HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MARKUS 9, 10
Imanyňy berkidýän görnüş
Isanyň daş keşbi özgerip, gökdäki Atasynyň ondan razydygyny eşidende, özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň! Bu Isany öňünde boljak kynçylyklara taýýarlap berkidýär. Görnüş Petrusa, Ýakuba we Ýahýa hem güýçli täsir edýär. Sebäbi ol Isanyň Mesihdigini görkezýärdi we resullar Isa gulak asmalydy. Şondan takmynan 32 ýyl geçenden soň hem Petrus resul bu wakany ýatlap, «pygamberlik sözüne» bolan ynamyny has-da berkidendigini aýdýar (2Pt 1:16—19).
Biz şol täsin görnüşi gözümiz bilen görmesek-de, onuň ýerine ýetýändigini görýäris. Dogrudan-da, güýçli Patyşamyz Isa häzir höküm sürýär. Tizden ol «duşmanlarynyň üstünden doly ýeňiş gazanyp», dogrulyk höküm sürjek täze dünýä ýol açar (Ylh 6:2).
Bu pygamberligiň ýerine ýetýändigini görmek siziň imanyňyzy nädip berkidýär?