Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Mesihiň şöhraty baradaky görnüş
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa Hermon dagyndan takmynan 25 km uzaklykda ýerleşýän Kaýsariýa-Filipi diýen ýerde märekä tälim berende, resullaryna üýtgeşik bir habary aýdýar. Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, şu ýerde duranlaryň käbiri ynsan Oglunyň Patyşalygynda gelşini görmän ölümi asla datmaz» diýýär (Matta 16:28).

      Şägirtler Isanyň aýdan sözlerine düşünmedik bolsalar gerek. Takmynan bir hepde geçensoň, Isa Petrusy, Ýakuby we Ýahýany ýanyna alyp, bir beýik daga çykýar. Bu waka gije bolan bolmaly, sebäbi üç şägirdiň ukusy tutup başlaýar. Isa olaryň ýanynda doga edip durka, daş keşbi özgerýär. Şonda resullar Isanyň ýüzüniň Gün ýaly şöhle saçýandygyny, egin-eşiginiň bolsa ap-ak bolup, göwher daşy kimin öwşün atýandygyny görýärler.

  • Mesihiň şöhraty baradaky görnüş
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Bu görnüş Isany-da, resullary-da, gör, nähili berkidendir! Ol Mesihiň Patyşalykdaky şöhratyny görkezdi. Hawa, Isanyň wada berşi ýaly, şägirtler «ynsan Oglunyň Patyşalygynda gelşini» gördüler (Matta 16:28). Olar dagdaka, «onuň ajaýyp şöhratynyň» şaýady boldular. Ýadyňyzda bolsa, fariseýler Isadan Hudaýyň saýlan Patyşasydygyny subut edýän alamat görkezmegi sorapdylar. Ýöne Isa olara hiç hili alamat görkezmedi. Oňa Isanyň iň ýakyn şägirtleri mynasyp boldular. Şeýdip, Patyşalyk baradaky pygamberlik tassyklandy. Ençeme ýyl geçenden soň, Petrus: «Bizde has ynama mynasyp pygamberlik sözi bar» diýip ýazýar (2 Petrus 1:16—19).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş