Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Mesihiň doganlaryna wepaly boluň
    Garawul diňi — 2015 | 15 mart
    • 4 1881-nji ýylda «Sionyň Garawul diňi» žurnalynda «Ynsan Ogly» we «Patyşa» — Isany; gökde höküm sürjek hem ýer ýüzünde ýaşajak kämil adamlar — Patyşanyň «doganlaryny» aňladýandygy aýdylýar. Şeýle-de onda Isanyň Müňýyllyk Patyşalygynda goýunlary geçilerden saýlajakdygy gürrüň edilýär. Söýgüden doly Hudaýyň kanuny boýunça ýaşaýan adamlaryň goýunlar toparyna degişlidigi düşündirilýär.

      5. 1923-nji ýylda tymsal nähili düşündirilýär?

      5 Ýehowa gullukçylaryna Mukaddes Ýazgylaryň esasynda tymsala has aýdyň düşünmäge kömek edýär. 1923-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňinde» «Ynsan Oglunyň» Isadygy aýdylýar. Şeýle-de Mesih bilen gökde höküm sürjek adamlara «doganlary» diýilýär. Bu žurnalda Patyşalygyň gol astynda ýerde ýaşajak adamlaryň goýunlary aňladýandygy düşündirilýär. «Ynsan Ogly» goýunlary geçilerden haçan saýlar? Tymsalda Patyşanyň ýer ýüzündäki doganlaryna goýunlaryň kömek etjekdigi barada nygtalýar. Şol sebäpli Isanyň Müňýyllyk Patyşalygy gelmänkä, goýunlar geçilerden saýlanar diýip düşündirilýär. Şeýle-de adamlar Isa iman edýändigi we onuň Patyşalygyna bil baglaýandygy sebäpli goýunlar toparyna degişli boljakdygy gürrüň berilýär.

  • Mesihiň doganlaryna wepaly boluň
    Garawul diňi — 2015 | 15 mart
    • 7. Şu günler goýunlar we geçiler tymsaly nähili düşündirilýär?

      7 Şu günler goýunlar we geçiler tymsaly giňden düşündirilýär. «Ynsan Ogly» we «Patyşa» Isany, onuň «doganlary» bolsa gökde höküm sürjek mukaddes ruh bilen mesh edilen erkekdir aýallary aňladýar (Rim. 8:16, 17). «Goýunlar we geçiler» dürli milletli adamlary aňladýar. Isa goýunlary geçilerden haçan saýlar? Elbetde, agyr muşakgatyň soňunda. Adamlar näme sebäpden goýunlar we geçiler toparyna bölünýär? Olar Mesihiň ýerdäki doganlaryny goldasalar, goýunlar toparyna degişli bolup bilerler. Biz Mattanyň 24, 25-nji baplarynda gürrüň berilýän tymsallara dogry düşünmäge Ýehowanyň kömek edýändigine örän minnetdar.

  • Mesihiň doganlaryna wepaly boluň
    Garawul diňi — 2015 | 15 mart
    • 9 Birinjiden, Isa tymsal arkaly öwredýärdi. Ol tymsalda göni manydaky goýunlar we geçiler barada gürrüň etmedi. Şeýle-de ol goýun toparyna degişli adamlaryň doganlaryny göni manyda iýmitlendirer, geýindirer, aladasyny eder we türmedekä hal-ýagdaýyny sorar diýmedi. Isa «goýunlaryň» doganlaryna bolan garaýşyny görkezmek isledi. Isa goýunlara «dogry adamlar» diýdi, sebäbi olar mesh edilenleriň Isanyň doganlarydygyna ynanýarlar we soňky günlerde olary wepaly goldaýarlar (Mat. 10:40—42; 25:40, 46; 2 Tim. 3:1—5).

      10. Goýunlar Isanyň doganlaryny nädip goldaýarlar?

      10 Ikinjiden, Isanyň Mattanyň 24-nji babynda aýdan sözlerine seredeliň. Ol özüniň barlygynyň alamaty we soňky günler barada gürrüň berýär (Mat. 24:3). Isa: «Patyşalyk baradaky Hoş Habar dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» diýýär (Mat. 24:14). Ol amanat pul tymsalynda mesh edilenleriň, ýagny doganlarynyň wagyz işini yhlasly ýerine ýetirmelidigini belläp geçýär. Emma mesh edilen mesihçiler sanlyja adam bolandygy üçin, olara Isanyň barlygy döwründe «hemme milletlere» wagyz etmek aňsat düşmeýär. Goýunlar we geçiler tymsalynda mesh edilenlere kömek ediljekdigi aýdylýar. Goýunlar Mesihiň doganlaryny goldamak üçin elinde baryny edýärler. Nädip? Doganlary ruhlandyryp, maddy taýdan goldamak ýeterliklimi?

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş