylar we wepaly galmadylar.

  • Paýhasly gyzlar ýagyny bermek islemediler (9-njy aýat)—iň soňky möhür basylandan soň, wepaly mesh edilenler wepaly bolmadyk mesihçilere kömek edip bilmezler.

  • «Öýlenýän ýigit geldi» (10-njy aýat)—Isa tizden agyr muşakgatda höküm etmäge geler.

  • Paýhasly gyzlar öýlenýän ýigit bilen toý jaýyna girenlerinde, gapy ýapylýar (10-njy aýat)—Isa wepaly mesh edilenleri gökde ýygnar, emma wepaly galmadyklar gökdäki sylagyny ýitirer.

Bu mysal mesh edilen mesihçileriň wepaly galmajakdygyny we olaryň ýerine başgalaryň saýlanjakdygyny görkezmeýär. Gaýtam, her bir mesh edilen mesihçiniň ýa taýyn we oýa bolup, ýa-da akylsyz hem-de nädogry ýoly saýlap biljekdigini görkezýär. Isa: «Siz hem taýyn boluň» diýip maslahat berdi (Mt 24:44). Isa biziň gelejege umyt edip, ýüregimizi wepaly gulluga taýýarlap, oýa bolmagymyzy talap edýär.

Men ruhy taýdan oýadygymy nädip görkezip bilerin?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş