Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w16 Awgust sah. 30
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Meňzeş maglumat
  • Adamy näme hapa edýär?
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
w16 Awgust sah. 30
Fariseý adat boýunça elini ýuwýar we çörek iýip oturan adama gaharly seredýär

Okyjylaryň sowallary

Isanyň duşmanlary näme üçin eliňi ýuwmak baradaky meseläni orta atdylar?

Dini ýolbaşçylar Isany we onuň şägirtlerini hemişe günäkärlemäge çalyşýardylar. Musa pygambere berlen kanunda arassaçylyk babatda ençeme tabşyryklar bardy. Meselem, heýwere keselli adamlara, adamyň ýa haýwanyň jesedine galtaşan, suwuklyk ýa-da gan akmasy bolan adam arassaçylygy berjaý etmelidi. Munuň üçin ol ýuwunmalydy, mal gurbanyny getirmelidi ýa​-​da onuň ganyny sepmelidi (Lew. 11—15 we San. 19​-​njy baplar).

Ýehudy dini ýolbaşçylary ýokarda agzalan kanunlara jikme-jik eýermegi talap edýärdiler. Bir kitapda aýdylmagyna görä, adamyň haýsy sebäbe görä hapalanandygy birin-birin anyklanylýardy. Meselem, «ol nädip hapalandy, başgalara nädip geçip biler, olara näçeräk zyýan ýetirer, haýsy gap-gaçlar ýa zatlar hapalanyp biler we olary nädip arassalamaly».

Bir gezek Isanyň duşmanlary: «Näme üçin seniň şägirtleriň ata-babalarymyzyň däp​-​dessuryny berjaý etmän, hapa elleri bilen nahar iýýärler?» diýdiler (Mar. 7:5). Aslynda, ýehudy dini ýolbaşçylary şeýle diýmek bilen, arassaçylygy berjaý etmegi däl-de, adamlaryň oýlap tapan, ýagny nahar iýmezden öň eliňe suw akytmak däbini göz öňünde tutýardylar. Ýokarda agzalan kitapda şeýle diýilýär: «Mundan başga-da suwy haýsy gap bilen akytmalydygyny, suwuň nähili bolmalydygyny, suwy eliň niresine çenli we kimiň akytmalydygyny çözmelidi».

Isa adamlaryň oýlap tapan düzgünleriniň möhüm däldigine düşünýärdi. Şol sebäpli ol I asyrdaky ýehudy dini ýolbaşçylara şeýle diýdi: «Eý ikiýüzlüler, Işaýa pygamber siz hakda şu sözleri örän ýerlikli aýdypdyr: „Bu adamlar maňa diňe dilinde sarpa goýýarlar, emma ýürekleri menden (Ýehowadan) gaty uzaklaşdy. Olar maňa biderek ýere sežde edýärler, sebäbi ynsan tabşyryklaryny Hudaýyň taglymaty hökmünde öwredýärler“. Siz Hudaýyň tabşyrygyndan el çekip, adamlaryň däp​-​dessurlaryna berk ýapyşýarsyňyz» (Mar. 7:6—8).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş