-
Amanat pul tymsalyndan näme öwrenýäris?Garawul diňi — 2015 | 15 mart
-
-
4, 5. Tymsaldaky hojaýyn kim? Öňki döwürde talantyň gymmatlygy nähilidi?
4 Matta 25:14—30-njy aýatlary okaň. Öň tymsaldaky hojaýyn Isa meňzedilýärdi. Onuň syýahata gitmegini bolsa, b. e. 33-nji ýylynda Isanyň göge galmagy bilen deňeşdirilýär. Isa başga bir tymsalynda: «Bir asylzada özüne patyşalyk alyp geljek bolup, bir uzak ýurda ýola düşýär» diýip, öz syýahatynyň maksadyny aýan edýär (Luka 19:12). Isa göge galanda, oňa Patyşalyk ygtyýary doly berilmedib. Ol «Hudaýyň sagynda oturup... duşmanlarynyň öz aýaklarynyň astyna basgançak edilmegine garaşmalydy» (Ýew. 10:12, 13).
-
-
Amanat pul tymsalyndan näme öwrenýäris?Garawul diňi — 2015 | 15 mart
-
-
d Resullar aradan çykansoň, imandan dänenleriň sany gün-günden köpelýärdi. Şol döwürde Mesihiň hakyky şägirtlerini taýýarlamak babatda yzygiderli tagalla edilmeýärdi. Emma soňky günlerde boljak «orak wagty» ähli zat düýbünden özgermelidi (Mat. 13:24—30, 36—43; (w13 15/7 sah. 9—12 serediň).
-
-
Amanat pul tymsalyndan näme öwrenýäris?Garawul diňi — 2015 | 15 mart
-
-
8. Hojaýyn talanty deň paýlamasa-da nämä garaşýar?
8 Hojaýyn bir hyzmatkärine bäş, beýlekisine iki, ýene birine bolsa bir talant berýär (Mat. 25:15). Hojaýyn talanty deň paýlamaýar, ýöne ol hyzmatkärleriniň başarnykly we yhlasly bolmagyny isleýär (Mat. 22:37; Kol. 3:23). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Isanyň şägirtleri talanty köpeltmek üçin zähmet çekip başladylar. Olaryň wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işinde görkezen yhlasy Resullaryň işleri kitabynda beýan edilýärd (Res. iş. 6:7; 12:24; 19:20).
SOŇKY GÜNLERDE HYZMATKÄRLERIŇ ZÄHMETI
9. a) Iki wepaly hyzmatkär talantlaryny näme etdiler we bu nämäni aňladýar? b) «Başga goýunlar» nähili işi ýerine ýetirýärler?
9 1919-njy ýyldan bäri Mesihiň mesh edililen wepaly hyzmatkärleri Hojaýynyň talantyny has-da köpeldýärler. Olar tymsaldaky iki hyzmatkär ýaly Hojaýynynyň ynamyny ödemek üçin elinde baryny edýärler. Bäş we iki talant alan hyzmatkäriň kimdigi mälim bolmasa-da, olaryň hojaýynynyň talantyny köpeltmek üçin jan edendigini bilýäris. Ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýän mesihçiler nähili işi ýerine ýetirýärler? Goýunlar we geçiler tymsalynda ýerde ýaşajak mesihçileriň Isanyň doganlaryny wagyz işinde goldamalydygy aýdylýar. Olar muny uly hormat saýýarlar! Soňky günlerde iki topar hem «bir süri» hökmünde şägirt taýýarlamak işini yhlasly ýerine ýetirýärler (Ýahýa 10:16).
10. Isanyň barlygyny näme subut edýär?
10 Hawa, hojaýynyň talap etmäge haky bar. Ýokarda aýdylyşy ýaly, I asyrda ýaşan wepaly şägirtler Isanyň mülküni gowy dolandyrýarlar. Amanat pul tymsalynyň soňky günlerde doly ýerine ýetýändigi barada näme diýse bolar? Isanyň wepaly hem zähmetsöýer gullukçylary wagyz işini taryhda görlüp-eşidilmedik möçberde alyp barýarlar. Olaryň edýän tagallalary bilen her ýyl 100 müňlerçe adamlar Patyşalygyň wagyzçylary bolýarlar. Wagyz we şägirt taýýarlamak işiniň ösmegi Isanyň Patyşa hökmünde höküm sürýändigini mese-mälim edýär. Hojaýyn muňa diýseň hoşal!
Isa şägirtlerine hormatly wagyz işini ynanýar (10-njy abzasa serediň)
-