Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 115
  • Agyr muşakgat näme?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Agyr muşakgat näme?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • «Uly betbagtçylykda» Hudaýa wepaly boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar?»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Hudaýyň Patyşalygy duşmanlaryny ýok edýär
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Zalym dünýäniň soňy nädip geler?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Başgalary
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 115
Agyr muşakgatdan sag-aman geçen adamlar biri-birine daýanyp gelýärler

Agyr muşakgat näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Agyr muşakgat diýlende, bütin adamzadyň üstüne injek juda kyn döwür göz öňünde tutulýar. Mukaddes Kitapdaky pygamberlige görä, bu döwür «soňky günlerde» ýa-da «ahyrzamanyň» öňüsyrasynda bolar (2 Timoteos 3:1; Danyýar 12:4). Mukaddes Kitapda: «Şol günler şeýle agyr muşakgat bolar welin, ol Hudaýyň ýaradan döwründen tä şu günlere çenli ne bolandyr, ne-de bolar» diýilýär (Markus 13:19; Danyýar 12:1; Matta 24:21, 22).

Agyr muşakgat döwri boljak wakalar

  • Ýalan din ýok ediler. Ýalan din göz açyp-ýumasy salymda ýok ediler (Ylham 17:1, 5; 18:9, 10, 21). Muny Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) wekili bolan syýasy ýolbaşçylar eder. Şeýdip, olar Hudaýyň islegini berjaý ederler (Ylham 17:3, 15—18)a.

  • Hakyky dine hüjüm ediler. Milletleriň üýşmegini aňladýan Ezekiýeliň görnüşindäki «Magok ýurdundaky... Gog» hakyky diniň tarapdarlaryny ýok etmäge synanyşar. Emma Hudaý öz gullukçylaryny gorar (Hyzkyl 38:1, 2, 9—12, 18—23).

  • Ýer ýüzündäki adamlar höküm ediler. Isa pygamber hemme adamlary höküm edip, «çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, ol hem adamlary iki topara böler» (Matta 25:31—33). Ol adamlara gökde özi bilen bile höküm sürjek «doganlaryny» goldaýşynyň esasynda höküm çykarar (Matta 25:34—46).

  • Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürjekler ýygnalar. Mesih bilen bile höküm sürmäge saýlanan wepaly adamlar ýerdäki ýaşaýşyny tamamlap, gökde ýaşamak üçin direldiler (Matta 24:31; 1 Korinfliler 15:50—53; 1 Selanikliler 4:15—17).

  • Armageddon. Oňa «Gudratygüýçli Hudaýyň beýik güni» we «Ýehowanyň güni» diýilýär (Ylham 16:14, 16; Işaýa 13:9; 2 Petrus 3:12). Şonda Mesihiň höküm eden adamlary ýok ediler (Sepanýa 1:18; 2 Selanikliler 1:6—10). Şeýle-de Mukaddes Kitapda ýedi kelleli wagşy haýwan diýip atlandyrylýan bütin dünýäniň syýasy guramalary ýok ediler (Ylham 19:19—21).

Agyr muşakgatdan soň boljak wakalar

  • Şeýtan we onuň jynlarynyň täsiri çäklendiriler. Baş perişde Mikaýyl Şeýtany hem-de onuň jynlaryny «düýpsüz çuňluga» taşlar. Şonda olar ölen ýaly ýagdaýda bolar (Ylham 20:1—3). Düýpsüz çuňluga taşlanan Şeýtanyň ýagdaýyny türmede oturan adama meňzetse bolýar; ol indi hiç kime zyýan ýetirip bilmez (Ylham 20:7).

  • Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygy başlanýar. Hudaýyň Patyşalygynyň Müňýyllyk hökümdarlygynda adamlara bol bereket berler (Ylham 5:9, 10; 20:4, 6). «Hiç kimiň sanap bilmedik uly märekesi» «agyr muşakgatdan» sag-aman geçip, ýer ýüzünde ýaşarlar (Ylham 7:9, 14; Zebur 37:9—11).

a Ylham kitabynda ýalan din Beýik Wawilon, «bozuk aýal» diýip atlandyrylýar (Ylham 17:1, 5). Beýik Wawilony «gyrmyzy reňkli wagşy haýwan» ýok eder. Bu wagşy haýwan halklary birleşdirýän we olaryň wekili bolmak isleýän guramany aňladýar. Başda oňa Milletler Ligasy, häzir bolsa Birleşen Milletler Guramasy diýilýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş